Операция "Эксперимент"
Глава 1
Jumageldi HOMMATDURDYÝEW
«SYNAG» OPERASIÝASY
Dokumental roman-hronika
—————————————
BELLIK: Şu romanyň ep-esli bölegi 1993-nji ýylda
«Hajymyrat bolköýnek» ady bilen «Türkmenistan»
gazetinde çap edildi.
2
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
Magtymguly Pyragynyň türkmen ilini birleşmäge, bütewi döwlet bolup, agzybir ýaşamaga çagyrýan ündewleri bu gün aýratyn ähmiýetli, örän gymmatly çagyryş bolup ýaňlanýar.
Beýik akyldaryň erkin, Garaşsyz döwlet baradaky eden arzuwlary bu gün doly hasyl boldy. Bir döwlete, bir ojaga gulluk edýän türkmen halkynyň ruhy dünýäsine Magtymguly Pyragy şamçyrag bolup şugla saçýar. Erkana ýola düşen türkmen halky bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda we abadan durmuşda ýaşaýar, döredýär, gurýar. Türkmen döwleti gün-günden berkäp, kuwwatlanyp, dünýäde abraýly döwletleriň birine öwrüldi.
(Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň
„Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary“ atly halkara ylmy maslahatyndaky çykyşyndan, 2014-nji ýylyň
9-njy maýy)
3
AWTORDAN
Hormatly okyjylar!
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutany saýlanandan soň eziz Watanymyzda bitirilen işleri sanap geçmegem miimkin däl. Şu ýerde diňe bir ykdysady we durmuş ulgamynda däl, eýsem halkymyzyň taryhyny, ruhy-ahlak ýörelgelerini dikeltmek we ösdürmek babatda edilen bimöçber işler barada hem aýratyn aýtmak gerek. Türkmen milli aýdym-saz sungaty ösdürilýär, dutar-gyjagymyuz gaýtarylyp berildi, opera sungaty dikeldildi. "Ylham" seýilgähi gurlup, onda sowet döwründe ýaşan ýazyjy-şahyrlaryň hem heýkelleri goýuldy. Mahlasy, milli Liderimiziň başlangyjy bilen hem-de tabşyryklaryna laýyklykda we gos-göni ýolbaşçylygynda bu babatda bitirilen işleri-de sanasaň, sogaby bar.
«Synag» operasiýasy» romany ozalky Döwlet howpsuzlygy komitetiniň arhiwinde iňňän gizlin saklanan dokumentler esasynda ýazyldy. Sowet döwründe döwlet howpsuzlygy edaralarynyň arhiwindäki resminamalar bilen tanyşmaga hiç kime ygtyýar berilmeýärdi. Elbetde, Türkmenistan garaşsyz döwlet bolandan soň, olar bilen tanyşmaga rugsat edilendigi öz-özünden düşnüklidir.
Şu ýerle hiç – haçan geçmişe kesek oklamaly däldigini aýratyn nygtamak gerek! Arhiwler açylanda, hakykaty aýan etmeli, unudylan zatlary ýatlamaly, geçmişiň sapaklaryny özleşdirmeli.
4
Awtor Oktýabr agdarylyşygy, Raýatlyk urşy döwrüniň wakalaryny tarapgöýsüz, obýektiw beýan etmäge çalyşdy.
Barlylar hem ýoksullar diýen tagma bilen milletiň agzy alardylyp, çaknyşyga getiren döwründe türkmen halkynyň sowatly, köpüň öňüne düşýän wekilleri hem çalt özgerýän wakalardan dogry baş alyp çykyp bilmän, kän kösenipdirler.
Eserde şol galagoply döwrüň, eden-etdilikler döwrüniň jeza beriji edaralarynyň -- ilki GPU-nyň (Gosudarstwennoýe Politiçeskoýe Uprawleniýe) -- DSU (Döwlet Syýasy Uprawleniýesi), soňra bolsa NKWD-niň (Narodnyý komissariat wnutrennyh del) -- IIHK (Içeri işler halk komissarlygy) halkyň sylaýan, hormatlaýan merdana ogullaryny ýok etmekdäki amala aşyran elhençlikleri, hile-mekirlikleri «içinden» açyp görkezilýär.
Il arasynda «It alnyna gelen gurt alnyna-da geler» diýen parasatly söz bar. Şol hasratly zamanda halkyň abraýly-sylagly wekillerini jezalandyrmak, sürgüne ibermek, ýok etmek barada ýokardan berlen buýruklary ýerine ýetirmekde janypkeşlik görkezen çekistleriň özleri hem şol jebri- sütemlere sezewar bolupdyrlar. Sowet Sosialistik Respublikalary Soýuzynyň içeri işler halk komissary, «ýiti gözli» Ýeżowyň özünem wezipesinden aýryp, zyndana dykypdyrlar. Ýeżowy hem, diýdimzor düzgüne gulluk etmekde «jan çeken», rehim-şepagat diýen zady unudan çekistleriň hem müňlerçesini özleriniň rehimsizlik bilen jezalandyran «halk duşmanlarynyň» hataryna goşup, uzak süýrenişip ýörmän, ölüme höküm edipdirler.
Höküm bolsa, kada bolşy ýaly, bada-bat ýerine ýetirilipdir.
Romandaky birnäçe resminamalar (dokumentler) ilkinji gezek çap edilýär.
Hatarly hem-de hasratly günleriň çylşyrymly wakalary, eden-etdilikler döwri baradaky arhiw resminamalary esasynda ýazylan eserler, bizde häzirki döwrüň, Arkadag
5
Prezidentimiziň gurup beren Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwrüniň -- Magtymguly Pyragynyň çoh garaşan ajap eýýamynyň gadryny bilmek duýgusyny döredýär.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işlere, halkymyzyň agzybirligine, asmanymyzyň arassalygyna, ýurdumyzyň gülläp ösüşine bolan guwanjymyzy artdyrýar.
Munuň özi bolsa hemmämiz, esasanam ýaşlar üçin örän wajypdyr! Ýaş nesiller halkymyzyň köp-köp gerçek ogullarynyň garaşsyz, berkarar döwlet isläp, armanly gözlerini ýumandyklaryny, "Gorkut ata" şadessanynyň we beýleki halk döredijilik eserleriniň okyjylara gowuşmazdan ozal gadagan edilendigini, neneňsi külpetli ýollary geçendigini bilmelidirler.
Bu kitap bir maşgalanyň taryhynyň mysalynda şol gazaply döwrün wakalary barada düşünje almaga, bilmäge mümkinçilik berýär.
Polkownik Hojageldi Hojamyradowyň öz eli bilen ýazan görkezmesinde -- hasabatynda Russiýanyň soýuzdaşy bolan Fransiýanyň Kawkaz frontuna iki sany Hormat Legiony ordenini iberendigini, olaryň birini özüne bermeli edilendigini belläpdir. Ýöne rewolýüsiýa turandygy zerarly şol ordeni, şeýle hem altyndan ýasalan Georgiý ýaragyny alyp ýetişmändigini ýazypdyr. Fransiýanyň ýokary sylagyna--
Hormat Legiony ordenine mynasyp bolan başga türkmeniň bardygyny bolsa men bilmeýärin.
6
Şu romanyň ep-esli bölegi 1993-nji ýylda «Hajymyrat bolköýnek» ady bilen «Türkmenistan» gazetinde çap edilipdi.
Indi ony dolulygyna okyjylara hödürleýärin.
MAŇA TÜRKMEN ILIMDE GARAŞÝARLAR
Ahyrsoňy serhet göründi.
Atlaryny gorgunyna sürüp gelýän ýolagçylar gozgalaň tapdylar. Dogrusyny aýtsaň, barja goş-golamlaryny göterip, ýola düşenleri bäri hem birhili alasarmyk duýgyny başdan geçirýärdiler. Kese ýerde, ýat ülkedäki sergezdan durmuşyň hakykatdanam gutardygymyka? Uzaga çeken aýralykdan soň dogan-gardaş, dost-ýaryň didaryny görmek arzuwynyň hasyl boldugymyka? Şunuň ýaly birbada ynanyp bolmajaga çalym edýän, alasarmyk duýgular kalbyňy lerzana salýardy.
Gaýry ülkede ýaşalan ýyllar kynçylykdan doludy, jebri-jepasy ýetikdi. Bir döwüm çörek tapmak hyllalla bolmasa-da, ata Watan, yzyňda gözleri ýolda galanlar ýadyňa düşende, iň datly tagamlar hem bokurdagyňa tegek bolýardy. Şirin-şeker nygmatlaryňam tagamy ýok ýalydy.
Çugdam atlylaryň ählisiniň nazary orta boýly, eýeriň üstünde edil gurşunly kenek deýin ykjam oturana gönükdi. Özüne äňedilýändigini aňan Hajymyrat atynyň böwrüne assaja debisgiläp, öňe saýlandy. Içki howsalasyny, kalbynda gopýan harasady basmagy, duýgularyna erk etmegi başarýan Hajymyradyň ýüz-gözünden hiç zat aňar ýaly däldi. Ol birneme öňküdenem agraslandy, çynlakaý görnüşe girdi. Her niçigem bolsa duşmanyň üstüne barmalydy. Ol assyrynlyk bilen ýoldaşlaryny synlady. Ýolagçylaryň iň ýaşy, ýaňy murty
7
garalyp ugran görmegeý ýetginjege seredip ýylgyrdy. Ol Hajymyradyň enebaşga inisi Ballydy.
Serhetden aşmak bu gelýänleriň hiç biri üçinem kynçylyk döredenokdy. Mahal-mahal gijäniň garaňkysyna duwlanyp, oba-garadan habar tutup gelýärdiler, maşgalalaryny görüp gaýdýardylar. Şol saparlaryň birinde Hajymyratdyr Bally serhetçi gyzyl esgerleriň narýadyna tasdanam pete-pet gabat gelipdiler. Gulagy jam ýaly, hemişe hüşgär Hajymyrat olaryň aýak sesini uzakdan eşitdi. Çalasyn gyra çekilip garaşdylar.
Elleri bäşatarly gyzyl esgerler görnende, Bally agasynyň ýüzüne äňetdi. Ýuwaşja:
- Lolluk - diýende, sesi howasalaly çykdy.
- Çüş-ş-ş - diýip, Hajymyrat süem barmagyny dodagyna ýetirdi. Görýän diýen terzde başyny atdy.
Gyzyl esgerler serhediň boýuny syryp geçip gitdiler. Aýak sesleriniňem gelmesi galdy. Bular bukudan çykyp, seresaplylygy elden bermän atlaryny idip ugradylar. Serhetden has daşlanýançalar pyýada gitdiler. Ýol kesmek niýeti bilenmi ýa-da inisiniň çetine degesi geldimi, uzaga çeken dymyşlykdan soň Lolluk:
- Ýeri, Bally han, gorkduňmy? - diýdi.
Ýaş ýigit gyzardy. Merdemsi jogap gaýtardy:
- Ýok, gorkamok.
- Häý, diýseňem-ä - diýip, Lolluk hüjümi dowam etdirdi.
- Gorkamok-how, Lolluk, gorkamok - Bally janykdy. - Men diňe olaryň gelýänini saňa görkezjek boldum.
- Senden başga kişiň gözi ýokdur öýtdüňmi? Bizem görýäris-ä şolaryň gelýänini.
Bally hem ýeň bererli däldi. Inisiniň degişmäni çyn hökmünde kabul edäýmeginden ätiýaç edip, oňa degmesini bes etdi. Bally ol mahallar oglantakdy. Ers-mers bolup barýan
8
ýetginjegi emigrasiýa döwri birneme taplapdy, etini gataldypdy.
Häzir ol agasynyň yzyndan galman, atyny dogumly sürýärdi.
Serhetçilerem golaýlaşyp gelýän atlylary gördüler.
Geçelgäniň ýanynda gaýda-gaýmalaşyk köpeldi, tüpeňleriniň ujy naýzaly gyzyl esgerler jemlendiler. Olaryň ulusy ýolagçylaryň öňünden çykdy.
- Kim borsuňyz?
- Polkownik Hajymyrat. - Ol harbylara mahsus häsiýetde anyk hem pert-pert gepledi. - Zakaspi oblast rewolýusion komitetiniň 1920-nji ýylyň 21-nji aprelindäki buýrugy bilen günäsi geçilen türkmenler Watana gaýdyp barýarlar. Ynha, rugsatnamamyz.
Emigrasiýadan gelýänleri gowy garşylamalydygy hakda görkezme berlen serhetçiler olary kän eglemediler. Oba sary ugranlarynda ýolagçylar ýeňillik bilen dem aldylar. Hiç kimden bukulmak, gizlenmek gerek däldi. Her kim öten günleri serinde aýlap, dymyp barýardy. Ýatlara zat kändi. Başdan geçen wakalary aýdyp tüketmek üçinem eslije gürrüň etmeli boljakdy.
Gaýry ýurtda ak patyşanyň goşunynyň ofiserleriniň idegi kändi.
Polkownige Tährana gitmegi, pars goşunynda ýokary wezipäni eýelemegi teklip edipdiler. Razy bolmady. «Maňa türkmen ilimde garaşýarlar» diýdi. Hatly-sowatly, harby adamlaryň öz ýurdunda-da edil howadyr suw deýin zerurdygyny ilden sorap bilmeli däldi. Bäş barmagy ýaly beletdi.
Aga-ini garaňky gatlyşmanka Bama ýetdi. Hojamyrat arçyn yly ogly bilen körpe oglunyň sag-aman öýüne-iline gowşandygyna begenjinden iki bolup bilmedi. Derrew janly soýup, toýa başlady. Gözaýdyňa gelýänleriň hersi polkownige özüçe ýüzlenýärdi. Ýakyn hossarlarydyr deň-duşlary Lolluk diýse, ýaşulularyň içinde Hojageldi han, Hojageldi bolköýnek, hatda Hajymyrat bolköýnek diýýänleri-de bardy. Hojamyrat arçyn oňa çagalygyndan Lollujagym, Myssyjagym diýýärdi.
9
Şondanam Lolluk ady galypdy. Han, bolköýnek atlaryny il-gün dakypdy. Ak patyşanyň ofiserleriniň arasynda bolsa ol Hajymyrat ady bilen meşhurdy. Graf Lew Tolstoýyň
«Hajymyrat» powestiniň baş gahrymany kimin gözsüz batyrlygy, garadan gaýtmazlygy sebäpli oňa şol ady dakypdylar.
GPU HAJYMYRAT BOLKÖÝNEGIŇ HER ÄDIMINI AŇTAÝAR
Daşkentden gelen hat Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň GPU-nyň başlygy Karuskiniň gonjuna gor guýlana dönderdi. Poçta gelmänkä keýpi kökdi. Ýap-ýaňyja ýokary guramalara iberilen hata gol çekipdi. Şonda gerbli (tugraly) hatyň ýokarsyndaky türkmençe hem rusça ýazygalara üns beripdi. Özüniň başlyklyk edýän edarasynyň ady bir gapdalda «Gosudarstwennoýe politiçeskoýe uprawleniýe» diýip rusça, beýleki tarapda bolsa «Döwlet syýasy edarasy» diýlip türkmençe ýazylgydy. Ýerli halkyň arasynda terjime orun alyp gidibermeýärdi. Haýsy millete degişlidigine garamazdan hemmeler «GPU» diýýärdiler. Diňe sowatsyz türkmenler
«Gypuw» diýip süýndürip aýdýardylar. Şuňa meňzeş
mysallaryň başga-da az däldigi Karuskä mälimdi.
Şu hakda oýlanyp, ýylgyryp otyrka-da, poçtany getirdiler. Ol Daşkentden gelen bukjany birinji nobatda açdy. Hatyň möçberi uly däldi. Sygryň dili ýaly kagyzyň ýüzünde ýerleşýärdi.
OGPU-nyň (Obýedinennoýe Gosudarstwennoýe Politiçeskoýe Uprawleniýe)—BDSU (Birleşen Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniň) Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynyň ketdeleri igenme kemini goýmandyrlar.
«Hajymyrat barada wekilhana iberilen garalaýjy materiallar onuň öňki döwrüne dahylly: Sowet döwrüne degişli ýekeje zadam tapmansyňyz. Hajymyrat bolsa Persiýa bilen aragatnaşyk
10
saklaýar. «Türkşýolka» işe geçipdir we ol ýeri içalylaryň, jansyzlaryň-- şpionlaryň mesgenine öwrülene çalym edýär».
“Türkşýolk» --bu söz türkmen hem-de ýüpek (şýolk) diýen sözlerden gysgaldylyp ýasalypdy.
Hatyň ahyry tutuş edarany we onuň her bir işgärini pugta üns berip öwrenmeli diýen buýruk bilen tamamlanýardy.
Karuskiý Hajymyrat we onuň kakasy barada golaýda özleriniň OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyna iberen maglumatlarynyň göçürmesini--
kopiýasyny getirdi. Ony gaýtadan okap çykansoň, biraz ýüregi giňedi. Daşkentdäkiler ýalňyşýardylar. Maglumatda Hajymyradyň däl-de, kakasynyň Persiýa bilen arasy bardygy görkezilipdi. Kakasynyň basym Persiýa mydamalyk gitmekçi bolýandygy habar berilýärdi.
Karuskiý kontrrazwedkanyň naçalnigi Wasilýewi ýanyna çagyrdy. Polkownik Hajymyradyň işi boýunça näme täzelik bardygyny sorady. Wasilýew diňe öňki mälim zatlary gaýtalady. Karuskiý ony Daşkentden gelen hat bilen tanyşdyryp, gysgajyk jogap taýýarlamagy, «Türkşýolka» ünsi güýçlendirýändiklerini görkezmegi tabşyrdy. Mundan beýläk bu iş bilen hut özüniň meşgul bolmalydygyny Wasilýewe buýurdy.
Kontrrazwedkanyň naçalnigi OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyna ibermeli jogaby uzaga çekdirmän taýyn etdi. Polkownigi mundan beýläk nädip aňtamalydygyny ýa-da çekistleriň professional dilinde aýdylyşy ýaly, ýagtyltmalydygy barada meýilnama--plan işläp düzäýmek welin ýeňil düşmedi. Edilen iş azam däldi. Wasilýew öz ygtyýaryndaky upolnomoçennydan ähli materiallary kabul edip aldy. Gaýta-gaýta okap çykdy. Birnäçe günläp oýlanyp gezdi.
11
Bu gün ol ýene-de Hajymyrada dahylly materiallar jemlenen papkany aldy. Hasaba alyş kartoçkasynda Poltoraskide (Aşgabatda) ýaşaýan Hajymyradyň iňlis içalysydyr öýdüp şübhelenilýändigi görkezilýärdi. Ady, familiýasy diýen setirde Hadżi Murad Hadży Geldy diýlip rusça dörde bölüp ýazylgydy.
Akylly, aýgytly hereket etmäge ukyply, erkli, syýasy partiýalaryň hiç birine degişli däl. Wasilew hasaba alyş
kartoçkasyndaky suraty ýiti-ýiti synlady. Syrylan kellesi tahýaly, garamtyl, goňras murtly, eňegi çokga sakgally polkownik müýnsüz, akylly gözleri bilen göni seredýärdi.
Egnine garamtyl kostýum geýipdir, gimnastýorka çalym edip duran köýneginiň ilikleri ildirilgi.
Wasilýew surata haýbat atdy: «Ýok, jenap polkownik. Bizi aldap bilmersiňiz. Içalydygyňy-- şpiondygyňy, kimiň haýryna işleýändigiňi subut ederis. Içiňdäki tezegiňe çenli bileris». Ol Hajymyrat baradaky materiallary bir zynjyra düzmeli diýen netijä geldi. Ak kagyz alyp, ortarasyndan dik çyzyk çekdi. Bir tarapyna maglumatlaryň haýsy çeşmelerden toplanandygyny we senelerini, dik çyzygyň beýleki tarapyna gysgaça mazmunyny ýazmaga başlady.
Ýazdygyça-da köp zatlar aýdyňlaşyp ugrady. Maglumatlaryň aglabasy biri-birini gaýtalaýardy. Düýbünden gapma-garşy gelýänleri-de bardy. Birinde Hajymyrat orta bilimli, başgasynda onuň bilimi ýokary diýilýärdi. Hasaba alyş kartoçkasy kontrrazwedkanyň işgäri tarapyndan 1921-nji ýylyň 25-nji dekabrynda doldurylypdyr. Terjimehalynda ýazylyşyna görä, Hajymyrat 1917-nji ýylda işçiler deputatlary Sowetine gelipdir.
Kerenskiniň hökümeti döwründe we soň, rewkom mahalynda oblastyň komissary bolupdyr. Awantýura aýaga galanda kontrrewolýusion topara (lagere) dolanyp gelipdir. Obalara aýlanyp, türkmenleri fronta toplapdyr. Frontuň
12
komanduýuşisiniň kömekçiligine bellenilipdir. Zakaspi fronty tamamlananda, Persiýa gaçypdyr. 1921-nji ýylda gaýdyp gelipdir. Özüniň gözlenýändigini bilip, ýene yzyna, Persiýa gidipdir. 1922-nji ýylda amnistiýa bolanda obalaryna dolanypdyr. Indi demirýol uprawleniýesine bellenýär.
Demirýoldaky çekistler Hajymyradyň sowatly adamdygyny, ýerli ilatdan ýazyp-pozup bilýän adam tapmagyň kyndygyny görkezip, ony demirýolda ulanmagy dogry tapýardylar:
«Polkownik hiç zada goşulanok. Mundan beýläkki işi hem gözegçilik astynda bolar». Emma GPU-nyň türkmen oblast bölüminiň maglumatlaryna görä, Hajymyradyň pars ofiseridigi, Poltaraskide kerwensaraýyň eýesi Mula şan Mämmedow,
«Panislamistik» toparlanyşygyň Bekgi Berdiýewdir beýleki agzalary bilen arasy bardygy sebäpli biziň edaralarymyza işe almak mümkin däl diýip, OGPU-nyň Orta Aziýadaky ygtyýarly wekilhanasynyň gündogar bölümi muňa garşy çykypdyr
.
Oblast Ispolnitel Komitetiniň başlygy, Sowet Sosialistik Respublikalary Soýuzynyň Merkezi Ispolnitel Komitetiniň (SSSR MIK-niň) Prezidiumynyň agzasy Gulbeşerowyň GPU-nyň oblast bölüminiň naçalnigi Petrowa ýazan haty Wasilýewi biynjalyk etmän durmady. Gulbeşerow Hajymyrady iň sowatly türkmenleriň biri hasaplamak bilen, Türkmen oblastyna gerekli işgär diýip tapýardy. Şoňa görä-de Hajymyrady oblastyň çäklerinde galdyrmak barada özüne bagly zatlaryň ählisini etmegi GPU-nyň oblast bölüminiň naçalniginden haýyş edýärdi.
Özi-de meseläniň nähili çözüljekdigine garamazdan, şeýle haýyş bilen SSSR MIK-ine ýüzlenjekdigini ýazýardy.
Wasilýew ýazmasyny goýup, gurşan barmaklaryny owkalaşdyrdy. «Polkownigiň özem-ä ýöne-möne adam däl welin, arkasyny çalýanlaram kiçi-girim däl».
Kontrrazwedkanyň naçalnigi Hajymyradyň GPU-nyň türkmen
13
oblast bölüminden birugsat Bamy satansiýasyndan hiç ýere çykmajakdygy barada 1923-nji ýylyň 28-nji maýynda ýazyp beren dilhatyny eline aldy. Hünji düzülen ýaly owadan poçerkine, sözleriň ýerbe-er ýazylyşyna gözügidijilik bilen seretdi. «Sowatly diýmezçe-hä däl. Rusça ýazýanlaryň içindenem şunuň ýaly jaýba-jaý sözlem düzüp bilýän ofiseri tapaýmak aňsat düşmese gerek. Ýeri, bolýar-da. Göreli, bakaly». Ol ýazmagyny dowam etdirdi.
GPU-nyň türkmen oblast bölüminiň informasion otdeleniýesiniň 1924-nji ýylyň mart aýynyň 4-inden 7-sine çenli öz içine alýan işçi maglumatynda Hajymyradyň 2-nji martda oblispolkoma gelendigi görkezilýärdi. Sekretar Nyýazmyradowa we oblispolkomyň başlygy Orazowa «Bizi sürgün etseňiz, banda döredip, gün bermeris. Persiýada dört ýyl bolamda sowet hökümetine garşy iş edemok. Özüňiz rusgat bereňizsoň gaýdyp geldik» diýipdir. Oblispolkoma Artykow diýen polkownikmi ýa-da rotmistr bilen gelipdir.
Nyýazmyradow bilen Orazow 3-nji martda GPU-nyň oblast bölüminiň naçalnigi Petrowy çagyryp, Hajymyradyň sürgün edilmegine düýbünden garşy çykjakdyklaryny mälim edipdirler.
Oblispolkomyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Lusenkonyň hem-de oblispolkomyň sekretary Buryginiň GPU-nyň oblast bölümine 1924-nji ýylyň 3-nji maýynda ýazmaça beren maglumatyny okap, Wasilýew başyny ýaýkanyny duýman galdy. Oblispolkomyň başlygy ýoldaş
Beşerowyň sözlerine görä, sowetlere garşy wagyz-nesihat (agitasiýa) geçirmekde aýyplanylýan, oblispolkomyň ikinji sekretary bolup işleýän Hajymyrat däl-de, hamana, onuň doganymyşyn. Wasilýew GPU-nyň işgärlerine «Siziňem bir...»
diýip, enesine ýetip, erbet sögündi. Ýap-ýaňy demirýola işe girip bilmän ýören adam eýýäm oblispolkomyň ikinji sekretary
14
diýýärler. Haýsyna ynanmaly? Tertipli, başarjaň işgär bolanda, şu zatlary aý dogan ýaly edip goýmazmydy? Zerur dokumentleriň göçürmeleri işe çatylgy durmazmydy?
Oblispolkomyň başlygynyň kimdigem-ä düşüner ýaly däl.
Familiýasy dürli-dürli ýazylgy. Golaýraklaram bar. Ýa-da şol döwürde olary şeýle tiz çalyşdylarmyka? Indi şu sowallaryň her birine jogap tapmak üçin näçe iş etmeli bolar?
GPU-nyň jansyzlarynyň berýän maglumatlaryny elekden geçirmek Wasilýewiň esli wagtyny aldy. Bir müň üç ýüz otuz ikinji nomerli raportda köp zatlar başgaça röwüşde berilýärdi.
Polkownigiň umumy hem-de ýokary bilimi bar, ak gwardiýaçylaryň görnükli wekilleriniň biri. Bu ýerde ol Zakaspiý frontunyň komanduýuşisiniň orunbasary diýilýärdi.
Söweşlere aktiw--işjeň gatnaşan, ak gwardiýaçylaryň birikmelerine ýolbaşçylyk eden. Käbir maglumatlara görä, ol iňlisleriň Zakaspide peýda bolmagynyň sebäpkäridi. 1918-nji ýylda Poltoraskide Wagtlaýyn hökümet mahalynda Büzmeýin stansiýasynda ýerli halkyň uly gurultaýyny çagyryp, häkimiýeti özleriniň, ýagny türkmenleriň eline almagyny talap edipdir.
«Zakaspiden beýleki milletleri kowmaly» diýipdir.
Türkmenleriň ähli gatlaklarynyň: garyplaryňam, orta daýhanlaryňam, baýlaryňam arasynda abraýy uly. Olar Hajymyrada türkmenleriň ýolbaşçysy hökmünde garaýarlar.
Ýerli ilatyň arasynda bölünişik bolandygy sebäpli polkownigiň bu pirimi ýol almandyr. Baýlar Hajymyradyň syýasatyny oňlamadylar. Garyplar onuň tarapyndadylar we polkownigi parasatly, batyr serkerde hasaplaýardylar. Garyp ilat nadandy, garaňkylykdan saplananokdy we Hajymyradyň peýda ýa-da zyýan getirjegine göz ýetirip bilmeýärdi. Esasy zat beýleki milletleriň, gelmişikleriň ählisini Zakaspiden kowup, diňe türkmenleri galdyrmaly diýeni garyplaryň göwnünden turýar.
15
Türkmenler oblasty awtonom respublika diýip yglan etmek isleýärler.
Ýomudskiniň goldaw bermegi netijesinde Hajymyrat Persiýa gaçypdyr. Gyzyllar Türkmenistany eýelänlerinde Persiýada, obada gizlenipdir. Jogapkärli wezipeleri eýeleýän türkmenler onuň yzyndan adam iberip, gaýdyp gelmegini sorapdyrlar. Hiç kim saňa zat degmez diýipdirler. Ol köp wagtlap ikirjiňläpdir.
Birnäçe hat alyp, garyplaryň özüniň arkasynda durjagyna göz ýetirenden soň, Türkmenistana dolanyp gelipdir.
Ýedi-sekiz aýlykda ony prokuror bellemekçi boldular.
Ýustisiýa halk komissarlygy razylygam berdi, ýöne kimdir biri garşy çykypdyr. Polkownigiň iňlisler bilen arasy bardygyny görkezýän maglumatlary Wasiýew iňňän ýiti nazar bilen, jikme-jik öwrendi. Haýsydyr bir Dimadi özünden edilen soragda iňlis maýory Walisiň iberen hatyna salgylanýardy. Maýor Walis Bamy stansiýasynda agentura setini guramak barada instruksiýadan söhbet açanmyşyn. Persiýada Hajymyradyň otrýady iňlis konsulhanasynyň hasabyna saklanypdyr, iňlis kapitany Garkrifsiň buýrugy esasynda şeýle edilipdir.
Dimadi bir müň dokuz ýüz ýigrimi dördünji ýylyň on ýedinji dekabrynda edilen goşmaça soragda Hajymyrady bir müň dokuz ýüz ýigriminji ýýldan bäri tanaýandygyny aýdypdyr. Aklar ýeňilenden soň, Krasnowodskiden Persiýa gaçypdyrlar. Hajymyratdyr Oraz Serdar ikisi otuz sany atly esgeri ýanlaryna alyp Büjnürde gelýärler we iňlis missiýasynyň wekili kapitan Agrifsiň ýanyna barýarlar. Dimadi kapitanyň dilmajydy. Iňlis missiýasy telegraf arkaly habar edip, olary Maşada çagyrypdyr. Pars hökümeti-de Oraz Serdaryň topary Maşada gitsin diýip görkezme beripdir. Maşada gelip, Oraz Serdar Dimadiniň öýünde, Hajymyrat Büżnürtden kyrk-kyrk bäş wýorstlykdaky Ýaňgala obasynda ýerleşýärler.
16
Wasilýew «Her aýda men iňlis konsulhanasyndan bir ýüz elli tümen getirip berýärdim, Hajymyradyň bolsa özi konsulhanadan ýüz tümen alýardy» diýen sözleriň aşagyny çyzdy. «Oraz Serdaryň Allamyrat diýen aşpezi bardy» diýen ýerini hem galam bilen belledi.
Bir müň dokuz ýüz ýigrimi dördünji ýylyň ýigrimi bäşinji dekabrynda edilen goşmaça soragda Dimadi ogly bilen aýalynyň Hajymyrady Poltoraskide görendiklerini aýdýardy.
«Oraz Serdar 1922-nji ýylyň sentýabrynda Büżnürtde meniň öýümde aradan çykdy. Oraz Serdar Öwezbaýewi bolşewik hasap edýärdi. Ikisi barlyşyksyz duşmandylar».
Başga bir raportda hem Hajymyrat aýda ýüz tümen alýardy diýilýärdi. Türkmenistana gaýdanda iňlis konsulhanasy oňa dört ýüz tümen beripdir. Hajymyrat ýanyndaky adamlary Persiýadan Türkmenistana ençeme gezek iberipdir. Wasilýew raportda görkezilen atdyr familiýalary aýratyn belläp aldy. «Şol iberilen adamlar aragatnaşykçy bolsa gerek. Olar razwedka maglumatlaryny ýygnap eltendirler». Wasilýew bu pikiriniň dogrudygyna ynandy. Diňe özüniň şeýle pikir etmeýändigini tassyklaýan dokument-- resminama bolsa eliniň aşagyndady.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynyň kontrrazwedka bölümi hem şeýle çaklaýardy. Ygtyýarly wekilhanadan gelen hatda «Hajymyradyň häzirem icaly-- şpion bolmagy mümkin. Komprometirleýji – garalaýjy, masgaralaýan material bolsa iberiň. Dimadiniň soragynyň protokollaryny iberýäris. Şu aýdylýanlar dogry bolsa, Hajymyrady beýle uly wezipede goýup bolmaz» diýilýärdi.
GPU-nyň jansyzlary Hajymyrady örän mekir, içini bermeýän, agzyndan söz çykmaýan adam hökmünde häsiýetlendirýärdiler. Jansyzlaryň biri Hajymyrat bilen gürrüňdeş bolanda, «Sowet häkimiýetiniň ýykyljak wagty
17
uzakda däl» diýenmişin. Muňa jogapkärli wezipedäki türkmenler iňlisleriň haýryna işlemek arkaly ýardam edýärmişler. Ýöne olaryň kimlerdigini welin aýtmandyr. Hut ýakyn wagtlarda sowet häkimiýetiniň ýykyljakdygyna ynamy barlygy üçin Türkmenistana gaýdyp gelenmişin.
Daşkentdäki Ygtyýarly wekilhana bilen alşylan hatlary, jansyzlary ulanyp, ýygnalan maglumatlary birin-birin çigit çigitlän ýaly edenden soň, Wasilýew umuman kontrrazwedkanyň ýigitleriniň geçiren işini oňuşmazça däl hasap etdi. Hajymyradyň aklaryň ofiseriniň anketasyny doldurmagyny gazanypdyrlar. Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň guramaçylyk býurosynyň jogapkär sekretary Mejlauk bilen gepleşipdirler. Ol çekistleriň pikirini makullap, Hajymyrady eýeleýän wezipesinden ýuwaş-ýuwaşdan daşlaşdyrmagy dogry tapypdyr. Şondan soňra polkownik harby gullukdan çetleşdirilip, hojalyk işine geçirilipdir. Elbetde, bularam az zat däldi. Aşaklyk bilen, ýagdan gyl sogran ýaly edip, kontrrazwedkanyň eliniň bardygyny duýdurman etmelidi.
«Polkownigiň Persiýada iňlislere işländigi şübhesizdi.
Inilerini birnäçe ýola bärik iberipdir. Kakasy hem Persiýa bilen gatnaşykly. Basym ol ýere hemişelik gitmekçi diýen gürrüňem bar. Kakasy aragatnaşykçy bolmagy mümkin». Wasilýew bu maglumatlaryň tutaryk bolup bilmejekdigine kemsiz akyl ýetirýärdi. Inkär edip bolmajak deliller, subutnamalar ýokdy. Iň esasysy bolsa Hajymyrada Türkmenistana geleli bäri pylan zat etdiň diýer ýaly däldi. Çaklamalardyr şubhelenmelerden aňry geçilenokdy. Wasilýewiň janynyň ýanýan ýerem şoldy.
Wasilýew ýazmasyny goýup, daşaryk seretdi. Kemsiz garaňky düşüpdi. Ol gaty ýadanlygyny duýdy. Kellesine gum dykylan ýalydy. Ýarpy iş edilipdi. Ähli maglumatlary bir
18
ulgama tirkemegi tamamlady. Kagyzlary ýygnady-da, kän eglenmän öýüne gaýtdy.
Ertesi işe ir geldi. Agşam gowy ukusyny alypdy. Oýlanypdy.
GPU-nyň başlygy Karuskiý gelýänçä, ýene-de bir gaýta eden belliklerini gözden geçirdi. Polkownigiň ähli gatnawlaryna, hereketlerine, nirelerde bolýandygyna, diňe dost-ýarlary däl, tanyş-bilişlerine çenli belet bolmak üçin mundan beýläk nämeler etmekçidigi baradaky doklad bilen Karuskiniň kabulhanasyna bardy.
HAJYMYRAT BOLKÖÝNEK MILLI GOŞUN
BIRIKMESINI DÜZMÄGE GIRIŞÝÄR
Bu gün onuň keýpi çagdy. Ahyrsoňy Hajymyrat bolköýnegiň kadr harby işgärdigini ýatlaryna saldylar. Diňe ýatladylar diýeň bärden gaýdýar. Onuň özüne, gözýetimine, injiginiň göterjegine laýyk wezipe teklip etdiler. Türküstanda milli döwlet bölünişigi geçirilip, Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy döredilipdi.
Hajymyrat bolköýnegi TSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň ýanyndaky milli birikmeler boýunça jogapkär sekretarlyga bellediler. Otuz bäş ýaşly Hojageldi günäsi geçilip, Eýrandan gaýdyp gelende-de, soň-soňlaram özüne beýle ynam ediler öýdenokdy. Diýmek, ol ata Watana dolanyp dogry edipdir.
Ahyrsoňy türkmenem döwletli boldy. Indi milli harby birikmeler dörediljek. Hajymyrat ol işe girişmeli. Munuň özi döwletde iň uly harby wezipe diýseňem boljak. Elbetde, häzirlikçe. Polkownik göwün ýüwürtdi. Geljekde türkmen generallaram kän bolar. Häzir welin polkownigem, hatda ýönekeý ofiserem tapaýmak ýeňil däl. Türkmenler harby işden gorkmaýarlar. Çagalar özüni bilenden ýarag oýnap başlaýarlar.
Türkmeniň milli goşuny dörär, ofiserlerem ýeterlik bolar.
19
Diwiziýanyň ştabyndan berlen iki kömekçi bilen Hajymyrat haýal etmän işe girişdi. Oňa takmynan brigadany formirlemegiň meýilnamasyny --planyny düzmegi teklip etdiler. Plany gyssagly taslamalydy hemem ozalky türkmen polkunyň komandirler düzümini agtaryp tapyp, işe çekmelidi. Ozalky oblast harby komissary türkmen polkunyň ofiserlerini gözlese-de, iki ýyl bäri tapyp bilmeýändiginden zeýrendi. Ýogsam gazetde bildirişem berlipdi. Gelen adam bolmady. Gaýtam tersine gazetde bildiriş çap edilen badyna, ozalky ofiserler guma siňdiler. Obalarda olary ýygnap atjakmyşlar diýen myş-myş
ýaýrapdy.
Polkownik bu meseläni birküç günüň içinde çözüp berjekdigini wada etdi. Hakykatdanam altmyşa golaý adam jemledi. Ozalky orta hem kiçi komandirler ýygnandylar. Kän mahal gepçmänkä Moskwadan telegramma geldi. Ony milli bölümleriň naçalnigi Timoşkow iberipdir. Timoşkow möhüm meseleleri ylalaşmaga Moskwa gidipdi. Telegrammada brigada düzmäge rugsat edilmeýändigi görkezilip, polk jemlemäge niýetlenen meýilnama taslamak teklip edilýärdi. Soňra ol meýilnama eskadrona çenli peseldildi. Hajymyrat Türkmen milli eskadronyny we kiçi komanda sostawyny taýýarlaýan harby mekdebi guramaga girişdi. Iş iňňän çalt gitdi. Mekdepde okadylyp ugraldy. Köşüde eskadron düzmek tamamlandy.
Hojageldi eskadronyň komandirligine gypjakly Daňatar Artykowy hödürledi. Daňatary gowy tanaýardy. Köp duz-emek bolupdy. Aklarda bile gulluk edipdiler. Ýat ülkede emigrasiýada hijran dagyny bile çekipdiler. Bile Türkmenistana gaýdyp gelipdiler. Daňatar türkmen polkunda gulluk edip ýörkä, otstawka çykarylypdy. Onsoňam Daňatar gelip çykyşy boýunça pukarady ýa-da häzirki häkimiýetleriň kän gaýtalaýşy ýaly ýoksullardan - proletarlardandy. Häkimiýetleriň adamyň ilkinji
20
nobatda gelip çykyşyna garap, wezipe berýändiklerini polkownik görüp - bilip durdy. Häkimiýetler üçin esasy zat synpy gelip çykyşyňdy. Iş başarýaňmy-başaraňokmy, oňa seredýän ýokdy. Ynamdar, wepaly bolsa bolany. Galan zady öwrener, biler diýýärdiler. Polkownik käte bu barada oýlanýardy. Dogrusy şuňa elem degip duranokdy. Lükgeligi bilen işe berlipdi. Daňatar Artykow eskadron komandirligine bellendi. Ikisi has-da höwesli işläp başladylar. Özüniň harby işde uzak saklanmajakdygyny Hajymyrat bolköýnek gümanam edenokdy.
Timoşkow Moskwadan dolanyp geldi welin, ähli zatlary şoňa tabşyrmaly diýip Hojageldä görkezme berildi.
Türkmenistan SSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýewiň görkezmesi bilen «Türkşýolka» işe bellemek üçin halk hojalygynyň ýokary sowetiniň garamagyna iberildi.
Harby işden aýrylan güni Hajymyrat bolköýnek uzak gije ýatyp bilmedi. Gözüne çiş kakylan dek uky gelmedi. Iki zat horlaýardy: Özüne aýdyşlary ýaly, ony sowatly adam hökmünde ýüpekçiligi dikeltmäge iberýärlermikä ýa-da oňa ýarag ynanmak mümkin däl hasap edýärlermikä? Bu sowal iňňän çynlakaý sowaldy. Oňa şonuň deýin çynlakaý jogabam bermek gerekdi. Ata Watan, ilim-günüm diýip, ýagşy umytlar bilen dogduk diýara dolanaly bäri kän zatlar üýtgäpdi. Dogry, ony bada-bat hem harby işe ugratmadylar. Türkmen oblast ispolnitel komitetine çagyrdylar-da, Magaryf halk komissarlygynyň oblast inspektorynyň başlygynyň orunbasarlygyna bellediler. Bir ýyl çemesi işläp-işlemänkä-de, oblast ispolkomynyň jogapkär sekretarlygyna bellediler. Soňam milli birikmeleri düzmeli diýip harby ugra çekipdiler.
Ony diýseň Daňatar Artykowy hem hojalyk işine ugradypdylar. Olar ýaly ofiserleri gündiz eliň çyraly
21
gözleseňem tapjak gümanyň bolmaz. Onda-da türkmeniň içinde az-azdyr. Daňatar türkmen polkunyň jigidi bolup, Birinji jahan urşuna gatnaşypdy. Gahrymançylygy üçin Georgiý Hajyna eýe bolanlaryň iň abraýlylaryndan biridi. Daňatarda ol Hajyň ikinji derejelisem bardy. Hajymyrat Köşüdäki oba hojalyk mekdebiniň müdiriniň kömekçisi wezipesini goýduryp, Artykowy milli eskadrona getirdi. Eskadron komandirligine hödürledi. Daňatar Artykowyň milli eskadronyň komandirligine bellenmegi polkownigi dogrusy ganatlandyrypdy: Emma duýdansyz ýagdaýda ony serpmeden gaýdan ýaly edäýdiler. Bu ýagdaý kelle döwmäge mejbur edýärdi.
Köp çarşenbäni başdan geçiren harby adam hökmünde Hojageldi özüniň synagdan geçiriljekdigine, terjimehalynyň, iżtimagy gelip çykyşynyň ilik-düwme öwreniljekdigine düşünýärdi. Bu zatlar şeýle bolaýmalydy. Onda-da emigrasiýada bolanlaryň berk barlagdan geçiriljekdigi köre hasady. Ýöne harby ugurdan duýdansyz hem çalt çetleşdirilmegi oýlandyrýardy.
GPU-nyň özüniň her ädimini aňtaýandygyny Hojageldi çak edýärdi. Müň dokuz ýüz ýigrimi üçünji ýylyň 28-nji maýynda bu edara çagyryp, dilhat alypdylar. «GPU-dan birugsat Bamy stansiýasyndan hiç ýere çykman» diýip ýazyp beripdi. Bir ýyldan soň, oblispolkomyň ikinji sekretary bolup işläp ýörkä, ony GPU-nyň oblast bölümine çagyryp, ýene dilhaty bermegini talap etdiler. Bu ýagdaý onuň çetine degdi. Göni oblispolkoma arza ýazdy. Bolan ýagdaýy bolşy ýaly görkezdi. Dogrusy ilki başlygyň ýanyna baryp içini dökdi. Soňra yz galsyn diýip, diýen zatlaryny ýazmaça hem berdi. Kommunistleri türmeden boşadany üçin aklaryň özüni tussag etmekçi bolandyklaryny görkezdi. Diňe türkmenleri däl, rus kommunistlerini hem azat
22
edendigini aýtdy. Sowatly adam, kadr harby işgär hökmünde halkyna gulluk etmek isleýändigini ýazdy.
Şondan soň ony gaýdyp, GPU-a çagyrmadylar.
Oblispolkomyň başlygy Hojageldä özüniň Moskwa ýazan hatyny görkezdi. Hajymyrat şunuň bilen mesele tamam bolandyr öýdüp ýördi. Moskwadan jogap gelmedik bolsa gerek.
Eger gelen bolsa oňa aýdardylar ahbetin. Ine, bu gün Hajymyrady, heniz otuz ýaşy dolmanka polkowniklige ýetişen,
jany-teni bilen harby gulluga berlen esgeri ýüpek gurçuklaryny idetmäge iberýärler.
Agyr oýlara batyp, daňa golaý ymyzganan polkownik öňki wagtynda oýandy. Ýuwunyp-ardynyp, esger endigi boýunça ykjam timarlandy. Diýlen wagtda aýdylan ýerde häzir boldy.
Ony «Turkşýolkyň» Türkmenistan kontorasynyň uprawlýaýuşisiniň orunbasarlygyna bellediler. Ýasalyş tebigaty boýunça, belki-de, palçygynyň boz ýerden, päkize toprakdan alnyp eýlenenligindendir, hiç bir işi degdi-gaçdy etmegi başarmaýan Hajymyrat ýene-de düýrmegi bilen işe berildi.
Ýüpekçilik edarasy ýaňy ýörjen-ýörjen boljak bolýardy.
Uprawlýaýuşiý iki wezipäni ýöredýärdi. Mundan başga ýene haýsydyr bir banky hem dolandyrýardy. Elmydama diýen ýaly wagtyny bankda geçirýärdi. Bärde ähli iş Hajymyradyň boýnunady.
Iş bolsa juda köpdi. Täze düýbi tutulýan pudagyň ähli desga-derejesini indi diklemelidi. Hojageldiniň başdan ykjam ýapyşmagy işe birneme itergi-goltgy berdi. Gurçuk tutmak möwsümi üstünlikli geçirildi. Ýüpek gurçugynyň tohumy Daşkentden we Ferganadan getirilýärdi. Hojageldi özümizde, Pöwrizede tohumçylyk zawodyny gurmaly diýip meseläni goýdy. Haçana çenli kesekä garaşly boljak. Oňa rugsat etdiler, özünem respublikan kontoranyň uprawlýaýuşisi bellediler.
23
«Türkşýolkyň» prawleniýesiniň agzasy zawody Pöwrizede gurmak pikirini oňlady. Oblastyň naçalniginiň öňki daçasynyň -
kanselýariýasynyň kazarmalarynyň jaýyny bermeli etdiler.
Ol jaýy almak üçin polkownik harbylar bilen çaknyşmaly boldy. Harby komissariat ol kazarmalary özüniňki hasap edýärdi we kärendä berenleri üçin gaty köp pul talap edýärdi.
Hajymyrat komissaryň ýanyna bardy.
—Korpusyň komandiri şol bir wagtyň özünde oblastyň naçalnigi hem bolup durýardy. Men bu zatlardan habarly —
diýip, Hajymyrat söze başlady.
—Habarly bolsaňyz, mesele düşnükli bolsa gerek — diýip, komissar eginlerini gysdy. Munuň özi onuň «Edip biljek kömegim ýok» diýdigidi.
—Meniň üçin düşnükli — diýip, Hajymyrat pert-pert gepledi. —Size bolsa häzir düşündirerin. Korpusyň komandiri iki wezipäni ýöredensoň, kazarmalary özüňiziňki hasap edýärsiňiz. Dogry aýdýanmy men?
—Hut şeýle.
—Bu kazarmalar oblastyň naçalnigine niýetlenip, harby serişdeleriň däl-de, ýerli dolandyryş edarasynyň hasabyna bina edilipdir. Bu jaýlara Ekerançylyk halk komissarlygy eýemsirese dogry bolar.
Hojageldi kazarmalaram, ýer uçastogynam mugt aldy.
Ýüpek gurçugynyň tohumçylygy zawodyny gurmagy tiz tamamladylar. Zawodyň işe girizilmegini Hojageldi dabaraly bellemegi makul bildi. Palaw bişirtdi. Şäherden myhmanlar geldi. Polkownik çaga ýaly begenýärdi. Begenjini gizlejegem bolanokdy. Bu onuň üçin iňňän beýik baýramçylykdy. Öz bina eden zawody işe girizilýärdi. Zähmetiň miwesini görmek ýaly uly bagt barmyka? Şu ömrüne, häzirki döwre çenli eli gylyçly, at üstünde gezen polkownik üçin bu günki dabara hakykatdan-
24
da iňňän uly baýramçylykdy. Goh-galmagalsyz, parahat durmuşda ýaşap-işlemegiň lezzeti başgady.
«Türkşýolkyň» Türkmenistan kontorasynyň uprawlýaýuşisi wezipesine bellenmegi Hojageldiniň özüne ynanýan däldirler diýen şübhesini biraz dargytdy. Onsoňam GPU hem indi bimaza edenokdy.
Hajymyrat bolköýnek GPU-nyň indi öňki ýaly aç-açan çagyryp azara goýman, aşaklyk bilen, saman astyndan suw goýbermäge başlanyndan bihabardy.
GPU HALKANY BARHA ÝYGYRÝAR
Wasilýew Hajymyrat bolköýnegiň daşyna tor gurmak baradaky meýilnamasyny-- planyny Karuskä görkezip tassykladandan soňra, bada-bat ony durmuşa geçirmäge girişdi.
Guryhowdan serhet komendaturasynyň naçalnigini çagyryp, polkownigiň kimler bilen aragatnaşykdadygy barada maglumat toplamagy tabşyrdy. Esasan onuň häzirki aragatnaşyklaryny ýüze çykarmalydygyny berk duýdurdy. Eýranda bolanda, kürt ýigitleri bilen gulluk edipdir diýen gürrüň bar. Şolary tapjak boluň. Gizlin sorag edip, dokument düzüň. Tapyp bilseňiz, şolar polkownigiň häzir nämeler edip ýörendigindenem hökman habarlydyrlar.
Wasilýew komendaturanyň naçalnigine her hepdede geçiren işi barada göni kontrrazwedka gyssagly doneseniýe ibermegi –
habar bermegi buýurdy. Dilden aýdanyna kanagat etmän, Karuskiniň hem-de beýleki podrazdeleniýeleriň ýolbaşçylarynyň goly çekilen kagyzy hem Guryhowdan komendaturasynyň naçalniginiň yzyndan iberdi.
Hojageldi bilen bir ýerde gulluk edenleriň spisogyny--
sanawyny düzüp, Wasilýew olar bilen gürleşip görmäge
25
başlady. Käbirlerini tapyp gürrüňdeş bolmagy işgärlerine tabşyrdy. Agentlere bolsa aşaklykdan sorag-ideg etmek buýruldy. GPU-nyň agentleri Hajymyradyň töwereginde pelesaň kakýardylar. Emma yrsarar ýaly ýekeje maglumat - fakt hem tapyp bilmeýärdiler.
Kontrrazwedkanyň naçalnigi Wasilýew polkownigi göz astynda saklamak üçin ygtybarly, tejribeli adam tapmagy ýigitlerine tabşyrdy. Özem mümkin bolsa GPU-nyň apparatyndan däl-de, keseden tapyň diýdi. Hojageldini aňtajak kişi oslanmaýan, asyl kontrrazwedka dahyllydyr diýen pikir hyýalyňa-da gelmejek adam bolmalydy. Şeýle adam tapyldy.
Wasilewiň özi onuň bilen gürleşip gördi.
—Etmeli işiňi aýtdylarmy? — diýip, Wasilýew oňa gönümel sowal berdi.
—Aýtdylar. Daşky gözegçilik.
Jogap Wasilýewe ýarady. Eýýämden çekistleriň adalgalaryny -- terminlerini özleşdirip ugran bolsa ýaman däl.
Her niçigem bolsa, janyny barlap gördi.
—Daşky gözegçiligiň wezipesine nämeler girýär?
—Göz astyndaky obekti öýünden çykanyndan beýläk ýene tünegine gaýdyp gelýänçä yzarlamaly. Nirede bolanyny, kim bilen duşuşanyny, wagty-sagadyna çenli bellemeli. Näme gürrüň edenlerinem eşidip bolsa gowy.
—Sen onuň gürrüňini eşitmek isläp, artykmaç yhlaslylyk görkezjek bolaýmagyn. Özüňi bildirersiň. Polkownik yzyna düşülýändigini, aňtalýandygyny bilmeli, aňmaly däldir, hatda gümanam etmeli däldir. Düşnüklimi?
—Düşnükli, ýoldaş naçalnik.
Wasilýew oňa ýene-de käbir sowallary berdi.
Kontrrazwedka bilen nähili aragatnaşyk saklajakdygyny anyklady. Razwedkaçynyň borjy barada, gerek bolsa
26
säginmezden janyndan geçmäge taýýar bolmalydygy hakynda aýdyp, ony ýola saldy.
Maglumatlar kän garaşdyrman gelip ugrady. Raportlaryň birinde Hajymyradyň kakasynyň pars tarapdaky ýerini parslar mugt ekip berýärler diýilýärdi. Polkownigiň kakasy we aýaly Bamyda ýaşaýar. Aýaly gypjaklymyşyn. Hajymyrat Artyk Dargonatow we Öwezbaýew bilen gowy gatnaşyk edýärmişin.
Wasilew Artygyň familiýasyny okanda, gaşlaryny çytanyny duýman galdy. Öň şu familiýany görüp, gowy aldanypdy.
Agentleriň doneseniýeleriniň birinde Hajymyrat Türkmenistana gelende, ýanynda haýsydyr bir Dargontiriň hem bardygy görkezilýärdi. Wasilýew ony okap, daşary ýurtlydyr hasap etdi we bada-bat Dargontiriň şahsyýetini anyklamak barada buýruk berdi. Haýal deprenýäňiz diýip, ýigitlerine birneme igendem.
Dargontiriň kimdigini bilenlerinde bolsa lapykeç boldy.
Ol asly gypjakly, Hajymyradyň ýakyn dosty, söweşdeş hem emigrasiýada bile bolan ýoldaşy Artyk Daňatarow bolup çykdy.
Ynha, ýene-de bimaza bolsaň bolup oturmaly. Raportda Artyk Dargonatow diýip ýazylgydy. Wasilýew yzyny okamaga başlady. Hajymyrat Aşgabatda Krymsk we Samursk köçeleriniň çatrygyndaky segsen birinji jaýda Wezirowlaryň öýünde bolýardy. Şol jaýda ýaşaýanlaryň kimlerdigi baradaky maglumatlary gözden geçirip otyrka, Hajymyradyň aýaly diýen ada gözi düşdi: Oguljahan, otuz bäş ýaşynda, öý hojalykçy.
Hajymyradyň on dokuz ýaşly inisi, rabfagyň okuwçysy Bally hem şol jaýda ýaşaýardy. Raportda Hajymyrat ozalky knýaz diýip görkezilýärdi. Ýeri, bularyň haýsysyna ynanjak?
Agentleriň bir-ä Hojageldiniň aýaly Bamyda, gaýnynyň ýanynda ýaşaýar diýýär, beýlekisi bolsa Aşgabatda ýaşaýar diýýär. Ol jaýda on dört adam ýaşaýardy.
Okadygyça Wasilýew işiň köpelýändigini duýýardy.
Hajymyrat gypjakly Kuçuk diýen bir spekulýantyňka barýar.
27
Kuçuk Persiýa gatnaýar diýlip, raportlaryň birinde aýdylýardy.
Agent Kuçugyň familiýasyny anyklap bilmändir. Hojageldi Bekgi Berdiýew, Oramet Sofiýew bilen gatnaşýar. Oramet bilen hasam ýygy aragatnaşykda. Pöwrizede general Wolkownikowyň ýanyna hem baryp gaýdýan ekeni. Bularyň ählisini gaýtadan barlap görmelidi. Näme iş, näme sebäp bilen barandygyny anyklamak möhümdi.
OGPU-nyň Günorta-gündogar ülkesi boýunça ygyýarly wekilhanasyndan, Don boýundaky Rostow şäherinden gelen jogapda hem täze zat ýokdy. Hajymyrat on dokuzynjy-ýigriminji ýyllarda Persiýadan demigazyk Kawkaza geçipdir diýen maglumaty anyklamak üçin Don boýundaky Rostowa hat iberipdiler. Gelen jogap GPU-nyň Kuban okrug bölüminiňem, özleriniňem ozalky polkownik Hajymyrady gözlemeýändikleri, özlerinde ol barada komprometirleýji—masgaralaýjy, abraýdan düşüriji maglumatlar ýokdugy aýdylýardy.
Polkownigiň ýanyna gelip-gidýän kändi. Hajymyradyň ýanyna gelýänler bilen türkmençe gürleşýändigi sebäpli, özüniň düşünip bilmeýändiginden zeýrenýän agent, polkownigiň aýallary gowy görýändigini ýazýardy. Özi az içýär. Ýöne myhman kän gelýär. Wezirowa diýen aýalyň yzyna düşdi, soň haýsydyr bir zawodyň direktorynyň aýaly, milleti nemes zenanyň göwnüni tapjak boldy. Ol nemes aýaly Hajymyradyň goňşularyna köp gelýär. Wasilýew aýallara degişli maglumatlary aýratyn belläp aldy. Eger polkownigiň iňlis razwedkasyna işleýändigini subut etmek başartmasa, ony başga-başga ýollar bilen gözenegiň aňyrsyna dykmaly boljakdygy düşnüklidi. Munda bolsa iň ygtybarly aýp aýallar meselesi we maliýe düzgün bozmalarydy. Şu ikisine dahylly sähelçe bahana bolsa, islendik adamy iliň gözünden düşürip bolýandygyny kontrrazwedkanyň naçalnigi indi öwrenmeli däldi. Onsoňam
28
nemes zenany diýeni şübhe döredýärdi. Wezirowanyň kimdiginem anyklaýmak zyýan etmezdi.
Gypjakly Bally Gylyçdurdy ogly welosipedli hepdede birküç sapar şähere gelip polkowniklere myhman bolýar. Bally Gylyçdurdy hiç ýerde işlänok, öňki kontrabandist. Hajymyradyň edarasyna pars kommersanty Askar Wezirow hem gatnaýar.
Köşüli sakgally mugallymyň hem familiýasyny anyklamalydy.
Agent ony bilip bilmändir. Ol mugallym bir müň bäş ýüz manada dagy durýan at münýär. Özem ofiser bolmaly, öň pagonly gezýär ekeni. Polkownik olara ýüpek ýaglyk, tahýa sowgat äkidýärmişin. Atabaýew, Paskuskiý, türkmen atly diwizionynyň öňki poruçigi, döwlet plan komitetinde işleýän Seýitmyrat Öwezbaýew hem polkownik bilen gatnaşykda.
Golaýda doktor Sigarewiç, köşüli sakgally mugallym, ýene-de birki sany türkmen Hajymyratlara myhman boldular.
Beýlekiler gelýänçä Hajymyrat türkmenlere özi barada gürrüň beripdir. Persiýada Paçgyranda iňlisler onuň yzyndan awtomobil bilen janpena iberip, Maşada getiripdirler.
Polkownik iňlis konsulhanasynda ýaşapdyr. Iňlisler oňa Hindistana gitmegi, dört ýüz müň adamly prowinsiýany--
welaýaty dolandyrmagy teklip edipdiler. Hajymyrat iňlislere öz Watany gyzyllardan doluka Hindistana gidip bilmejekdigini aýdanmyşyn.
Polkownige Goçandyň hanlary hem «Ýer bereli, bizde gal»
diýipdirler. Hojageldi olaryň diýeninem etmändir. Eýranda Hajymyradyň harjy gutaranda Türkmenistandaky türkmenler oňa kömek edipdirler. Bolşewikler barka iki gezek bärik gelip gidipdir. Sowet hökümeti günäsini geçip, yzyna goýbermedik bolsa, ýaş ýigitleri ýygnap, uruş etmekçi ekeni. Türkmenler oňa ynanýarlar, yzyndan galmazlar.
29
Hajymyrat sowet döwletinden närazy. Inisi Ballyny Daşkentde rabfakdan kowupdyrlar. Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komiteti (TK/b/P-nyň MK-sy) indi ony Goşçular soýuzyna ýa-da magaryfa işe bellejek bolýar. Polkownigiň daşyna gerilen toruň ýüpleri-tarlary berkdi, ygtybarlydy. Iň esasy bolsa ol torlar göze görünmeýärdi. Agentleriň maglumatlary Hojageldiniň durmuşynyň ähli tarapyny bilmäge mümkinçilik berýärdi. Maý aýýnyň ahyrky günlerinden başlap, GPU-a gelýän maglumatlar köpelip ugrady. Müň dokuz ýüz ýigrimi altynjy ýylyň jöwzaly tomsy ýaňy başlanýardy. Wasilýew maglumatlary başdan başlap, yzygiderli, hronologik tertipde öwrenmäge girişdi.
Maý aýýnyň 25-ine Daşkentden haýsydyr bir Gözel diýen talyp-studentka geleni sebäpli oturlyşyk guralypdyr. 28-ine Hojageldi garyndaşlary bilen Pöwrizä dynç almaga gidipdir. 29-yna öýlerinde gije ikä çenli oturyşlyk gurap, pýançylyk edipdirler. Birinji iýunda, penşenbe güni bolsa ýene Pöwrizä gidip, keýp çekjekler. Bu oturylyşyk Hajymyradyň Serdar lakamly Mämmedaman diýen doganyny Çärjew welaýatyna ugratmaga bagyşlanýar. Mämmedaman Çärjewiň Lenin diýen ýerinde pagta zawodynda işleýär. Näme üçindir Pöwrizä gitmek indiki penşenbä geçirilip, Hajymyrat «Türkşýolkyň» teke bazaryndaky dükanynyň-magazininiň müdiri Nyýazmyrat Garaýew bilen gyssagly Gökdepä ugrapdyrlar. Wasilewiň jansyzy Gökdepe bilen «Türkşýolkyň» hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny habar berýärdi.
Iýun aýynyň ýedisinde ýene Hojageldileriň öýünde oturlyşyk. Daňdan dörde çenli içipdirler. Wasilýew bu raportyň gowşan senesine seretdi. Iýunyň sekizine habar berlipdir.
Wasilýew öz jansyzynyň işleýşinden hoşal boldy. Oturylyşyga gatnaşanlary ýeke-eke görkezipdir. Tanamaýanlarynyň daş
keşbini, işleýän ýerini ýazypdyr. Agent «Türkşýolkyň»
30
paýtunyna Wezirowa münüp, şäherde alakjap ýör» diýip habar berýärdi.
Kontrrazwedkanyň naçalnigi Wezirowa bilen ýitiräk gyzyklanmagy ýüregine düwdi. Raportlary okamagyny dowam etdirdi. Polkownik bir aýlyk zähmet rugsadynda bolupdyr. Işden kowan iki sany dükançysyny-magazinçisini olar arz edendikleri sebäpli yzyna işe alypdyr. Sentýabr aýynyň ikisinde Bama gidipdir, ýekşenbede yzyna geljek. Şol aýyň sekizine Hajymyrat buhgalteri bilen gürrüňdeş bolanda: «Bizden ýene hiç ýaňa gitmejekdigimiz barada dil haty alarlar. Mendenem, Berdiýewdenem, Öwezbaýewdenem» diýipdir. Şol gün Pöwrizä ugrapdyr.
Wasilýew şu ýerde özüniň iýul aýyndan sentýabra geçenini duýdy. Asyl awgusta degişli maglumatlary sentýabryň aşagyna salaýan bolsa nätjek. Elbetde, kontrrazwedkanyň naçalniginiň ähli işi diňe Hajymyrat däldi. Başga-da ýetikdi. Golaýda birki hepdelik komandirowkadan gelipdi. Polkownigiň işine dahylly raportlaryň aglabasyny öňem okapdy. Ýöne Hojageldiniň hereketlerini doly yzarlamak maksadynda raportlary gaýtadan gözden geçirýärdi.
Awgust aýýnda polkownigiň durmuşynda uly wakalar bolup geçipdir. Öwrülişik diýseňem boljak. Awgustyň on sekizine ol Pöwrizä, tohumçylyk zawodyna gidipdir, edarada bolsa ýerine hiç kimem goýmandyr. Otuzynjy awgustda ol toý tutupdyr. Bo-how, Wasilýew sykylyklap goýberdi. Hajymyrat şol gün Wezirowa öýlenipdir. Toýy nähili geçirdikä? Kimleri çagyrdyka? Wasilew yzyny okamaga gyssandy. «Türkşýolkyň»
birinji hem ikinji magazinleriniň müdirleri Ibragimow, Garaýew, kommersant Arazmet Abdyllaýew, doktor Kopytko, jemi ondan gowrak adam. GPU-nyň agenti toýda türkmen
31
diwizionynyň komandiriniňem bolandygyny, ýöne familiýasyny bilip bilmändigini ýazýardy.
Kontrrazwedkanyň başlygy daşky gözegçiligiň habarlaryny iňňän ünsli öwrenmäge başlady:
31-NJI AWGUST. Obekt irden 9-da işe bardy. Soň oba hojalyk bankyna gitdi, ýene işe geldi. Öýlän 3,20-de öýüne gitdi. Agşam 6,30-da Kerpiçnyý köçesindäki 26-njy jaýa girdi, 8,25-de yzyna çykdy. Ony Han Ýomudskiniň gyzy ugratdy.
Obekt öýüne geldi. Men 8,30-da postdan gitdim.
5-NJI SENTÝABR. Agşam 6,40-da göz astyna alnan obekt göz astyndaky öýden çykyp, «Türkşýolkyň» magazinine bardy.
Kyrk minut eglendi. Soňra Postupaýewiň öýüne (Annenkow köçesiniň 39-njy jaýy) bardy. Şol jaýa türkmenler we ruslar bardylar. Näme gürleşendikleri eşidilmedi. Agşam 10-da obekt öýüne gaýtdy.
6-NJY SENTÝABR. Agşam 6,30-da Hajymyrat bilen iki sany türkmen Mutalimowyň çaýhanasyna (Mýasnoý pereulokda) ugradylar. Az salymdan Ors bazaryna baryp, gawun-garpyz aldylar we öe geldiler.
9-NJY SENTÝABR. Öýlän dörtden agşam sekize çenli öýünden hiç ýaňa çykmady.
10-NJY SENTÝABR. Agşam 6-da dükana-- magazine baryp, ýigrimi bäş minut eglendi. Soň öýüne gaýtdy.
11-NJI SENTÝABR. Obekt agşam 5-den 7-ä çenli öýünden çykmady. Şol ýerde iki sany ogurlyk bolupdyr we milisiýanyň posty goýlupdyr. Gözegçilik edip bolanok. Milisioner iki gezek dagy maňa «Git bu ýerden» diýip kowdy.
Raportlaryň sahypasy ýerli-erinde goýulmandyr. Iň aşagyndan 29-30-njy awgustda geçirilen gözegçiligiň hasabaty çykdy.
Göz astyndaky obektiň belgileri: Orta boýly, beden gurluşy kadaly, tegelek, intelligent ýüzli, pensne dakynýar, arasyna ak
32
düşen gara murtly, gyrçuw sakgally, howlukman, dim-dik ýöreýär, 43-45 ýaşlarynda. Eginbaşy: kellesi goňras kubankaly, ýüpek köýnekli, goňras jalbarly, aýakgaby-ýarymbotinka.
14 sagat 20 minutda «Türkşýolkyň» kontorasyndan çykyp, Bütinrussiýa dokma sindikatyna baryp, on minut eglendi. Soň öýüne gitdi.
16 sagat 35 minutda Stawropolskiý we Dabinskiý köçesiniň burçundaky 76-njy jaýa bardy. Gije sagat 11-e çenli gaýtmady. Men postumy taşlamaly boldum. Sebäbi şol öýden çykanlar maňa ýiti-ýiti seredişip başladylar.
Wasilew daşky gözegçiligiň maglumatlary bilen tanşyp bolansoň, patyşa goşunynyň haýsydyr bir polkownigi Alekseý Grigorewiç Denisow bilen Hajymyrat barada edilen gürrüňiň protokolyndan setirleri okamaga başlady: «Jemgyýetçilik halas ediş komitetiniň düzümine türkmenleriň wekili hökmünde Hajymyrat girdi. Ol barada maňa mälim zatlar şular:
...Asgabada 1917-nji ýylda geldi. Sowet häkimiýeti döredilen pursatda rewkomyň ýanyndaky türkmen seksiýasynyň agzasy hökmünde goşuldy. Birnäçe wagtdan şol seksiýanyň başlyklygyna saýlandy. Elmydama üýtgeşiklik ýa-da agdarylyşyk bolan çaglarda ol mehaniki suratda bir gezek ol tarapa, bir gezek beýleki tarapa geçýärdi, häkimiýetleriň ýanynda türkmen ilatyndan wekil bolýardy. Asgabat hökümetiniň agzasy mahalynda türkmenleriň arasynda uly rol oýnady, abraýy örän ýokarydy, iňlisleri goldaýanlaryň tarapyndady. Hökümetiň ähli agzalary ýaly, Asgabat fronty döredilende, adam güýçlerini mobilizlemäge işjeň gatnaşdy.
Gyzylarbadyň eteginde Oraz Serdar Denikiniň ýanyna gitdi.
Kazanowiç Hajymyrady şonuň ýerine belledi. Frontdaky Türküstan bölümleriniň ählisiniň komanduýuşisi boldy. Şu wezipede Krasnowodskä çenli durdy.
33
1919-njy ýylyň dekabrynda diri galan türkmenler bilen Aşyr ada düşdi, ol ýere Petrowskiden polkownik Goçguly, soňra general Oraz Serdar hem geldiler.
Hajymyrat Aşyr adada ýarag satdy. Persiýada Russiýa gaýdan türkmenleriň atlaryny satyp baýady”. Şu setirleri okanda, Wasilewiň aňynda «Russiýa giden türkmenler kimkä?»
diýen sowal peýda boldy. Şol bada hem öňki ofiserleriň patyşa Russiýanyň çägindäki ähli ülkelere, şol sanda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasyna hem «Russiýa» diýýändikleri ýadyna düşdi».
Kontrrazwedkanyň naçalnigi maglumatlar bilen tanşyp bolup, işjeň ak gwardiýaçyny sowet işinde saklamag-a beýlede dursun, Türkmenistanyň çäklerinde ýaşamagam ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr diýen netijä geldi. Polkownigiň töwereginde guralan toruň halkasy barha daralýardy. Haçan gerek bolsa güpbasdy edäýmelidi. Wasilýew bu barada Türkmenistan GPU-nyň başlygyna doklad etmegiň we OGPU-nyň Orta Aziýadaky ygtyýarly wekilhanasyna ýazmaça hasabat-raport ibermegiň pursady geldi hasap etdi. Şu maksat bilen taýýarlan resminamalaryny-- dokumetlerini goltuklap, başlygyň kabulhanasyna ynamly girdi.
LOLLUK OÝA ÇÜMÝÄR
«Lolluk, ezizim, seniň 12-nji oktýabrda ýazan hatyňy düýn, 11-nji noýabrda aldym. Hatyň Poltoraskiden gelýänçä, şunça gün geçipdir.
... Men bir gezegem Bamyny görmändigime, seniň obaňa baryp bilmändigime gynanýaryn. Dogan-garyndaşlaryň sag-aman gezişip ýörlermi? Mämmedaman, Annamämmet nirede?
Seniň çagalaryň ady näme? Lolluk, mähribanym, çagalaryňy
34
maňa deregem öpgün! Eger meni unutmadyk bolsalar, kakaňa hem-de Oguljahana köp salam aýt.
Maňa “25-nji noýabra çenli keselhanada ýatmaly” diýdiler.
Keselim könelişip, ötüşip, hroniki häsiýete geçipdir. “Ýaşaýan ýeriňi, şertleriňi üýtgetmeli diýýärler».
Hajymyrat bolköýnek Moskwadan, ikinji aýaly Abiýat hanymdan gelen haty okap boldy. Jogap ýazmagy ýüregine düwdi. Kagyz-galam aldy. Emma ýazmaga başlabermedi.
Aýalynyň hatynda kakasynyň ady tutulmagy köp zatlary ýadyna saldy.
Ýaňy mana düşüp ugran çagaka Russiýa okuwa gideli bäri, dogrusyny aýtsaň, Hojageldi öýlerine myhmandy. Harby çin alyp, gulluga duransoňam öýlerine seýrek gelýärdi. Hojamyrat arçyn esger ogluny abraýly ýerden öerdi. Gyzylarbatly Hojaly mollanyň gyzyny alyp berdi. Öýlenenden soňam harby durmuş
Hojageldiniň bir ýerde ymykly ornaşyp, mekan tutmagyna mümkinçilik bermeýärdi. Takdyr ony bir gezek Kawkazdan çykarsa, başga bir gezek frontuň jümmüşine oklapdy. Garazhaý, elmydama at üstünde, bili gylyçly gezipdi. Zakaspide aklar ýeňlişe sezewar edilensoň, Hajymyrat bolköýnek Watany terk etmäge mejbur boldy.
Eýrandan gaýdyp gelen polkownik Bamyda, öz obalarynda, kakasynyň, inileriniň, aýalynyň ýanynda ymykly ýerlemegi ýüregine düwdi. Sergezdan durmuşy bes edere çen bolupdy.
Eýrandan getiren gyranlaryna Bamyda gowy jaý saldyrdy. Eline kündük alyp, namaz okamaga başlady.
Hojamyrat arçyn çagalaryny berk tutýardy. Rus mekdebinde okatsa-da, köne ýazuwy hem hökman öwredýärdi. Kanikul—
dync alyş döwründe molla gatnadardy. «Bizem illeriň çagasy ýaly aşyk, çilik oýnarmykak?» diýip, arçynyň çagalary öz-özlerine sowal bererdiler. Içinden şeýle arzuw etselerem,
35
daşlaryna çykaryp bilmezdiler. Hojamyrat arçyn çagalaryna diýenini etdirýärdi.
Takwalyk edip, obada ümsümje durmuşda ýaşap ýörmek Hojageldä uzak miýesser etmedi, ony idediler. Ilki başda köne dost-ýarlary geldiler. Jogapkär adamlar çakylyk iberdiler.
«Häzir seniň ýaly sowady ýetik türkmen-ä barmak büküp sanaýmaly, okap-ýazmany başarýan adamlary hem tapmak hyllallaka, obada busup ýatmaň bolanok. Il-günüňe gereklikäň, arkan gaýşyp durma, şähere gulluga geçmeli bolarsyň» diýdiler.
Obadan çykman uzak oturyp bilmejekdigini Hojageldiniň özem aňýardy. Sowatly hem harby adam hökmünde türkmen döwletiniň öňündäki borjuna-da kemsiz düşünýärdi.
Polkownik şähere işe geçdi. Ýerleşdi. Bir günem aýaly Oguljahany göçürip alyp gaýtmakçy boldy. Oguljahan kes-kelläm garşy çykdy. «Üstümdäki jaýy taşlap, garyndaşlaryň arasyndan sogrulyp, ýat ýere göçmen» diýdi. Kakasyna maslahat salanda, Hojamyrat arçyn ogluna örän gatyrgandy:
—Atasyça dogmadyk diýerler saňa.
Hojageldi bu sözlere özüçe düşündi. Polkownigiň ýeňse damary gatady. Içinde harasat gopsa-da, özüne erk etmegi başardy. Sesine bat bermän, parahat gepledi:
—Kaka, näme ogluň namartlan ýeri boldy diýip eşitdiňmi?
Gala almaga hüjüme gidilende-de, başa-baş garpyşykda-da ökje ogurlan, baýtallan ýerim ýokdur.
—Jigit gaýratyňa sözüm ýok, Lolluk—diýip, arçyn oglunyň gaty görenini bilse-de, hiç zat duýmadyk bolup, öňküsi deýin abyr-zabyrly gepledi. —Şähere göçenok diýip, gylly kelläň diýenini edäýjekmi? Şu meni bimaza edýär.
—Gitmen diýip otursa, men oňa näme diýeýin. Özüň bilen deň erkek kişi bolsa, düşündiräýse-de bordy welinim.
Hojageldi nälaç halda gepledi. At münmekde, ýarag tutmakda her kese gaýra dur diýýän, garadan gaýtmaz, edermen
36
oglunyň durmuşyň ownuk meselelerinden baş çykaryp bilmän oturyşyna arçynyň haýpy geldi. Haýdan-haý:
—Talagyny beräýmegin—diýip, oglunyň ýüzüne garap gülümsiredi.—Şäherden ýene bir gylly kelle tapdyrmaz öýüdýäňmi? Şäherdenem bir gyrnak alaý. Munam unutma.
Kakasynyň «Atasyça dogmadyk diýerler» diýende nämäni göz öňünde tutýandygyna Hojageldi indi düşünip galdy. Özüniň nähak gaharlanjak bolandygyna ökündi.
Hajymyrat şulary serinde aýlap oturşyna ýylgyrdy-da, Moskwa, aýalyna hat ýazmaga başlady. Lolluga durmuşa çykjak bolanda, Abiýat hanymyň kakasy garşy bolupdy. Abiýat ozal iki ärden aýrylypdy. Bir topar çaganyň enesidi. Uly gyzy göze görnüp ugrapdy. Olam Hojageldä baranyna gahar edip, köp mahallap ejesi bilen gepleşmedi. Soňam Abiýat hanymyň razylygyny alman, durmuşa çykdy.
Hajymyradyň garyndaşlarynyň arasynda-da närazy bolanlary bardy. Inileriniň biris-ä «Şol ärinden aýrylyp ýören, köp çagaly heleýi alaýsa, men ony öldürerin» diýipdir diýen gepem çykardylar. Elbetde, onuň gaharyna dilinden sypdyran bolmagam ähtimal. Ýöne agasynyň ýüzüne gelip bilmejegine Hajymyrat aňryýany bilen göz ýetirýärdi. Şeýle-de boldy. Ol Hajymyrada kelam agyz zat diýmedi. Hojageldem inisiniň dilinden sypan sözüň änigine-şänigine ýetjek bolmady. Abiýat hanymyň gulagyna ýetirendiklerini bilip, Lolluk aýalyna göwünlik berdi. Arkaýyn bolmagy tabşyrdy.
Şu zatlaryň täsiri ýetdimi-nämemi Abiýat hanym syrkawlyk tapdy. Ahyram öýkesi ýazylan kakasy gyzyny Moskwa äkidip bejertmegi ýüregine düwdi.
Polkownik haty ýazyp bolup, bukja saldy. Ertir poçta ataýmaly edip goýdy. Hojageldi aýalyna göwünlik berdi. Zenan gulagyna ýaraýjak hoş sözleri tapdy. Hiç zady gaýgy etmezligi
37
tabşyrdy. Özüniň ýagdaýynam gülala-güllük edip görkezdi. Işler gowy barýar diýdi.
Hojageldi çaý demlendi. Soňky döwrüň wakalary barada pikire çümdi. «Türkşýolkda» işleri bökdejek bolup, çyny bilen dyrjaşýanlar bardy. Ýüpek fabrigini gurmak baradaky teklibini prawleniýe goldamady. Fabrigi pile bilen üpjün etmek başartmaz öýtdüler. Hajymyrat ilkinji ýylda pile meýilnamasyny-planyny iki esse doldurdy. Prawleniýe şondan soň fabrigiň gurluşygyna girişmäge rugsat etdi. Aşgabatda, Zähmet halk komissarlygynda, WSNH-da – Wysşiý Sowet Narodnogo Hoýzýaýstbo (HHÝG—Halk Hojalygynyň Ýokary Geňeşinde) kes-kelläm garşy bolup, aýak depip durdular.
Hajymyrat köp ezýet çekmeli bolsa-da, sähel ýerde diýeninden el çekip, gol gowşuryp oturýanlardan däldi. Ol ertir kimleriň ýanyna barmalydygyny, näme diýmelidigini öz ýanyndan belleşdirip goýdy.
Ol özüniň aňtalýandygyny, yzyna düşülýändigini aňypdy.
Harby adam hökmünde munuň şeýle boljakdygyna, birbada ynama girip bilmejekdigine, işiniňem, kimler bilen tirkeşýändiginiňem göz astyna alynjakdygyna akyly çatýardy.
Duşman lagerinden geçene synag möhletiniň bellenäýmelidigi hemmä mälim hakykatdy. Soňky döwürde azar berýän ýokdy.
Dilhat talap edýänem, hiç ýere gitmek bolanok diýýänem ýokdy. Hojageldi muňa begenip, ýüregi bilen işe berlipdi.
Häkimiýetleriň öňe sürýän ideýalary, berýän wadalary imrindirmän duranokdy. Onsoňam ol syýasy wakalara baş
galdyrmaýardy. Esger hökmünde, harby endige eýerip, buýrulan ýumşy jan-dil aňryýany bilen bitirmäniň ugrunda ylgap ýördi.
Abiýat hanymyň kakasy Hanlar beý bilen Hajymyradyň arasy sazdy. Ataly-gyz ýaraşanlaryndan soň ýurist gaýnatasy bilen polkownigiň gepi-sözi alyşdy ötägitdi. Hanlar beý
38
Hajymyradyň gije-gündiz işleýändigini, janyny aýamaýandygyny görüp: «Seniň aklarda gulluk edeniňi häkimiýetler hiç mahal bagyşlamazlar, oglum. Şuny unutma»
diýipdi. Birem däl, birnäçe sapar diýipdi. Gyzynyň ahyrsoňy, üçünji gezek durmuşa çykanda, mynasyp adama sataşandygyna goja ýurist iki bolup bilenokdy. Hajymyrada bil baglap boljakdygyna ymykly göz ýetiripdi. Gyzynyň bagtyna nämedir bir zat päsgel berjek, bu gowy günler uzaga çekmejek ýaly bolup durdy. Gojanyň göwnüne gelşi ýalam boldy. Abiýat kesel tapyndy. Hanlar beý gyzynyň syrkawlykdan açyljakdygyna ynanýardy. Köpi gören ýuristiň synçy nazarlary töwerek-daşdaky wakalary ünsden sypdyrmaýardy, olar garga deýin wehimi gojanyň göwnüne ynjalyk bermeýärdi.
Giýewsi onuň bilen ylalaşmaýardy. Indi näçe wagt bäri GPU-nyň biynjalyk etmeýändigine salgylanýardy. Ak gwardiýaçy polkownik Hajymyradyň kastyna ýörite çykylandygyny, içalydyr güman edilip, inçelik bilen iş
görülýändigini bilenokdy, bilibem biljek däldi. GPU-da oturan bolşewikler partiýa podpoledekä gizlin işlemäge ökdeläpdiler.
ÝENE-DE BIR URGY
«Türkmenistan SSR GPU-nyň başlygyna Polkownik Hajymyradyň işi boýunça Şaýatlaryň bizde bar bolan görkezmeleri Hajymyradyň iňlislere işländigini doly subut edýär. Şunda geçmişdäki eden işleri üçin oňa ýüzüň üstünde burnuň bar diýilmedi, çigit ýalyjagam jeza çekmedi. Türkmenistanyň GPU-nyň wezipesi Hajymyrada gözegçilik etmek arkaly häzir onuň iňlislere işleýändigini ýa-da işlemeýändigini ýüze çykarmakdan
39
ybaratdyr. Ýöne şu wezipe siz tarapdan iňňän kanagatlanarsyz ýerine ýetirilýär. Onuň töwereginde gowy maglumat berýäniň--
oswedemiteliň ýokdugy görnüp duran zat. Serhediň aňyrsynda geçirilmeli çäreler baradaky işläp düzmeler dowam etdirilmeýär. Onuň syýasy işi hem ýagtyldylmaýar, ýogsam syýasy işi hem iňlisleriň liniýasy bolmagy ähtimal.
Hajymyradyň ýeterlik ýagtyldylmaýandygyna siziň ünsüňizi çekýäris we onuň işi boýunça görülýän çäreleri güýçlendirmegi talap edýäris. Şol bir wagtyň özünde oňa «Türkşýolkyň»
Türkmenistan kontorasynyň ýolbaşçysy hökmünde EKO
liniýasy boýunça üns beriň. Ykdysady jenaýat ýüze çykarylaýsa, şony tutaryk edinip, jenaýat jogapkärçiligine çekip bolar...»
Wasilýew Daşkentden, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndan gelen bu serenjam, buýruk beriji, akyl öwrediji haty ahyryna çenli okamaga kanagat etmän, oňa kimleriň gol çekendigine äňetdi. Hatyň aşagynda kontrrazwedkanyň we beýleki oňa dahylly podrazdeleniýeleriň naçalnikleriniň goly bardy. Wasilýewiň gös-göni naçalnikleri igenme kemini goýmandyrlar. Hamana, şu zatlary bu ýerde oturanlar bilmeýändir, paňkelledir öýdýärmikäler? Ykdysady-maliýe işinden kemçilik agtarmak barada jansyzlara birmahal görkezme berildi. Olaryň agentura maglumatlary esasynda derňewçileriň işi ugrukdyrylýar. Ikinji magaziniň prikazçiginiň maliýe düzgüniniň bozulmalary barada iňňän gizlinlikde gürrüň berendigi barada jansyzlaryň birinden raport gowuşdy. Ol jansyz prikazçigiň içine-daşyna geçip, dostsyrap, syryny açdyrmagy başarypdy. Prikazçik görgüli gara gadyr dostunyň GPU-nyň jansyzydygyny nireden bilsin? Ol maglumat barlanyp ýördi.
40
Wasilýew Garrygaladan jogap gelmeýändigine biynjalyk boldy. 1927-nji ýylyň fewralynyň başynda Hajymyrat ol ýere komandirowka—iş saparyna ugrapdy. Garrygaladaky 4-nji serhet uçastogynyň komendantyna «Turkşýolkyň»
uprawlýaýuşisi, içalyçylyk edýändir öýdülýän Hajymyrady pugta gözegçilik astyna almaly diýip buýruk berlipdi. Ýerli ilatdan kimler bilen gatnaşygynyň bardygyny bilmelidi, daşary ýurt bilenem aragatnaşykda bolmagy mümkindi. Belli edilen maglumatlary Hajymyrat yzyna gaýdan badyna kontrrazwedka ugratmalydy.
Raportlaryň birinde polkownigiň orunbasary, ýagny
«Türkşýolkyň» respublikan kontorasynyň uprawlýaýuşisiniň orunbasary Aksentewiň «Hajymyradyň Garrygalada üç günlük işi bar, ýöne ol ýigrimi günläp dagy gezer» diýendigi aýdylýardy. «Türkşýolkyň» buhgalteri Kruglow bolsa polkownigiň kemçilik düzelýänçä öwrülip gelmejek bolýandygyny gürrüň beripdir. Bu habar Wasilýewi begendirdi.
Diýmek, onuň jansyzynyň maliýe kemçiligi diýeni çyn bolup çykýar-da. Bahgalter aýdan bolsa dogrudyr.
Başga bir raportda Hajymyradyň Garrygaladan Bama ugrandygy habar berilýärdi. Ýolda ýigrimi oba dagy baryp geçjek. Wasilýew mundan habarlydy. Polkownik eýýäm Aşgabada gelipdi, birki günlükde Kerkä komandirowka ugramakçydy. Kerkili çekistlere-de degişli buýruk ugradylypdy.
Serhet ýakasyna komandirowka gitmegi kontrrazwedkanyň naçalnigini bir tarapdan begendirýärdi. Hökman aragatnaşyk etjek bolýar ýa-da başga bir biseresap hereket eder öýdüp umydy bardy. Ýöne kontrrazwedkanyň naçalniginiň pikiriçe, polkownik garga ýaly wehimlidi, tilki ýaly mekirdi. Ýok, Wasilýew Hajymyradyň arassadygyna, bigünädigine ynanmaýardy, maňlaýyna tüpeň tutaýsaňam hiç kim ony
41
polkownik bolşewiklere ak ýürekden hyzmat edýändir diýip ynandyryp bilmezdi.
Şu diýýäniniň jany ýogam däldi. Hajymyrat ata Watana bolşewikleriň hyzmatynda durmaga gelmändi. Onuň üçin kim bolsa-da, tapawudy ýokdy. Hajymyrat Türkmenistany özbaşdak, azat hem garaşsyz ýurt hökmünde göresi gelýärdi. Halkynyň ýagty geljeginiň hatyrasyna gulluk etmäge taýyndy. Şonuň üçinem Watana dolanypdy.
Daşkentden, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndan gelen igençli hat Wasilýewiň çetine degdi, ganyny gyzdyrdy. Işgärlerini ýygnap, polkownik Hajymyratly meseläni birýaňalyk etmegi talap etdi. «Uklap oturmaň-da, birneme janlanyň. Polkownig-ä serhediň boýuny syryp ýör.
Sizem agzyňyza siňek gonduryp otyrsyňyz. Başarýan zadyňyz ýok» diýip, birneme törpüledi. Munuň täsiri ýetdi. Uzak garaşdyrman, birnäçe günden ilkinji begençli habarlar gowuşdy.
Ikinji dükamda geçirilen derňew eslije puluň ýetmeýändigini ýüze çykarypdy. Jansyz öz raportynda ony köpükme-köpük görkezipdir - 6834 manat 84 köpük. Eýýäm şunuň özem uly üstünlikdi. Munça pul iýlen, rastrata eden bolsa islendik wezipedäki adamy agdarmak mümkindi.
Başga bir jansyzyň raporty hem eslije tutaryk boljakdy:
«Turkşýolkyň» edara işgärleri-- apparaty diňe ýerli halkdan diýseňem boljak. Hajymyrat töweregine akgwardiýaçy dostlaryny ýygnaýar. Dogany Ballyny we onuň aýalyny hem işe aldy. Bu ýerde ýewropaly işgärler jyňkyny çykaryp bilenoklar».
Soňra birnäçe familiýa getirilýärdi. Öňki ak gwardiýaçylaryň islendik pursatda gizlener ýaly ýerlerde at satyn alyp goýýandyklary, içhä-içlikli oturylyşyklaryň birinde Hajymyradyň abanýan howp barada duýdurandygy aýdylýardy.
Maliýe ýetmezçiligi tapylan işgär eýýäm basylypdy.
Hajymyradyň garşysyna maglumat-material berse, boşatmagy
42
wada beripdirler. Hajymyrat muny eýýäm eşidipdir, öýünde ähli türkmenleriň arasynda ol barada gürrüň beripdir.
Kerkidenem üýtgeşik habar gelmedi. «Türkşýolkyň»
respublikan kontorasynyň uprawlýaýuşisi şübhe döredäýjek adam bilen duşuşmandyr. Kerkiden Leninskä gelende-de şeýle.
«Kredselsoýuzyň» saraýynda ýerleşipdir, Wasilýew maliýe kemçiligini - pul iýlendigini we ýewropalylaryň gysylýandygyny esasy tutaryk edip, GPU-nyň başlygynyň ýanyna doklad bilen girdi. Hajymyrat bolköýnege ikinji zarba uruldy. Ony uprawlýaýuşilikden boşatdylar. Ilkibada
«Türkşýolk» Orta Aziýa paýdarlar jemgyýetiniň prawleniýesiniň ýygnagynyň protokolyny Türkmenistan kontorasyna iberdiler. Protokolda prawleniýäniň agzasy Atabaýewe ýerine adam tapyp, Hajymyrady işden boşatmak barada görkezme berildi diýilýärdi.
GPU-a gelýän raportlarda bu habaryň köpleri ynjalykdan gaçyrandygy aýdylýardy. Jogapkärli wezipede oturan türkmenler alada galypdylar. Zähmet halk komissary Gökleňow, selsoýuzyň başlygy Kakajan Berdiýew, Döwletplandan Seýitmyrat Öwezbaýew, Artyk Rahmanow «Hajymyrady öňki işinde goýmaly» diýýärdiler. Gökleňow-a: «Hajymyrady aýyrmagyň pikirinem etdirmerin» diýipdir. Wasilew Gökleňowyň Hajymyradyňka köp gelýändigini bilýärdi. Ýöne olary nämäniň dostlaşdyrýandygyny bilenokdy. «Zyýany ýok.
Wagty geler, hemmesini bileris. Häzirlikçe akgwardiýaçylaryň höwürtgesini ýumursak besdir».
Tizara Daşkentden ýene telegramma geldi. Onda habar berlişine görä, Hajymyrat işden boşadylyp, ýerine Türkmenistan Kompariýasynyň agzasy, ozal Ýokary suduň agzasy bolan bir türkmen goýlupdyr. Hajymyrat işini tabşyrmanka dükanlaryň--
magazinleriň prikazçikleriniň iki sanysyna “Razrýadyňyzy—
43
hünär derejäňizi ýokarlandyrmak barada arza beriň» diýipdir we bada-bat olaryň razrýadyny ýokarlandyrypdyr.
Kontrrazwedkanyň naçalnigini şu mahal bular kimin ownuk zatlar gyzyklandyranokdy. Esasy iş edilipdi. Ýerli halkyň abraýly adamlarynyň ýene-de biri uly wezipeden pyzylyp, ýerine kompartiýanyň agzasy geçirildi. Hajymyrat tanalýan şahsyýetdi. GPU-nyň jansyzlary Hajymyradyň öňki abraýy ýok diýip näçe raport berselerem, jygba-jyga gelende, polkownigiň sözüni diňlejek tapylar. Halk diýeniň yňdarmadyr. Birine ynansa, gutardygy, ölenini-galanyny bilmez. Wasilýewiň ynanyşyna görä, akgwardiýaçy polkownigiň, iňlis jansyzynyň bolşewikleriň tarapyna ak ýürekden geçmejegi bellidi. Diňe bir ýol bar: her zat etmeli welin Hajymyrady abraýdan gaçyrmaly, iliň gözünden düşürmeli, wezipesinden aýyrmaly. Iň gowusy-ha gözenegiň aňyrsyna geçirmek ýa-da Türkmenisandan uzagraga sürgün etmekdir, emma häzirlikçe bu başardanokdy.
Kontrrazwedkanyň naçalniginiň begenji uzaga çekmedi.
Bekge Berdiýewiň we Öwezgeldi Atabaýewiň kömegi arkaly Hajymyrady «Türkşýolkyň» türkmen ülkesindäki instruktorlygyna bellediler oturyberdiler. Öwezgeldi Atabaýew Türkmenistanyň Daşkentdäki wekilidi, «Türkşýolkyň»
prawleniýesiniň agzasydy. Esasanam şonuň goldawy ýeten bolsa gerek. Wasilýewe şeýle pikir edere esas bardy.
Atabaýewiň Hajymyrat bilen oňuşmaýan Plotnige ýazan hatynyň göçürmesi kontrrazwedka düşüpdi:
«Köp hormatlanylýan ýoldaş Plotnik! Siziň ýoldaş
Hajymyrat bilen oňuşmaýandygyňyzyň sebäbi prawleniýä aýdyň. Men öz tarapymdan onuň çykarýan hokgalaryna üns bermezligi Sizden haýyş edýärin. Möwsümiň ahyryna çenli -
gurçuk paýlanylyp, pile taýýarlamak tamamlanýança ony bizde saklamak bähbitlidir. Möwsüm gutaransoň ol, gürrüňsiz, işden boşadylar.
44
Kontorada, fabrikde we tohumçylyk zawodynda işleriň barşy barada ýazyp duruň.
Ýoldaşlyk salamy bilen,
prawleniýäniň agzasy Atabaýew».
Edil şuňa çalymdaş, Plotnik bilen oňuşyksyzlygy bes edip, araňyzy sazlaň diýen haty Atabaýew Hajymyrada-da ýazypdyr, onuňam göçürmesi kontrrazwedkanyň eline düşüpdi. «Eýsem Hajymyrat bilen oňuşmaýan adamlary goldap, giżżeläp, GPU-nyň uly gopgun-dawa turuzmaga çalyşýandygyny, jansyzlaryny işjeň ulanýandygyny aňjak bolaýdylarmyka? Beýle bolmaga haky ýok». Wasilýew polkownigiň ýene-de öňki dostlary bilen tirkeşýändigi baradaky raportlara ýigrenç bilen garady.
Hajymyradyň toparyny derbi-dagyn etmek hakynda oýlanmalydy. Polkownigi çetleşdirip bolsa, ol toparyň öz-özünden dargap gitjekdigi mälimdi.
SEN KIME GULLUK EDÝÄRSIŇ?
«Türkşýolkyň» Türkmenistan kontorasynyň uprawlýaýuşisi wezipesinden boşadanlarynda, Hajymyrat bolköýnek şu sowaly özüne berdi: «Sen kime gulluk edýärsiň? «Günäňi geçýäris»
diýip, eliňe hat berdiler. Soňra Oktýabr rewolýusiýasynyň on ýyllygyna gabatlap yglan edilen amnistiýa boýunça-da sen aklanýarsyň diýdiler. Indi bolsa yzly-yzyna wezipeden boşadýarlar. Watana gaýdyp geleliň bäri çigit ýalyjagam günä edeňok ahbetin. Bularda lebiz diýen zat ýokmuka? Birine söz berseň, “Öňki ähli günäleriňi bagyşlaýarys, halkyňa gulluk et diýseň. Birbada ynandyrmak üçin gowy wezipelere çekip, ara salym düşenden soňam, ol adam ýüregi bilen ynanyp, çyndan zähmet çekip ýörkä-de, alagadan sähelçe bahana tapyp ony
45
gyrakladyberseň neneňsi bolarka? Munuň özi baryp ýatan ýezitlik bolmazmy?».
Şuňa çalymdaş sowallar polkownigiň beýnisinde ikiýana at salýardy. Ol Öwezgeldi Atabaýewiň hatyny alanda-da, beýle zatlar bolar öýütmeýärdi. Öwezgeldiniň maslahatyny alyp, Plotnik bilenem ýaraşypdy. Hajymyrat Atabaýewiň özüne hiç haçan ýamanlyk etmejekdigini bilýärdi. Onuň haty ýöne ýere ýazmandygyny, aňyrsynda bir syrly gürrüň ýatandygyny syzypdy. Emma beýle bolar öýütmeýärdi. Edaranyň işine at dakar ýaly däldi. Hajymyrat köp zat edipdi. Dogry, býurokratlaryň, göripleriň garşysyna göreşmeli, halys bolmadyk ýerinde dözümli daraşmaly hem bolýardy. Ählisi işiň bähbidine edilýärdi. Munuň özi Hajymyrada duýdansyz urgy boldy. Şol sebäpdenem garaşman durkaň çalnan şarpyk deýin gaty degipdi.
Kakasy Hojamyrat arçynyň bir gürrüňi polkownigiň ýadyna düşdi. Hojamyrat Gökdepe galasyny goramaga gatnaşypdy. Şol mahal ol ýaňy murty taban ýetginjekdi. Gökdepe synyp, guma gaçyp ýetişen aýal, oglan-uşaklara Hojamyrat kän kömek edipdir. Ozal Ahal ili gala ýygnananda obalarda bugdaý urularyny dolduryp, gömüp gaýdypdylar. Hojamyrat şolary tapyp, ýetdiginden deň-derman paýlaýardy. Gaçyp Näzdepä barypdylar. Aldajy sowuk aç adamlary burup ýykýardy. Ganly garpyşyklaryň birinde sag golundan gylyç düşen, gala ýarylanda gol doly maşgalasyny ýitirip, ýalňyz özi somalyp galan bir golak kişi: «Hojamyradyň yetim-ýesirlere eden kömegi hem onuň o dünýäsini abat eder» diýip, öz minnetdarlygyny beýan edipdi. Kakasy onuň adynam aýdypdy welin, hakydasynda galmandyr. Golak lakamy ýörgünli bolupdy. Köplenç Golak aga diýerdiler.
46
Günlerde bir gün yzyna ep-esli esger-- soldat düşürip, ýany tatar dilmaçly rus ofiseri Näzdepä gelýär. Dilmaç hiç kime zat degilmejekdigini, rus goşunlaryna işgär gerekdigini, kim razy bolsa, azyk, haryt, mata berjekdiklerini gaýta-gaýta nygtady.
Emma men işlejek diýip, öňe çykýan ýokdy. Hiç kimi göwnedip bilmän, lapykeç bolan komandir yzyna ugrajak bolanda, Hojamyrat ýüregini bire baglap dillendi: «Men razy siz bilen gitmäge». Duranlar aňk-taňk boldular. Hojamyrat obadaşlarynyň arasynda bu hereketini oňlaýanyň ýokdugyny bilip durdy. Annamyrat serdar ýalňyz ogluna ýalbaryjy seslendi:
- Sen gitme, oglum. Öňem zordan ýetdim saňa. Ors öldürer seni gitseň.
- Gitjek, kaka. Aç ölenimden orsuň öldüreni gowy. Men neresse çagajyklaryň çörek diýip zarynlaýyşlaryny eşidip-görüp durmaga çydamok, kaka.
Annamyrat serdar ýalňyz ogluna berjek jogabyny oýlanýan dek dymdy. Onýança Golak aga duranlaryň arasyndan öňe saýlandy. Hojamyrada ýakyn geldi.
- Kapyra gulluk edeniň muzdy... diýip, gahar-gazabyna bäs gelip bilmän, Golak aga sakyndy. Sözlerini hetjikläp gepledi. -
Kapyra gulluk edeniň muzdy gara gylyçdyr.
Hojamyrat oňa-da kakasyna beren jogabyny gaýtalady.
Ýalňyz ogul bolandygyna görä, özdiýenliräk ulalan Hojamyrat şeýdip esgerler bilen gaýdýar. Garrygala sebitlerinde gulluk edip ýörkä komandir ony ýanyna çagyrýar. Barsa, dilmaç ýok.
Biri-birine düşünenoklar. Komandir janygyp bir zatlar diýýärdi, ellerini hereketlendirip düşündirjek bolýardy.
Hojamyrat şonda:
- Şu gezek meni öldürmän sypdyrsa, öýlenemsoň oglum bolsa, şony ors şkola berip okadaryn. Gyzymy diýjek däl.
Oglum bolsa, ors şkola bererin-- diýipdir.
47
- Beýtseň, ogluňa gyz bermezler - diýip, ýoldaşlary ony gorkuzjak bolupdyrlar.
- Bermeseler, müjerret ötäýsin - diýip, Hojamyrat çyny bilen aýdýar.
Ertesi komandir ýene çagyrýar. Indi dilmaç gelen ekeni.
Komandir: «Düýn gürleşip bilmänimize ikimizem günäkär däl.
Bular geljekde rus dilini öwrenerler» diýipdir. Komandir ony gowy gulluk edýändigini aýtmaga çagyran bolsa näme?! Bir ýyllyk hakyny öňünden töläp, öýlerine baryp gelmäge rugsat beripdir. Düýä ýükläp, azyk, çaý, mata berip goýberipdir.
Hojamyrat bir aý möhlet bilen öýlerine gelýär. Onuň Sona diýen halaşýan gyzyny durmuşa çykarypdyrlar. Kakasy Hojamyradyň gyz jigisini garşa berip, ogluny öýerýär. Birnäçe wagt geçenden soň, Sona dul galýar. Hojamyrat ony özüne ikinji aýal edip alýar.
Hojamyrat birneme rusça öwrenip ugraýar. Han Ýomudskiý Hojamyrady oba arçyn saýlaýar. Hojageldini okuwa ibermäge-de Han Ýomudskiý kömek edipdi.
Hojageldi heniz Russiýada okaýan döwründe, kakasynyň aýdyp beren bu gürrüňi onuň ýadyndan çykmandy. Ýatdan çykar ýalam däldi. Hojageldi okuwy gutaryp harby gulluga başlanda-da, urşa gidende-de, milli azlygyň wekili hökmünde ynamsyz garalmagyny, göz-görtele, nähak, adalatsyz edilen hereketleri ýeterlik başdan geçiripdi. Emma adalatyň arkasyny alýan, hakykata daýanýan adamlar tapylýardy, seýregrägem bolsa tapylýardy. Begzada maşgalasyndan çykan ofiserler arak içmegi, kart oýnamagy, heleýbazlyk etmegi halasalaram, halaly-haramy saýgarýardylar, lebizde durmazlygy, sözüňde tapylmazlygy ýigrenýärdiler, iň bir peslik hasap edýärdiler.
Adalatyň arkasyny almagy başarýardylar.
48
Bir gezek sylaglanyşykda Hajymyrady unudypdylar. Şonda ofiserleriň birnäçesi «Eger Hajymyrada hem sylag berilmese, biz ordeni dakynyp bilmeris» diýipdiler. Georgiý Hajynyň ilkinji nobatda Hajymyrada berilmelidigini aýdypdylar…
Hojageldi kime gulluk edýändigi barada oýlanýardy.
Oýlandygyça-da köp-köp jogapsyz galýan sowallar aňynda çar ýana at salýardy. Ýüregi bilen berlip, janyny gaýgyrman işläp ýören adamy alaga-da işden boşadyp goberýärdiler. Käte sypaýçylyk eden bolýardylar. Sypaýçylygyň aňyrsynda nämeleriň ýatanlygyny Hojageldi bilip, syzyp durdy.
Sypaýçylyga sypaýçylyk bilen jogap berýärdi. «Bu edýäniňiz däl» diýmek ýarak ite kesek oklamak boljakdy.
Soňky döwürlerde yzy «kölegeli» gezýändigine polkownik magat göz ýetiripdi. Geýnişini, sakgal-murtuny hernäçe üýtgetse-de, özüni yzarlaýany polkownik derrew saýgarýardy.
Iň bolmanda aýak basyşyndan bilýärdi. Irden öýden çykanda, ol eýýäm garaşyp durandyr. Işe barsa-da, başga bir edara-kärhana gitse-de, öýüne gelse-de, onuň yzarlanylmaýan mahaly ýokdy.
Hatda agşamara myhmançylyga gidende-de, yzyna düşülýärdi.
Polkownik muňa öwrenişibem ugrapdy. Birhili ýany ýoldaşly deýin arkaýyn gezýärdi. Emma örüsini daraldypdy.
Köp adamlar bilen baryş-geliş etmeýärdi. Özüniň duşuşan, gürleşen, öýüne baran adamlaryna-da peýda getirmejekdigini Hojageldi gowy bilýärdi. Polkownige sähel dahylly, gatnaşykly kişileriň ählisini GPU-nyň uşak göz elekden geçirjekdigine düşünýärdi. Ýolda-yzda-da tanyşlar bilen uzak gepleşip, süýnüp-sarkyşyp durmaýardy. Guraksy salamlaşýardy we deňlerinden ötüberýärdi. GPU-nyň gizlin jansyzlarynyň-agentleriniňem iş görýändigine harby adam bolandan soň gözi ýetip durdy.
49
Häkimiýetlere düşüner ýaly däldi. Ozal-a ähli hünärmenleri-spesialistleri, harbylary çagyrdylar, ýygnadylar, işletdiler.
Indem olary ýeke-ekeden çöpleýärdiler. Sähel bahana tapsalar gözegeniň aňyrsyna dykýardylar. Wezipesinden boşadýardylar.
Kän süýrenişip ýörenokdylar. Diňe baý ogly, molla diýen ýaly ýarlyk ýelmenmegi ýeterlikdi. Ähli zatdan sypyrýardylar. Hak-hukukdan kesýärdiler.
Daňatar Artykowam harby işden daşlaşdyrypdylar. Daňatar eskadrony çalt düzdi, soňra eskadron polka öwrüldi. Artykowy polk komandirligine bellediler. Haçan polk brigada öwrülende bolsa onuň kandidaturasyny tassyk etmediler, brigada komandirligine Melkumowy bellediler. Daňatar ýene-de zapasa gitdi. Obalaryndaky kolhozda işläp başlady.
Polkownik soňky günlerde özüne ynjalyk bermeýän şu zeýilli pikirlerden saplanyp bilmeýärdi. Özüniň tanyş-bilişlerine, dost-ýarlaryna gatnawynyň çygryny näçe daraltdygyça, diňe işden başga zada üns bermän, gybat-gürrüňlerden gaça durdugyça, az gepläp, pikirini içinde sakladygyça, GPU-nyň işgärleriniň şübhesini şonça-da artdyrýandyryn diýen pikir kellesine-de gelenokdy. Hojageldi her bir hereketi, ädimi, garaýşy bilen sowet häkimiýetine garşy göreşmezlige beren sözünde tapylýandygyny, türkmen aganyň är lebzi diýen sözi köp zatdan belentde goýýandygyny subut etmekçi bolýardy.
Kontrrazwedkanyň başlygy bolsa Hajymyradyň beýtmegine özüçe düşünýärdi. Ol has gizlin işlemäge geçendir çaklaýardy.
Konspirasiýa ökdeligine geňler galýardy. Bu ugurdan emigrasiýada mahaly gowy tälim alandyr öýdüp çak urýardy.
Az gürläp, köp işlemegiň, umuman agzyňdan gaçan sözüň yzynda durmagyň her bir türkmen üçin bolşy ýaly, Hajymyradyňam durmuş ýörelgesidigine Wasilýew
50
düşünmeýärdi, keseden gelen, ýerli durmuşa, halkyň psihologiýasyna näbelet adam bolansoň, düşünibem biljek däldi.
POLKOWNIK KIÇI-GIRIM ADAM DÄL
Respublikan ýüpekçilik inspektory wezipesine bellenen Hajymyrat ýene öňküsi deýin köp gezýärdi. Aslynda Ekerançylyk halk komissarlygynyň ýanynda döredilen bu wezipä geçen adam hökman komandirowka ýygy-ýygy gitmelidi. Wasilýew polkownigiň Türkmenistanyň çar künjegine gidip-gelmeginiň diňe iş bilen baglanyşyklydygyna ynanyp bilmeýärdi. Hajymyrat öňki işdeş ýoldaşlary bilen gatnaşygy kesenokdy. Jansyzlaryň-- agentura maglumatlaryna görä, baryş-geliş edýänleriniň köpüsi gullukçylar hem söwda işgärleridi. Ozalky ak gwardiýaçy ofiserleriňkä baranyny ýa-da olaryň polkownigiňkä gelenini gören ýokdy. Şu ýagdaý Wasilýewde bular has gizlin iş görýändirler diýen şübhäni güýjedýärdi. Kontrrazwedkanyň şefi GPU-nyň ýolbaşçylary bilen ylalaşyp, polkownigi Türkmenistanyň çäginden çykarmagyň ugruny-ýoluny agtaryp başlady.
Sürgün edip boljak däldi. Ýeterlik subutnama ýokdy. Başga ýol tapmalydy. Kontrrazwedkanyň oglanlarynyň tapyp getiren resminamalary-- dokumentleri bolsa Wasilýewiň polkownigi uzagraga ugratmaly diýen ynanjyny berkitdi. Ol dokumentler, dogrusy şol dokumentleriň göçürmesi polkownigiň kiçi-girim adam bolmandygyny tassyklaýardy. Zakaspi oblast Wagtlaýyn Ispolnitel Komitetiniň bir müň dokuz ýüz on sekizinji ýylyň ýigrimi dördünji dekabrynda bolan mejlisiniň protokolyndan göçürme Hajymyradyň ispolkomyň başlygynyň ikinji ýoldaşy wezipesine tassyklanylandygyny görkezýärdi. Ol bu wezipede oktýab aýynyň başyndan bäri işläp gelýärdi.
51
Bir müň dokuz ýüz on dokuzynjy ýylyň ikinji ýanwarynda ispolkomyň agzalary nobatdan daşary mejlisde Jemgyýetçilik halas ediş komitetine agzalyga kandidatlary saýlamak meselesine garapdyrlar. Wasilýew kandidatlyga saýlananlaryň familiýalaryny okamaga başlady. Zimin, Popow, Kruten, Hajymyrat, Melik-Stepanow, Dorrer, Dmitrowskiý, Below, Tatarinow, Funtikow, Magtymguly han we Kurylýow.
Familiýalary okap bolup, Wasilýew «Baý-bow» diýdi-de, başyny ýaýkady. Ol asyl Funtikow, Magtymguly han dagy bilen bäsleşip, mesele çözüşip ýören adam oguşýan. Häzire çenli polkownigiň işinde jansyzlaryň-- agentura maglumatlary, şaýatlaryň görkezmeleri esasynda jemlenen habarlaryň köpüsiniň çyndygyny tassyklaýan dokumentler ýeterlikdi.
Hajymyrat on sekizinji ýylyň ýigrimi altynjy iýulynda baş
komanduýuşiniň ikinji kömekçisi bellenipdir. Bolşewiklere garşy göreşen komitetiň buýruklary «Golos Azii» gazetinde çap edilipdir. Olaryň ählisiniň aşagynda komitetiň beýleki agzalary bilen birlikde Hajymyradyňam goly bardy.
Bir müň dokuz ýüz on dokuzynjy ýylyň dördünji aprelindäki telegrammada ähli kärdeşler arkalaşyklaryna-- profsoýuzlara we guramalara kanuny bozmazdan ýygnaklar geçirmäge rugsat edilýärdi. Ýygnaklarda bolşewikleri we sowet häkimiýetini goldap çykyş etmek bolmaýardy. Şonuň deýin çykyşlar ediläýse, berk çäre görüljekdigi duýdurylýardy. Wasilýew Tatarinowyň düşündirişini gözläp tapdy. Tatarinow Hajymyradyň syýasy garaýyşlarynyň özüne mälim däldigini ýazýardy. Iki ýana geçip durmagynyň sebäbini şeýle düşündirýärdi: Hajymyrat häzirki çylşyrymly garpyşykda özüniň mähriban halkyna kömek etmek isleýär. Ozalam az sanly halkynyň gyrylmagynyň öňüni aljak bolýar.
Kontrrazwedkanyň şefini bu sözler pugta oýlanmaga mejbur etdi. Polkownigi tanaýan, onuň bilen bile işleşen türkmen-u-
52
ýewropaly adamlaryň Hajymyradyň hereketlerine beren bahalarynyň içinde Tatarinowyňkyny hakykata golaý hasap etdi. Islendik halkyň, uly bolsun, kiçi bolsun, tapawudy ýok, baknalykdan çykmak, erkana döwletli bolmak islegi bilen dem alýandygy hemmä mälim hakykatdy. Hajymyrat hem başarsa, erki ýetse, iňlise-de, ak patyşa-da, bolşewiklere-de gol ýapmazdy. Dagy alaç bolmasa nätsin-dä?!
Dogry, polkownigi jezalandyrmaga mümkinçilik döräpdi. Ol iki aýallydy. Başdaşyndan aýrylyşman, Wezirowa öýlenipdi.
Jansyzlaryň berýän habaryna görä, Wezirowa kawkazly tatarlardandy. Ondan çagasam bardy. Bu Türkmenistan SSR
Merkezi Ispolnitel Komitetiniň we Halk Komissarlar Sowetiniň nika, öýlenmek baradaky dekretine gapma-garşy gelýärdi. Inisi Bally hem ikinji aýal alypdy. Aga-ini «Dekret bize degişli däl»
diýýärdiler. Bu barada ozal gürrüň bolupdy. Şeýle tanymal türkmenler jezalandyrylsa, gaflatda ýatan mähelläniň gözüniň oduny aljakdy. Iki aýallylygyň garşysyna gowy çäre boljakdy.
Ýöne häzirki ýagdaýda iki aýallylyk we beýleki ownuk-uşak zatlar göze ilenokdy. Göze iläýende-de, baş galdyrylmaýardy.
Esasy zat polkownigiň iňlislere işleýändigini subut etmekdi.
Ýogsam iki aýally diýip, jeza berseň, türmä gider. Hany onsoň onuň içalyçylyk-- şpionçylyk edýändigini nädip subut etjek?
Kontrrazwedkanyň ketdesini şu mesele biynjalyk edýärdi.
Günler bolsa geçip durdy.
On dokuzynjy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Hajymyrat ýüpekçilik inspektory wezipesindenem boşadyldy. Bu habar GPU-dakylary alada goýdy. Şol günler Karuskiý hem, Wasilýewem Aşgabatda ýokdy. Ýaňy-ýakynda wezipesi ulaldylyp, GPU-nyň başlygynyň orunbasarlygyna bellenen Gorbunow we kontrrazwedkanyň naçalniginiň orunbasary Bunkowskiý köp kelle döwüp, Daşkende öz garaýyşlaryny
53
gyssagly ýazyp ibermegi makul bildiler. Bunkowskiniň ýazyp getirenini Gorbunow oňlamady. «Hajymyradyň ozal kim bolandygyny gysgadanam bolsa görkez. Ýogsam Daşkentde ýatlaryna düşmezligi mümkin» diýdi.
Bunkowskiý düzediş girizip, täzeden ýazyp geldi.
Ekerançylyk halk komissarlygynyň kollegiýasynyň Zakaspiniň aklar hökümetiniň Baş komanduýuşisiniň ozalky kömekçisi Hajymyrady işden boşatmagy karar edendigi aýdylýardy.
«Bu garaşylýan netijäni bermez, ol ýene bir edara işe girer.
Tanyş-bilşi kän. Özüniň bu wezipeden boşadylmagyny Funtikowyň hökümetinde gullukda durandygy üçin häkimiýetleriň repressiýasy hasap eder.
Gowusy ony Daşkende nähilidir bir kursa okuwa çagyrtmaly. Şeýle etsek, ony häzir uly abraýy hem täsiri bar bolan ýerden-- sredadan sogrup alyp, daşlaşdyrdygymyz bolar».
Bu sapar okap bolup, Gorbunow sessiz-üýnsüz gol çekdi. Iki aýdan OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndan gelen jogapda, Aşgabadyň haýyşynyň kanagatlandyrylandygy aýdylýardy. Ygtyýarly wekilhananyň kontrrazwedka bölümi goşulansoň, «Türkşýolkyň»
prawleniýesiniň Hajymyrady Daşkende kursa okuwa çagyrmak baradaky karary çykarylypdy. Daşkent «Siz indi mundan beýläk nähili hereket etmekçi?» diýip soraýardy. Hereket öňküdi. Bir ädiminem gözden sypdyrman yzarlamalydy.
Onuň ýüpekçilik inspektory wezipesinden aýrylyp, muzeýe direktor edilip geçirilmegini Wasilýew erbedem görmedi.
Hajymyrat indi öňküleri deýin gezip ýörenokdy. Aşgabatdan çykanokdy. TSSR MIK-niň kabulhasynyň müdiriniň orunbasary Akmyrat Saryýewiň işi boýunça-da Hajymyradyň ady geçýärdi.
Akmyrat Saryýew Garrygala pristawynyň dilmajyka iki sany jaý edindi, mally boldy. Bir müň dokuz ýüz on sekizinji ýylda
54
eserler we menşewikler «Türkmen seksiýasyny» döredende, onuň sekretary bolup gyzyllar gelýänçä işläpdir. «Türkmen seksiýasy» aklaryň goşunyna adam jemleýärdi, azyk taýýarlaýardy.
Akmyrat Saryýew Hajymyrat bilen ýakyn aragatnaşykdady.
Gypjakda ýeri-suwy bolsa-da, goýunlaryny Bamyda saklaýardy.
Hajymyrada kömek edýärdi. Saryýew baýlary goldaýardy. Öňki düzgüni dikeltmek isleýärdiler. Baýlar oba Sowetiniň we partýaçeýkanyň sekretarynyň aýagyndan ýazýardylar. Akmyrat ol arzalary herekete girizýärdi. Karuskiý Saryýewiň işi barada Turkmenistan SSR-niň döwlet prokuroryna, TK/b/P MK-a we OGPU-yň Orta Aziý boýunça Ygtyýarly wekilhanasyna ýazmaça habar iberdi.
Obalarda geçirilýän daýhanlar ýygnaklarynda merkezi edaralaryň-- organlaryň keseki elementler bilen hapalanandygy berk ýepbeklenilýärdi. Öwezbaýew, Amanow we beýlekiler bilen birlikde Hajymyradyň ady tutulýardy, baýlara kömek edýärler, bile tirkeşýärler diýilýärdi. «Türkmenistan» gazetinde
“Hajymyradyň doganyny suwdan kesmeli. Ol öňki polkownigiň dogany bolany üçin şeýtmeli” diýip ýazypdylar. Ony okap Hajymyradyň gaharlanyp oturanyny gulagym bilen eşitdim diýip, jansyzlaryň-- agentleriň biri habar berýärdi.
Wasilýew agentiň raportynyň yzyny göwünsiz okady. Agent döwlet muzeýiniň täze direktorynyň ozalky polkownikdigini we şuňa meňzeş mälim zatlary göýä Amerikany açan ýaly edip habar berýärdi. Gyzyllar gelende, Hajymyrat Buhara gaçdy öýdýän diýip çen urýardy. Raportlaryň birinde polkownigiň doganynyň Samarkanda gidendigi habar berilýärdi. Onuň milleti täjik diýilýärdi. Wasilýew geň galdy. Ätiýajy elden bermän barlap görmegi dogry tapdy. Ýogsam ol polkownigiň täjik doganynyň ýokdugyny gowy bilýärdi.
55
Şonuň ýaly-da ol jansyzlaryňam-- agentleriňem uçuryp atýan halatlarynyň bolýandygyny bilýärdi. Hajymyradyň ikinji aýaly Wezirowa kawkazly tatar diýenleri nädogry bolup çykypdy.
Kontrrazwedkada diňe anyk, barlanan faktlara- maglumatlara ynanmalydy. Hiç zady gözden salmaly däldi. Hatda ýalňyşdygyny görüp-bilip duranam bolsaň, ýene bir barlamak zyýan edenokdy. Kim bilýär, emigrasiýada mahaly täjikleriň birisi bilen polkownik dogan okaşan bolsa bildiňmi?
Raportlaryň biri Hajymyradyň Jüneýit han bilen arasynyň bardygy hakyndady.
Beýleki kagyzlar Wasilýewiň ünsüni çekmedi. Hajymyrat haýsydyr bir praktikanty muzeýde işe alyp galmakçy bolup, haýyşnama ýazypdyr.
Wasilýew maglumatlary görüp bolup, ýerinden turdy.
Gerindi. Endamynyň gurşugyny ýazdy. Daşaryk äňedip, oýa batdy.
Bir müň dokuz ýüz ýigrimi sekizinji ýyl aýak bolup barýardy. Synpy göreş barha möwjeýärdi.
ŞÜBHELI MYHMAN
Bu gün annady. Dynç güni bolansoň Hajymyradam, Abiýat hanymam öýdediler. Ertirlik edinip bolup, polkownik stol başyna geçdi. Işine dahylly kagyzlaryň bir topbagyny öýüne alyp gelipdi. Stoluň tahylyny dörende, iki ýyl mundan ozalky gazet çykdy. «Muny näme üçin ýygnap goýdumkam?» diýen oý bilen gazete göz aýlady. Onda SSSR MIK-niň 1927-nji ýylyň fewralynda bolup geçen üçünji sessiýasynyň materiallary bardy.
Hajymyrat döwlet jenaýatlary hakynda kabul edilen Düzgünnamany şol mahal ilik-düwme öwrenipdi. Soňra Düzgünnama çykarylan goşmaçalaram ýygnap goýupdy.
56
Polkownik ol gazeti aşaky tahyla dykdy-da, işlemäge getiren kagyzlaryny çykardy.
Daşky gapy kakyldy. Hojageldi aýalynyň aýak sesini eşitdi.
—Lolluk, seni soraýarlar - diýip, az salymdan Abiýat hanym adamsynyň işläp oturan otagynyň gapysyndan äňetdi.
—Kim? - diýip, Hajymyrat ýuwaşja sorady. Aýaly başyny ýaýkady:
—Tanamok.
—“Geliber” diý.
Salam berip, gapydan molla Seýit Nedirow girende, Hajymyrat hormat edip, ony ör turup garşylady. Hal-ahwal soraşdylar. Çaý başynda ondan-mundan gürrüň etdiler.
Bäherdenli Seýit mollanyň säher bilen ýöne ýere gelmändigi bellidi. Molla sowady güýçli adamdy. Ahunlyga ýetipdi.
Mugallymçylyk edýändiginden habarly bolsa-da, soňky wagtlarda onuň näme pişe edýändigini bilenokdy. Molla oýkanjyrap otyrdy, bir zat diýesi gelip, dili gijäp dursa-da, anyk pyşgyrýan zady ýokdy.
- Bu günler näme kär edýäň? - diýip, polkownik gönümel sowal berdi.
- Edilýän iş ýokdur, Lolluk. Mugallymçylykdanam, beýlekisindenem kowdular.
- Oglan okadyp ýöreniňi bilýän. Soň başga ugra geçdiňmi?
- Hawa, Lolluk. Mary taraplarynda işledim. Sudýa boldum.
- Işiňden kem tapdylarmy ýa-da?..
Hajymyrat yzyny gönüläp diýmegi gelşiksiz hasaplap sakyndy.
- Iş işdir-dä. Kemçilik bolsa aýrarlar. Başga işe geçirerler.
Wezipäňi peselderler. Meňki düýbünden başga.
Seýit molla uludan dem aldy. Lollugam özi aýdar diýip sowal bermedi, garaşdy.
57
- Meňki düýbünden başga - diýip gaýtalady-da, Seýit molla düşündirip ugrady. - Antisowet adam hökmünde kowdular. Ähli hak-hukukdan kesdiler. Bar günäm ahunlygym, mollanyň ogludygym.
Hajymyrat ýagşydan-ýamandan dil ýarmady. Näme diýsin?
Molla aýtmanda hem ol bu ýagdaýy görüp-bilim durdy. Abiýat hanym gapyny açdy:
- Lolluk, men bazara baryp geljek.
- Bolýar - diýip, Hajymyrat baş atdy.
Öý bikesi gidenden soň, Seýit molla birden janlandy.
Gözlerini elek-çelek edip, töweregine garandy.
- Öýde ikimizden başga adam ýok dälmi? - diýip sorady.
- Diňe ikimiz.
- Lolluk, men seniň ýanyňa maslahata-geňeşe geldim.
Ugrumy ýitiremsoň geldim - diýip, polkownigiň ýüzüne dikanlap seretdi.
- Bildigimizden aýdarys. Maslahatyny gysganan adam däl -
diýip, Lolluk gürrüňdeşine jogap berdi.
- Işsiz ýatyryn. Dogrusyny aýtsam, eklenip bilemok.
- Ýeriň ýokmy?
- Sähelçe-le. Ondan ýylgalla aljak gümanyň ýok. Onsoňam biz-ä gara işe bolamzok. Kanun bolsa başga işe girmäge mümkinçilik berenok.
- Durmuş aňsat däl - diýip, Lolluk dymdy. Mollanyň zeýrenmäge gelmändigi köre hasady. Yzynyň çöpi bolmalydy.
- Men-ä serhetden geçäýmesem, başga alaç galmady - diýip, Seýit molla matlabyny mälim etdi. «Ahyrym çybynyny ýaryp dynd-ow» diýip, oýlanan Lolluk içki pikirini daşyna çykarmady.
58
- Serhetden aşanyňda, bal günüňe bataryn öýdýäňmi? -
diýip, Hajymyrat mollanyň pikirini oňlamaýandygyny ýaňzytdy.
- Men gutarnykly karara geldim - diýip, Seýit molla çynlakaý keşbe girip aýtdy. - Eýýäm at satyn alyp goýdum.
- Gitmek gürrüňiňi men-ä oňlamok - diýip, Lolluk dymdy.
Biraz oýlanyp, sözüniň üstüni ýetirdi: - Gaýry ülkede gezip ýörkäm, meniň-ä ähli arzuw-niýetim ata Watana gowuşmak boldy.
- Aç, hor-homsy durmuşdan, kemsidilmeden, aýak astyna salynmadan dynsam bolýar.
- Ýeri, özüň eýdip-beýdip dagdan aşdyňam diýeli.
Maşgalaňy nätjek?
- «Agzy açyk aç ölmez» diýipdirler. Olaram gününi görer-dä. Özüm başymy gutarsam bolýar.
Lolluk özüniň gaýry ülkede maşgalasyny, çagalaryny, ýakynlaryny gaty alada edendigini, şolary görüp ölmelem bolsa kaýyl bolandygyny gürrüň bermekçi, erkek kişiniň borjy hakynda aýtmakçy boldy-da, dilini dişledi. Ol gürrüňleriň artykmaçdygyna düşündi.
- Men-ä ýat ýerde ýag iýip, ýüpek geýenimden, öz öýümde, çagalarymyň arasynda zagara gemrenimi gowy görýän - diýdi.
Gürrüň tamam boldy diýen manyda dymdy. Seýit molla ol sözlere pitiwa etmedi.
- Lolluk, sen bu iki arany suwluk ýola dönderen adam.
Nädip, nireden gitsem, bolşewigiň deminden gutulyp bilerin.
Maňa gowusy salgy ber. Sen diýip geldim.
Hajymyrat Pöwrizäniň üsti bilen gidilýän ýol, ýene-de birdir-ikidir dagdan aşylýan ötükler hakda gysgajyk salgy berdi.
Iň soňunda ýolbeletsiz gitse, dagda heläk boljakdygyny duýduryp goýdy. Heniz bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy
59
ýylyň fewraly orta-da bolmandy. Dagda gar ýatyrdy. Howanyň çigregi egsilenokdy.
Seýit mollany ugradyp gelip, polkownik agyr oýa batdy.
Näçeler aňdyrmajak bolsa-da, bazarlap gelen Abiýat hanym adamsynyň keýpiniň gaçandygyny bada-bat duýdy. Daşynda hozanak boldy. Lolluk ýaňky gelen myhmanyň biderek wagtyny alandygyndan zeýrendi. Biraz işlemekçidigini aýdyp, aýalyny beýleki otaga ugratdy. Ýaňy tahyla atan gazetlerinem tapyp aldy-da, okamaga başlady. Okadygyça, ýüzi-gözi gamaşyp ugrady. Ýigrimi ýedinji ýylda kabul edilen döwlet jenaýatlary hakyndaky Düzgünnama şol durşuna Türkmenistan SSR-iniň Jenaýat kodeksini girizilipdir. Onda kontrrewolýusion jenaýatyň on dört görnüşi bellenilipdir.
Polkownik ýalňyşmandy. On ikinji punkt onuň hut çak edişi ýalydy. Kontrrewolýusion jenaýat hakynda bilip, ony hem habar bermeseň, jenaýata çekilýärdiň. Jenaýatkärler bilen bileje gözenegiň aňyrsyna geçäýmelidi. Diňe anekdot aýdandygy üçin däl, şol anekdoty diňlänleriňem türmä basylan halatlaryny Hajymyrat bilýärdi. Anekdot aýdýanyň kimdigini döwlet organlaryna – edaralaryna habar etmändigine görä aýagyny sallap gidipdiler.
Ol gazetleri stoluň üstüne oklap goýberdi. Boljak iş eýýäm bolupdy. Seýit mollanyň serhedi bozmak, daşary ýurda gaçmak isleýändigini bildiň. Öýüňe gelip, öz agzy bilen aýtdy.
Hajymyrat üstesine haýsy ýerlerden ötüp bolýandygynam salgy beripdi.
Lolluk harbylara mahsus hereket etdi. Bir tagta ak kagyz aldy. «Seýit molla daşary ýurtdaky emigrantlar bilen habarly, aragatnaşyk saklaýan bolmaly» diýip ýazdy. Şeýle bolsa molla şolaryň tabşyrygyna görä, Hajymyradyň agzyny ysgamaga, serhetden aşmak meýliniň bardygyny-ýoklugyny bilmäge gelen bolmalydy. Molla gürläp otyrka, maşgalasyndan geçjegini
60
aýdanda-da, şu pikir kellesine gelipdi. Gümürtik gürrüň bolmasyn niýeti bilen ata Watanda, çagalarynyň arasynda gaty çörek, zagara çeýnäp oňmaga kaýyldygyny çürt-kesik aýdypdy.
Lolluk täze setirden: «Seýit molla GPU-yň adamsy, Hajymyradyň pälini-niýetini bilmäge ýörite iberilen» diýip ýazdy. Şu pikir dogry bolanlygynda, GPU-yň polkownigiň kastyna çynlakaý çykandygy boljakdy. Hajymyrat GPU-yň özüni aňtaýandygyna magat göz ýetiripdi. Öýünden çykdygy yzy adamlydy. Harby adam, sowatly, köpi gören işgär hökmünde ol gizlin agentleriň pelesaň kakýandyklaryny çen edýärdi. Alyşýan hatlarynyňam barlanýandygyna bigüman ynanýardy. Indi üstüne prowakatorlary iberip ugran bolsalar, Hajymyratly meseläni birýanýüzli etmek buýrulandyr.
Polkownik kagyzyň ýüzüne: «Seýit molla hakykatdanam serhetden aşmak isläp, maslahat sorap gelipdir” diýibem ýazdy.
Yzyna: «Türkmenistanda bolşewiklere garşy gizlin gurama hereket edip, Seýit mollany şolar iberen bolmagy ähtimal» diýip goşdy. Şu wariantlryň her biriniň üstünde kän kelle döwdi.
Haýsy biriniň üstünde durjagyny bilmän kösendi.
«SYNAG» OPERASIÝASY BAŞLANÝAR
Türkmenistan GPU-nyň başlygynyň kabinetine giren badyna, Wasilýew gürrüňiň Hajymyrat barada boljakdygyna düşündi. Karuskiniň öňünde, stoluň üstünde özüniň polkownik barada ýazyp beren maglumatlary ýatyrdy. Ygtyýar elinde bolsa Wasilýew Hajymyratly meseläniň soňuna nokat goýjakdy. Ony gümgidene sürgüne ibermäge bahana ýeterlik hasaplaýardy. Iň gowusy-ha, Wasilýewiň pikiriçe, polkownigi diwara söýäge-de, ýeke oka tabşyrmakdy.
61
Başlyk kontrrazwedkanyň naçalnigine oturmaga ýer görkezdi. Dyzyny epen badyna sowal berdi.
- Hajymyradyň işi boýunça näme täze zat bar?
Dogrusy diliňe çolar ýaly täze zat ýokdy. Onda-da göni beýle diýäýseň, öz emelsizligiňi boýun aldygyň boljakdy.
Wasilýew ýerinden turmakçy boldy. Karuskiý oňa eli bilen oturmagy yşarat etdi. Wasilýew oturan ýerinde, ozalky maglumatlary terslin-oňlyn gaýtalap, käbirlerini başardygyndan owadanlap, esasan bolsa ony eýle ederis, muny beýle etmekçi diýip, wada berip, doklada başlady.
- Düşnükli - diýip, Karuskiý onuň sözüni böldi. - Eger düýpli täzelik ýüze çykmadyk bolsa, hökman däl. Gaýtalap oturmaň.
- Heniz ýok, ýöne tiz bolar düýpli täzelik. Biz ählisini anyklarys.
- Eýle bolsa, meni diňläň – diýip, Karuskiý sözüne dyngy berdi. - Täzelik mende bar.
Wasilýew durşy bilen gulaga öwrüldi. Özünden bihabar näme bolup biljekdigine akyly çatmady. Karuskiý sözüni dowam edip:
- Hajymyrat barada öňde goýlan wezipe düýbünden üýtgeýär
- diýdi. - Ony bize işlemäge yrjak bolmaly.
- Bize işlemäge?!
Geň galan Wasilýew biygtyýar sowal berenini duýman galdy. Şol bada hem razwedkaçy hökmünde özüne erk edip bilmändigine, duýgularyny-- emosiýasyny daşyna çykarandygyna ökündi.
- Hawa, hut size, ýoldaş Wasilýew, hut kontrrazwedka işlemäge razy etmeli-- diýip, GPU-yň başlygy sözüne dyngy berdi-de, işgäriniň ýüzüne dikanlap garady. Wasilýew eýýäm
62
özüni ele alypdy. Ünsli diňläp oturdy. Gürrüňiň hörpünden meseläniň goýluşyna düşünip ugrapdy.
- Beýle diýdigim, polkownigi ýagtyltmagy bes etmeli diýdigim däl. Tersine öňküdenem berk ýagtyltmaly bolar. Ine, tabşyrygy okap görüň. Soňra maňa pikiriňizi aýdyň - diýip, Karuskiý kontrrazwedkanyň naçalnigine Daşkentden, ygtyýarly wekilhanadan gelen haty uzatdy.
Wasilew haty alyp, turmakçy boldy.
- Şu ýerde okaberiň - diýip, Karuskiý ony kabinetinden goýbermedi.
- Kyn wezipe. Polkownik razy bolarmyka? - diýip, haty bir demde okap çykan Wasilýew seslendi.
- Aňsat zat barmy näme? Şu işde esasy rol oýnamaly adam Gulkin bilen pugta gürleşiň. Nähili hereket etmelidigini soňra ýene maslahatlaşarys. Indi gidip bilersiňiz.
Wasilew Gulkin bilen ertesi agşam belleşilen ýerde gizlinlikde, ikiçäk duşuşdy. Tabşyrygy neneňsi özleşdirendigini birnäçe sapar barlady.
- Meniň komandirowkamyň-- saparymyň esasy we baş
wezipesi polkownik Hajymyrady emigrantlar bilen işlemäge çekmekden ybarat. Grýaznew we Hajymyrat ikisi imperialistik urşuň türk fronty boýunça tanyş - diýip, Gulkin tabşyrygyny ýene gaýtalamaga başlady. - Olar Zakaspi fronty döwründe-de aragatnaşyk saklapdyrlar. Hajymyrat aklary gyzyllardan halas edipdir. Olaryň arasynda Grýaznew hem bar ekeni.
Gidendeh-gelenden habar iberip, Grýaznew ozal hem Hajymyrady Russiýany bolşewiklerden arassalamaga gatnaşmaga çagyrypdyr. Hajymyrat jogap bermändir. Grýaznew polkownigi bu işe çekmek başardar öýdýär.
Maňa edilen teklip şeýle: Samarkatdan ýa-da Daşkentden gelip, Hajymyrat bilen amatyna garap duşuşmaly we
63
duýdurmazdan oňa serhediň aňyrsyndan getirilen edebiýat, listowka bermeli. Listowkalaryň biriniň içine Grýaznewiň durmuşyna degişli wakalaryň birnäçesi ýazylgydyr. Hajymyrat ol wakalardan habarlydygyna görä, meniň Grýaznewiň adamydygymy aňmaly. Eger Hajymyrat meniň bilen duşuşmaga razy bolsa, nädip habar etmelidigem listowkada görkezilýär.
Meselem, ol öýüniň ýa-da edaranyň penjiresine bir tagta kagyz ýelmemeli, meniň bilen ylalaşylan ýere gelmeli. Umuman bu meniň fantaziýama bagly.
Polkownik emigrasiýa kömek etmäge razylaşsa, men oňa Grýaznewiň daşary ýurtdaky işi barada gowy edip, giňişleýin gürrüň bermeli. Monarhistik guramanyň işine goşulmagy onuň adyndan haýyş etmeli.
Razylyk alybilsem, men derrew Grýaznewe habar ýetirmeli.
Grýaznew maňa tipografiýa bermekçi. Men ony nirededir bir obada Hajymyradyň kömegi arkaly ýerleşdirmeli. Polkownik emigrasiýa bilen işlemäge razy bolmasa, menden habar barandan soň, Grýaznew başga adamyny belleýär. Hat ýazyp habar ýetirýär. Men ol adamy yrmaga girişýärin.
Gulkin tabşyrygyny aýdyp gutardy. Umuman bolmanam duranokdy. Ýöne owunjak detallaryna çenli ünsden düşürmeli däldi. Wasilýew Gulkiniň Hajymyrada nämäni bahanalap ýüz tutjakdygyny, näme gürrüň etjekdigini soraşdyrdy. Özüni polkownigiň ýerine goýup, Gulkine kyndan kyn, garaşylmadyk sowallary berdi. Tabşyrygy ýagşy bişirdim edip hoşlaşdy.
Gülkin Daşkent sary ýola düşdi.
Wasilýew GPU-yň başlygyna Gulkin barmanka Hajymyrat bilen gürleşip görmegi teklip etdi. Goý, ikisem biri-biri barada hiç zat bilmesin. Beýlekisini garşydaşydyr öýtsün ýörsün.
Gulkin bizden öňürti barsa, polkownik prowokasiýadyr öýder.
64
Öz ýanyna Gulkiniň gelendigini bize aýtmagy ähtimal. Şeýdip ähli iş puja çykarar.
Iň gowysy bolanda, ol Gulkini kowup goýberer. Onuň bilen gürleşmegem islemez. Sebäbi Hajymyrat örän seresaply adam, ähli zada şübheli garaýar. Ilkinji gezek görýän adamsyna asla ynanmaz, gepleşmezem. Grýaznewiň we Makarowyň Hajymyrada bil baglamagynyň sebäbi düşnükli. Olar Hajymyrat bilen gyzyklanman biljek däldiler. GPU-yň başlygy we kontrrazwedkanyň naçalnigi şu amatly pursady seresaply ulanyp, birbada Hajymyrady hem, Gulkini hem synagdan geçirmeli diýen karara geldiler.
Şol bir wagtda Hajymyrady ulanmak mümkinçiligini elden gidermeli däldi. Iňlis razwedkaçylarynyňam Hajymyradyň Maşatda gatnawynyň bardygyny aňyp, ulanmaga ymtylýandygy şübhesizdi. Bu barada Daşkende ýazmaça habar-- dokladnoý iberdiler.
Jogap uzak eglenmän geldi. OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasy bularyň teklibini esasan oňlaýardy.
Hajymyrat kontrrazwedakada işlemäge razy bolsa, gizlin işleýän daşary ýurt jansyzlaryny-- şpionlaryny ýüze çykarmaga gönükdirmeli. Eger bize kömek etmäge razylaşmasa, şeýle bir ýagdaý döretmeli, goý, ol daşary ýurtdan wekil geläýse-de, biziň prowakasiýa üçin iberen agentimizdir öýdüp özümize habar berer ýaly bolsun.
Polkownik bilen duşuşygy neneňsi tamamlansa-da, Gulkin Maşada «Hajymyrat emigrasiýa goldaw bermäge taýýar» diýip habar etmelidir. Şunda tipografiýa diňe Gulkine ýa-da onuň görkezen ýerine iberilmelidir.
Ýene bir hepde gowrakdan OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndan görkezme geldi. Onda tabşyryk anyklaşdyrylýardy. Bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň
65
fewral aýynyň on sekiz-- on dokuzlarynda Gulkiniň Aşgabada ugraýandygy habar edilýärdi. Aşgabatda polkownik bilen duşuşandan soňra birnäçe günden Maşada ugramalydy.
Jogapkärli pursat gelipdi. Hajymyradyň nähili jogap berjekdigi belli däldi. Şol nämälimlik biynjalyk edýärdi, alada goýýardy. Ygtyýarly wekilhana polkownikden neneňsi jogap alynjakdygyna garamazdan, Gulkiniň Maşada «Hemme zat ýerbe-er» diýip aýtmalydygyny tabşyrýardy. Hajymyrat Grýaznewden başga kişi bilen iş salyşmak islänok, GPU biler öýdüp çekinýär diýmelidi.
Tipografiýany kabul etmäge taýýar, serhetden geçirmäge kömek zerur bolsa kömekçi hem iberip biljek. Serhetden geçmeli ýeri hem-de wagty olar görkezse-de, siz görkezseňizem tapawudy ýok.
Aşgabada, bellenilen adrese-- salga Maşatdan telegramma ibersinler. (Meselem: Aşgabat, talap edilýänçä, Rusambaýewe.
Puly aýyň ýigrimisine ibererin). Bu Gulkiniň serhetden bärligine bäş gün öň, ýagny aýyň on bäşine geçjekdigini aňladar. Nireden geçjekdigini öňünden belli edersiňiz.
Tipografiýanyň nirededigini hiç kim duýmaz ýaly örän gizlin ýeri Hajymyrat eýýäm taýyn edip goýdy diýmelidi.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasy polkownigiň kontrrazwedka kömek etjekdigine ynanmaýardy diýseňem boljakdy. Gulkiniň ýanyna barandygyny GPU-a habar berse, onda ýagdaýy düşündirmeli bolar. Grýaznewiň teklibine razylyk bermegini gazanyň. Şunuň ýaly bolsa, tipografiýany geçirmek ep-esli ýeňilleşer. Eger Hajymyrat Gulkine şertli signal bermese hem ol Maşada ugramalydyr. Siz şondan soň Hajymyrat bilen gürrüňleşip görüň.
GPU-çylar başlygyndan başlap jansyzlaryna çenli Hajymyradyň töwereginde hernäçe köwejekleşip, pelesaň
66
kaksalaram, golaý barmaga bogunlary ysanokdy. Gönüläp bir zat diýmäge het edip bilenokdylar.
Aladaly günleriň birinde gabat gelen tötänlik ähli zady büs-bütin üýtgetdi oturyberdi.
DUŞUŞYK ÝERI – PUŞKIN SEÝILGÄHI Bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň ýigrimi bäşinji fewralynda öýlän sagat dördüň ýarlary çemesinde Hajymyrat bolköýnek işden çykyp, öýüne bakan ýöneldi. Puşkin seüilgähinden ötüberende, bir adam duýdansyz gapdalyndan çykdy.
- Siz bilen gürleşip bilermikäk? - diýip, ol muzeýiň direktorynyň ýanyna örän seresaply golaýlaşyp, ýuwaşja sorady.
Hojageldi keltekçesiniň ýakasy galdyrylgy, papagyny çümre geýen Gulkini tanady. Ekerançylyk halk komissarlygynda bile işläpdiler. Gulkin komissarlygyň ýerli komitetiniň başlygydy.
- O nä gürrüň? - diýip, Hojageldi ädimini haýallatman sorady.
- Men Persiýadan geldim - diýip, Gulkin öňküsindenem pessaý seslendi. -Maşatdaky rus emigrantlarynyň guramasy meni şu ýere iberdi.
Öz sözleriniň neneňsi täsir edýändigini bilmekçi bolup, Gulkin polkownigiň ýüzüne äňetdi. Polkownigiň ýüzünden-gözünden hiç zat aňmak mümkin däldi. Gulkin soňra guramanyň işi hakda, Grýaznewiň ozalky ofiserdigi, Zakaspiý frontuna gatnaşandygy barada gysgajyk gürrüň berdi.
Grýaznewiň ozalam Hajymyrada iki gezek hat iberendigini, jogap barmandygyny aýtdy.
Olar Lunaçarskiý adyndaky mekdebiň ýanyna ýetdiler.
Gulkin köçede kän görünmäge çekinýändigini aýdyp, has
67
giňişleýin gepleşmek üçin haçan, nirede duşuşyp biljekdiklerini sorady.
- Men Grýaznewden hiç hili hat alamok - diýip, Hajymyrat ahyry gürledi. - Ertir ýene-de Puşkin skwerinde duşuşaýalyň.
Agşam sagat sekizde.
- Bolýar - diýip, Gulkin şol bada ylalaşdy. - Ertir duşuşýançak, sag boluň.
Gulkin polkownigiň eline bir kagyz bölejigini tutdurdy-da, gyssanmaç halda arany açdy. Kagyzda Persiýadaky gozgalaňçylar komitetiniň Türkmenistanyň işçilerine ýüzlenmesi çap edilipdir.
Polkownik ýene biraz ýöräp, şäher ispolkomynyň jaýyna girdi we 1-76-a jaň etdi. Jogap beren bolmady.
Ertesi Gulkin, Puşkin skwerine diýlen mahaly geldi. Eginbaşy düýnküdi. Gulkin Persiýada rus emigrantlarynyň guramasynyň bardygy, SSSR-den gaçyp baranlaryňam ol gurama agza bolýandygy, olaryň Türküstanyň halklarynyň kommunistlere garşy baş götermegi ugrunda iş alyp barýandygy barada giňişleýin gürrüň berdi. Gurama eýýäm Daşkent we beýleki şäherler bilen oňat aragatnaşygy ýola goýdy. Diňe Türkmenistan bilen aragatnaşyk edilenok.
- Men edil saýlaw kampaniýasy döwründe Daşkentde boldum. Şu proklamasiýalar köçelere, telegraf sütünlerine ýelmendi. Hatda birini GPU-yň gapysynyň agzyndaky sütüne ýelmemegi başardyk - diýip, Gulkin öwünmäge başlady. -
Saýlawlar biz üçin şowly geçdi. Diňe Türkmenistanyň şäherleri bilen habarlaşyp bilemzok - diýip, ahmyrly gürledi.
Hajymyrat az gepleýärdi. Asla geplemeýärdi diýen ýalydy.
Käte gürrüňdeşiniň häsini ýetirýärdi, söhbeti gerekli ugra gönükdiriji sowaly oklaýardy.
68
- Soňky wagtlarda Türkmenistandan Persiýa kyrk adam dagy geldi. Hemmesine-de Grýaznewiň ýolbaşçylyk edýän guramasy howandarlyk edýär. Ýogsa-da Aşgabatdanam Burka diýen bir doktor, ýene bir inżener bardy ol ýere, inżeneriň familiýasyny unudypdyryn.
- Näme üçin siz hut maňa ýüz tutduňyz? –diýip, Hajymyradyň beren duýdansyz sowaly Gulkini biraz aljyratdy.
Polkownik sowalynyň üstüni ýetirdi. -Öz inisiatiwaňyz bilen hereket etdiňizmi ýa-da size meniň ýanyma gelmek barada tabşyryk berildimi? Şeýle bolsa, tabşyryk beren kim?
- Persiýada sizi abraýly adam hasap edýärler. Maňa komitet, has dogrusy Mihail Iwanowiç Grýaznewiň hut özi size ýüz tutmagy tabşyrdy.
- Maňa türkmen bolamsoň ýüz tutýarlarmy, ýagny türkmenleriň arasynda iş alyp barmak üçin gerekli hasaplaýarlarmy? Ýa-da umuman tutuş Türkmenistanda iş
geçirmegi tabşyrmak isleýärlermi?
- Sizi tutuş Türkmenistan boýunça iş geçirmekde, elbetde, esasan türkmenleriň arasynda iş geçirmekde ulanmak isleýärler
- diýip, Gulkin sowala jogap gaýtardy. Polkownigiň soraýan zatlary ony aljyradýardy. Indiki sowal Gulkini burça gabady.
- Ol komitetiň arkasynda kim dur? Başga döwletleriň biri howandarlyk edýärmi ýa-da şol gaçyp baranlara daýanýarmy?
Ýurduň içinden goldarlar öýdýärlermi? - diýip, Hajymyrat gönümel, sypalga goýmaýan sowallary suňşurdy.
Gulkin aljyrady, komitetiň örän köp iş geçirýändigi, uly çäreleri amala aşyrmaga ukyplydygy barada üzlem-saplam zatlary madyrdamaga başlady. Ýöne keseden berilýän kömegiňem gerekdigini janygyp-janygyp düşündirip ugrady, iňlis konsulhanasy barada samraşdyrdy. Hajymyrat rus emigrantlarynyň iňlis naýzalaryna daýanyp iş görýändiklerine,
69
şolaryň kömegi arkaly monarhiýany dikeltmek isleýändiklerine düşündi. Ýöne bu barada dil ýarmady.
- Meniň abraýymyň uludygy barada aýdanlaryňyza özüm-ä gaty ynanybam baramok. Şoňa görä-de size bada-bat bir zat diýäýmek başartmaz. Siz biraz wagt jogaba garaşmaly bolarsyňyz. Men türkmenleriň käbirini göreýin, maslahatlaşaýyn. Şäherdäkileri ertir, birigün görerin. Şonuň üçinem 28-ine agşam ýedilerde olaryň pikirini size aýdyp bilerdim.
Duşuşyk ýerini üýtgetdiler. Gulkin üçünji gaýta şol bir skwera gelmäge çekindi. Krym köçesiniň ugrunda, Apşeron we Krupskaýa köçeleri aralykda duşuşmagy ylalaşdylar.
- Ýigrimi sekizinji fewralda gepleşenimizden soň men posýoloklaryň birine gidip, çykman ýataryn. Bir hepdeden gutarnykly jogap eşitmäge ýanyňyza bararyn - diýip, Gulkin hoşlaşdy.
- Siz Jepbar Goja diýen türkmeni ulanmak islemediňizmi? -
diýip, Hajymyrat gyssagarada sorady. - Ol Maşatdadyr ahbetin.
- Ony iki gezek Merwe iberdiler welin, bitiren goşy bolmady
- diýip, Gulkin aýak çekmän jogap gaýtardy.
Ertesi Hajymyrat Wasilýewi tapdy. Türküstanyň işçilerine ýüzlenme ýazylan proklamasiýany gowşurdy. Gulkiniň teklibini aýtdy. Wasilýew oňa ençeme sowal berdi. Ahyrsoňunda öz garaýşyny sorady.
- Has düşünjeli, sowatly türkmenler baryp on sekizinji ýylda raýatlyk urşuna garşy bolupdylar. Esasanam Türkmenistana iňlisleriň çagyrylmagyna kes-kelläm razy däldiler. Raýatlyk urşy başlanaýan badyna meniň hut özüm, Kakajan Berdiýew we Çerkez Berdiýew üçimiz janymyza howp salyp gozgalaňçylaryň ýanyna gitdik, baş götermekden peýda bolmajakdygyny aýtdyk.
70
Türkmenleri bu dawa goşulmakdan çetleşdirmekçi bolduk.
Synanyşyklarymyz başa barmady.
- Näsebäpden başa barmady? Indi, şu günki nukdaý nazardan garanyňda, ýalňyşlygy nämede görýärsiňiz? - diýip, Wasilýew polkownigiň sözüni böldi.
- Esasan biziň tejribesizligimiz zyýan etdi hasaplaýaryn.
Eserleriň adamlary ähli zady öňünden mazaly oýlanypdyrlar, iňlisleri çagyrypdyrlar. Türkmenler boljak iş bolansoň bilip galdylar. Türkmenler iňlisleriň ýene-de gaýdyp gelmegini isleýändirler öýdemok. Maşatdaky rus komitetiniň teklibi hiç bir halatda türkmenler üçin kabul ederlikli bolup bilmez.
- Näme esaslanyp aýdýarsyňyz şuny? - diýip, Wasilýew Hajymyradyň gözlerine seretdi.
- Meniň hut özüm elmydama Türkmenistana peýda getirmäge, halkyma gulluk etmäge çalyşdym - diýip, ol parahat äheňde aýtdy.
«Bu diýýäniň dogry. Ýürekden aýtdyň --diýip, Wasilýew içinden oýlandy.-- Göreli bakaly, ýene nämejik saýrarkaň?»
- Men sowet häkimiýetini hut türkmenler üçin iň gowy häkimiýet hasap edýärin. Emma daşary ýurtdaky rus guramasyndan ýanyma adam iberilip durmagy maňa ynamy gowşadar öýdüp çekinýärin. Ýogsam men bu hökümete ýüregim bilen gulluk ederdim - diýip, polkownik şol bir äheňde dowam etdi.
«Ine, bu sözleri welin kiçi dilden bärde diýýäň, jenap polkownik. Men size beletdirin. Sowady ýetik ofiserleriň ruhy gozgalaňçylyga, boýun egmezeklige ýugrulan bolýar».
Wasilýew içinden pikir öwrüp oturşyna «Men sowet häkimiýetini hut türkmenler üçin iň gowy häkimiýet hasap edýärin» diýip gaýtalady. «Ýalan sözläňde-de, beýle çypdyrmazlar, jenap polkownik. Siz başarsaňyz sowet
71
häkimiýetiniň ýoguna ýanjak-la. Ýöne eliňizden gelýän zat ýok.
Siziň hyýalyňyz bölünmek, özbaşdak bolmak, garaşsyzlyk almak. Içiňizdäki tezegiňize çenli görýärin ahyryn men».
Wasilýew içinden şeýle oýlansa-da, daşyna çykarmady.
Düýbünden başgaça gepledi.
- Sowet häkimiýetine hyzmat etmäge taýynlygyňyz gowy zat
- diýip, Wasilew sägindi. Hajymyradyň indiki sözleri oňa tomsuň güni güneşli asmanda ýyldyrym çakan ýaly bolup eşidildi.
- Şu ýagdaýyň özi meni oýlanmaga mejbur edýär. Men Gulkin kysmy adamlardan daşrakda bolanymy gowy görýärin.
Şoň görä-de meni Russiýanyň merkezine bir ýerlere işe geçirmegiňizi haýyş edýärin.
- Siz ýalňyşýarsyňyz, Hajymyrat. Sowet häkimiýeti size ynanýar. Ynanýandygyna görä, kontrrazwedka dahylly ýumuşlary tabşyrýar. Siz bolsa boýun towlaýarsyňyz. Uzagraga gaçmak isleýärsiňiz. Munyňyz bolmaýar, polkownik.
Hajymyrat bu sözleri ünsli diňlese-de, sesini çykarmady.
Hoşlaşjak bolanlarynda, Grýaznewiň iberen hatlaryny almandygyny ýene-de ýatlatdy. «Şol hatlary gözlemek gerek.
Olar GPU-y gyzyklandyrýandyr» diýdi.
Bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň fewral aýynyň ýigrimi sekizinde Hajymyrat bilen Gulkiniň arasynda gutarnykly gürrüň boldy. Polkownik özüniň razylyk berýändigini aýtdy.
- Meniň işim näme etmekden ybarat? - diýip, Gulkine sowal berdi.
- Häzir diňe siziň pikiriňizi bilmäge geldim. Anyk görkezmeler we instruksiýalar soňra iberiler.
—Komitet Maşatda oturyp, dolandyryp bilermi? Ara gaty uzak bolmazmy?
72
- Ştaby Mämmedabada geçirmek gürrüňi bar – diýende, Gulkiniň sesi ynamsyz eşidildi. Muny özem duýdy hem-de başardygyndan kesgitli gürlemäge çalyşdy. - Grýaznewem basym Mämmedabada geler.
- Gutarnykly karara gelmek üçin men agramlyrak adam bilen gürleşmek isleýärin - diýip, Hajymyrat biraz dymandan soň aýtdy-da, Gulkine soragly garap, aýak çekdi. Olar köçede howlukman gezim edip ýördüler. -- Men düşünýärin, siz razwedka edip görmäge iberilen adam - diýip, sözüniň üstüne goşdy.
- Häzir bärde şonuň ýaly adam ýok. Baýramalyda bir nemes bar, ozalky uprawlýaýuşiý. Asly Wolgadaky koloniýadan. Bir generalyň aýalynam ulanmaga synanyşdylar. Generalyň aýalynyň ogly Persiýadady. Ýöne derrew ony yzarlap başladylar. Ozal bu taýda polkownik Makarowyň maşgalasy ýaşaýardy. Olam indi Maşada, äriniň ýanyna göçdi.
- Kim ol polkownik Makarow?
- Makarow Apşeron polkunyň ofiseri. Häzir şu guramada işleýär.- Gulkin birden dil açdy. Badyhowa gürlemäge başlady.
- Bizi goldaýanlar kän. Serhetçiler biziň tarapymyza topar-topar bolup geçýärler. Esasanam Kelteçynarda durýan serhetçiler şeýle.
Paskal diýen nemes serhetden geçende, nazmiýe ony tussag etdi. Nazmiýe diýýänim parslaryň polisiýasy. Rus komiteti ony boşatjak bolup näçe tagalla etse-de, netije çykmady. Komitet iňlis attaşesine habar etdi. Iňlis kapitany nazmiýä girip-çykan badyna Paskaly boşatdylar.
- Siz entek bolarmysyňyz şäherde?
- Ýok, tiz gaýtmakçy. Şu gije ugramagymam mümkin. Giç galsam, ertir, birinji martdan ikinji marta geçilýän gije giderin.
- Ýolbelediňiz dagy barmy? Serhetden aşmak gaty kyndyr -
diýip, Hajymyrat duýgudaşlyk bildirýän äheňde gürledi.
73
- Konduktor bolup işleýän tanşym bar. Ozalky ofiser.
Şäherden ýük otlusyna münüp ugraryn. Amatly ýerde böküp galaýmaly. Mämmedabadyň deňesinden Persiýa geçerin.
Gulkin indi polkownigiň ýanyna başga adam geljekdigini duýdurdy. Paroly gepleşdiler. Ol geljek wekil «Kamça»
(«Gamçy») paroly bilen özüni tanatmalydy. Gulkin şu gün gaýtmasa, agşam käbir edebiýatlary getirmegi wada berdi.
Daşary ýurtda çap edilen edebiýatlardan.
BAŞLYGYŇ HOŞALLYGY
GPU-yň başlygy kontrrazwedka bölüminiň-otdeleniýesiniň naçalniginiň dokladyny üns berip diňledi.
- Hajymyrat bizden hiç zat gizlänok. Gulkin bilen eden gürrüňlerini doly aýtdy. Men Gulkiniň habary bilen Hajymyradyň diýenlerini deňeşdirdim. Gizlenen zat ýok - diýip, Wasilýew dokladyny tamamlady.
- Ýekeje-de çapraz düşýän ýeri ýokmy? - diýip, Karuskiý sowal berdi.
- Hemmesini aýtdy, hemmesini diýsegem boljak. Diňe ýekeje detaly agzamady.
- Haýsydyr ol agzamadyk zady? - Karuskiý Wasilýewe tiňkesini dikdi.
- Hajymyrat Gulkine Grýaznew bilen adada duşuşyşlary hakda aýdyp berdi. Gulkin Maşada baranda ony Grýaznewe aýtmalydy. Şol hem Gulkiniň Hajymyradyň ýanyna barandygyny tassyklamalydy. Polkownik şuny ýatlamady. Bize gürrüň bermedi.
- Unutdymyka ýa-da bilgeşleýin agzamadymyka? - diýip, Karuskiý iňkisli sorady.
74
- Hajymyrat özüniň Grýaznewi gowy tanaýandygyny, ozaldan tanyşdyklaryny biziň bilmegimizi isleýän däldir. GPU
muny biläýse, degişli netije çykarar öýdýändir.
- Bolýar, häzirlikçe bilmedikden bolaýarys - diýip, Karuskiý sözüne dyngy berdi. - Umuman «Synag» operasiýasynyň ilkinji ädimi şowly ädildi. Sizi gutlaýaryn hem-de hoşallyk yglan edýärin.
Karuskiý onuň elini gysdy we Daşkende, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyna gowy hasabat ýazmagy tabşyrdy.
- Iş etmegem gerekdir welin, eden işiňi görkezmegem başarmaly - diýip, Karuskiý sözüniň soňuny degişmä ýazdyrdy.
Oýun oýun bolsa-da, bu degişmäniň aňyrsynda çyn ýatandygyna Wasilýew gowy düşünýärdi. Kabinetine gelip, Daşkende iberilmeli habaryň tekstini taýýarlamaga çynlakaý ýapyşdy. Ol Hajymyradyň kontrrazwedka kömek etmäge çekilişi barada ozal ýazanam bolsalar, ýene ýatlady. Sebäbi bu mesele Daşkentdäkilerem alada goýupdy. Nähili hereket etjeklerini bilmän, kellelerini agyrdyp ýörkäler, tötänlik, dogrusy şowly gabat gelen tötänlik kömek berdi duruberdi.
Polkownigiň özi GPU-a ýüz tutdy. Daşary ýurda nädip gaçyp boljakdygy barada maslahat sorap, bimaza edýändiklerini aýtdy.
Gepleşmäge şu gowy bahana boldy. Wasilýew Hajymyrady GPU-yň başlygynyň ýanyna eltdi. Wasilýewiň pikiriçe, polkownigiň örän sowatly, hemem tilki deýin mekir adamdygy görnüp durdy. Kolhoz gurluşygy, umuman häzirki ýagdaý hakda uzak gürrüň etdiler, köp sowal berdiler. Ahyrsoňunda söhbeti gerek ugra gönükdirdiler.
- Siz nähili pikir edýärsiňiz, ýanyňyza gelýän adamlar kimlerdir öýdýärsiňiz?
- Bilmedim. Kimem bolanda, men kontrabandistler, serhet bozujylar bilen iş salyşmak islämok.
75
- Siz harby adam, ýoldaş polkownik - diýip, Karuskiý Hajymyrada ýüzlendi. - Men size şeýle diýip ýüzlensem bolýarmy?
- Men polkownik çinini aklarda gulluk edýän mahalymda aldym - diýende, Hajymyradyň gaşlary düýrügip gitdi, ýüzi çytyldy.
- Siz sowet hökümetine-de gulluk etdiňiz. Milli birikmeleri döretdiňiz -diýip, Karuskiý söhbetdeşiniň göwnündäki şübhäni kowmaga çalyşdy. Söz bilen ýumşak damaryny owkalamaga başlady. Polkownigiň ýüzündäki galagopluk aýrylandan soň ýene gürrüňi dowam etdirdi.
- Siz harby adam, bu zatlara gowy dşünýärsiňiz. Biz häzir size ýüz tutan adamy türmä basyp bilmeris. Ilki biz onuň arkasynda kimleriň durandygyny, siziň ýanyňyza näme maksat bilen iberilendigini anyklamaly - diýip, Karuskiý aýtdy. - Siz meniň diýýänlerime düşünýärsiňiz dälmi?
- Men söweşjeň ofiser. Elim ýaragly duşman üstüne topulmagy öwrendim. Şonda-da, Hudaýa şükür, ökje ogurlan ýa-da gaýry tesen ýerim ýokdur -diýip, Hajymyrat başardygyndan sypaýçylykly sözlemäge çalyşdy. Birdenem
«Hudaýa şükür» diýen sözleri diline alandygy aňyna ýetip, birhili boldy. GPU-yň başlygyna ol sözüň nähili täsir edendigini aňşyrmaga synanyşyp, onuň ýüzüne äňetdi. «Bolşewikler
«Hudaýa şükür» diýmeýärler, şeýle diýýänlerem halamaýarlar»
diýip, içinden oýlandy. Emma Hajymyradyň garaşyşynyň tersine Karuskiý ol sözlere ähmiýet bermedi.
- Biz siziň harby edermenlikleriňiziň ähmiýetini sähelçe-de peseltmek islämzok. Aklarda gulluk edendigiňiz barada aýdylanda bolsa, sowet hökümeti siziň günäňizi geçdi - diýip, Karuskiý polkownigiň uguny ýekelemek isledi. - Siziň sowet
76
hökümetine ak ýürekden gulluk edýändigiňize biz şübhelenemzok.
- Sag boluň - diýip, Hajymyrat seslendi. Içinden bolsa:
«Şübhelenmeýäniňiz çyn bolsa, näme sebäbe görä, yzyma düşüp, aňtap ýörsüňiz?» diýdi. Ýöne pikirini daşyna çykarmady.
- Bizde siziň ýanyňyza gelen Seýit Nedirow daşary ýurt razwedkasyna dahyllydyr diýen çaklama bar. Ony siziň agzyňyzy ysgap görmäge iberen bolmaklary ahmal. Şeýle zat bolup biler ahbetin, ýoldaş polkownik?
- Bolup biler - diýip, polkownik ara salym düşürip, jogap gaýtardy.
- Biziň etjek haýyşymyz, daşary ýurtdan adam geläýse ýanyňyza, bize habar ediň. Bada-bat, gyzgyny bilen bize duýduryň.
- Men olary kowup goýbererin, golaýyma getirmerin - diýip, polkownik kesgitli gepledi.
- Ine, şeýle etmek welin gerek däl - diýip, häliden bäri Hajymyrady synlap, dymyp oturan Wasilýew gürrüňe goşuldy. -
Siz olary hiç bir halatda kowujy bolmaň. «Oýlanyp, ýoldaşlarym bilen geňeşip, onsoň jogap bererin» diýiň.
Galanynam ýagdaýa görä görübereris. Gepleşdikmi?
Hajymyrat razylaşdy. Ol özüne edilýän teklibiň nämäni aňladýandygyna düşünýärdi. Ýöne razylyk bermeseň, dagy alajam ýokdy. Şondan kän mahal geçmänkä polkownigiň ýanyna Gulkini iberdiler. Şeýtdi-de ähli hat ugrukdy ötägitdi.
Bu uly üstünlikdi.
77
Muňa Türkmenistanyň GPU-nyň eden uly işiniň biri hökmünde baha beriljekdigine şübhe ýokdy. Serpaý paýlanyşygynda kontrrazwedka otdeleniýesiniň şefiniňem kesede galjak gümany bolmaz. Wasilýewiň ýeke-täk köňül arzuwy bu itiň ölen ýerinden başardygyndan tizräk gaçmakdy.
Iň bolmanda Daşkende, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyna kiçeňräk wezipä alsalaram boljakdy.
Munuň üçinem köp işlemelidi, özüňi görkezmelidi.
Daşkende iberjek hatynda ählisi barada gelşirip ýazdy, edilen işi gaýta-gaýta nygtady. Hajymyrat hakykatdan-da sowet hökümetine ýürekden ynanyp, durky bilen ynanyp kömek etmek isleýärmikä ýa-da Seýit Nedirow GPU-yň iberen adamsydyr öýdüp, gorkujygyna razylyk berdimikä? Belli bir zat aýtmak kyndy. Karuskiý hem, Wasilýewem Seýit Nedirow prowakatordyr çaklap, çekinip razylaşandyr hasap etdiler.
Daşkende iberilen hasabatda-da şeýle diýip ýazdylar.
Emma polkownigiň bu oýna göwünjeň gatyşmakçy däldigini, gaýtam daşrakda duranyny kem görmeýändigini, Merkezi Russiýa göçmek hyýalyna münýändigini görkezmediler. Bu edilen işiň ähmiýetini peseldip biljekdi. Oňa derek polkownige GPU-yň hiç hili prowakasiýa etmek, repressiw çäre görmek niýetiniň ýokdugyny ynandyrmak isläp, ýygy aragatnaşyk saklandyklaryny görkezdiler. Hut şu maksada eýerip, Seýit Nedirowy galmagal-şowhun baryny turzup, polkownik eşider-biler ýaly edip, tussag etdiler. Indi sürgüne ugradylanda hem şeýtmekçidiler.
Hasabatyň tekstini ilki Wasilýew iki gaýta göçürip, sünnäläp taýýarlady. Karuskiý hem üstünde işledi. Soňra ikisiniň goly bilen Daşkende ugradyldy. Gulkini Maşada aşyrmak bir hepde gaýra çekilipdi. Dagda gar ýagdy, serhetden geçirmegem, ýol
78
ýöremegem kynlaşypdy. Bu barada hem hatyň soňunda ýazdylar.
«Gulkiniň ýaňralygy işe päsgel beräýmese ýagşydyr» diýip, Wasilýew oýlandy. Hajymyrada duşanda, haýsydyr bir Paskal diýen nemes we şuňa meňzeşler barada lakgyldama kemini goýmandyr. Hakykatda barysy ýalandy. Hiç hili nemesem ýokdy, beýlekem. Häzirlikçe Hajymyrat kontrrazwedka kömek edýän mahaly bu howply däldi. Soňra niçik bolar? Ony durmuş
görkezer.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyna ýazylan hasabaty ugradyp, Wasilýew başlygyň tabşyrygyna görä, Hajymyrady duşuşyga çagyrdy. Ýerli halkyň durmuşyna näbeletliginiň kynçylyk döredýändiginden zeýrendi. Geňeş-maslahat bermegini haýyş etdi. Şeýtmek arkaly GPU «Bir okda iki towşan awlamak» isleýärdi. Hem-ä Hajymyrada doly ynanýandyklaryny subut etmelidi, hemem şeýle sowatly, iňňän belet we abraýly adamyň pikirini diňlemek köp peýda berip biljekdi. Karuskiý hem Wasilýewem muňa gowy düşünýärdiler.
Kolhoz gurluşygyna garaýşy barada Wasilýewiň beren sowaly Hajymyrady birneme oýlandyrdy.
- Türkmenler hiç haçan materialist bolmandyrlar - diýip, polkownik gürrüňi uzakdan başlady. - Türkmenleriň taryhyna göz aýlasak, elmydama kimdir biri bilen garpyşyp ýörmeli bolupdylar. Şoňa görä-de maddy abadançylyk barada alada edere wagt bolmandyr. Elbetde, men oturymly ýaşaýan, Buharanyň we beýlekileriň medeniýetinden ençeme zatlary kabul edip alan türkmenler barada aýdyp biljek däl.
Türkmenleriň ozalky, ýagny 1881-nji ýylda basylyp alynýança ýaşaýşy kolhozlaryň durmuşyna has golaý ekeni diýmek boljak.
Tutuş oba bir gala ýerleşipdir.
79
Hajymyrat «Gala» sözüni türkmençe aýtdy. Wasilýew oňa düşünmeýändigini bada-bat mälim etdi:
- Gala näme?
- Palçykdan, pagsadan galdyrylan gala - diýip, polkownik bu sapar gala sözüne derek rus dilindäki «krepost» sözüni ulandy.
- Şeý diýseňiz-le. Indi düşündim. Aýdyberiň.
- Duşman çozsa, ählisi bir adam ýaly bolup, galany gorapdylar. Esasan Persiýadan çozýarlar. Her bir gala bir maşgala deýin diýseňem bolman durmaz. Meýdan işlerini geçirmek üçin ilat gündiz galadan çykypdyr, ekin ekipdir.
Gijelerine gala dolanyp gelip, arkaýyn dynç alypdyrlar.
mergenler galany gorapdyrlar, özlerem alamana gidipdirler.
Diýjek bolýan zadym, türkmenlerden aýry-aýry pomeşikler döremändir. Ýöne 1881-nji ýylda basylyp alnandan soň, durmuş
düýbünden özgeripdir we kapitalistik uklady kabul edipdir.
Kyrk ýyl çemesi dowam edendigine görä ol durmuşa birneme ornaşyp ugrapdyr. Kolhoz gurluşygy geçirilende, büdür-südürlik, kynçylyk bolar, gaýra tesenem tapylar. Esasanam soňky döwürlerde birneme gurplanyp, özüni tutup ýetişenler päsgelçilik döretseler gerek. Ol göreşiň ulalyp gitmegem ähtimaldyr. Çet-gyralarda ilaty howsala salmagy mümkin. Häzir serhetden geçmäge dyzaýanlar tapylyp durýar.
- Siziň pikiriňizçe, kolhoz gurluşygyna sowatly, düşünjeli adamlar neneňsi garaýar? - diýip, Wasilýew ara düşen dymyşlygy bozdy.
- Maňa belli bir zat aýtmak kyn - diýip, Hajymyrat howlukman gepledi. Onuň her sözüni mazaly oýlanyp aýdýandygy bildirýärdi. - Köpden bäri obada-da bolamok, zatdan habarsyz:
80
- Gelýän-gidýän bardyr, eşidýänsiňiz ahbetin - diýen Wasilýew içinden «Ýene-de garga mekirligine ýüz urd-ow.
Sypjyklyk edýär» diýip oýlandy.
- Soňky döwürde adamlar şeýle iki ýüzli bolupdyrlar.
Haýsyna ynanjagyňy biler ýaly däl - diýip, polkownik sözüniň soňuny zeýrenje ýazdyryp goýberdi.
«Anyk jogap bermejek bolup, ýandaklyga urýar». Wasilýew içki pikirini daşyna çykaryp durmady. Gürrüňiň temasyny üýtgetdi, akgwardiýaçylaryň döwrüne degişli birnäçe sowal berdi.
Gökleňowy kimiň tussag edendigini sorady.
- Kimiň tussag edendiginden bihabar - diýip, Hajymyrat aýtdy. - Ony boşadyň diýip men telegramma berdim. Şol telegramma esaslanyp boşadandyrlar hasap edýärin.
Basylmagynyň sebäbini bilemok. Oraz Serdaryň Baýramalyda amnistiýa edendiginem aýdaýyn.
- Oraz Serdar Gökleňowa niçik garaýardy?
- Oraz Serdar onuň bolşewikler bilen arasy bardyr öýdýärdi, özüne garşy hasap edýärdi. Men Oraz Serdara “Gökleňow ýöne şalapaý. Bolşewigem däl, hiç hili ideýa platformasam bolup bilmez. Bizem ideýa platformasynyň nämedigine-de düşünemzok ahbetin” diýdim. Şondan soň hem Gökleňow boşadyldy. Men ony Aşgabatda-da bir howpdan gutardym.
- Ýene tussag etdilermi?
- Ýok, eşelonyň üstündäki esgerler oňa: «Ine, şu bolşewik»
diýip, Gökleňowy tüpeňiň naýzasyny mündürjek boldular.
Eşelon Gyzylarbatdan gelipdi. Men oňa degmäň diýip, sypdyryp goýberdim.
- Ol haýsy wezipededi?
- Gökleňowmy?
- Hawa.
81
- Ilki Oraz Serdaryň wagonynda hyzmat etdi - diýip, Hajymyrat mylaýym ýylgyrdy.
- Näme gülýäňiz? Bir waka ýadyňyza düşdümi?
- Bildiňiz, ýoldaş Wasilýew. Oraz Serdar oňa:
«Rewolwerimi ogurladyň» diýýärdi - Hajymyrat sähel dymyp, ýene gürrüňini dowam etdi. - Soň Gökleňowy Oraz Serdaryň ştab naçalnigi Bitnyý Şlýahta terjimeçi edip berdik. Şol mahal operatiw, hojalyk bölümleri ýokdy. Gökleňow umumy terjimeçidi.
- Bitnyý Şlýahta ozal nirede gulluk edipdi. Häzir dirimikä?
- Ol Ýewropa urşundan öňem, uruş mahalam okuw otrýadynyň naçalnigidi gerek. On sekizinji ýylyň iýulynda hem Aşgabatdady. Zakaspi fronty döredilende, Oraz Serdaryň ştab naçalnigi boldy. Ondan soňky takdyryny bilemok.
«Uzakdan urýar» diýip, Wasilýew Hajymyradyň Gökleňow barada aýdanlaryndan özüçe netije çykardy: Ony hakyky bolşewik etdi. Biziň ýanymyzda abraýyny artdyrjak bolýar.
Geljekde özüne haýry deger öýdýändir-dä».
- Siz terjimeçileri gowy tanaýansyňyz. Pissow diýilýäni kim bolupdyr. Nowaýa köçesinde ýaşapdyr - diýip, Wasilýew garaşylmadyk sowaly orta atdy. - Onuň graf Dorrer bilen näme gatnaşygy barka?
Kontrrazwedkanyň şefi at oýnadýardy. Ol Mürze Muhammetsapa Pissowyň Zakaspi oblast naçalniginiň kanselýariýasynyň terjimeçisidigini, ona golaý çagasynyň bardygyny, birnäçesiniň ofiserdigini, biriniň - Şato diýen oglunyň deňizçidigini bäş barmagy ýaly bilýärdi. Hajymyradyň Pissowlara gowy beletdigindenem habarlydy. Ony bir zat gyzyklandyrýardy: Hajymyrat kontrrazwedkanyň şefi bilen akgöwünli, ýürekden gürrüň edýärmi ýa-da mekirlige ýüz urýarmy?
82
- Pissowlaryň maşgalasy hem graf Alekseý Iosifowiç Dorrer gowy gatnaşýan dostdular. Pissowyň Sokolik diýen podporuçik ogly grafa Hudaýyň bäri ýanyndaky adam deýin garýardy, edil gipnozlanan ýalydy. Sokolik kontrrazwedka-da çolaşyp ýördi.
- Grafyň bilimi haýsy ugurdandy? Ol iňlislere neneňsi garaýardy? —diýip, Wasilýew ýene-de belet zatlaryny sorady.
- Özi ýurist onuň - diýip, grafyň ady tutulandan gaşlary çytylan Hajymyrat aýtdy. - Zakaspi frontunyň döredilmeginde we iňlisleriň bu ýere gelmeginde esasy günäkär Dorrer hasap edýärin.
Wasilýew köp meseleleriň başyny agyrdyp, ýadyňa-oýuňa düşmejek sowallary berip, gürrüňi ahyry soňunda özüni biçak biynjalyk edýän zadyň üstünden eltdi. Wasilýewiň ahyrky maksady Hajymyradyň iňlislere garaýşyny bilmekdi.
SERHOŞ MYHMAN
Bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň on altynjy aprelinde giç agşam hammamdan gelen Hajymyrady aýaly howsalaly garşylady.
- Lolluk, seni biri sorady - diýip, gapyny açan Abiýat hanym adamsy içeri giren badyna oňa ýüzlendi. - Gowy adam-a däl, görenimden ýigrendim. Agzyndan aragyň ysy aňkap dur.
Polkownik aňyrdan gelen adam bolaýsa gerek diýip çen urdy. Aýalyna içki jaýa çaý eltmegi tabşyrdy. Çaý başynda näme bolandygyny jikme-jik sorap bildi.
- Agşam sekiz otuzda gapy kakyldy. Açsam, saryýagyz, orta boýly biri seni soraýar. «Daşkentden geldim. Hajymyrady zerur görmelidim» diýýär. Menem ony tapmak kyndyr. Her gün bir ýerde ýygnaga ýa-da mejlise gatnaşmaly. Ertir işine baraýyň
83
diýdim. Ol: «Muzeýe baryp biljek däl. Gündiz işim köp. Agşam gelerin» diýdi. Seni «Hiç ýaňa goýbermän, öýde saklaň» diýdi.
- Nämeli gelipdir? Ýa-da pyýadamy?
- Pyýada däl, Lolluk. Paýtunly, üç kişi bolup gelipdirler.
Ikisi paýtunyň ýanynda garaşyp durdy. Gapyny ýeke özi kakdy.
- Atlary nähilidi?
- Garaňkyda görüp bilmedim.
- Geleniň egin-başyna üns berdiňmi?
- Hawa. Gaýyş keltekçesi bar egninde. Başy gara papakly.
Aýagy ýeňsesi eplenen süýbek köwüşli. Parslaryň gewesine meňzedilip tikilen - diýip, Abiýat hanym adamsynyň özüne soragly nazaryny dikendigini görüp, çalt gepledi. - Gewäni bilýänsiň-ä, galyň ak holstdan tikýärler, ökjesem matadan preslenip edilýär.
Hajymyrat gewäň nämedigini ilden sorap bilmeli däldi.
Şonda-da aýalynyň göwni üçin häsini berdi.
Ertesi agşam serhoş myhman ýene geldi. Töwerek garalypdy, üçüsem paýtunda bile geldiler. Ikisi paýtunda galdy.
Düýnki gapyny kakanyň ýeke özi işige golaýlady. Gaty sesi bilen «Gamçy» diýip, paroly aýtdy. Abiýat hanym onuň düýnküdenem serhoşdygyny aňdy. Gapyny çala açyp, zynjyrjygyny aýyrman gepleşdi.
—“Gamçy” geldi - diýip, ol ýene batly aýtdy. - Bu şertleşilen gizlin söz. Meniň familiýam Karýagin.
Onuň özüni alyp barşy gizlin tabşyryk bilen gelene meňzänokdy. Abiýat hanyma hat hemem şifr berdi.
- Ertir ýene gelerin. Edebiýat getirerin. Ertiriň özünde-de Daşkende ugramakçy - diýdi-de, Karýagin paýtuna tarap gitdi.
Onuň batly sesine bularyň bir otagynda kireýine ýaşaýan goňşular ylgaşyp gelipdiler.
- Kim ol? Näme diýýär? - diýip, Abiýat hanymyň üstüni sowaldan gömdüler.
84
- Lollugy soraýar. Gowuja içipdir. Şondan gygyryp gürleýär
- diýip, öý bikesi olary köşeşdirdi.
Giçlik öe gelende, polkownik aýalynyň gürrüňini eşidip, başyny ýaýkanyny duýman galdy. «Gadyrly myhman Persiýadan gelip, rus aragyna zordan ýetäen bolara çemeli».
Hajymyrat haty açmakçy bolup eline aldy-da birden goýbolsun etdi. «Goý, özleri açsyn ýa-da bile açarys. GPU-çylaryň göwnüne güman gitmesin» diýip oýlandy. Karýaginiň geljekdigini oňa hiç kim duýdurmandy. Her tüýsli prowokasiýa garaşybermelidi. Polkownik myhman gelendigini kontrrazwedka mälim etdi. Naçalnik gyssag işi bardygyna görä, Hajymyradyň ýanyna uly upolnomoçennyý Bunkowskini iberdi.
Haty Grýaznew ýazypdyr:
«Size tüýs ýürekden salam gönderýärin we bir topbajyk edebiýat iberýärin. Siz bilen aragatnaşyk açmak barada maňa birçaklar buýruk berlipdi. Synanyşyp görsemem, başa barmady.
«Gamçy» diýen sözi belleşdik» diýip, biri ýanyma geldi. Ol arakhor, ownukçyl kezzap, akyla sygmajak zatlary ýaňrap ýören bolup çykdy. Oňa hiç zat ynanyp boljak däldi. Siz meniň bilen habarlaşmaga synanyşyň. Biziň duşuşyklarymyzdan ýa-da meniň durmuşymdan haýsydyr bir wakany ýatlap ýazyň, ýa-da gullukdaşlarymyzdan meniň tanaýanlarymyň familiýalaryny görkeziň. Eliňizi gysýaryn.
Çyzgyç (lineýka) tablisanyň deşik edilen ýerinde saklanylmalydyr. Çyzygyň garşysyndaky harplar açardyr. Bäş
harpdan-bäş harpdan topbajyk-topbajyk edip ýazmaly».
Hatyň ahyryndaky abzas gizlin hat ýazmak üçin iberilen şifri nädip ulanmalydygyny düşündirýärdi. Hat we şifr gelmegi kiçi-girim üstünlik däldi. Karuskiý hem, Wasilýewem islendik derejedäki uly başlygyň ýanyna doklad etmäge çekinmän baryp biljekdiler. Bu barada Moskwa, SSSR OGPU-yň ketde ýolbaşçylaryna çenli habar ýetjekdigine düşünýärdiler.
85
GULKIN SAPALAK ATÝAR
Guryhowdan zastawasynda serhet bozujynyň ele salnandygyny, onuň özüni Wasilýewiň ýanyna eltmegi haýyş
edýändigini bada-bat habar berdiler. Wasilýew serhet bozujyny getirmegi buýurdy. Gyzyl esger Gulkini öňüne salyp gapydan girende, tasdanam Wasilýewiň gözleri hanasyndan çykypdy.
Zöwwe ýerinden galdy-da, üst-başy göz-gülban, eňki agan, elleri sandyraklap duran Gulkiniň üstüne abandy:
- Bu nä boluş? – diýip, gaharlyly sorady, Gulkinden jogap bolmansoň, hasam azmly gepledi. -Senden soralýar. Lal açdyňmy?
Gulkiniň ýagdaýy gözgynydy. Bir zatlar diýmäge synanyşýardy. Sözlerine düşünmek kyndy. Dili öwrülenokdy.
Bu serhoşlykdan däldi. Gaýtam tersine, wagty gelende içgi normasyny alyp bilmän kösenýän, alkogola eýlenen organizmiň sandyramasydy, güzaplarydy. Wasilýew gyzyl esgeri goýberdi.
Ýene sowal üstüne sowal berdi. Ahyram Gulkiniň «Men soň düşündirerin» diýýänini aňdy. Kontrrazwedkanyň işgäri-- uly operupolnomoçennyý Bunkowskini çagyrdy-da, soňa goýman, şu mahal gyssagly gürleşmegi buýurdy. «Her zat et welin geplet, sorag et» diýdi.
Bunkowskiý kän oýlanyp oturmady. Bulgury arakdan dolduryp, Gulkiniň öňünde goýdy. Bulgury boşadyp, ol çilim sorady. Elleriniň sandyramasy galdy.
- Men dynjymy alaýyn. Soň hemmesini gürrüň bererin -
diýdi.
- Ýok – diýip, Bunkowskiý garşy çykdy. - Şu mahal aýdarsyň.
- Häzir kelläm güwläp dur. Köp zady unudaryn.
86
- Ýadyňa düşýänlerini aýt. Dynjyňy alaňsoň, ýene-de gaýtalarsyň.
Sypdyrylmajakdygyna gözi ýeten Gulkin haýaljakdan gürrüň bermäge başlady:
—Men bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň on bäşinji martynda Artygyň ýanyndan serhetden geçip, Mämmedabada ugradym. Mämmedabada sowulman, aňry gitdim. Obalaryň hiçisinde eglenmedim. Pars polisiýasy duşaýmasyn diýdim. Derbentdenem aşyp, orta ýolda bir obada ýatdym. On sekizine Goçanda geldim. Biraz dynç alyp, awtobusly Maşada gitdim. On dokuzyna Maşada bardym.
- Awtobusda näçe adam bardy? - diýip, Bunkowskiý onuň sözüni böldi. - Adam kän däldi. Birki sanydy.
- Yzyny aýdyber.
- Maşatda göni Grýaznewiň öýüne bardym - diýip, Gulkin dowam etdi. - Ol ýarag ussahanasynda işdedi. Gelen badyna Hajymyrat bilen adada çaý içişleri barada aýdyp berdim. Şonda Grýaznewiň gyzy hem ýanynda ekeni. Hajymyradyň razylyk berendigini eşidip, ol begendi. Meni ogşady. Meniň SSSR-e gitmegimiň şowly boljakdygyna başdan ynanandygyny aýtdy.
«Häzir işim köp. Gürrüňimizi soňra dowam ederis—diýdi. —
Tährandan iki adam geldi. Biri polkownik, biri rotmistr.
Tährana-da Pariżden gelipdirler. Şolar bilen görüşmeli».
Men emigrant Sorokowiniň öýüne gitdim. Ony Grýaznewiň çagyrýandygyny aýtdym. Sorokowin Grýaznewiň ýanyna gidip gelenden soň, şähere naharlanmaga çykdyk.
Ýigriminji martda-da Grýaznew meniň bilen gürleşmäge wagt tapmady. «Özüm çagyraryn» diýdi. Ýigrimi birinli martda ol meni öýüne äkitdi. Serhediň ýanynda pulumy ýitirendigimi bilýändigini Grýaznew maňa aýtdy. Men pulum ýokdugyna
87
görä Daşkende gidip bilmän, Aşgabatda galandygymy mälim etdim. Doganoglanymdan kyrk bäş manat, aýalymdan kyrk manat aldym, hiç ýere çykmadym diýdim. Grýaznew maňa
«Ertir iňlis konsulhanasyna, harby attaşeniň ýanyna gideris»
diýdi.
Men daşary ýurtlulara satylmajakdygymy, diňe monarhistik iş etjekdigimi aýtdym. Grýaznew: «Beýik knýaz merhum Nikolaý Nikolaýewiçiň islegi şeýle. Öz yzyny ýöredijilere iňlisler bilen aragatnaşyk etmegi tabşyrdy» diýdi. Men eger biziň işimiz talap edýän bolsa, wyżdanymyň tersine gidip, harby attaşe bilen duşuşmaga taýýardygymy aýtdym. Şonda diňe Grýaznew ikimizdik. Başga adam ýokdy.
Martyň ýigrimi ikisine harby attaşeniňkä bardym. Ol habarly ekeni. Kabinetinde ýakyn adamsy - Jepbar diýen türkmen bardy.
Attaşe meniň SSSR-e gidenimden habarsyz galandygyny, hiç hili tabşyryk berip bilmändigine gynanýandygyny aýtdy. Şol mahal Mihail Iwanowiç bilenem içgin gatnaşyk bolmandygyny, indi dostlaşandyklaryny gürrüň berdi. Özümiň monarhistdigimi, Watanymy satmajakdygymy, hiç hili tabşyrygy ýerine ýetirmejekdigimi kesgitli aýtdym. Attaşe gynanýandygyny mälim edip, «Ötägidiň» diýdi.
- Näme sebäpden beýle jogap gaýtardyň. Tabşyrygyňy unutdyňmy? - diýip, Bunkowskiý bialaç sowal bermeli boldy.
Ol Gulkiniň sözüni bölmek islemeýärdi. Gulak salyp otyrdy.
«Goý, içini döksün» diýýärdi.
- Ýadymdan çykaramok. Türkmenistan SSR GPU-yň kontrrazwedkasy maňa Grýaznewi ulanyp, iňlislere çykmaly diýdi. Ýöne biraz geregimi artdyraýyn diýdim. Çakym dogry boldy. Ýigrimi üçinji martda Grýaznew öe gelip, attaşe beren jogabyma närazylyk bildirdi. Attaşeniň diýen sözleriniň meniň üçin hökmany zatdygyny aýtdy. Nikolaý Nikolaýewiçiň
88
ölüminiň öň ýanyndaky wesetiniň şeýledigini ýene-de ýatlatdy.
Agşam attaşeniň ýanyna barmaga buýruk etdi.
Attaşe meni gadyrly garşylady. Aşgabatda Gyzyl Goşunyň bölümleriniň ýerleşişi barada sorady. Birinji Türküstan atyjylyk diwiziýasynyň, artilleriýa polkunyň, kawaleriýa polkunyň we sekizinji demirýol polkunyň bardygyny aýtdym. «Sekizinji polk Çernigowa geçirildi» diýip, attaşe sözümi böldi. Oňa derek on sekizinji polkuň bardygyny aýtdy.
Golaýda SSSR-den baran Ptisiniň habaryny—doneseniýesini çykaryp, ikimiziň maglumatlarymyzy deňeşdirmäge başlady.
Sekizinji polkdan başgasy gabat geldi. Ptisin gaubiçnyý diwizionyň, iki sany bronepoýezdiň, osoawiahimiň komanda otdeleniýesiniň kazarmalardadygyny, ýene-de iki sany polkuň kazarmalardan başga ýerde ýerleşýändiginem ýazypdyr.
Türkmenistana Kawkazdan harby bölümleriň geçirilýändigini, Çülüde azyk, atlara ot-iým taýýarlanylýandygynam görkezipdir.
Ptisiniň Aşgabada we Termeze aýlanyp gelendigini, ýöne hiç hili täze habar getirmändigini, ählisiniň ozal mälim zatlardygyny aýdyp, attaşe zeýrendi. Hakykatdan-da Ptisiniň poçerkini göz öňüme getirip deňeşdirip gördüm. Deň gelýär.
Grýaznew gelenden soň, attaşe sowal bermesini goýdy. Ony-muny tabşyryp başlady. Meniň Hajymyrady razy edendigimi Grýaznew oňa aýdan bolmaly. Meni yzyma, Hajymyrada Grýaznewiň adyndan ýazylan haty äkitmäge ugratmak kararyna geldiler. Attaşe bilen duşuşanymy Hajymyrada aýtmaly däldim.
Maşatda ýanyma ýolbelet berjekdiklerini aýtdylar.
Hatda şifr hemem Hajymyradyň etmeli işleriniň ugurlary ýazylmalydy. Aşgabada gelip, ýolbelediň eline suw bilen gizlin ýazylan hat bermeli, serhetden sag-aman geçendigimizi görkezmeli. Soňra Daşkende gitmeli. Kinoda attaşeniň adamsy bilen duşuşmaly. Sirkiň ýanyndaky kinojaýda. Özüme aýdylan ýaşyryn duşuşyk ýeri arkaly aragatnaşygy nähili
89
guramalydygyny şertleşmeli. Onsoň Daşkentden jaý tapyp, ony Aşgabada, meniň aýalymy getirmäge ibermeli. Aýalym ikimiz Daşkentde şol jaýda ýaşamaly. Attaşeniň adamlary biziňkide gizlinlikde duşuşmaly.
«Arak birneme dilini açd-ow» diýip, içinden pikir öwrüp oturan Bunkowskiý käte bir häsini beräýmese, sözüni bölenokdy. Gulkiniň aýdýanlaryna pitiwa etmeýänem bolsa ünsli diňläp otyrdy. «Içini döksün» diýýärdi. Gulkiniň wagtal-wagtal bulgura gözüni aýlaýandygyny aňyp, ýene-de guýdy.
Gulkin gowy çygjardy. Zehini durlanan ýaly boldy. Kim bilýär, belki, fantaziýasy güýçlenendir.
- Men Daşkentdäki işleri ýola salyp, Çimkende gitmelidim -
diýip, çilimem otlanan Gulkin gürrüňini höwesjeň dowam etdirdi. - Çimkentde garnizonyň sostawyny bilmelidim. Ondan Gyzylorda barmalydym. Attaşe bu şäheriň köne adyny tutýar, ýagny Perowsk diýýär. Hawa, şol ýerde gaz öndürýän zawod barmyşyn. Şonuň çykarýan gazynyň mukdaryny anyklamaly, spesialistleriň- hünärmenleriň, inżenerleriň işleýändigini ýa-da işlemeýändigini bilmeli.
Soňra Orenburga, Samara şol ýerlerdäki garnizonlary öwrenmäge ugramaly. Samarada aeroplan zawody barada attaşede bar bolan maglumaty barlap görmeli. Zawodyň näçeräk samolýot --uçar çykarýandygyny bilmeli. Bularyň daşyndan Priwolże harby okrugynyň goşunlarynyň ýerleşişini bilmäge girişmelidim. Özem işe ähli yhlasyňy, güýjüňi sarp etmeli diýdiler.
Grýaznew soňky işiň maňa agyr düşjekdigini attaşä aýtdy.
«Ol ýumşy SSSR-e gidýän polkownik bilen rotmistere tabşyralyň» diýdi. Attaşe garşy çykdy. «SSSR-e indi ugradyljak bir hanym bu wezipäniň hötdesinden geler. Komanduýuşiniň başyny aýlap, gerek maglumatlary alyp biler» diýdi. Şu ýerde ol birnäçe sözi fransuzça aýtdy. «Polkownikdir rotmistri
90
Gyzylordada gaz çykarýan, Samarada aeroplan zawodlaryny ýaryp ýok etmekde ulanmak ýerlikli bolar» diýdi.
Men Daşkende gaýdyp gelip, ähli maglumatlary ýazyp, ýörite adamdan Hajymyrada ugratmaly. Ol bolsa Maşada ibermeli.
Onsoňam men Daşkentde monarhistik ýaçeýkalary guramaly, polkownigiň we rotmistriň gelerine garaşmaly. Biri-birlerimizi suratlar boýunça tanamaly. Parol: «1923-nji ýylda Siz Krasnodarda bolduňyzmy?, Jogap: «Hawa». «Miwe kwasynyň söwdasyny etdiňizmi?». Jogap: «Hawa». Olaryň toplajak maglumatlaryny men suw bilen kagyza geçirip, Hajymyrada ibermelidim. Men - ortada duran aragatnaşykçy.
Martyň ýigrimi dördüne ýene harby attaşeniň ýanyna bardym. Meniň tabşyryga düşünişimi barlap gördi. Täze zat aýtmady. «Apreliň ikisine gutarnykly gürleşeris» diýdi. Oňa çenli her gün diýen ýaly Grýaznewiň ýanynda boldum. Iş
hakynda däl-de, umumy gürrüňler etdik. Gazet-żurnal okadyk.
Pariżde çykýan «Nowoýe wremýa» gazetinden «Bażenonyň SSSR-den gaçandygyny okap, Grýaznew: «Şeýle adamlar köpräk gaçaýsady» diýdi.
Ikinji aprelde attaşe meni kabul etmedi. Gyssag işi çykypdyr.
Üçünji aprelde bardym. Çaý, sigar hödür etdi. Dördünji aprelde gelmegi sargady. Şol gün maňa ýolbeledi görkezdiler. Ol Aşgabada çenli ugratjak. Soňra kabinete şofýor indus geldi.
Şofýor meni Goçanda äkitmelidi. Şol ýerde ýolbelet maňa garaşjak.
Bu meýilnama barada Grýaznewe gürrüň berdim. Ol oňlady. Edebiýatlary saýladyk.
- Ýolbelediň daş keşbini suratlandyryň - diýip, sesini çykarman diňläp oturan Bunkowskiý birden garaşylmadyk sowal berdi.
91
- Ä-ä-ä, daş keşbini diýýäňizmi? - Gulkin sakawlady, aljyrajak boldy.
- Hawa, hawa. Siz gördüňiz dälmi ony?
- Gördüm, gördüm - diýip, Gulkin gaýtalady.
- Aýdyp beriň onda. Çaltrak - diýip, Bunkowskiý oňa oýlanara salym bermedi.
- Kelte boýly, milleti kürt, dykyz, gyrçuw sakgally...
- Sakgalynyň reňki neneňsi?
- Goňras. Hawa, goňras sakgally. Çep ýaňagynda kiçiräk peşehorda yzy bar - diýip, Gulkin dymdy.
- Yzyny aýdyberiň.
- Onsoň maňa agşam altyda ýanyna barmagy sargap, Grýaznew işine gitdi. Günortan Sorokowin gelip, Grýaznewiň çagyrýandygyny aýtdy. Bardym welin Grýaznew maňa eneme ýetip sögünmäge başlady. Ýüzükessir çaldy. Iki bolup ýençdiler. «Dönük» diýdiler. «Persiýadakylar çekistlere el bermezler, SSSR-däki ak ýürekli adamlary howp astynda goýýarsyň» diýdiler.
Aşgabatdakam ruhany Ptisiniň ýanyndan çykyp nirä gidenimi soradylar. Şondan çykyp, behaileriň metjidiniň ýanyndaky öe girenimi görüpdirler. Nirede ýaşaýanymy bilmek üçin yzyma düşýän ekenler. Ertesi garawullanlarynda şol öýden papakly we pensneli ýaş ýigit çykypdyr. Yzarlasalar göni GPU-a baryp giripdir. Özem rugsatnama ýazdyrman, göni girip gitdi diýýärler. Soňrak bolsa şol öýe ýakasynda GPU-yň petlisasy bolan uzyn boýly harby adamyň girendigini görüpdirler. «Seniň satylandygyňa şübhelenemok. Derrew Maşatdan git, ýogsamam özümiz ýok ederis» diýdi. «Harby attaşeniň ýanyna baryjy bolaýma. Sen haýwan, ýyrtyjy, özüňi aklajak bolma.
Diňlemegem islämok» diýdi. Men yzyma Aşgabada gaýtmagy dogry tapdym.
92
Dört günden, ýagny onunjy aprelde pyýadalap Maşatdan gaýtdym. Goçanda baramda kerwensaraýyň ýanynda polkownige we rotmistre duşdum. Ýanlarynda başy çadraly aýalam bardy. Meni ugratmaly kürt bilen iňdus olary alyp barýardylar. Ählisi kürtleriň egin-başyny geýnipdir. SSSR-e ugraýan bolsalar gerek. Goçantda iki sagat çemesi bolup, Paçgyrana ugradym. Hiç ýerde eglenmedim. Gündiz 16.00-da serhetden geçdim. Guryhowdan zastawasynyň ýanynda dagdan aşak düşenimde, sakçy esger gygyryp saklady. Zastawanyň naçalnigine meni derrew Wasilýewiň ýanyna eltiň diýdim.
Bunkowskiý ondan käbir zatlary gaýtalap soramaga başlady.
Änigine-şänigine ýetmekçi bolýardy.
- Gaty ýadawlygym zerarly käbir jikme-jiklikleri unudan bolmagym ahmal. Goşmaça aýdaryn - diýip, gözleri süzülip ugran Gulkin ýalbaryjy äheňde gepledi.
Bu günlükçe bes etdiler. Ertesi Bunkowskiý soragy dowam etdirende, düýbünden başga hörpden gopdy. Bunkowskiý serhetden geçip, Grýaznewiň ýanyna barandan soň nirede bolandygyny, kim bilen duşuşandygyny, näme gürrüň edendigini birin-birin aýtmagyny talap etdi. Bolan ýerleri barada sagatma-sagat hasabat talap etdi.
- Bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň on dokuzynjy martynda Grýaznew meni emigrant Sorokowiniň ýanyna ugratdy. Şonuň hasabyna ýaşadym. Puly Grýaznewden alan bolsa gerek - diýip, biraz säginen Gulkin ýene gürlemäge başlady. - Sorokowiniň özi ýanwar aýyndan bäri hiç ýerde işlemändir. Ondan öň Alyýewiň pagta arassalaýan zawodynda maşinist bolupdyr. Gep arasynda ol «Men iňlislere uly iş etdim»
diýip dilinden sypdyrdy.
Ertesi ikimiz şähere çykdyk. Ambarsumýan diýen ermeniniň naharhanasyna bardyk. Naharhana «Şark» garażynyň ýanynda
93
ýerleşýär. Ptisin, Tatarinsew, Boris Karýagin naharlanyp otyrdylar. Olar iýip bolanam bolsalar bize garaşdylar.
Naharhanadan çykanymyzdan soň Sorokowin gitdi.
- Nirä gitdi?
- Bir malakan zenanyň ýanyna barmakçydygyny aýtdy.
Ptisin ikimiz gürleşdik.
—Beýlekiler nirededi?
—Tatarinsew, Karýagin öňräge gitdiler. Ptisin ikimiz yza galdyk.
- Hawa, näme gürrüň etdiňiz? Ýekeje sözünem galdyrman doly aýt - diýip, Bunkowskiý hemleli buýurdy.
- Ptisin: «Nähili gidip geldiň? Beýle çalt yzyňa dolanmagyň sebäbi näme?» diýdi. Menem Tähranda işler şowuna düşmedi diýdim. Ptisin gülümsiredi. “Russiýa gideniňi gowy bilýän”
diýdi.
- O niçik Russiýa? - diýip, Bunkowskiý sorady. - Sen Orta Aziýa gaýtdyň ahyryn?
- Ol ýerde, serhediň aňyrsyndaky monarhistler SSSR
diýmeýärler. Ak patyşanyň hökümini ýöreden ähli territoriýasyna Russiýa diýýärler -diýip, Gulkin sowala jogap berdi-de, gürrüňini dowam etdi. - Hawa, Ptisin: «Russiýa gideniňi bilýän» diýdi welin, men beýle däldir diýen boldum.
- Ol seniň bärik gaýdanyňy nireden bilip ýör?
- Häzir aýdaýyn. Ptisin maňa: «Ogluňyzyň aladasyny etmäň, ony Grýaznew öz howandarlygyna aldy» diýip, kime aýtdyňyz diýdi. Men bu sözleri Aşgabatda onuň kakasyna aýdypdym.
Ptisin: «Karýagin ikimiz ýaňy SSSR-den geldik» diýdi.
- Ýaňyja olar SSSR diýmeýär diýip tassyklaýardyňyz-la?
- Men özüm SSSR diýäýýärin-dä. Olaryňam içinde gabat gelýär, şeýle diýýänleri. Ýöne esasan Russiýa diýýärler. Ptisin maňa: «Gyzylarbatda hem Maryda boldum. Aşgabatda öýmüze barmadym» diýdi.
94
- Öýlerine barman, siziň aýdan sözleriňizi nireden bilipdir?
- Kakasy bilen başga ýerde duşuşypdyr.
- Nirededigini aýtmadymy?
- Ýok, aýtmady. Dogrusy sorabam durmadym.
- Soramaly ekeniňiz. Siz razwedkaçy. Ähli zady soramaly, bilmeli.
- Ptisin meniň yz ýanymdan iňlisleriň tabşyrygyny alyp, bärik gaýdypdyr. Karýagin Termeze barypdyr. Men oňa SSSR-de-de, Aşgabatda-da bolmandygymy aýtdym. Maşatdan gaýdýançam şol naharhanada Ptisin, Tatarinsew, Karýagin dagymyz her gün görüşýärdik. Ýöne soňra ýokardaky ýaly gürrüň etmedik.
- Olar iňlis konsulhanasyna barýarmydylar?
- Ptisinem, Karýaginem iňlis attaşesi maýoryň ýanynda görmedim. Olaryň iňlisler bilen arasynyň bardygy şübhesiz.
Sebäbi attaşe maňa bir gezek: «SSSR-e Karýagin bilen gitjekmi?» diýdi. Karýagin maňa ýolbelet bolmaly bolsa gerek diýip çakladym. Men maýora kim bolsa-da tapawudy ýokdugyny, ynamly adam bolsa bolýandygyny aýtdym. Maýor Karýagine başga-da tabşyryk berendir hasap edýärin. Karýagin meniň bilen bir wagtda SSSR-e ugradyljak bolnandyr. Ol eýýäm bärik gelendir. Aşgabatda bolmagam mümkin.
- Karýagin barada näme bilýärsiňiz?
- Ozal Aşgabatda tokar bolup işläpdir. Dogrusy anyk aýdyp biljek däl. Şeýleräk diýip eşitdim. Poltoraskiý stansiýasynyň deposynda işlän bolmaly. Özi ýigrimi bäş - ýigrimi ýedi ýaşlarynda, ortadan pes boýly, sarýagyz, dykyz, sakgal-murtuny syrýar. Maşatda garamtyl çal kostýumly, galstukly, goňras botinkaly gezýärdi. Ýygy-ýygydan «Düşünýäňmi?» diýen sözi gaýtalaýar. Kakasy Lew Karýagin Daşkentde ýaşaýar, adresini bilmeýärin. Karýagin geçen ýylyň dekabrynyň başynda, Persiýa gaçyp gidipdir. Şol aýyň 22-sine çenli Maşadyň nazmiýesinde
95
saklapdyrlar. Boşadylandan soňra Oganowyň ýanyna işe geçipdir. Ptisin we Tatarinsew hem şol ýerde işläpdirler.
Sözüne biraz dyngy beren Gulkin;
-Aşgabatdan Ýakow diýen birisem Karýagin bilen Persiýa gaçyp barypdyr – diýip, öňki aýdanlarynyň üstüne goşdy.
- Familiýasy näme?
- Familiýasyny bilemok.
- Ýaramaz. Gaty ýaramaz ýagdaý - diýip, Bunkowskiý närazylyk bildirdi. -Şunça wagtda müň ýerde familiýasyny anyklara mümkinçilik dörändir.
- Eşidenem bolsam, familiýasyny, hakydamda galmandyr -
diýip, Gulkin sypalga agtardy. - Ýigrimi sekiz ýaşynda, ortadan pes boýly, melemtil saçly, hortaňrak, ýokarky alyn dişi ýok, intelligent sypatly. Gaçmaklarynyň sebäbini anyklap bilmedim.
Karýaginiň aýtmagyna görä, ol Ýakowy demirýola işe ýerleşdirjek bolanda, bir ýakymsyz ýagdaý ýüze çykypdyr.
Maşatdan ilkinji gezek bärik, Aşgabada gaýdanymda, ýagny şu ýylyň ýigriminji ýanwarynda Karýaginem, Ýakowam hiç ýerde işlänokdylar. Nädip günlerini görýändiklerinden bihabar.
SSSR-den yzyma gaýdyp, Maşada baranymda Ýakow eýýäm ýokdy. Men gaýdýançam gelmedi. Niräk gidenini sorasam, Ptisin «Bilemok» diýdi. Tatarinsew we Karýagin Ýakow bilen sögüşipdirler. Sebäbini aýdanoklar.
- Grýaznew olara nähili garaýar? Gatnaşýarlarmy?
- Ptisine-de, Karýagine-de Grýaznewlerde gabat gelmedim.
Ýöne edebiýat almaga onuňka barýandyklaryny bilýärin.
Grýaznew olara «Ýeňilkelle» diýýär. «Karýagin alkogolik, neşebent. Şoňa görä-de islendik terroristik akt geçirmäge ukyply» diýýär.
Sowalyny tamamlap Bunkowskiý Gulkini kamera ugratdy.
- Meni öe göýberjek dälmi?—diýip, ol mönsürän boldy.
96
- Entejik gyssanma. Aýdan zatlaryňy barlap göreliň. Çyn bolsa oýlanarys. Eger ýalan bolaýsa ... - Bunkowskiý başyny ýaýkady. - Ýalan bolaýsa, biz bilen oýun etmeli däldigini mazalyja bildireris. Gabra girýänçäň ýadyňdan çykmaz.
Bunkowskiý şu sözleri aýdýarka, Gulkini ýagşyja synlady.
Eger ýalan bolaýsa diýip sesini batlandyranda, Gulkin ýüzüniň boz-ýaz bolanlygyny saýgardy. Saklawyň öňüne düşüp, boýnuny sallap, kamera tarap ugran Gulkiniň yzyndan seredip, Bunkowskiý başyny ýaýkap galdy.
HOWSALALY AGŞAM
Üçünji gije olar duşuşdylar. Karýaginiň ýeke özi geldi.
Abiýat hanym gapyny açyp, öe girmegi mürähet etdi.
Hajymyrat hat ýazylýan stoluň başynda otyrdy. Gözi pensneli, egni garma donly, sakgalyna çal sepip ugran polkownigi myhman geň galyp synlady. Hajymyradyň ýüzüniň agyrdygyny görüp, howy basyldy. Pensnäniň aňyrsyndan dikanlap garaýan gözler gaharlydy, dalarly görünýärdi. Salamlaşan batlaryna polkownik özüniň närazylygyny bildirdi.
- Siz özüňizi seresapsyz alyp barýarsyňyz - diýip, polkownik gahar gatyşyklam bolsa, sesine bat bermän berk aýtdy. - Şeýle möhüm zatlary aýallara ynanýarsyňyz. Haty, şifri beripsiňiz.
Lakamyňyza çenli aýdypsyňyz.
- Bilýäňizmi näme, men ... - diýip, aýdara söz tapmadyk myhman utançly dymdy. Aýdylýan zatlar dogrudy.
- Siz meniň göz astyndadygymy bileňzokmy? Bilmeýän bolsaňyz, alyň, görüň - diýip, polkownik myhmanyň öňüne gazetden kesilip alnan makalany süýşürdi.
Karýagin ony okap çykyp, bolan işe ötünç sorady.
- Grýaznewiň daş keşbi neneňsi, aýdyp beriň - diýip, Hajymyrat myhmana buýruk berýän äheňde diýen ýaly gepledi.
97
Özüne henizem ynanylýan däldir öýden Karýagin Grýaznewi suratlandyrmaga başlady:
- Uzyn boýly, goňras saçly, indi birneme küýkeripdir.
Murtlary aşak sallanyp dur.
Içgilem bolsa Karýagin dogry aýdyp beripdi. Polkownik muny öz ýanyndan belledi. Karýagin monarhistik edebiýaty, ýüzüne adresler ýazylgy esgini –polotnony öý eýesine berdi.
Kiçijik çüýşejigi hem gowşurdy. Ol gizlin hat ýazmak üçin dermandy.
- Men mundan Daşkende, Samarkanda, Gyzylorda, Samara ugrajak. Bir aý dagy syýahat edip, yzyma - Aşgabada geljek -
diýip, Karýagin düşündirmäge girişdi. - Baran ýerlerimden gören-bilen zatlarym hakda size hat ibererin. Sizem ony Grýaznewe ugratmaly. Meniň hatlarymyň içinde arassa ak kagyzam bolar. Oňa hiç zat ýazmaly däl. Onda gizlin, bildirmeýän ýazgy boljakdyr.
- Men olary nädip gowşurmaly? - diýip, polkownik sowal berdi.
- Bir pars adamsy bar. Şol hatlary serhediň aňyrsyna alyp gider.
- Ony nädip tanamaly, nirede ýaşaýar?
- Ertir agşam men ony size alyp gelerin. Görüşersiňiz, nähili habarlaşmakçydygyňyzy gürleşersiňiz.
- Bolýar - diýip, Hajymyrat makullaýjy äheňde baş atdy. -
Grýaznewiň bu işleri geçirmäge serişdesi barmy ýa-da bärden taparyn öýdýärmikä?
—Men ol meselelere gatyşamok. Habarym ýok. Özüme tabşyrylan işi bilýärin.
- Eger haty gassagly ibermeli bolsa, hakyna tutup, bir türkmeni ibersem, oňa puluny tölärlermi?
- Ony tölärler. Arkaýyn bolaýyň.
98
- Gulkiniň keýpi niçik? - diýip, Hajymyrat myhmanyndan sorady.
- Gulkin ol ýerde sakgalyny goýberdi. Indi oňa «Goja»
diýýärler - diýip, Karýagin göwünjeň gepläp başlady. - Ýöne ony halanoklar. Ynananoklaram. Tabşyrygy ýerine ýetirip bilmändir, bärik gaýdanda. «Horlandym, mätäçlik çekdim»
diýýär.
- Siziňem içgili gezmäňiz bolanok - diýip, Hajymyrat myhmanyna ýene igesini sürtdi. - Tabşyryk örän jogapkärli.
Seresaplylygy elden bermeli däl.
- Işiň çynlakaýdygyny bilýärin - diýip, özüni oňaýsyz duýan Karýagin öwünjeňlik edip, birnäçe sözleri madyrdady: - Men synagdan geçen adam. Grýaznewem, Makarowam maňa doly ynanýarlar.
Myhman turmakçy boldy. Polkownik onuň ýeke özüniň azaşman ýoluny tapjagyny - tapmajagyny sorady. Ýeke gelendigini ýatlatdy.
- Men Aşgabatda doguldym. Şähere belet diýip, Karýagin gapa gönükdi.
- Onuň ýaly bolsa, men arkaýyn - diýip, Hajymyrat ony ugratdy. Orta boýly, saryýagyz Karýagin ýaş ýigitdi. Polkownik
«Içgi ony gartaň görkezýär» diýen netijä geldi. Karýagin Hajymyrat bilen hoşlaşdy-da, Krupskaýa köçesine düşüp, Karl Marks meýdanyna tarap ýöräp gitdi.
Bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň aprel aýynyň 21-ine Karýagin şertleşilişi deýin pars adamy yzyna tirkäp getirdi. Karýagin ýene-de zordan aýak üstünde durýardy.
Abiýat hanym adamsynyň öýde ýokdugyny aýdanda, «Tapyň»
diýip dyzama kemini goýmady. Abiýat hanymam, öýdäki myhman hem Karýagini ýanyndaky parsy tanadylar. Ol ortadan uzynrak boýly, ýaş adamdy. Hajymyradyň myhmany onuň ozal
99
etçiniň ýanynda işländigini ýatlady, Abiýat hanym onuň ýigrimi birinji ýyldan bäri partiýa hataryndadygyny aýtdy.
Hajymyrat apreliň ýigrimi ikisinde agşam hiç ýaňa gitmän, öýde oturdy. Emma Karýagin gelmedi. «Içip bir ýerde ýykylyp galan bolaýmasa?» diýip, polkownik çen etdi. Näme üçindir polkownik bu agşam janyna aram tapanokdy. Hemişeler ony-muny ýazyp, az-kem işlärdi. Bu agşam işläbem bitiren goşy bolmady. Küýi-köçesi daşardady. Myhman bolsa gara berenokdy. Düýn gepleşip görenden ondan göwni geçipdi.
Serhet aňyrsynda hereket edýän gizlin guramanyň Gulkin we Karýagin ýaly tipleri jogapkärli işe ugratjagyna ynanmak kyndy. Olaryň GPU-yň özüniň iberýän agentleri däldigine kim güwä geçip biler? Kellä her tüýsli howsalaly pikirler gelýärdi.
Çagalary ýatyryp, giçlik Abiýat hanym adamsynyň ýanyna geldi. Hajymyrat aýaly gapyny açandan ýylgyryp, hoşamaýlyk etdi. Myssyjak sözler aýdyp, aýalynyň göwnüni göterdi. Abiýat adamsynyň kalbynda bir howsala, alada-ünji bardygyny zenan duýgurlygy bilen bada-bat duýdy. Özi dillenerine garaşdy.
Ahyram takady ýetmän:
- Lolluk, saňa näme bolýar? - diýip, gönüläp sorady.
- Hiç zadam bolanok - diýip, Hajymyrat özüne zor salyp ýylgyrdy. -Seniň göwnüňedir, Aboçka.
- Men görüp durkam, boýun almajak bolup oturmasana, Lolluk. Aýt, maňa, belki, kömegim deger.
Hajymyrat ogurlykda tutulana döndi. Emma syr bermedi.
Muzeýiň işindäki kynçylyklardan zeýrenmäge başlady. Az salymdan iş barada çyna berimsiz, hyjuw bilen gürrüň berýändigini Hajymyradyň özem duýdy.
- Lolluk, men semawary otlapdym. Adama birje käse çaý içeli - diýip, Abiýat hanym ýerinden turdy. - Häzir demläp geleýin. Yzyny onsoň gürrüň berersiň.
100
Aýaly gidensoň, polkownigi ýene-de gam-gussa basdy. Ünji-aladasy barada Abiýat hanymyň hiç zat aňmandygyna begenýärdi. Ol ýassyk aldy-da, arkan düşdi. Üçege garap ýatyşyna çagalyk ýatlamalaryny boýlap başlandygyny özem duýmady. Çaý başynda muzeýiň işinden söz açylmady. Abiýat hanym çaý getirende, polkownik gözlerini süzüp, ýylgyryp ýatyrdy. Abiýat hanym usullyk bilen çaýy goýup adamsynyň üstüne abandy:
- Dogryňy aýt, näme gülýärsiň?
- Ýadyma düşýär - diýip, Hajymyrat aýtdy. - Obamyz, çagalyk ýyllarym.
- Aýdyp bersene. Hezil edip diňlärin. Aýt, Lolluk.
Lolluk aýtmaga ýaltanmady. Elbetde, üstüne goşubrak, artdyryp, gülşükli ýerlerinem, gorkuly ýerlerinem laýyklap gürrüň berdi. Ýaňy mekdebe gatnap ýören oglanka, okýylanyň hinini gorjalandygyny, onuň yzyndan kowalap oba gelendigini hasam süýjüdip aýdyp berende, Abiýat hanym gülüp-gülüp hezil etdi. Okýylandan gaçanda gaty gorkandygyny, tas ýüreginiň agzyndan çykara gelendigini gizläp oturmady, gaýtam bolşundanam beter artdyrdy.
- Oba ýylan getiren bolsaň, kakaň muzduny berdimi?
- Ýok - diýip, Hajymyrat ap-arkaýyn gürledi. - Kakam barmagynam batyranok.
- Urmadymy?
- Ýok-la.
- Hiç zadam etmedimi?
- Hiç zat edenok. Kowalady.
- Jyrraýlyp gaçdyňmy?
- Aýak adama näme üçin berlipdir? Elbetde, ylgamak üçin.
- Gaçmak üçin däl-ä.
- Görogly begem: «Gaçyşym bar kowuşyma bermenem»
diýipdir.
101
- Kakaň tutaýan bolsa, mazalyja eýiňi ýetirerdi.
- Eline düşäen bolsam, atjak ekeni.
- Goýsana, aldama - diýip, Abiýat hanym gözlerini tegeledi.
- Eger çynym, Aboçka. Şol gezek eline düşäen bolsam, sen ärsiz galardyň.
- Çyndanam ataýardymyka? - diýip, aýaly gorkuly gözjagazlaryny tegeledi.
Lolluk oba ýylan getirende, Hojamyrat arçyn, elbetde, gaharlanypdy.
- Häý, seniň bir... - diýip, topulyp bir şarpyk çalypdy. Lolluk duran ýerinden göterdi ökjäni. Ýetdirmän sypdy. Dogrusy arçyn ýetjegem bolup durmady. Il gözüne haýbat atdy. Atmak gürrüňini Lolluk häzir özünden tapyp, kakasyna diýdirýärdi.
Aýallara nähili gürrüň bermelidigini polkownik gowy bilýärdi.
- Soň öýňüze gelende-de, zat degmedimi? - diýip, geň galan aýaly çyny bilen soraýardy.
- Sona ejemiň ýanyna gaçyp ýetibilseň, hiç zat degdirenokdy.
- Kakaň ondan çekinýärmidi?
- Ýok-la, çekinermi? - diýip, Hajymyrat sowaly gaýtalady. -
Gowy görýärdi. Sona ejemi. Näme diýse edýärdi. Meniň sen näme diýseň edişim ýaly.
Polkownik şu sözleri aýdyp, mekirlik bilen gözlerini güldürdi. Abiýat hanym özüne kakdyrylýandygyna düşündi.
Hoşal bolup ýylgyrdy.
- Ýöne kakamam heleý guludyr öýdäýme. Bir zada küýüni dikdimi, şony hökman edäýmelidir - diýip, polkownik eýýäm başga hörpden gopdy. -Maňa degmäýin diýip Sona ejeme söz berdi. Şonda-da maňa temmi berdi.
102
- Näme etdi?
- Gözüm görmesin diýägeden Orsyýede okuwa iberäýdi-diýip, Hajymyrat çyna berimsiz aýtdy-da ýylgyrdy.
- Ýene degişýärsiňmi? Seniňem oýnuňa-çynyňa düşüner ýaly däl, Lolluk -diýip, Abiýat hanym adamsyna hoşamaýlyk edip, eginlerine ýaplandy.
TUTMALY DÄL. YZARLAMALY
Gulkiniň şowsuzlyga uçramagy kontrrazwedka otdeleniýesiniň ýolbaşçysynyň keýpine sogan dograpdy.
Türkmenistan SSR GPU-nyň başlygynyňam öňküligi ýokdy.
Hajymyradyň özlerine kömek bermäge razy bolanyna göwünleri göterilen GPU-çylaryň ýüzi salykdy. Gulkiniň beýdip yzyna gelmeginiň üstesine Karýaginiň Aşgabada gelenindenem bihabar galypdylar. Diňe Hajymyrat Karýaginiň öýlerine gelendigini, Grýaznewden hat we şifr alyp gelendigini aýdanda bildiler.
Wasilýew çyndan aýaga galmaly boldy. Karýaginiň nirede bolýandygyny anykladylar. GPU-yň jansyzyny onuň bilen duşurdylar. Karýagin jansyzyň öýünde ýaşap başlady. «Onunjy»
lakamly ol jansyz köp zatlary bilmäge kömek etdi. Boris Karýagin apreliň on üçünde Persiýadan Aşgabada gelipdir.
Samarada, Orenburgda, Perowskide, Daşkentde, Çimkentde, Poltoraskide goşunlaryň ýerleşişini, kysymlaryny anyklamakçy.
Ilki Aşgabatda kerpiç zawodyň ýanynda bir parsyň öýünde boldy. Soň Hitrowka, Malewiň jaýyna geçdi, deponyň işçisi Tolkaçýowlarda ýaşady. Häzir komsomol köçesinde ýerleşdi.
Bir ýerde durmaga çekinip, tiz-tizden ýerini üýtgedýär.
Boris Karýaginiň ýeke özi. Serhetden geçende bir kürt ugradypdyr. Olam Aşgabatda bolmaly. Boris söz beren güni agşam Hajymyratlara barmady. Munuň sebäbini hökman
103
anyklamalydy. Nä hyýala münenini bilmelidi. «Ýa-da Daşkende sary ugraýjakmyka?» diýip, Wasilýew pikir öwürdi. Ol sagadyna seretdi. Ugramaga çen bolupdy. Ýene-de ýarym sagatdan «Onunjy» belleşilen ýere gelmelidi.
«Onunjynyň» getiren habaryny eşiden Wasiýew aýagy bişen ýaly zowzullaberdi. «Onunja» gyssagly tabşyryk berdi-de, duran ýerinden GPU-a tarap eňdi. Göni Karuskiniň kabulhanasyna bardy. Gyssagly habar bardygyny aýtdy. Ony şol bada GPU-yň başlygynyň ýanyna goýberdiler.
- Nähili gowy habar bilen begendirersiňiz? - diýip, Karuskiý degişme äheňinde sorady. Wasilýewiň ýüzüne gözi düşenden gowulyk däldigini aňdy.
- Begendirerin diýsem-ä öte geçdigim bolar - diýip, Wasilýew aýtdy. -Karýaginiň özi gitmändir-de, sapara başga birini iberipdir.
- Kimi?
- Grigorew familiýasy, ady Nikolaý. Perwyşewiň üsti bilen tapyp, razy edipdir. Razwedka häsiýetli tabşyryk berip, tiz ýöreýän-- skoryý otluda ugradypdyr.
Karuskiý sagadyna seretdi.
- Diýmek, onda ýola düşenine ýarym gün dagy geçipdir -
diýip, GPU-nyň başlygy gaharlandy. - Biz näme sebäpden elmydama gijä galýarys. Wakalary soňundan bilýäris?
Kontrrazwedkanyň şefi sesini çykarmady. Karuskiý sowala jogap berilmegini talap etdi.
- Biziň Maşatdaky rezidenturamyz ýaramaz işleýär.
- Ýaramazdanam erbet - diýip, Karuskiý batly gepledi. - Iňlis razwedkasydyr akgwardiýaçylaryň janlanýandygy görnüp dur.
104
Biziň ol ýerdäki razwedkaçylarymyz bolsa agyzlaryna siňek gonduryp, pallap otyrlar. Hiç zatdan habarlary ýok.
- «Wasdan» hemem «Bugordan» düýnki gelen doneseniýe bolaýmasa, başga maglumat ýok - diýip, Wasilýew Karuskiý bilen bir hörpden gopdy. Maşatdaky razwedkaçylardan düýnki gelen maglumatda Ptisiniň «Wasyň» ýanyna gelip, sowet konsuly bilen duşuşmaga audiýensiýa-- rugsat sorandygy aýdylýardy. Konsul Ptisini kabul edipdir. Özüniň aýtmagyna görä, iňlis konsulhanasynyň tabşyrygy boýunça Ptisin basym bize tarap gaýtmalydy.
- «Zarýankadan» habar-hatyr ýokmy?
- Golaýda Maşada bardy. Grýaznew ony ýaramaz görmeýäne meňzeýär. Pagta zawodyna işe ýerleşdiripdirler. Biz
«Wasa» «Zarýankany» tapyp, maglumat almagy tabşyrdyk.
- Başga täzelik barmy?
- Tatarinsew Horasandan gürüm-jürüm boldy. Biziň territoriýamyza geçendir diýmäge esas bar. Karýaginiň bloknotynda hem onuň familiýasy ýazylgy. Nirededigini gözleýäris.
- Ýaramaz. Juda ýaramaz - diýip, Karuskiý baha berdi. -
Gulkin, Karýagin, Tatarinsew - üç adam serhetden gizlin geçip gelýär. Üç jansyzdan-- şpiondan biriniňem barýandygy hakda Maşatdaky rezidentlerimiz bilenok. Daşkende iberjek hasabatyňyzda şu fakta-- ýagdaýa ünslerini çekiň.
—Bolýar. Aýdyşyňyz ýaly ederin.
—Grigorew barada näme bilýäňiz?
- Nikolaý Grigorew Hitrowkada ýaşaýar. Işsiz. Aýaly, iki çagasy bar. Ozal demir ýolda gulluk edipdir. Şonda işsizlere berilýän nahar talonyny paýlamaga dahylly hyýanatçylykda aýyplanypdyr. Perwyşew Grigorewe 200 manat berdi.
- Karýaginiň nähili hyýalynyň bardygyny bilýärmisiňiz?
105
- Ol Grigorewe garaşmakçy. Biziň jansyzymyz ertir Perwyşewiň üsti bilen aragatnaşykçy parsy görmekçi.
Karýaginiň bloknotyndaky ýazgylaryň göçürmesini ele saldyk.
Karýagine talaňçylyk edendigi zerarly sekiz ýyl iş kesilipdir öň.
Izolýatordan—gabawhanadan Persiýa gaçypdyr. Iki bolup gidipdirler. Beýlekisi häzir Persiýada şofýoryň kömekçisi bolup işleýär.
- Perwyşewler barada doklad etjek zadyňyz barmy?
- Georgiý Perwyşew depoda işleýär. Ozal sud edilen.
Dogany Iwany kontrrewolýusion hereketi sebäpli aýratyn bölüm atypdyr. Ikinji dogany Aleksandram Karýaginden gaça duranok.
Habarlaşýar. Karýaginiň ýanynda iki sapar Hajymyratlara bardylar.
- Häziriň özünde Daşkende Grigorewiň ugrandygyny habar ediň. Ýazmaça hasabaty taýýar bolan badyna getiriň, eglemän ugradalyň.
Wasilýew Grigorew barada Daşkende, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyna gyssagly habar berdi.
Ozal taýýarlap goýan ýazmaça hasabatyna-da ol baradaky maglumatlary goşup, goluny çekip, Karuskä eltip berdi.
- Şu ýylyň ýigriminji aprelinde iňlis razwedkaçysy Nikolaý Grigorew tiz ýöreýän dessin otlusynda Samara ugrady - diýip, Karuskiý hasabaty daşyndan okamaga başlady. - Ol Daşkendiň üstünden gider. Grigorewiň belgileri: kelte boýly, melemtil saçly, sakgal-murtuny syrýar, ýigrimi alty ýaşynda, ýaňagynda meň bar, sary botinkaly, gara papakly. Bilýardy gowy oýnaýar, elmydama bilýard oýnalýan jaýda gabat gelýär. Grigorew familiýasyny üýtgedenok. Öz dokumentlerini alyp gitdi. Tapyp göz astyna almaly, yzyna düşmeli. Tussag etmek gerek däl.
Grigorewiň Karýaginiň tabşyrygy boýunça barýandygy habar berlipdi. Jikme-jiklikleri goşmaça habar ederis.
106
Sesli okap başlanam bolsa, GPU-yň başlygy soňra içinden okamaga geçdi. Hasabat eslije bardy. Karýaginiň ýolbelediniň we bärde kömek edip ýören parsyň gözlenýändigi aýdylyp, ýakyn günlerde taparys diýip wada edilýärdi.
- Karýagin Grigorew gelýänçä «Onunjylarda» ýaşaýar -
diýip, Karuskiý ýene daşyndan okap ugrady. - Ol «Onunjyny»
Maşada çagyrýar. Biz ony Karýaginiň ýanyna goşup ibermek gerek hasap edýäris. Onuň Grýaznew -iňlis konsulhanasy liniýasyna çuňňur aralaşyp bilmegi mümkin.
Adam öldürendigine görä «Onunjy» iki gezek halk sudy tarapyndan atuwa höküm edilen. Iki saparam gaçypdyr. Soňra amnistiýa düşüp, alty ýyl oturyp gelipdir. Ozal demirýolda, telegrafda işlän, gyzyl goşunda gulluk edip, Zakaspi frontuna gatnaşan. Aşgabatda ejesi we iki sany uýasy ýaşaýar. Günäsini ýuwup, deňhukukly raýat bolmak üçin biziň ähli buýrugymyzy berjaý etmäge taýýar. Karýaginiň işi boýunça özüni diňe gowy tarapdan görkezdi.
GPU-yň başlygy hasabatyň galan bölegini ýene içinden okady. Käbir owunjak düzedişler girizdi-de, goluny çekdi.
Hatyň ahyrynda, özi bilen Wasilýewiň golunyň aşagynda boş
galan ýere ýazgy etdi:
P.S.
I. «Onunjyny» Maşada ibermänkäk, şu ýerde Karýaginiň işi boýunça gowy barlarys. Syýasy tarapdan ol hiç zat. Iki gezek atuwa höküm edilen. Persiýa gaçyp, Faraç hanyňkyda ýaşapdyr.
Meýletin yzyna dolanyp gelip, alty ýyl oturyp çykan. Biziň aýratyn maslahatymyza düşdi. Hereketleri, günäsini ýuwmak islegi ýürekden ýaly. Men ony boşatmaly diýip sanksiýa berdim. Onuň doganyny üçlük atuwa höküm edipdir. Bu ýerde ejesi we uýalary ýaşaýar.
107
II. Tatarinsewi tapjak bolup jan edýäris. Aşgabatda däl bolsa gerek. Orta Aziýanyň başga ýerlerinden, belki, Kerkiden, Termezden gözlemelidir.
III. Ptisini tapaýsak ýa-da özi gelse, bize olary agtarmaga oňat kömek bolardy.
IV. Perwyşewler berk gözegçilik astyna alyndy.
GPU-yň başlygy hasabatyň yzyna ýazan gysgaça goşmaçasyna-da gol çekdi. Hasabat gyssagly Daşkende, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyna ugradyldy.
Karuskiý bu habaryň ygtyýarly wekilhanadakylary oda düşürjekdigini bilýärdi. Orenburga, Samara, Samarkanda, Buhara hem Daşkende iberilen telegrammalarda Grigorewiň daş
keşbi barada, iňlis razwedkaçysydygy hakda habar berdiler.
Gözläp tapmagy, yzyna düşmegi, duşuşan adamlaryny hasaba almagy haýyş etdiler. Yzyna düşmäge razwedkaçy goşup bilmedik. Sebäbi Grigorewiň ugranyny ertesi bilip galdyk diýip görkezdiler. Grigorewi tapan batlaryna telegraf arkaly habar etmegi tabşyrdylar. Ygtyýarly wekilhanadan hem şeýle görkezme beriljekdigi aýandy. Ýöne Aşgabatdanam haýyş
edilmegi möhümdi. Iň bolmanda bizem gol gowşuryp oturamzok diýmäge delil boljakdy.
Iberilen habarlaryň täsiri ertesi duýlup ugrady. Ygtyýarly wekilhana «Karýaginiň dostlary göz astyna alyndymyka?
Gyssagly mälim ediň! Grigorewiň yzyna razwedkaçy düşürmän goýberilmegi gaty erbet ýagdaý. Karýagin haçan ugraýar?»
diýip soraýardy.
Türkmenistan SSR GPU-nyň başlygy munuň Grigorewiň ugrandygy baradaky gyssagly habaryň täsiridigini bilip durdy.
Karuskiý Grigorewiň ugramagyna dahylly maglumatlary gowşan badyna nirededigine garamazdan, özüne gyssagly görkezmegi tabşyrdy.
108
Daşkende iberilen hasabata kän garaşdyrman jogap geldi.
Ygtyýarly wekilhana ertesi gün özüniň garaýyşlaryny Aşgabada ýetirdi. Dogrusy munuň özi buýrukdy: 1. Karýaginiň ähli gatnaşyk edýän ýerini ýüze çykarýançaňyz daşky gözegçiligi we içerki agenturany ulanyp berk yzarlamaly.
2. «Onunjy» bize wepaly ýaly görünse-de, örän howply figura. Karýagin şolarda ýaşaýar. Ikisi bile serhoşlyk edýändir.
Içen wagty samramagy mümkin. Şonuň üçin «Onunjyny»
Karýaginden daşlaşdyrmaly. Has ynamdar agent bilen çalşyrmaly.
3. Doganlar Perwyşewlere aýratyn üns bermeli. Grigorewi satyn almaklary olaryň janlanmagynyň, aktiwleşmeginiň ähtimaldygyny görkezýär. Gatnaşyk edýänleriniň kimlerdigini sünneläp öwrenmeli, ähli jikme-jikliklerine çenli bilmeli.
4. Karýagini Aşgabada getiren ýolbelet kürti her zat etmeli welin, hökman tapmaly. Onuň Aşgabatdaky tanyşlaryny-da gözden salmaň.
5. Karýaginiň öýünde ýaşan parsy hem tapmaly. Onuň öýi iňlis razwedkaçylarynyň gizlin duşuşyk ýeri bolaýmasyn?
6. «Onunjyny» Maşada ibermeli diýen gürrüňi goýuň.
Karýaginiň Hajymyratdan başga kişi arkaly Maşat bilen habarlaşmagyna ýol bermäň. Hajymyradyň üsti bilenem biziň görkezmämiz bolýança, Maşada hiç zat habar bermeli däl.
7. Grigorewiň apreliň ýigrimisine ugraýandygy barada maglumat alyp, bize telegrammany has giç ugratmagyňyz örän geň. Bizi ony otludan düşen badyna daşky gözegçilige almak mümkinçiliginden mahrum etdiňiz. Ol Samara göni geçdimi ýa-da Daşkentde galdymy, indi bize aýdyň däl. Ony şu ýerde tapsagam, Samarada tapsagam, size habar ederis.
Karuskiý okap bolup, birsellem oýlanyp oturdy. «Onunjyny»
Maşada ibermek baradaky teklibiň goldanylmazlygy birazajyk
109
çetiňe degýärdi. «Zyýany ýok – diýip, Karuskiý içinden oýlandy. - Bular bir hyýala münüpdirler» diýen netijä geldi.
Buýrukda aýdylýan zatlar eýýäm edilip ýördi. Esasy çäre görmelisi «Onunjy» barada aýdylanlardy. GPU-yň başlygy Wasilýewi çagyryp, haty berip, pikirini sorady. Ýolbelet kürti hemem aragatnaşykçy bolmaly parsy gözlemegi güýçlendirmegi tabşyrdy. Karuskini iňkise goýýan zat başgady. Grigorew tapylanokdy. Edil guýa gaçana dönüpdi.
Bäş günden samaraly çekistler Grigorewiň otludan düşen badyna gözegçilige alnandygyny habar berdiler. Iki gün şäherde bolup, Grigorew gözegçilikden sypmagy başardy. Samaradan ol 6-njy otla münüp, Daşkende ýa-da Aşgabada ugrandyr öýdüp çaklanylýardy. Orenburga hemem Gyzylorda Daşkentden gyssagly telegramma ugradyldy. Grigorewiň daş keşbini salgy berip, göz astyna almak haýyş edilýärdi. Tejribeli razwedkaçylar Samaradan gelýän otlularyň ählisini elekden geçirýärdiler. Altynjy otly pugta gözegçilige alyndy. Aris stansiýasyna razwedkaçylaryň ikisi ugradyldy. Şol ýerden otla münüp, Grigorewi aňtamalydylar.
Bir mün dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň aprel aýynyň ahyrky ongünlügi örän dartgynly boldy. Altynjy otlynyň bäşinji wagonynda Grigorewiň Kazakowa diýen garyndaşynyň Aşgabada ugraýandygyny samaraly çekistler mälim etdiler.
Onuň yzyna razwedkaçy düşürilipdi. Razwedkaçynyň çep eli ak sargylydy.
Ertesi Grigorewiňem şol otluda barýandygynyň habary geldi. Ol otla Samarada däl-de, ýolda münüpdir. Daşkentde otlynyň öňünden çykan çekist elindäki ak sargyny görüp, samaraly kärdeşini tanady. Golaýyna baryp, paroly aýtdy: «Eke özümi?». «Uýasy bilen» diýip, samaraly jogabyny berdi we otlynyň penjiresinden daşaryk äňedip duran Kazakowa göz
110
ümledi. Daşkentli çekist çalaja baş atdy. Obekti tabşyran samaraly çekist, wokzalyň jaýyna girip gitdi. Gözegçilige kabul edip alan çekist Kazakowany Aşgabada çenli ugratdy.
Grigorew Daşkentde galdy. Ony henizem tussag edenokdylar. Sebäbi otly Daşkende ýetmezinden bir gün öň ygtyýarly wepkilhananyň kontrrazwedka bölüminiň naçalnigi Berman göni prowod arkaly Aşgabada ýüz tutdy: AŞGABAT. GPU. HAÝAL ETMÄN KARUSKÄ
GOWŞURMALY.
SAMARALY FRANT UÝASY BILEN YZYNA UGRADY. NKT ERTIR DAŞKENDE GELER NKT ÖŇEM
BIR GEZEK GÖZEGÇILIKDEN SYPMAGY BAŞARDY.
ŞOŇA GÖRÄ-DE DAŞKENTDE TUSSAG ETMEK
NIÝETIMIZ BAR. NKT SIZIŇ PIKIRIŇIZ NÄHILI.
GYSSAGLY HABAR EDIŇ.
BERMAN
Şol gün bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň birinji maýydy. Wasilýew şäherde ýokdy. Karuskiý Daşkende jogap bermegi Bunkowskä tabşyrdy. Bunkowskiý taýýarlan jogabynyň tekstini Karuskiý bilen ylalaşdy-da, aragatnaşyk otagyna girdi. Telegrafçy gyza aýdyp başlady: APPARATYŇ ÝANYNDA BUNKOWSKIÝ NKT
DAŞKENDE OTR TELEGRAF BILEN
BERMANA
111
TUTMAK BIDEREK BOLAR HASAPLAÝARYN NKT
LEGENDANY (ROWAÝATY) PUJA ÇYKARARYS NKT
AŞGABADA GOÝBERIŇ NKT BU ÝERDE GOWY
GARŞYLARYS WE YZARLARYS NKT AŞGABATDA GÖZ
ASTYNDAN SYPDYRMARYS NKT UGRANDA HABAR
EDIŇ NKT RAZWEDKAÇY GOŞUŇ
KARUSKIÝ NKT
Grigorewi Daşkent wokzalynda tussag etmediler. Şäherde bolanda ol çekistleriň ýüregini gysdyrmady. Şeýle bir kaňkaýardy welin, daşky gözegçiligiň işgärleriniň halys aňkasyny aşyryp barýardy. Gelen güni durman alakjady. Baran ýerinde eglenmeýärdi. Daşky gözegçiligiň işgäri zordan adresleri-- salgylary, wagty belläp ýetişýärdi. «Özbeksöwda»
uprawleniýesine giren Grigorew birneme eglener öýdüp, aňtawjy ýoluň ol tarapyndaky oturgyçda dyzyny epdi.
Uzak dynç alyp bolmady. Grigorew dazlap çykdy-da, amanat kassa sümüldi. Soň haýsydyr bir howlynyň gapysyny kakdy, hiç kim açmady. Talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýyna bardy. Arasynda Türkmenistanyň wekilhanasyna-da girip çykdy. Uzyn boýly talyby yzyna düşürip ugrady. Olaryň ýanyna ýene bir talyp goşuldy. Üç bolup Anharyň aňyrsyndaky çaýhanada naharlandylar. Bilýard oýnalýan ýere baryp, biraz eglendiler. «Turanda» kino gördüler. Kinodan soň baran öýlerinden çykmadylar. Daşky gözegçiligiň razwedkaçysy Grigorewiň baran ýeriniň adresini belläp gaýtdy.
Kontrrazwedkanyň işgärine Grigorewiň baran adresleriniň -
salgylarynyň ählisi barada jikme-jik hasabat berdi. Elbetde, onuň yzarlanmadan sypmaga, iň bolmanda razwedkaçylary bulaşyklyga salmaga synanyşyp köp gapyny kakandygy
112
düşnüklidi. Şeýle-de bolsa ol adresleriň - salgylarynyň ählisini bilmek zerurdy. Haýsy birine nähili iş üçin barandygyny anyklamalydy.
Birküç günüň içinde Grigorew talyplary yzyna düşürip gezelenç etdi. Bilýard oýnamaga, naharhana her gün barýardylar. Bazara girip, süýt içibem gaýdýardylar. Primus bejerilýän ussahanadan bir zat satyn aldylar. Zähmet birżasyna-da degip geçdiler. Salaryň kenarynda otluk meýdanda ýatyp kitap okadylar. Ýöne razwedkaçylaryň göz astyndan sypmagy başarmadylar. Olaryň Grigorewiň her ädimi barada ýazan hasabatlary galňap gitdi. Hasabatlar barada Aşgabada-da habar berilýärdi.
Wasilýew olary gözden geçirýärdi. Şeýle-de bolsa jikme-jik öwrenmäge, pikir öwürmäge wagt ýokdy. Wasilýewiň özüniňem, ýigitleriniňem Aşgabatda-da aladasy ýetikdi.
Karýaginiň topary dek ýatanokdy. Duýdansyzlykda ýene bir hokga çykardylar. Şol aralykda Karýaginiň Daşkende täze çapar ugradýandygy barada kontrrazwedka maglumat gowuşdy.
Çekistler bu sapar gapyl galmadylar. Çapary ýany ýoldaşlyja ugratdylar. Otludan düşäýende garşylarlar ýaly Daşkende öňünden habar etdiler.
Karýaginiň ýene-de nähili hyýala münüp ýörendigini bilip bolanokdy. Şu aladalara bulaşyp, Hajymyratdan habar almaga hem Wasilýewiň eli degenokdy, Hajymyradyň kalbynda gopýan harasatlardan bihabardy.
GARAŞMAK
Hajymyrat garaşýardy. Agşamlaryny öýde geçirýärdi.
Karýaginiň welin şol gidişidi. Nirededigini, näme iş edip
113
ýörendigini Hudaý bilsin. Ol Aşgabatda gezip ýörmi ýa-da Daşkende gitdimi, habar ýokdy.
Iki zat ony biynjalyk edýärdi. Gulkin hem Karýagin sypatly araga aňyny aldyranlary Grýaznewiň gizlin, howply işde ulanjakdygyna, aslynda öz guramasyna aljakdygyna ynanyp bilenokdy. Eýsem olar kimlerkä? Näme maksat tutup beýle oýna başladylarka?
Bu günem agşam nahardan soň biraz işlemekçi bolup stoluň başyna geçen Hojageldä şuňa meňzeş sowallar ynjalyk bermedi.
Dürli pikirleri serinde aýlap oturşyna oglanlyk döwrüniň ýatlamalaryna çümendigini özem duýman galdy. Geçen asyryň ahyrlarynda Zakaspide ýerli rus mekdepleri açylypdy.
Hojamyrat arçyn Lollujagym, Myssyjagym diýip söýgüleýän ogluny Bäherdende açylan mekdebe ilkinjileriň biri bolup eltipdi. Bäherden pristawlygynyň merkezinde okap ýören Hojageldini takdyr birki ýyldan Russiýadan çykarypdy.
1901-nji ýylda Daşkentden gelen general gubernator Iwanow okuwçylaryň birnäçesini okuwlaryny dowam etdirmäge Russiýa ibermegi buýurdy. Bäherdendäki mekdepden Hojageldi Orenburgyň kadet korpusyna, onuň mekdep ýoldaşy Muhammetguly Atabaýew Daşkendiň mugallymlar taýýarlaýan seminariýasyna ibermeli edildi. Muhammetguly ýadyna düşende, Hojageldiniň ýüregi gyýlyp gitdi. Neressäniň ömri gysga ekeni. Agyr kesel ony ahyrsoňy alyp ýatypdy.
Hojageldi şol ýylyň güýzünde Orenburga ugramaly bolupdy.
On iki ýaşynam doldurmadyk oglunyň ýeke özüni Hojamyrat arçyn Bamy stansiýasyndan ýola saldy. Hojageldini kanikulda bolup, okuwlaryny dowam etdirmäge barýan kadetleriň ýanyna goşdular. Hojageldiniň rusça bilişi heniz ýabygorlydy. Gözi ýaşly kakasynyň kadetleri alyp barýan ofisere ýalbaryplar aýdýan sözleri onuň gulagynda hemişelik galypdy. Hojamyrat
114
arçyn özüniň ogluny oňa ynanýandygyny, göwnüne degdirmezligi, okuwa ýerleşdirmegi ofiserden haýyş edýärdi.
Ilkinji ýylda okuw agyr düşüpdi, kynlyk bilen ýetişýärdi.
Gijelerine hiç kime duýdurman aglap çykan gezekleri kän bolupdy. Ikinji ýyly birneme öwrenişip ugrady, rusça öwrendi.
Klasyndan-- synpyndan galman, asgynjaňlyk çekmän, 1908-nji ýylda korpusy tamamlady. Ýolharjysy bolman, tomus kanikulyna gelip bilmedik saparam bolupdy. Elbetde, arçyn ogluna pul iberýärdi. Orenburgdan Aşgabada geljek bolsaň, köp pul gerekdi. Iň soňky iki ýylyny Moskwada okady. Otly puly hasam gymmatdy. Hojageldi okuwyny tamamlap, onsoň oba gaýtmaly boldy.
Kadet korpusynda okan ýyllary gyzyklydy. Hojageldi dil öwrendi, ýoldaşlaryna özüni aldyrtdy. Oba oglanynyň ganyna siňen bezzatlygyny goýmady. Dogrusy şol garagollygy, batyrlygy hem onuň oglanlaryň arasynda abraýynyň artmagyna getirýärdi. Bezzatlygy üçin jaýyň ýerzeminine salyp gulplanlarynda, nahardan soňra oglanlar oňa pirożnyý getirip, penjireden uzadýardylar.
Kadet korpusyny tamamlap, Hojageldi harby uçilişä gitmekçi boldy. Ol kawaleriýa uçilişesine düşüp, soňundan türkmen diwizionynda gulluk etmek isleýärdi. Atly goşun ofiserlerini ýetişdirýän uçilişä düşmek aňsat däldi. Begzada—
dworýanin bolmalydy hemem bäş ýüz manat «rewers»
tölemelidi. Hojageldide şol şertleriň ikisem ýokdy. Hojamyrat arçynyň asly gelip çykyşy serdarlar neslinden bolsa-da, Rus patyşasyndan begzadalyk titulyny-- derejesini almandy.
Üstesine-de şol ýyl Hojageldiniň ýigrimi iki ýaşly agasy atdan ýykylyp aradan çykypdy. Hojamyrat arçyn ogluny oba çagyryp hat iberipdi. Çaltrak gelmegini isleýärdi.
115
Lolluk Moskwanyň pyýada goşun uçilişesine girdi.
Basymrak okuwyny tamamlap, kakasyna kömek bermelidigine düşünýärdi. Iki ýyldan, Hojageldi uçilişäni tamamlap barýarka türkmen diwizionynyň komandiri polkownik Hagandokow Moskwa geldi. Ol diwiziondaky boş orunlaryň birine Hojageldini ibermek barada ýörite hat göndermegi wada etdi.
Ýöne sözünde tapylmady. Hojageldi hata kän garaşdy we ahyr soňunda hiç kime derkar bolmadyk ýere - 154-nji Derbent pyýada goşun polkuna gitdi. Polk Kagyzman diýen ýerjagazda ýerleşýärdi. Uçilişäni tamamlanda, oňa bir aýlyk rugsat berdiler.
Hojageldi Aşgabada gaýtdy. Polkownik Hagandokow bilen duşuşyp, beren wadasyny ýatlatdy. Polkownik anyk zat aýtmady, gümmi-sümmi jogap berdi.
Her niçigem bolsa ol Aşgabatda gulluk etmek höwesinden el çekmedi. Ýomudskiý oňa pyýada goşun brigadasynyň naçalnigine ýüz tutup görmegi maslahat berdi. Ýomudskiý ozal şu generalyň brigadasynyň sostawyna giren birinji Zakaspiý batalonynyň ofiseri bolupdy. Hojageldi generalyň ýanyna barmagy birhili görjek boldy. Ýomudskiý Hojamyrat arçyny hem gowy tanaýardy. Asyl Hojageldini Russiýa okuwa iberip ýörenleriň biridi.
Ýomudskiý Hojageldini yzyna düşürip, generalyň ýanyna eltdi. Edepli, sada ýaş ofiser diýip öwdi. General razylyk berdi we bölümine baran badyna Aşgabada geçirtmegiň ugruna çykmagy teklip etdi. Rugsadyny dolduryp, Hojageldi Aleksandropol şäherine gitdi. Polkuň ştaby şol ýerde ýerleşýärdi. Hojageldi gelenden özüni Aşgabada geçiriň diýip durmagy gelşiksiz gördi. Ara salym düşürip, ugruna çykmagy dogry tapdy. Birki aý gulluk edenden soň Hojageldiniň hakykatdanam edepli, spirtli içgileri agzyna almaýan ofiserdigi polkuň komandiriniň gözüne ildi. Dogrusy, içmeýän ofiseri
116
gündiz eliň çyraly gözleseňem tapaýmak kyndy. Hojageldini polkuň ştabyna adýudantyň kömekçisi edip geçirdi.
Hojageldi günlerde bir gün özüniň nasional bolandygyna görä, polk adýudanty, hojalyk bölüminiň naçalnigi we aýratyn bölümiň komandiri wezipesine bellenmäge hukugynyň ýokdugy baradaky gizlin görkezmäni tötänden okady. Bu ýaş, höwesjeň ofiseriň kalbynda ýaramaz yz galdyrdy. Naçalnikler we beýleki ofiserler bilen gysgajyk gürrüňdeş bolanda-da, bu deňsizlik, adalatsyzlyk onuň ýadyna düşüp, göz öňüne gelip durdy.
Hojageldi bir gün özüni Türküstan atyjylyk polkuna geçirmegi haýyş edip raport berdi. Polkuň komandiri muňa kes-kelläm garşy çykdy. Hojageldi birnäçe gaýta haýyş edip, ýüz tutdy.
Polk komandiri ahyry razylyk berdi.
Hojageldi indi Aşgabatda 17-nji Türküstan atyjylyk polkunyň kiçi ofiseri bolup, gulluk edip başlady. Bir ýyldan atly razwedka komandasynyň naçalnigi bellediler. Bir müň dokuz ýüz on dördünji ýylda ol şu wezipedekä Kawkaz frontuna urşa gitdi. Fronty ýatlap, Hajymyrat ýylgyrdy. Ol ýerde hemme zat aý dogan ýaly aýdyňdy. Kim dost, kim duşman, bellidi.
Ömrüniň köpüsini çagalykdan harbylaryň arasynda geçiren Hajymyrada adaty durmuşa öwrenişmek kyndy. Dosty-duşmany, çyny-ýalany seljermek başardanokdy. Aldaw, hile, ikiýüzlülik, lebziňi ýuwutmak, ýaranjaňlyk, ýapjalyk töwerek-daşyňda doludy. Baş alyp çykardan agyrdy.
- Lolluk, sen entek işlejekmi? - diýip, gapyny açan badyna sowal beren Abiýat hanym adamsynyň bir nokada garap, dymyp oturanyny gördi-de, onuň eşitmändigini aňdy. Assa basyp içeri girdi. Sowalyny gaýtalamaga howlukmady. Esli salym synlap durdy. Nebsi agyrdy. Çagyrylmadyk myhmanlar peýda bolaly bäri onuň aladasynyň artandygyny aňýardy. Hojageldi özüne
117
buýrup bilýän adamdy, begenjini-gynanjyny içinde saklaýardy, sähel zada töweregindäkileriň keýpini bozmaýardy. Eselip-peselibem durmaýardy. Öz derdini ýeke çekmegi dogry hasap edýärdi. Adamsynyň bu häsiýetine kemsiz belet bolan Abiýat hanym:
- Lolluk nämäň pikirini edýärsiň? - diýip, özüniň gelendigini duýdurdy.
- Çagalygymy ýatlaýaryn - diýip, Hojageldi bärsine dönüp, aýalyna ýylgyrdy. Ýanyna çagyrdy.
- Russiýada okan döwrüňimi? - diýip, Abiýat hanym adamsynyň ýanyna bardy.
- Bildiň, Aboçka - diýip, Hajymyrat onuň elinden tutdy.
- Hajymyrat adyny dakyşlaryny aýdyp bersene - diýip, Abiýat hanym adamsynyň keýpini götermäge çalşyp, bilgeşleýin sorady. Ol Hojageldiniň bir aýdan zadyny gaýtalap gürrüň bermeýändigine beletdi. Ýöne şol waka ýatlananda, ýüzi açylýandygynnam bilýärdi.
Hojageldi kadet korpusynda okap ýörkä, bu ady dakypdylar.
Hojageldiniň familiýasyny rusça «Hajymyrat» diýip tutýardylar,
«Hojamyradow» diýmeýärdiler. Onsoňam şol döwürde, rus ýazyjysy graf Lew Tolstoýyň «Hajymyrat» powesti meşhurdy.
Powestiň gahrymanlary hakynda jedelleşmek ýoň bolupdy.
Oglanlaryň biri Hojageldini görkezip: «Biziň öz Hajymyradymyz bar. Onuňam batyrlygy powestdäki Hajymyratdan kem däl» diýdi. Şondanam Hajymyrat ady galyberdi. Bu barada Lolluk aýalyna aýdyp beripdi. Şony ýatlap gaýtalap oturmady-da, Hojageldi aýalyna ýüzlenip:
- Sen ony bilýärsiň-ä - diýdi.
- Meň ýene eşidesim gelýär.
- Gowusy men saňa kakamyň bizi talaňçylyga iberişi barada aýdyp bereýin.
118
- O nähili talaňçylyk? Kimi taladyňyz? - diýip, Abiýat hanym çyndan gyzyklandy. Aýal bilesigelijiligi ony erkine goýanokdy.
- Mugt hekaýat diňlejek bolýaň, Aboçka. Iň bolmanda çaýjagaz hödür ederler.
- Indiden soň çaý içjekmi? - diýip, Abiýat hanym ärine ýüzlendi. - Uzak gürrüň bolsa men semawary otlap geleýin.
Ýogsa-da aýdyp ber. Men çaýy onsoň goýaryn.
- Gaty uzak.
- Men häzir, derrewjek - diýip, Abiýat hanym ýerinden turmaga synanyşdy.
- Otur - diýip, adamsynyň güýçli eli ony saklady. —Otur, çaý gerek däl.
- Onda näme?
- Aýallaryň bilesigelijiligini barlap göreýin diýdim. Çaýyň ugruna çykarmyka ýa-da «Ilki gürrüň ber, onsoň çaý gaýnatjak»
diýermikäň, şony bileýin diýdim - diýip, Hojageldi degişýändigini duýdurdy.
- Ýeri bolýar. Aýdyp ber indi.
- Obamyza tam salýan ussa geldi. Köp adam jaý saldyrdy.
Adamlar bilen öwrenişdi-de, ol obamyza göçüp gelermen boldy
- diýip, Hojageldi assajadan gürrüň bermäge başlady. - Görsek çynyrgadyp barýar. Özüne jaý gurunmaga girişdi. Bir gün kakam bizi çagyrdy ýanyna, meniňem kanikula gelen çagtlarymdy. «Şol ussaň gurluşygyny dargadyň» diýdi. «Gaty ýykan-ýumranlyk etmäň, hiç zadyny ýoklamaň. Ýöne çaky bilen gowuja göz görkeziň» diýýär. «Ýanyňyza-da ýene birki sany deň-duşuňyzy alyň. Özem meniň şeýle diýenimi aýdaýmaň» diýýär.
Bize-de bezzatlyk bolsa, başga zat gerek däl. Aýdyşyndanam beter edip, ýagy dökülene dönderdik.
119
- Ussaň özüni nätdiňiz? - diýip, Abiýat hanym howsala düşüp sorady.
- Özünem güýläge-de, eltdik arçynyň gaşyna - diýip, Hojageldi ýene çyna berimsiz gürledi.
- Eý, Hudaý-eý, beýder ýaly ol size näme ýamanlyk etdi?
- Ony kakamdan sora.
- Ol näme diýdi onsoň size?
Hojageldi jogap bermäge howlukmady. Güýmendi. Ýüregi ýuka aýalynyň kanagaty ýetmän, uçjak guş ýaly galpyldap oturşyna dözmedi.
- Oýun edýän-le. Ussa bir ýaňa giden mahaly dargatdyk gurluşygyny-diýip, Hojageldi aýtdy. - Oba gelende ussa aýdypdyrlar biziň işimizdigini, kakamyň ýanyna çagyrtdylar bizi. Ussa otyr ýüzüni-gözüni ajydyp.
Kakam bize gygyrmak gygyryp başlad-ow. «Aý, siz köpeý ogullary, mesligiňizi göterip bileňzokmy? Edere iş
tapaňzokmy? Ähliňizi it ýenjen ýaly ýenjerin. Baryňyzy araba goşup, gum çekdirerin. Aý, ýene näderin, eýderin, beýderin»
diýip urýar haýbaty. Bizem diňläp otyrys. Çydar ýaly däl.
Tasdanam: «Kaka, özüň şeýt diýip tabşyrmadyňmy?» diýipdik.
Gurluşygy dargadylan ussa görgüli biziň arkamyzy alyp ugrapdy. «Arçyn, oglanlar ýalňyşandyr» diýýär ussa. Kakam biziň ýagdaýymyzy aňandyr-da: «Baryň, gözüme görünmäň»
diýip, kowup goýberdi. Ýüzümizi sallaşyp gaýtdyk.
Özümizem «Kakam ilk-ä bizi iberýär, soňam beýle haýbat atýar» diýip ýarylaýjak bolýarys.
Bizi çykaryp, kakam ussa: «Men bu oglanlara kepil geçip bilmerin. Niýetlerini ýamana diken bolsalar, saňa hezil bermezler. Gowusy ýurduňy täzele» diýip, maslahat beripdir.
Şeýdip ussa göçüp gitdi. Ýaşulularyň birki sanysy kakamyň ýanyna gelipdir. «Arçyn, beýtmäň bolanok. Gowy ussady»
120
diýipdirler. Kakamam olara: «Ussa tirýek çekýär. Obamyzda ornaşsa, bir gün seniň ogluň öwrener, ertesi meniň oglum, birigün ýene biriniň çagasy tirýeki bolar. Obamyza neşebentler obasy diýäýmeli bolar, ýaşulular. Şonuň üçin şeýtdim» diýipdir.
Ýaşulular kakamyň bu edenini makullapdyrlar.
- Kakaň akylly-paýhasly hereket edipdir - diýip, Abiýat hanym seslendi. Ara dymyşlyk düşdi. Hojageldi nähilidir bir gyzykly gürrüň tapmalydygyny bilýärdi. Sähel eglenseň Abiýat hanymyň: «Lolluk, sen soňky günlerde bir zadyň-a aladasyny edýärsiň. Öňküligiň ýok» diýjekdigini duýýardy. Oňa beýle sowal oklara pursat bermeli däldi.
- Aboçka, hany senem, öz çagalygyň barada gürrüň bersene -
diýip, oslagsyz ýerden sorady. - Ozal gürrüň bermedik wakalaryňdan ýadyňa sal.
- Ozal saňa gürrüň bermedik zadym barmyka? - diýip, Abiýat hanym seslendi, biraz oýlanyp, sözüniň üstüni ýetirdi. -
Biziň aslymyzyň türkdügini saňa aýtdymmy, Lolluk?
Hojageldi tutuş göwresi bilen aýalyna tarap öwrüldi.
- Çynyňmy?
- Men öň gürrüň bermänmidim näme?
- Hakydamda däl. Belki, gürrüň berensiň.
- Sen näme beýle biynjalyk bolduň, Lolluk?
- Pasportyňda azerbaýjan diýip ýazylgy ahbetin.
- Men Azerbaýjanda doglupdyryn. Ata-babalarymyz ir mahal göçüp gelipdirler. Mekdebi azerbaýjança okap başladym.
Dokumentlerem azerbaýjan diýip ýazylypdyr. Soň Aşgabada göçüp geldik. Näme sebäbe görä beýle bolanyny kakam gowy bilýändir.
- Seniň kakaň akylly hem uzakdan görýän adam. Ertiriň özünde men onuň bilenem gürleşerin. Saňa-da tabşyrdygym
121
bolsun, Aboçka. Hiç ýerde, hiç kimiň ýanynda «Men türk»
diýip dil ýaraýmagyn.
- Näme boldy? - diýip, Abiýat hanym birhili howsala düşüp ugrady.
- Dokumentleriňde azerbaýjan diýlip ýazylandygy gowy.
Diňe şony tutup durmalydyr. Men azerbaýjan. Başga zady bilemok diýmeli.
- Meni gorkuzmasana, Lolluk. Näme üçin beýle diýmeli?
- Aboçka, özüň görüp dursuň. Töweregiňe göz aýla.
Pantürkizm diýip bir zat tapdylar. Panyslamizm diýip ýene bir zat bar. Şunuň soňy gowulyga eltmez. Men syzýan, milletiň dagy türk bolaýsa, erte - birigün hezil bermezlikleri ähtimaldyr.
Şoňa görä-de, hiç haçan boýun alaýmagyn.
Olar gürleşip köp oturdylar. Ýaňky meseläni gowy bişirdiler.
Hojageldi aýalyna başga zat gürrüň bermedi. Ýogsam köp çarşenbäni başdan geçiren Hojageldi-de aýdara-diýere waka gytçylyk edenokdy. Milli azlykdandygy, ýewropaly däldigine görä front ýollarynda-da kemsidilen saparlary az bolmandy.
Garaşmakdan erbet zat ýok. Bu ümsümlik, hiç kimiň bimaza etmezligi syrlydy, howsalalydy. Haçan gapy kakyljagyny bilýän ýok. Kimiň kakjakdygynam aňyp bolanok. Grýaznewiň wekili gelip «Bolşewiklere garşy göreşeli» diýjekmi ýa-da sowet häkimiýetiniň wekilleri gelip «Eliňi arkaňa tut-da, öňe düş»
diýjekmi?
Nämälimdi.
HITROWKALYLAR
Grigorewi Samara ýollan Karýagin Aşgabatda dek ýatmady.
Ol Türkmenistanyň içinde-de demirýol ýakasyna çaparlar göndermek isleýärdi. «Onunjynyň» berýän maglumatlary Karýaginiň her ädimi barada Wasilýewi habardar edýärdi. Ol
122
özüniň Hitrowkada bile ýaşan çagalyk dosty Iwan Kalaçihini Guşga ibermekçidi. Iwan özüni Persiýa alyp gitmegi Karýaginden haýyş edýärdi. Boris geçen gezek gelende Kalaçihini Daşkende ibermek isläp, pul beripdi. Iwan puly sowdy, özem hiç ýaňa gitmedi. Şondan bäri Borisden gorkýardy. Näme diýse ýegedekläp – ylgaşlap ýördi.
Boris yzyna gitmäge ýolbelet gözleýärdi. Saryýazyda ýaşaýan Wiktor Talskih gelensoň Iwanyň Guşga gitmegi goýbolsun edildi. Wiktor ejesiniňkide bolýardy. Karýagin ozal Perwyşew hem-de Mişenko bilen şol kwartirada ýaşapdy. Şol ýerde olary tussag edipdiler. Aşgabatda goşunlaryň ýerleşişini bilmekçi bolup, Tolkaçewiň aýal doganyna iki sany gyzyl esgeri öýüne çagyrmagy tabşyrdylar. Borisiň özi olaryň ýanyna gitmedi. Aleksandr Perwyşewdir Wladimir Gudkowy iberdi.
Borisiň puly azalypdy. Ol Swoboda prospektindäki kooperatiwiň kassasynyň ýagdaýyny bilmegi, näçeräk pul jemlenýändigini, haçan, kimiň puly äkidýändigini bilmegi nökerlerine tabşyrdy. Karýagin köp içýärdi. Meňkeşdi. Ol Wiktor Talskihe Guşgudaky goşun bölümleri barada maglumat ýygnamagy, Ýolöten stansiýasynyň naçalnigi bolup işleýän doganyny ulanmagy buýurdy. Onunjy maýda zähmet rugsady tamamlanandan soň, Talskih Ýolötene ugramakçydy.
Bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň birinji maýynda Boris parada çykmady. Tolkaçewlarda we gezýän aýalynyňkyda boldy. Paraddan harby bölümleriň haýsylarynyň geçýändigini bilmegi tabşyrdy. Perwyşew Daşkende ugran güni agşam Karýagin gazaba mündi. Boris ondan ejesine hat iberipdi. Ýolda haýsy stansiýada nähili harby bölümleriň durandygyny hem bilmegi tabşyrjakdy. Emma Georgiý Perwyşew onuň ýanyna gelmän ötägidipdi. Muňa gahary gelen serhoş Karýagin rewolwerini çykaryp bulaýlap başlady. Soňam ýoldaşlarynyň birini ýaralady.
123
Georgiý Perwyşewiň daş keşbiniň salgyny berip Daşkende, Jyzaga, Samarkanda telegramma ugradyldy: 23-25 ýaşlarynda, uzyn boýly, hortaň, saryýagyz, sakgal-murtuny syrýar, göni burunly, saçy keltejik bejerilen, kostýumly ýa-da ýönekeý köýnekli gezýär, aýagy sandally ýa-da botinkaly, çal papakly.
Perwyşewiň yzyna razwedkaçy saldylar. Ol Daşkende barýança yzarlamalydy we ýerli çekistlere tabşyryp, yzyna gaýtmalydy.
Jyzagyň türmesinde Karýaginiň bile jenaýat edip, ele düşeni Petr Iwanowiç Mişenko ýatyrdy. Karýagin başarsa, şony hem gaçyrmakçydy. Georgiý Perwyşewe bu barada tabşyryk beren bolaýmasyn diýip güman edilýärdi. Şoňa görä Petr Mişenkonyň goralyşyny güýçlendirdiler.
Ol ýyllarda Aşgabatda türkmenler ýaşamaýardy diýen ýalydy. Hajymyrat kimin ýek-tük sowatly kişiler bolaýmasa ýerli ilat obalarda güzeran dolaýardy. Bu ýagdaý Hitrowka-da degişlidi. Hitrowkada ýaşaýanlaryň aglabasy demirýol işgärleridi. Russiýanyň dürli ýerlerinden göçürilip getirilen ýa-da sürgün edilenlerdi. Jenaýatçy elementleriň mesgenidi.
Şäheriň çetinde özbaşdak jaýlarda ýaşaýardylar. Hristian gonamçylygy golaýdady. Karýagin ol taýlara beletdi, adamlarynam tanaýardy. Wasilýewem, beýleki çekistlerem onuň diwersiýa geçirmeginden çekinýärdiler. Wasilýew
«Onunjydan» başga ýene-de bir jansyz tutundy. Bir jansyza ynanyp oturyp boljak däldi.
Başga bir hitrowkaly Grigorewiň Daşkentdäki ýörişleri barada OGPU-nyň Orta Aziýadaky Ygtyýarly wekilhanasy Aşgabada habar ýetirip durdy. Ol talyplaryň ýatak jaýynda ýerleşipdir. Üç sany talyp bilen tirkeşýär. Meňkeş. Samaranyň razwedkasynyň habar bermegine görä, otlynyň üstünde bir zenanyň gapjygyny ogurlapdyr.
124
Grigorewiň birki sany wagonyň ýolbeledini-- prowodnigini tanaýandygy belli edildi. Ol ýolbeletleriň-- prowodnikleriň daş
keşbini salgy berdiler. Aşgabatda kimlerdigini bilmek kynçylyk döretmeýärdi. Wasilýew olaryň hem hitrowkalydygyna ynanýardy.
Grigorewiň garyndaşy Kazakowa Aşgabada çenli arkaýyn gitdi. Hiç kim bilen duşuşmady. Aşgabatda ony kontrrazwedkanyň işgäri kabul edip aldy. Egni kostýumly, iňlis murtly, eli goňras ýol sumkaly, goltugyna «Prawda» gazetini gysdyran daşkentli razwedkaçyny Aşgabatly kärdeşi bada-bat tanady. «Özüňizi bejertmäge barýaňyzmy?» diýip, paroly aýtdy.
«Hawa» diýip, ol jogap berdi. Razwedkaçy näçe jan etse-de Kazakowanyň yzarlanmagyndan hiç zat çykmady.
Daşkentde Boris Karýaginiň kakasynyň demirýolda maşinist bolup işleýändigi, ýaşaýan salgysy belli edildi, göz astyna alyndy. Borisiň kakasy on sekizinji ýyldan bäri partiýa agzasydy. Daşkentde ýanynda ýaşaýan ogly ozal GPU-da işläpdir. GPU-yň Kokantdaky demirýol bölüminiň ozalky naçalnigi Agafonow Boris Karýaginiň garyndaşy diýen maglumat bardy. Perwyşewleriň biri, Mişenko we Karýagin üçüsi ýaragly talaňçylyk edipdirler. Perwyşew gaçyp sypýar. Ol ikisini basýarlar. Soň Karýagin türmeden gaçyp, Persiýa geçipdi. Agafonow bir ýola köçede görende «Henizem gaçyp ýörmüň» diýip soranmyşyn, Borisem oňa «Hawa» diýenmişin.
Agafonow şonda Borise seresap bolmagy tabşyrypdyr diýen maglumat bardy. Bulary berk barlap görmelidi.
Kontrrazwedka jenaýatkärler toparyny bada-bat ýok edip biljekdi. Emma heniz wagty gelmändi. Gulkinli mesele köp bulaşyklyk döredipdi. Onuň Maşatda nähili gezendigini bilmelidi. Gulkiniň tussag edilendigini bildirmejek bolup, ýörite
125
wagonda Daşkende, OGPU-nyň Orta Aziýadaky Ygtyýarly wekilhanasyna iberdiler. Goý, özleri gepleşip görsünler.
Gulkiniň işi alkogolikleri, döwletiň puluny sowurýanlary, kezzaplary ibermegiň nädogrudygyny köre hasa görkezip durdy.
Moral taýdan bozulan, durnuksyz, başarnyksyz, özüne erk edip bilmeýän hilegärler sowet hökümetine näçe wepaly bolmaga söz berselerem peýdasyzdy. Wasilýýewiň muňa magat gözi ýetipdi.
«Däliň müň gepi telek, bir gepi gerek» diýleni. Gulkiniň aýdanlaryndan käbir meseleler barada netije çykaryp bolýardy.
Grýaznew iňlis razwedkaçysy Steweniň doly garamagynda işleýär. Stewen Grýaznewiň aragatnaşyk edýän kanallarynyň ählisini ulanýardy. Käbir beýleki işlerdäki şaýatlaryň görkezmeleri, ele salnan dokumentler, Maşatdaky agenturanyň habarlary hem muny tassyklaýardy. Gulkiniň Daşkentde kinoda duşuşmalydym diýen adresleri GPU-a öňden mälimdi. Ol adresleri iňlis maýorynyň hem bilýändigi Grýaznewiň iňlislere işleýändigini tassyklaýardy.
Iň esasy bolsa Karýaginiň we beýlekileriň serhetden duýdurman geçip durmagy diňe bir ýerli halkyň däl, ýewropalylaryňam, razwedkaçylaryňam arkaýyn bärik aralaşýandygyny tassyklaýardy. Munuň özi iňlisler has mynasyp, wepaly adamlary saýlap tutmagy başarsa, başgarak netijelere hem garaşybermeli boljakdygyny aňladýardy.
Grýaznew bu ýerde görer göze çöp atmaga gerekdi. Esasy hereket edýän iňlis razwedkasydy. Hajymyrada berlen adresleriň iňlisleriň gizlin duşuşyk ýeridigini GPU bilýärdi.
Daşkentde, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynda oturan ketdeler ýene-de Maşatda öz razwedkaçylarymyzy ornaşdyrmagyň ugruna çykmagy talap edýärdiler.
126
Hajymyrady iňlisleriň biziň çägimizdäki--
territoriýamyzdaky iň ynamdar adamsyna öwürmek boljakdy.
Hajymyradyň üsti bilen Grýaznewiň hem-de iňlis razwedkasynyň agentleriniň esasy duşuşyk ýerini guramak mümkindi. Munuň üçin ähli şerti döretmelidi. Persiýa gidýän resminamalaram-- dokumentlerem, bärik gelýän resminamalaram-- dokumentlerem Hajymyradyň üstünden geçer ýaly edip bolsa, ähli zat GPU-a mälim boljakdy. Elbetde, iňlislerem polkownigi aňrybaş derejede ulanmaga synanyşarlar.
Şoňa görä-de Hajymyrat bilen ysnyşykly gatnaşykda bolup, örän seresaplylyk edip, elmydama barlap durmalydy. «Bizden gitmegine ýol bermeli däl. Sähelçe müňkürlik, şübhe dörese, bada-bat bize habar beriň» diýip, Daşkentdäki başlyklar—
OGPU-nyň Orta Aziýadaky Ygtyýarly wekilhanasynyň ýolbaşçylary talap edýärdiler. Wasilýew Hajymyrady esasy merkeze öwürmek barada gelnen karary Moskwanyňam goldandygyna düşünýärdi. Sebäbi munuň ýaly kararlar bäri-bärde kabul edilmeýärdi.
Wasilýew Daşkentden, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndan gelen direktiwanyň—görkezmäniň Hajymyrada dahylly ýerleriniň aşagyny çyzdy. Onda Hajymyradyň Gulkin we Karýagin barada bize habar bermegini ýeterlik hasap etmeli däldigi açyk ýazylýardy. Ol bize wepaly bolmasa-da ýanyna gelýän şular ýaly adamlar barada habar bererdi. Ikisinem biziň ýörite iberen agentlerimizdir öýtmegi mümkin. Gulkiniňem, Karýaginiňem özlerini alyp baryşlary muňa doly esas berýärdi. «Biz Hajymyrat bize wepaly däldir diýmekçi bolamzok. Diňe ony ýene we ýene yzygiderli barlap durmalydygyny, özem iňňän seresaplylyk bilen barlap durmalydygyny nygtaýarys» diýlen setirleri Wasilýew ömürlik ýat bekledi. Onuň özüne galsa polkownigi birçak Sibirden çykarjakdy. Arman muňa delil tapylmaýardy.
127
Direktiwada Karýaginiň bulagaýlyk etmezligi üçin ähli çäreleri görmek buýrulýardy. Oňa berk gözegçilik etmelidi.
Hajymyradyň adyndan Maşada bir türkmeni aragatnaşykçy ibermeli. Polkownigiň ýazan hatyny äkitsin. Kimiň ýazandygyny bilmesin, Grýaznewe diňe haty gowşursyn. Başga zatlardan onuň habary ýok. Oňa bir tanyş, ynanýan adamsy şu haty gowşurmagy hem-de jogabyny alyp gelmegi haýyş edipdir.
Hajymyrat hatda Gulkiniň we Karýaginiň gelendigini aýtsyn.
Ikisiniňem ýoldan çykan, ýaramaz adamdygyny, olara ynanyp bolmajakdygyny ýazsyn. Karýaginiň dokumentleri, şifri aýalyna berşini, paroly gygyryp aýdyşyny doly görkezsin.
Türkmen aragatnaşykçyny iberip, Grýaznewiň Hajymyrada ynamyny berkitmelidi. Mynasyp wepaly adamlary ibermegi Grýaznewden haýyş etmeli. Karýagin ele düşäýse, Hajymyradyň hem üstüniň açylmagynyň ahmaldygyny ýaňzytmalydy. Haty gizlin şifr bilen däl-de, polotna ýazmaly.
Äkidýän adam ony donunyň işligine tikmelidi we Grýaznewiň gözüniň alnynda söküp almalydy. Hatyň Hajymyratdan barandygyny ynandyrar ýaly Grýaznewe dahylly faktlaryň birnäçesini ýazmalydy. Şifrleri we duşuşyk ýerini Grýaznewiň iberendigini tassyklaýan nyşan bolandan soň peýdalanmakçydygyny görkezmelidi.
Kontrrazwedkanyň başlygy OGPU-nyň Orta Aziýadaky Ygtyýarly wekilhanasyndan gelen hatlaryň arasyndan Georgiý Perwyşew barada maglumat gözledi. Sebäbi Perwyşew Aşgabatda otla ýeke münmändi. Ýanynda bir agsak ýaş ýigit we ýaş gyz bardy. Bu alada goýýardy. Onuň ýoldaşly gitjekdigi barada GPU-da hiç hili maglumat ýokdy. Olaryň kimlerdigini anyklamalydy. Perwyşewiň yzyna düşýän razwedkaçy gowy salgyny berse ýa-da bir zatlar aňyp bilse, onsoň ugruna çykmaly boljakdy. Häzir Daşkende, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynyň direktiwasyna—görkezmesine
128
gyssagly jogap bermelidi. Direktiwanyň käbir punktlaryny Wasilýew unamaýardy. Wasilýew öz pikirini Türkmenistan SSR GPU-nyň başlygynyň orunbasary Gorbunowa mälim etdi.
Ikisi bile oturyp, jogabyň esasy ýerleriniň tekstini ylalaşdylar.
Ilki edilen işler hakda gysgaça hasabat berdi. Talskiniň rugsatnamasy ýoklugyna görä Guşga goýberilmejekdigini, Karýaginiň Gudkowy atyp ýaralandygyny, Gudkowyň özüni atany tanamok diýendigini, Karýaginiň öýünde ýaşaýan parsyň kimdigini bilendiklerini görkezdi.
Mundan beýläkki hereketiň iki wariantyny teklip etdiler.
Birinjiden, Hajymyradyň Maşat bilen aragatnaşygyny berkitmek üçin Karýaginiň bu sapar yzyna gitmegine garşy bolmaly däl.
Indiki gezek gelende tussag ederis. «Onunjy» Aşgabatda galar.
Eger Karýagin Maşada barsa «Onunjyny» iňlis konsulhanasyndaky maýora işlemäge hödür-teklip etmegi mümkin. Hajymyrat Grýaznewe Karýaginden zatlary alandygyny aýdýar, iş barada anyk görkezmeler soraýar.
Hajymyrat Karýagine ýaramaz häsiýetnama berýär.
«Jenaýatkär, içýär, abraýdan düşürmegi mümkin. Aragatnaşyga başga ynamdar adam ýollaň. Karýagini gaýdyp meniň ýanyma ibermäň» diýýär. Hajymyrat Gulkine hiç hili tabşyryk beremok diýip ýazýar. Elbetde, Karýagini gaýdyp bärik ibermezler diýen howp bar. Karýagin iki gezek olaryň ýumşuny bitirdi. Iňlis konsulhanasy Karýaginiň hyzmatyndan el çekmese gerek.
Grýaznew bolsa Karýagini gaýdyp Hajymyradyň ýanyna ugratmaz. Bize geregem şol.
Şu wariantda Hajymyradyň Grýaznew bilen aragatnaşygy berkidiler, çuňlaşdyrylar diýip ynanýarys. Şol bir wagtda Karýagini Hajymyratdan daşlaşdyrarys. Sebäbi polkownik Karýagini alkaş, elinden zat gelmeýän, özüne erk edip bilmeýän hasaplaýar we onuň bilen gepleşmegem islemeýär.
129
Ikinji wariantda, ýagny siziň talap edişiňiz ýaly hereket edilse, Karýagini yzyna goýbermän, şu ýerde tussag etmeli.
Şunda ýeke-täk ýol galýar. «Onunjyny» ulanyp, Karýaginiň toparyny talaňçylyk etmäge ýa-da başga hili jenaýata iteklemeli.
Şonda ählisini güpbasdy etmeli we metbugatda agyr jenaýatçylaryň - residiwistleriň ele salnandygy barada habar bermeli. Olary şeýle jenaýata iteklemänem tussag etmek mümkin. Ýöne metbugatda hökman ýazmaly. Polkownik özüniň aragatnaşykçy türkmenini Maşada ibermeli.
Şu ýerde Wasilýew sakga durdy. Näme ýazjakdygyny oýlandy. Sebäbi sowet häkimiýetine wepaly türkmeni tapaýjak bolsaň, kän kelle döwmeli boljakdy. Asly sähraýy, kakabaş
halk, sähel zada göwni galsa, ata çykyp, guma siňmäni hiç zatça görenok. Dogrusy Wasilýew olaryň birine-de ynananokdy.
Ynanmajakdygy hem çynydy. Şoňa görä-de hatyň galan bölegini ýazanda, ynamdar türkmen diýen ýerinde YNAMDAR
diýen sözi uladyp ýazdy:
«Indi YNAMDAR türkmen hakynda. Şeýle adamy tapmak Türkmenistanda adatdan daşary kyn. Hajymyradyň özi aragatnaşykçy türkmeni teklip etse, iň gowusy şoldur, wepaly adamlar onda bardyr. Şol bir wagtyň özünde bizem gözleýäris.
Ýöne şol türkmeniň biziň adamymyz boljakdygyny Hajymyrat bilmelidir. Aragatnaşykçy türkmen Hajymyradyň bize kömek berýändigini bilmese-de bolar.
Ikinji wariantda, ýagny Karýagini tussag eden halatymyzda, Hajymyrada dahylly rowaýatymyzy uly töwekgelçilige sezewar edýändigimizi ýene-de gaýtalaýarys. Sebäbi Karýaginiň tussag edilmegine, Gulkiniň ýitirim bolmagyna Maşatda neneňsi garaljakdygyny nazara almak kyn.
Özüňiziň esasy mesele baradaky görkezmeleriňizi gyssagly bize ýetiriň».
130
Hatyň aşagyna Gorbunow we Wasilýew gol çekip, şol bada Daşkende, OGPU-nyň Orta Aziýadaky Ygtyýarly wekilhanasyna ugratdylar.
Wasilýewiň garaşýan habary ertesi geldi. Georgiý Perwyşew bilen otla münen erkek kişi 24-25 ýaşlaryndady, bir aýagy ep-esli kelte, agsaýar, süýnmegräk, ýygyrt düşen ýüzli, aýal 21 ýaşynda, gara saçly, göni burunly, daşyndan göräýmäge özüne çekiji, orta boýly, gök ýubkaly, örülen gök żaketli.
Daşkentde otludan düşüp, Perwyşewiň goşlaryny zat saklanýan kamerada goýup, Akgurgan köçesinde, erkekdir aýalyň Proletar köçesinde ýerleşendigini OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasy Aşgabada habar berýärdi.
«Perwyşewiň Grigorew bilen duşuşandygyny göremzok» diýip habarda aýdylýardy. Wasilew daşky gözegçiligiň maglumatlaryny --swodkasyny ünsli okap başlady. Daşky gözegçiligiň razwedkaçysy olara özüçe at dakypdy. Perwyşewe
- Saryýagyz, erkek kişä - Agsak, aýal maşagala - Guşjagaz diýýärdi.
9-njy maýda şähere gezelenç edipdirler. Aýalyň tramwaýda
«Aşgabatdan bile geldik. Tötänden wokzalda duşduk. Gowy görýän joramyň adamsy» diýip gürrüň berýändigini eşidipdir.
Aşak ýanynda Agsakdyr Guşjagazyň kimlerdigi habar berilýärdi. Aşgabatdaky salgylary, doglan ýylyna we ýerine çenli belli edilipdir. Agsak-- Grigoriý Sewastýanow, Saratow guberniýasynyň Balaşowsk okrugynyň... Wasilýew onuň haýsy obada doglandygyny we beýleki faktlary jikme-jik biljek bolup durmady.
Tatýana Sewastýanowa özüniň ysmaz keseline ýolugan agasyny Aşgabatdan Daşkende äkidip, keselhana ýerleşdiripdir.
Ol taýda garyndaşynyňkyda ýaşapdyr. Perwyşewi şeýle tanaýar.
Onuň şpionçylyk edýändiginden bihabar. Wasilýew erkek kişidir aýalyň Perwyşewiň yzyna düşüp gitmegine şübhelenipdi.
131
Hökman bir emmasy bardyr hasap edipdi welin, çen-çaky dogry çykmady. Zyýany ýok. Razwekada munuň ýaly ýagdaýlar kän bolýar. Keýpiňi gaçyryp oturman, işe has gaýym ýapyşmaly.
Şol mahal telegramma getirdiler. OGPU-nyň Orta Aziýadaky Ygtyýarly wekilhanasy Perwyşewdir Tatýana Sewastýanowa ikisiniň Aşgabada ugrandygyny habar berýärdi.
Razwedkaçy olary yzarlaýardy. Perwyşew özüniň yzyna düşülýändigini aňyp, gaty gorkan bolara çemeli. Soňky günlerde örän howsalaly, aladaly gezýändigi mese-mälimdi.
Wasilýew yzyna gelýärkä, Georgiý Perwyşewiň Ketdegorganda Mişenkonyň ýanyna baryp, duşuşmagyny guramak hyýalyna münüp ýördi. Georgiý Perwyşew gözi gorkan bolsa hiç ýerde eglenmän Aşgabada gaýdar. Ol daşky gözegçilikden adam çagyryp, Georgiý Perwyşew dagyny garşylamagy tabşyrdy.
Olary Aşgabada çenli yzarlap gelýän razwedkaçynyň salgyny berdi, sag golunyň ýaglyk bilen saralgy boljakdygyny duýdurdy. Paroly aýtdy.
Georgiý Perwyşew Daşkentde Grigorewi agtarmady, duşuşjagam bolmady. Grigorew henizem ýanyna üç sany talyby alyp, şäherde kaňkaýardy, kino görýärdi, meň çekýärdi. Birki gezeg-ä ony ýitirdilerem. Ýöne derrew tapýardylar. Tötänlikde-de tapylýardy. Sirkiň ýanynda Grigorewi ýitiren aňtawjy razwedkaçy iki ýana çarp urdy. Ugur-derek tapman, telefon etmek üçin Leningrad köçesine çykanda, olaryň öň ýanyndan ýöräp barýandyklaryny gördi.
Kontrrazwedka eýýäm talyplaryň kimlerdigini anyklapdy.
Grigorew Stalin köçesinde ýaşaýan haýsydyr bir harby adamyň ýanyna baryp gaýdypdy. Sapýor lakamyny dakyp, razwedkaçylar ol harby kişini birki gün yzarladylar. Goşun bölüminde işleýän sazandanyň ýanyna barandygyny, 8-nji atyjylyk batolonynyň kazarmasynda bolandygyny hasaba aldylar. Günortan köçede güpbasdy etdiler-de, kontrrazwedka
132
getirip tabşyrdylar. Şol günüň özünde-on üçünji maýda talyplaram, Grigorewem ikibir-ikibir barýarka tussag etdiler.
Bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň on üçünji maýynda Türkmenistan SSR GPU-yna Daşkentden, OGPU-nyň Orta Aziýadaky Ygtyýarly wekilhanasyndan telegramma-buýruk geldi: «Karýaginiň toparyny haýal etmän tutuşlygyna tussag etmeli. Talaňçylyk bolandygyny inssenirlemeli, soňam gazete ýazmaly. Şonuň öňinçäsi haýal etmän Hajymyradyň adyndan Maşada adam ibermeli. Özem Grigorewiň we beýlekileriň şu gün ele salynjakdygyny habar bermeli”.
Duýdansyz gelen telegramma Türkmenistan GPU-nyň işgärlerini gozgalaňa saldy. Ähli meýilnamalaryny-- planlaryny, etsem-goýsamlaryny bozdy. Wasilýew ýolbaşçylara geňeşip, şol günüň özünde giçlik OGPU-yň Orta Aziýadaky ygtyýarly wekilhanasynyň kontrrazwedka bölüminiň naçalnigi Bermany göni prowod-- aragatnaşyk boýunça gepleşmäge çagyrdy.
Bellenen wagtda aragatnaşyk otagyna baran Wasilýew ilki söze başlady.
WASILÝEW: Samaralynyň toparyndakylaryň işi boýunça biziň käbir taýýarlyk görmeli zatlarymyz bar. Otr Çişi ýarmagy ertire goýaýsak gowy bolardy şeýdäýsek işe zyýan bermezmi siziň pikiriňiz nähili? Eger talap edýän bolsaňyz şu gün geçireris. Nkt Hajymyradyň adyndan gitjek adam ýene-de iki-üç günsüz ýola düşüp bilenok. Onsoňam Hajymyratly meseläni biziň ikinji wariantda teklip edişimiz ýaly çözmegi zerur hasaplaýandygymy aýdypdym. Biziň 8/19430 t 9/5 nomerli hatymyza seredip görüň
BERMAN: Tussag etmek gerek. Biz özümizdäki topary eýýäm ýygnadyk. Şoňa görä-de Siz bu işi şu gün geçirseňiz gowy bolardy. Ýogsam ýaramazlyk ýüze çykmagy mümkin.
133
Nkt Munuň üçin ullakan taýýarlyk görmek gerekdir hasaplamaýaryn. Olary tussaghana salyp soňra öz adamlaryňyz bilen biziň teklip eden zadymyzy gurap bilersiňiz. Nkt Üç günden bolsa bu barada ýazarsyňyz. Nkt Siziň nomeriňizi men bilýärin we biziň ýazyşymyz deýin etmegi başarsaňyz gowy bolar öýdýärin. Siz mydama partiýa agzasyny tapyp bilersiňiz ahbetin Otr şeýle dälmi?
WASILÝEW: Iň soňky mesele boýunça - synagdan geçen adamy mümkinçilige garap taparys... dogrusy bar diýsegem boljak. Ýöne biz onuň ol ýere baryp, kimiň iberendigini bilemok diýmelidigi bilen ylalaşmaýarys. Şowsuzlyga uçramagy mümkin. Geçirilýän operasiýany nazara almak arkaly Goý ol ilkinji gezek özüniň islän adamsyny ibersin, meniňçe şol dogry bolar. Indiki sapar öz adamymyzy ugradarys. Şu dogry bolardy Otr hemmesi düşnükli Otr şu gün tussag ederis. Nkt Ejesi Daşkentdemi - indi ähmiýeti ýok welin biziň myhmanymyzyň ejesi bärik gelmelidi.
BERMAN: Ol özüni kimiň iberendigini düşündirip biler ýa-da ony aýtmagyň özüne gadagan edilendigini göni mälim eder.
Ýerli halkyň adaty hem şeýledir öýdýärin. Ol ýerde muňa ýagşy düşünerler Nkt. Eger sizde bu adama ynam bar bolsa, goý onda ol ibersin. Şonda siziň isleýşiňiz kimin boljakdygy aýdyň. Ýöne kontrollyk edip bolmaz Nkt. Başga aýtjak zadym ýok.
Berman bilen bolan gürrüňiň ýazgysyny Wasilýew GPU-yň ýolbaşçylaryna eltip berdi. Haýal etmän buýrugy ýerine ýetirmäge girişdiler. Operatiw toparlar Karýagini we onuň ordasyny daňdan süýji ukuda ýatyrkalar güpbasdy etdiler.
Tussag etmek asuda ýagdaýda geçdi diýmek boljakdy. Üýtgeşik çaknyşyk, garpyşyk bolmady.
134
Wasilýew bolsa ilkagşam birküç sany işgärini gyssagly çagyryp getirtdi. Başlary jem bolan işgärler adatdan daşary ýagdaý ýüze çykandyr öýdüp, hatarlanyşyp otyrdylar.
- Näme sebäpden çagyranymy bilýän dälsiňiz, elbetde -
diýip, Wasilýew olara sowal berdi.
- Bilemzok - diýip, oturanlar başlaryny ýaýkadylar.
- Onda gulak salyň. Biz dükan ýarmaly. Çagalar komissiýasynyň dükanyny -diýip, Wasilýew söze başlady.
—Öte eşiden-ä däldiris-dä?
- Ýok, öte eşideňzok. Men oýun edemok - diýip, Wasilýew wezipäni düşündirdi. - Mümkin boldugyça uly goh turuzyň.
Hökman atyşyk sesi eşidilsin. Ýaragly talaňçylykdygy bilner ýaly.
Gije ýarymdan esli aganda, çagalar dükanynyň ýanynda turan goh-galmagal, tüpeň sesleri diňe goňşy-golamlary däl, şäheriň esli bölegini oýardy. Ýakynda ýaşaýanlar penjireden äňedişdiler. Tüpeň sesi eşidilende, çawup gelen gülleden heder edenler gaýra çekilip bukuldylar.
Bäş-alty gün geçenden soň, bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň maý aýynyň on üçünden on dördüne geçilýän gije çagalar komissiýasynyň dükanyna-- magazinine ýaragly çozuş eden residiwistler – talaçylar toparynyň ele salnandygyny gazetler habar berdiler. «Olaryň arasynda Jyzagyň türmesinden gaçan, ýakasy gaýyşly bandit Karýaginem bar. Karýagin we onuň ýanyndakylaryň birnäçe agyr jenaýatlar edendikleri, şol sanda aýna zawodynyň kassirini öldürendigi mälim» diýlip, gazet materialynda aýdylýardy.
KOMBAT HAJYMYRADYŇ ARKASYNY ALÝAR
135
Bir müň dokuz ýüz on dördünji ýylda fronta ugrajak bolup ýörkäler, türkmen diwizionynyň komandiriniň özüni görmek isleýändigini aýdanlarynda, Hajymyrat bu çakylyga geň galdy.
Türkmen diwiziony şol mahal polka öwrülýärdi. polkuň komandiri täzedi. Ozal göwni galan hem bolsa, ol çagyrylan ýere irinmän barmagy makul bildi.
Türkmen polkunyň komandiri polkownik Drozdowskiý ýaş
ofiseri hoşamaý garşylady. Idin alyp, gapydan giren Hajymyrat harbylarça dogumly ädimläp, polkownigiň gaşyna bardy.
- Saglygyňyzy isleýärin, jenap polkownik - diýip, agaç ýuwdan ýaly dim-dik bolup durşuna pert-pert sözledi.
Drozdowskiý Hajymyradyň salamyny alyp, elleşip görüşdi.
Oturmaga ýer görkezdi.
- Ýeri, gulluk neneňsi gidýär? - diýip, sowal berdi we jaýtyja murtly, gurşunly kenek deýin dogumly Hajymyrady ünsli synlady.
- Minnetdar, jenap polkownik. Gulluk gowy barýar. Basym fronta ugraýarys - diýip, Hajymyrat sowala jogap gaýtardy.
- Habarym bar. Habarym bar - diýip, polkownik öz teklibini aýtdy. -Diwizionyň polka öwrülýändigini bilýänsiňiz.
- Hawa, jenap polkownik - diýip, Hajymyrat baş atdy.
- Men size teklip etmekçi bolýaryn. Ildeşleriňiziň arasynda gulluk etseňiz niçik bolardy? - diýip, Drozdowskiý sözüne dyngy berdi, onuň dymyp oturandygyny görüp, sözüni dowam etdirdi. - Sizden gowy polk adýudanty çykardy. Maňa adýudant bolmaga çagyrýaryn.
- Jenap polkownik, bildiren ynamyňyza örän minnetdar -
diýip, az salym sesini çykarman oturan Hajymyrat dillendi. -
Başga bir mahal bolsa, siziň tabynlygyňyzda höwes bilen gulluk ederdim. Emma häzir, biziňkiler fronta ugrajak bolup durka,
136
men olardan galyp biljek däl. Maňa dogry düşünmegiňizi haýyş
edýärin.
- Men size düşünýärin - diýip, polkownik mylaýym gepledi.
- Dogrusyny aýtsam, şeýleräk jogaba garaşýardymam. Ýeri, bolýar-da, fronta diýeniňizden soň, sizi saklamaga hetdim ýokdur.
Polkownik gürrüňiň tamamlanandygyny aňladyp, ýerinden turdy. Onuň bilen des-deň örboýuna galan Hajymyrat:
- Gitmäge rugsat ediň - diýdi.
- Gidip bilersiňiz - diýip, polkownik, onuň elini pugta gysdy we ak patyşa hem-de Watan üçin gahrymanlarça söweşmegi sargyt etdi. Hajymyrat polkownige ýene-de bir gaýta minnetdarlyk bildirip, çykyp gaýtdy.
Hajymyradyň gulluk edýän korpusyny Kawkaz frontuna ugratdylar. Fronta ýetmänkäler, korpus Tiflis şäherinde iki aýa golaý eglendi. Bir sapar ofiserleri daşyna üýşürip, gürrüňdeş
bolanda, brigadanyň naçalnigi general Çaplyginiň diýen sözleri Hojageldiniň ýüregine hanjar bolup sanjyldy, hiç haçan içinden çykar ýaly bolmady. General onuň şu ýerde bardygyny görüp dursa-da, polkuň komandirine ýüzlenip:
- Siz Hajymyrady aşaklykdan gözden sypdyraýmaň, ol nasional ahyryn -diýdi. General bu sözleri pessaý ses bilen, Hajymyrada aňdyrmazlyga çalşyp aýtdy. Emma gulagy jam ýaly Hajymyrat generalyň ähli aýdanlaryny eşitdi. Ähli gany depesine ursa-da, zordan özüne erk etdi. Ofiserlerem generalyň sözlerini Hajymyradyň eşidendigini aňdylar. Özlerini oňaýsyz duýup, dagaşmak bilen boldular. Hajymyrat generalyň bu etmesini ýöne goýup biljek däldi. Ol raport bermek isledi.
Ofiser ýoldaşlary we polkuň komandiri ony beýle etmezlige yrdylar.
137
- General bilen çaknyşyp, aljak galaň bolmaz, gury özüňi heläklärsiň -diýip, ýerli ýerden ýalbardylar. - Biz kimiň kimdigini frontda görkezeris. Generalyň ýalňyşýandygyny subut ederis.
Söweş meýdanynda onuňky şowuna boldy. Dogrusy Hajymyrat aşa salyhatlylyk edip, gürrüň berende şeýle diýerdi.
Hakykatda ugurtapyjylygam, gözsüz batyrlygam, garadan gaýtmazlygam, başarjaň komandirlik etmegem utgaşýardy.
Elbetde, şowlulygam artykmaçlyk etmändi. Olar Sarygamyşdan çykyp, Kawkaz harby bölümleriniň yzyndan barýardylar. Üç-dört geçelgeden aşanlaryndan soň, türkleriň olaryň tylyna geçip, Sarygamşy eýeländikleri barada habar alyndy. Hajymyrada türk goşunlarynyň arasyndan ötelge tapyp, brigadany duşmanyň ýeňsesine alyp çykmak hakynda buýruk berdiler. Hajymyrat derrew öz garamagyndaky şu töwereklere kemsiz belet, asly grek esgeri ýanyna getirmegi tabşyrdy.
Gyş aýlarydy, howa sowukdy. Olar töwekgelçilikden çekinmän, daş-töweregi gowy barladylar. Ýerlikli geçirilen razwedka iňňän şowly boldy. Ahyr soňunda Hajymyrat toplary Sarygamşyň golaýjagynda daglaryň belent gerşine çykarmagy başardy. Türkler rus goşunlary ol tarapdan geler öýdüp asla garaşmaýardylar. Toplar gümmürdäp ugrady. Türkler aljyraňylyga düşüp, yza çekilmäge başladylar. Ruslaryň ýetip gelen pyýada goşuny Sarygamşy söweşsiz diýen ýaly eýelediler.
Kän olja alyndy. Munuň üçin Hajymyrady dördünji derejeli Wladimir ordeni, gylyç hem-de bant bilen sylagladylar. Bu onuň ilkinji sylagydy.
Soňraky söweşlerde ol dördünji derejeli Anna, üçünji derejeli Stanislaw ordenlerinem aldy. Harby çinini ulaltdylar.
Arzyrumyň etegindäki garpyşyk onuň ýadynda baky galdy.
Sebäbi söweşden soň, şöhrat, abraý paýlaşygynda iňňän
138
adalatsyzlyk edildi. Özem Hajymyrada gezek gelende, göz-görtele göriplige, göwnüetmezçilige, mertebäňi depgilemäge synanyşyga baş goşulypdy. Bu şeýle boldy. Arzyruma general Kalýantiniň goşunlary hüjüme geçdi. Türküstan korpusynyň bir bölegine Tafta diýen kiçeňräk galany eýelemek we türkleriň tylyna çykmak buýruk edildi. Olaryň geçmeli ýolunda gyş
aýlarynda gatnaw edip bolmaýardy. Şonda-da olara şol ýerden gitmeli diýip buýrupdylar.
Razwedka ýene-de gaýrata galmaly boldy. Ähli töweregi gowy barlap çykdy. Geçip bolaýjak ýerleri belli etdi. Ahyram olaryň bölümleri oňat pozisiýany eýelediler we türkleriň yza çekilmegine uly howp saldylar. Hajymyradyň öňki esgerleriniň üstüne ýene-de iki rota pyýada esger goşup, hüjüme geçmegi tabşyrdylar. Mümkinçilik bolan halatynda, tutuş galany eýelemelidi.
Hajymyradyň goşunynda telefon bardy, gyssaga düşende, duýdurdygy bes, beýleki bölümler kömege gelmäge häzirlenip durdylar. Hüjüm şowly boldy, daň atmanka galany eýelediler.
Hajymyrat haýal etmän telefon arkaly ýagdaýy aýdyp, kömege çagyrdy. Garşylyklaýyn hüjüm ediläýse, saklanyp bilmezlikleri mümkindi. Onda Hajymyrat dagyny mynjyradardylar.
Kömekçiler şolbada ýetişdiler. Türkleriň garşylyklaýyn hüjümi yzyna serpikdirildi. Birnäçe wagtdan Arzyrumyň eýelenendigi mälim boldy. Korpusyň komandiri, brigadanyň naçalnigi, polkuň we batalonlaryň komandirleri Georgiý Hajyny aldylar.
Hajymyrada bolsa Georgiý Hajyny bermekden boýun towladylar. Deňsizlik, adalatsyzlyk göz-görteledi. Esasy iş
edene zat ýokdy.
Ofiser namysyny belentde tutýan, adalatyň arkasyny çalýan ynsanlaryň heniz tükenmändigine Hojageldi şonda göz ýetirdi.
Batalonyň komandiri podpolkownik Kirillow Hajymyrady sylaglamalydygy hakynda gaýtadan towakga etdi. Kirillow
139
brigadanyň naçalnigine sypaýçylyksyz, berk raport ýazyp, şu şöhratyň esasy sebäpkäri Hajymyrat hem Georgiý Hajy bilen sylaglanylýança, özüni ony dakynmaga mynasyp hasap etmeýändigini görkezipdir diýýärdiler. Hajymyrada Georgiý Hajyny gowşurmaga mejbur boldular.
Rota komandirligine bellenen Hajymyrada ýene-de bir jogapkärli ýumuş buýruldy. Karars obasynyň golaýynda türkleriň uly toparlary yza çekilýän güýçleriň öňüne böwet boldy. Hajymyrada ýene bir rota hem-de pulemýot komandasyny berdiler. Gije şol böwedi böwüsmelidi. Obanyň ady Hojageldiniň hakydasyndady. Örän gowy arap atyny olja alyp, oňa şol obanyň adyny dakdy. Gaýdanda Kararsy satmaly bolupdy. Bu buýrugy hem Hojageldi şowly berjaý etdi. Köp olja aldy. Ýesirleriň arasynda general hem bardy. Munuň üçin ol altyndan ýasalan Georgiý ýaragyna mynasyp boldy. Bu baradaky buýruk geldi, ýaragyň özi welin gelmedi.
Russiýanyň soýuzdaş ýurdy Fransiýa kawkaz frontuna Hormat Legiony ordenleriniň iki sanysyny iberipdi. Olaryň hem birini Hajymyrat almaly edildi. Hormat Legionyny-da dakynmak miýesser etmedi. Harby çinler yzly-yzyna berilýärdi.
Uruşda şeýle bolýar. Harby edermenlik üçinem dakýarlar.
Rewolýusiýa başlananda Hojageldi on ýedinji Türküstan atyjylyk polkunyň üçünji batalonynyň komandiridi.
Podpolkowniklige ýetipdi. Rewolýusiýa barada habar ýaýrady, polklarda ispolkom saýlamaga başladylar. Hajymyrat polkuň ispolkomynyň başlyklygyna göterildi. Işe girişmänkä-de, korpusyň ştabyna çagyrdylar. Öz wezipesiniň nämelerden ybaratdygyna, nämeden başlamalydygyna oňly düşünmeýän Hajymyrat çakylyga bardy. Ştabda düşündirerler tamasy bardy.
Baran badyna geçirilen saýlawda heniz otuza-da ýetmedik podpolkownigi nasionallaryň gurultaýyna delegat edip,
140
Ýelisawetpol şäherine iberdiler. Ýelisawetpolda gurultaý bolmady. Hojageldi yzyna dolandy. Harby bölümleri hemişelik ýerleşýän şäherine ibermek gürrüňi çykdy. Diwizion komiteti alty adamy jaý tapmaga Aşgabada ibermegi belledi. Olaryň arasynda Hojageldi hem bardy.
Hajymyrat ýola düşmänkä atyny bialaç satmaly boldy.
Trapezunda gelip, birnäçe gün garaşdylar. Gämi ýokdy. Olaryň harby bölümleri gelip başladylar. Deňiz komendaturasyna ýüz tutup, minonosesde Batuma baryp, aňryk otla münüp, Tiflise ýetdiler. Ýene-de dykyna düşdüler. Ýelisawetpolyň golaýynda çozuş edilipdir diýen habar ýaýrapdy. Jemagat deňizde turan gaý deýin tolkun atýardy. Myş-myşlar barha çişirilýärdi.
Ýogsam düýbüni derňäp otursaň, kimiň niräk we kimiň üstüne çozandygyny bilýän ýokdy.
Kynçylykly pursatda çete çekilip, gol gowşuryp oturmagy başarmaýan Hajymyrat inisiatiwany eline aldy. Kiçeňräk miting gurady. Birnäçe eşelon jemläp ýola düşmegi teklip etdi.
«Haçana çenli garaşyp oturmaly?» diýdi. «Näme garaşýandygymyzam bilemzok ahbetin» diýdi. Mitinge ýygnanan esgerleriň arasynda Hajymyrady tanaýanlar bar bolup çykdy. Köpçülik Hajymyradyň komandirligi astynda eşelonlara münüp ugramak kararyna geldi.
Dört eşelon jemläp, ýolbaşçy komitetleri, gözegçileri we beýlekileri saýlap ugradylar. Öňden razwedka parowozyny goýberip, ýuwaş-ýuwaşdan Ýelisawetpola ýetdiler. Şol ýerde agşam ýatdylar. Hajymyrat ähli düzgüni berk berjaý edýärdi.
Gije garawullar goýuldy, ýörite postlar döredildi. Ertesi ýoly dowam etdirdiler. Baladżary stansiýasyna sag-aman ýetenlerinde Hojageldi esgerler bilen hoşlaşdy. Olar Rostowa gitmelidiler. Hajymyrat dagy bolsa Bakuwa sowulmalydy.
Bakuwdan gämili Krasnowodskä geçdiler we otla münüp Aşgabada ugradylar. Bamyda Hajymyrat düşüp galdy. Iki
141
günden Aşgabada barmagy wada etdi. Hojamyrat arçyn bary-ýogy bürküç ýylda podpolkowniklige ýeten gahryman ogluny söwüş soýup, dabaraly garşylady. Uly toý tutan ýaly boldy.
Arçyn öz eli bilen Russiýa okuwa iberen, indi perzentleriniň iň ulusy bolup galan ogluna guwanýardy. Begenjinden iki bolup bilenokdy.
Aşgabatda Hajymyrada nämeleriň garaşýandygyndan bolsa arçynam, onuň özem bihabardy.
ÇAPAR GAÝDYP GELDI
Karýaginiň topary ele salnanyna birküç gün geçenden soň, Hajymyradyň adyndan Maşada ýörite çapar gönderdiler.
«Bakgal» lakamly çaparyň gidenine on gün çemesi geçse-de, heniz habar - hatyr ýokdy. Ol Hajymyradyň hatyny Grýaznewe gowşuryp, aragatnaşygy dikeltmelidi. «Bakgal» tabşyrygy berjaý edip bilermikä? Şu sowal Wasilýewi örän biynjalyk edýärdi. Karýaginiň ele salynmagyna Maşatda neneňsi garaljakdygy nämälimdi. Gulkiniň ol ýerde özüni nähili alyp barandygynyň aýdyňlaşdyrylmazlygy hem howsala döredýärdi.
«Bakgalyň» saparynyň-- wizitiniň üstünlikli bolmagy juda möhümdi. Tersine bolan ýagdaýynda Wasilýewe «Siziň tapýan adamlaryňyz nähili?» diýiljekdigi bellidi. Bu Türkmenistan GPU-nyň abraýyny artdyrjak däldi. Wasilýew muňa gowy düşünýärdi. Şoňa görä-de Hajymyradyň hatyny alyp gitjek razwedkaçynyň kandidaturasyny saýlamaga iňňän jogapkärli çemeleşilipdi. «Bakgalyň» asly barly synpdan däldi, partiýa agzasydy. GPU-da işläp başlanyna birnäçe ýyl dolupdy, düşbüdi.
142
Daşkentden, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndan gelen bukja sähelçe-de bolsa, Wasilýewiň derdi-aladasyny gowşatdy. Ygtyýarly wekilhananyň kontrrazwedka bölüminde Denikiniň goşunynyň ozalky praporşigi Gulkini dil açmaga mejbur edipdiler. Wasilýewe iberilen bukjada Gulkiniň beren görkezmeleri bardy. Wasilýew olary praporşigiň Aşgabatda edilen soragda beren jogaplary bilen deňeşdirip gördi. Gulkin birinji gezek gidende, Grýaznewe SSSR-däki ýagdaý, ýer-suw reformasy barada Ekerançylyk halk komissarlygynda işlände bilýän zatlaryny eli bilen ýazyp beripdir. Grýaznewiň özüne brauing, kyrk iki sany ok, 350
manat pul berendigi barada aýdanlary ýalan bolup çykdy. Bärik gelýärkäler serhediň ýanynda meýdana oturandygy, şol mahal atlylar görnüp, ýolbelet kürtüň olary serhetçidir öýdüp, atlaryň ikisinem alyp gaçyp gidendigi, puluň, ýaragyň hem at bilen gidendigi barada diýýänlerem çypdyrmady.
Gulkin ikinji gaýta Maşada iberilende-de serhoşlyk etmek kemini goýmandyr. Içip imperialistik uruşda bile söweşen polkdaşy Makarow ikisi garpyşypdyr. Makarow oňa: «Sen bizi satmaga geldiň» diýipdir. Gulkin polkdaşyna: «Özüň bolşewikleriň agenti. Baý ýaşaýandygyň muny görkezýär»
diýipdir. Gulkin GPU-yň beren ýyly possunynam satyp içipdir.
Serhoş bolup, SSSR-iň konsulhanasyna barypdyr: «Meni gizläň» diýipdir. Indi özüni Maşada Wasilýewiň iberendigini aýdanyny-aýtmanynam ýadyna salyp bilenok. Gije konsulhana näçe sapar barany hem hakydasynda däl. Gije bolsa şol töwerekde uklap galypdyr.
Günde-günaşa pul diläp, iňlis maýorynyňam ýüregine düşüpdir. Maýor Grýaznewe: «Gulkin meni sagylýan sygra dönderdi. Gaýdyp ýanyma gelmesin» diýipdir. Grýaznew praporşigi ýüzükessir çalypdyr. «Nazmiýä tabşyraryn diýip haýbat atypdyr. Maşatdan basymrak gümüni çekmese, özüniň
143
öldüriljekdigini aýdypdyr. SSSR-e gidip, emigrasiýa wepalydygyny, toba edendigini diňe terrorçylyk aktyny geçirip subut etmegi maslahat beripdir. Gulkin serhede tarap gaýdypdyr. Harby attaşe oňa iki sany ofiser we bir zenan maşgala gelendigi barada dil ýarmandyr. Diňe Grýaznew Fransiýadan gelendiklerini Gulkine duýdurypdyr.
Aşgabada gelip, GPU-da özüniň artygrak samrandygyny Gulkin açyk boýun alýardy. Arak içirensoňlar, birneme erteki otarybilendigini gizläbem duranokdy. Soňam beren görkezmelirini üýtgetmäge çekinendigini Gulkin aç-açan aýdýardy.
Praporşigiň Daşkentdäki boýun almalary Wasilýewi biraz köşeşdirdi. Her niçigem bolsa Gulkin özüni GPU-nyň iberendigini boýun almandyr. Bärik gelip, bitiren işini ulaldyp görkezmek, agramyny artdyrmak isläpdir. Mundan beýläk ony işde ulanmag-a däl, azatlykda goýmagam bolmajakdy. GPU-nyň kollegiýasy praporşigiň takdyryny çözer. Wasilýew şu ýerde Gulkini ýaňra, içegen hasaplap, ony ýanyna ibermezligi haýyş edeni üçin öz ýanyndan Hajymyrada minnetdar boldy.
Polkownik prowokasiýadan çekinip diýenem bolsa, başga sebäpden aýdanam bolsa dogry hereket edendigi indi äşgärdi.
Ol Gulkiniň Persiýada bolanyna ynanypdy. Özem Grýaznew bilen baglanyşykly bir wakany aýdyp berip, diňe salam aýdypdy.
Karýaginiň aýtmagyna görä, Maşatda Gulkine «Goja»
lakamyny dakypdyrlar. Bile içenlerinde, Gulkin oňa özüniň SSSR-de bolup gelendigini gürrüň beripdir. Aç-hor bolýandygyndan zeýrenipdir.
Tussag eden batlaryna Karýagini Wasilýewiň özi sorag edipdi. Saratow Guberniýasynyň Kalmyşina şäherinde 1906-njy ýylda doglan Boris Karýagine 1928-nji ýylda Ferganada sekiz
144
ýyl iş kesilenem, şol ýylyň noýabrynda Ýakow Kondratew ikisiniň türmeden gaçyp, Aşgabada gelendigem, ondan Persiýa gizlin aşandyklaram hakykatdy. Wasilýew ondan serhetden neneňsi geçýändiklerini jikme-jik sorady.
- Gaçyp gidenimizde özümiz Aksuwuň deňinden geçdik.
Ilkinji gezek Aşgabada gelenimizde, Babadurmazyň ýanyndan pyýada aşdyk. Bizi bir kürt ýolbelet ugratdy.
- Biz diýýäniň kim? Näçe adamdyňyz?
- Men, Ptisin we ýolbelet üçümiz. Babadurmazda eline sag-aman gelendigimiz barada hat berip, ony yzyna ýolladyk.
Babadurmazda üç-dört sagat otla garaşmaly bolduk. Ýanymaza serhetçi gyzyl esger gelende, gaty gorkduk. Hernä hiç zat diýmedi, dokument soramady. Ýük otlusynda Aşgabada bardyk.
Paýtunly şäheriň daşyna, harby gospitalyň ýanyna gitdik.
Karýagin Ptisinleriň öýüne gidip-gelişini, onuň doganynyň awa gidendigini, ertesi Puşkin skwerinde duşuşmagy şertleşip aýrylyşandyklaryny gürrüň berdi. Tanalaryn öýdüp çekinip, Karýagin skwere barmady. Ptisin ikisi Maşatda görüşdiler.
Aşgabatda depoda işländigine görä, Karýagini tanaýan kändi.
Boris olara duşmakdan çekinip, gaça durýardy.
Şol gezek Karýagin dosty Tolkaçewlerde ýaşady. Ony Termeze iberip, harby maglumat ýygnatdy. Ol hiç zat ýazmaýardy. Ählisini ýatda saklamaly diýip, Makarow öwredýärdi. Diňe juda zerur bolanda gysgajyk bellikler etmegi, serhetden geçilende ony elde saklamagy, gyzyl esgerler görnäýse zyňyp goýbermegi maslahat berýärdi.
Karýagin Änewe çenli pyýada gitdi. Ol ýerde ýük otlusyna münüp, Aksuwüň ýanynda böküp galdy. Öňki belet ýerinden Persiýa gitdi. Mämmedabatda Grýaznewiň gizlin kömekçilerini tapyp, sag-aman Maşada ýetdi. Makarow Karýaginiň getiren maglumatlaryny az gördi. «Hemmesi şularmy?» diýip,
145
närazylyk bildirdi. Ertesi Tatarinsewiň diktowat etmeginde SSSR-de ilatyň närazylygy, ak çörek gytdygy, uzyn nobatlar barada agzyna gelenini samrap hasabat ýazdy. Monarhistik edebiýaty ýaýradyşlary barada erteki otardy. Hakykatda bolsa ol edebiýaty Persiýadan gaýtmanka otlapdy. Ptisinem şeýdipdi.
Buthanalaryň ýapylýandygy barada bilýänlerini gürrüň berdi.
Soňra Karýagini iňlis konsulhanasyna eltip, maýor Stiwen bilen duşurdylar. Maýor ony gije myhman alyp, rus dilinde ýazylan tabşyrygy ýat tutdurdy. Hiç hili ýazgy etdirmedi. Bir topar edebiýat, güýçli zäherli çüýşejik, şifr, hat berdi. Şol zatlary Grýaznewiň adyndan Hajymyrada gowşurmagy tabşyrdy. Hajymyrat iňlisleriň bu işe dahylynyň bardygyny aňaýmasyn diýip berk sargady. Bu gezegem ony ýanyna ýolbelet goşup ugratdylar. Aşgabatda kerpiç zawodynyň ýanynda ekinzarlykda ýerleşenlerinden soň, Karýagin ýolbeledi yzyna goýberdi.
Iňlisleriň haýryna içalyçylyk eden Karýaginiň aýdan zatlarynyň aglabasy Wasilýewe mälimdi. Kontrrazwedkanyň naçalnigi özüniň agentleriniň işleýşinden umuman razy boldy.
Içalyçylyk maglumatlaryny ýygnamagyň täri ýönekeýdi. Baran şäherlerinde telefon kitabyny tapyp, jaň edip görmelidi. Harby zawod bar bolsa, onsoň şol ýerde işleýän adamy tapmagyň ugruna çykmalydy. Ýerli gazetleri toplamalydy.
Samaranyň awiasion zawody, Gyzylordanyň gaz zawody barada gyzyklanylýardy. Daşkentde awiasion mekdepler hakda bilmelidi. Täze çykan protiwogazdan birini satyn almaga synanyşmalydy. Gepiň keltesi Karýagin başda biraz boýun towlajak bolsa-da, soňra hemmesini gürrüň berdi. Konstantin Tolkaçew, Aleksandra Tolkaçewa, Mihail Logunow, Aleksandr Perwyşew, Kalaçihin dagy hem bada-bat dogruçyl görkezme berip başladylar. Beýlekilerem Karýaginiň görkezmelerini okap,
146
basym dil açdylar. Derňewiň iň şowly tarapy, olar «Onunjyny»
penalaýardylar. GPU öz agentiniň üsti açylmaz ýaly
«Onunjyny» hem beýlekileriň arasynda tussag edipdi.
Karýaginiň hut özi hem «Ol meniň Persiýadan gelenimden bihabar, diňe gabawhanadan-- izolýatordan gaçandygymy aýtdym» diýýärdi. Sülçüler bolsa atylandygy zerarly, sizi satan Gudkow diýen manyny berýärdiler. Aýna zawodynyň ýanynda gije aşa serhoş Karýagin Gudkowy ýaralapdy. Karýagin zawodda işleýän gyzlaryň ýanyna gitjek, oýun görkezilýän ýere barjak bolup dyzaýardy. Gudkow we Aleksandr Perwyşew ony goýbermejek bolanlarynda Karýagin rewolwerini çykaryp, mäşäni gysdy. Ok Gudkowyň sag elinden degdi.
Wasilýew Borisden Maşatdaky rus emigrantlarynyň ählisi hakynda sorady. Ol bilýän zatlaryny gizlemän gürrüň berdi.
Karýagin Maşatda, Ark meýdançasynyň golaýynda ermeni zenanyň öýünde bir rus generalynyň aýalynyň bardygyny, onuňam maýor Stiwenden pul aýalyndygyny aýtdy. Generalyň familiýasyny ýada salyp bilmedi.
***
Ugranyna onunjy gün diýlende, «Bakgal» yzyna gaýdyp geldi. Wasilýew kabinetinde Boris Karýaginiň toparyndakylaryň birinden sorag etmäge taýýarlanyp otyrdy.
Gyzyl esgeriň serhet bozujyny alyp gelendigini nobatçy oňa habar berdi. Serhet bozujy özüni GPU-a eltmegi haýyş edipdir.
Wasilýew soragy soňa goýup, ony getirmegi buýurdy. Dilmaç çagyrdy. Sebäbi «Bakgal» rusça düýbünden bilenokdy.
Gapydan giren «Bakgala» gözi düşende, Wasilýew birbada begenjeginem bilmän, gynanjagynam bilmän kösendi. Bir zat
147
aňmak isläp, «Bakgalyň» ýüzüne çiňerildi. Gulkiniň yzyna gelişi ýadyna düşdi. «Bakgalam» gideli bäri habar-hatyr ýokdy.
- Ýeri, niçik? Tabşyrygy ýerine ýetirdiňmi? - diýip, ol dilmajyň kömegi bilen sorady.
- Hemme zat ýerbe-er. Edil aýdyşyňyz ýaly - diýip,
«Bakgal» jogap berdi.
- Ýadawam bolsaňyz, gysgajyk gürrüň beriň - diýip, Wasilýew oturmagy mürähet etdi. - Dynç alaňyzsoň, giňişleýin hasabat taýýarlarsyňyz.
- Men ýadaw däl - diýip, «Bakgal» görkezilen oturgyja jaýlaşykly ornaşdy. - Ukymy aldym.
- Nirede?
- Serhetden aşan badyma, daňdan gözümiň awusyny aldym.
- Ol-a hasam gowy. Başlaberiň.
- Bir çäýnek ajy gök çaý bolaýsa, şü mahal gözüme degäýjek
- diýip, «Bakgal» naçalniginden çekinjeňlik etmän sorady. Ol iş
bitirip gelendigini bilýärdi. Wasilýew çaýy mähetdel etmedi.
«Bakgal» gök çaýyň başynda Maşada sapary hakda gürrüň bermäge başlady.
GRÝAZNEWE HAT
Kontrrazwedkanyň başlygy Hajymyrada hatyň tekstini okap çykmagy teklip etdi. Polkownik öz adyndan Grýaznewe iberiljek haty ýazmaga kän yhlas edilendigine, kelle döwülendigine göz ýetirdi. Ozal ol hatyň garalamasyny taýýarlapdylar. Indi Wasilýew gutarnykly, boldy edilen teksti getiripdi.
- Şifre geçirmek ýeňil-ä düşmez - diýip, Hajymyrat okap bolan badyna dillendi. - Eger spesialistleriňiz-- hünärmenleriňiz şifri özleşdiren bolsalar, onda pylan diýip biljek däl.
- Şifriň zerurlygy ýok. Haty siz diňe göçürseňiz besdir.
148
--Düşnükli-- diýip, polkownik başga sowal bermedi.
Umuman artykmaç syr biljek bolmak häsiýeti Hajymyratda ýokdy. Zerur bolsa özleri aýdarlar hasap edýärdi. Elbetde, bu häsiýet razwedkaça mahsus däldi. Aslynda ol gizlin gulluga dahylly meselelere ýiti düşünibem barmaýardy. Ol harby razwedkada gulluk edipdi. Hajymyrat owadan poçerkde, hünji düzülen ýaly edip, gyssanman haty göçürmäge başlady:
«Siziň K-dan iberen, meniň üçin garaşylmadyk zatlaryňyzy aldym. Olary gowşuranda K-nyň goýberen ýalňyşlygy janyňy ýakýar, iberen zatlaryňyzyň bir bölegini men öýde ýokkam ol aýalyma goýup ötägidipdir. Häzirlikçe soňy gowy tamamlandy.
Ýöne meniň bilen razylaşyň, beýtmek bolmaz ahbetin.
Üstesine-de ýanyma gelen gezekleriniň üçüsinde-de K. iňňän serhoşdy. Ýeke özem gelmedi, ýanynda haýsydyr bir dostlary bardy. Umuman bu ýerde özüni bolmalysy ýaly alyp barmady.
Onuň ozal jenaýatçylyk edendigini men soňra bildim.
Abraýyma şek ýetmezligi üçin we işiň hatyrasyna ony gaýdyp meniň ýanyma ibermezligi haýyş edýärin. Ony has çemeliräk, ynamdar adam bilen çalşyryň. K. niräk gitjekdigini maňa aýtmady, üç hepde çemesi wagtdan gelmegi wada etdi. Ýöne häzire çenli gelenok. Aragatnaşyk etjek parsy maňa görkezerin diýipdi. Ony hem tanyşdyrmady.
Siziň adyňyzdan ilkinji bolup meniň ýanyma G. geldi. Men ony arakhor, kezzap, uzakçyl däl adam hökmünde tanaýaryn we onuň hut siziň adyňyzdan gelenine gaty geň galdym.
Biziň köne tanyşlarymyzdan siziň sapýorçylyk işi boýunça gullukdaşyňyz. Sergeý Zelinskini ýatladyp biljek. Özüňize mälim bolşy deýin ol meniň kadet korpusynda bile okan ýoldaşym. Iň soňky gezek men oňa kawkaz frontunda sataşdym.
Onuň daş keşbi şeýle: uzyn boýly, gök gözli, mele saçly. Şu haty ýazanyň kimdigine sizi ynandyrmak üçin şulary ýeterlik hasaplaýaryn.
149
Biziň umumy işimiz hakynda bolsa siziň hatyňyza jogap bermegim umumy işe gulluk etmäge taýýardygyma, başardygymdan hemme taraplaýyn goldaw berjekdigime şaýatlyk edýändir öýdýärin. Menden näme talap edilýändigi we näme etmelidigim barada diňe siziň ýolbaşçylygyňyz gerek.
Döwlet diwanynda-- apparatynda geçirilen arassalaýyş zerarly ýagdaý bu ýerde dartgynly, menem çetde galmadym (“Turkmenskaýa iskra” gazetiniň şu ýylyň 18-nji martyndaky sanyna serediň), türkmenleriň arasynda dostlarym bardygyna görä, men häzir-ä saklanýaryn.
Meniň ýollan adamym hem türkmen. Biziň işimizde ol hiç zada düşünýän däldir. Size-de onuň bilen iş hakynda gürrüň etmezligi maslahat berýärin. Maňa dahylly zatlary hata ýazyp, eline beriň. Özi kime gowşurmalydygyny bilýändir. Ol doly ynamdar adam. Pars territoriýasynda ondan-oňa gitmeli bolanda goldaw bereweriň.
Edebiýatlardan milli dillerde ýazylanlary köpräk bolsa gowy. Esasan türkmen we özbek dillerinde ýazylany gerek.
Şäher üçin rusça taýýarlanany hem zerur.
K-nyň maňa gowşuran şifrini özüňiziň iberendigiňizi tassyklaň.
Siziň GAMÇYŇYZ.
Indiki gezek «Melhem» diýip gol çekerin. Meniň ýanyma iberjek adamlaryňyza-da şu sözi beriň. 1929-njy ýylyň 15-nji maýy».
Haty ýörite çapardan Maşada gönderjekdigini aýdyp, Wasilýew gaýtdy. Ony ugradyp, Hajymyrat häzirki hereketleri, GPU-a kömek bermäge razylaşyşy barada oýa batdy.
Nämedendigini bilmese-de, ol özüni birhili sözünde
150
tapylmadyk, birine haýynlyk eden kimin duýýandygyny aňdy.
Şuňa çalymdaş sowal kalbyndan çykmaýardy. “Kime dönüklik etdimkäm?” diýip, ol iňkise gitdi.
Hajymyrat Onuň Alyhezretleri ak patyşa wepaly boljakdygyna kasam edipdi. Ol özüne ynjalyk bermeýän zadyň ahyrym üstünden bardy. Hojageldi monarhiýany dikeltmegi niýet edinýän emigrantlaryň garşysyna göreşýän GPU-nyň tarapynda çykyş edýärdi. Eýsem ol ak patyşa dönüklik etdimi?
Polkownik islendik pursatda «Ýok» diýip, jogap bermäge taýýar. Ol islendik adama «Men patyşa kasamymy bozmadym»
diýip biler. Hajymyrat patyşanyň iberen ýerine gitdi, hatda öz musulmanlary türkleriň garşysyna-da söweşdi. Ýogsam türkmen ofiserleriniň içinde «Türklere garşy söweşip biljek däl» diýenler bardy. Hajymyrat beýle diýmedi. Ol ak patyşa gulluk etmäge ak ýürekden kasam içipdi, kiçi dilden bärde däldi. Şonuň üçinem ol Kawkaza fronta gitmekden boýun gaçyrmagy ikiýüzlülik hasap etdi. Şol pursatda galybam bilýärdi. Galmady, ýoldaşlarynyň arasyndan sogrulyp galmagy binamyslyk, ejizlik hasap etdi.
Dogry özbaşdak, berkarar türkmen döwletini gurmak arzuwy käte gursakda köreýärdi, käte-de öçügsilenip, çalaja ýylpylda öwrülýärdi. Basyp alnan, baknalykda ýaşaýan her bir halkyň hem aga-gara düşünýän ogullarynyň azatlyga, erkanalyga ymtylyşy hökman bolaýmalydy. Hojageldi şeýle hasap edýärdi.
Ýöne şol umyt, arzuw oňa kasamyndan dänmäge, lebzini ýuwutmaga esas berenokdy. Onuň Alyhezretleri ak patyşa tagtyndan el çekýänçä, Hajymyrat ak ýürekden gulluk etdi.
Ondan soňra ol özüni erkana alyp barmaga haky bar hasap etdi.
Patyşa ýykylyp, rewolýusiýa turanda, Hajymyradyň gursagyndaky azatlyk, türkmeniň özbaşdaklygy baradaky arzuwy köräpdi, tutaşypdy. Şu garma-gürmelikde, garaşsyzlyk almak bolar umydy oýanypdy. Russiýanyň çet-gyralaryndaky
151
ülkeler bölünip, özbaşdak döwlete öwrüler diýen pikir onuň aňyna berk ornaşypdy. Şonuň üçinem Aşgabada gitmeli diýlende, höwesli ýola düşüpdi. Ol Bamyda hem uzak eglenmän, iki günden Aşgabada bardy. Ol çaltrak nämäniň nämedigine göz ýetirmek isleýärdi. Bile gelen ýoldaşlarynyň Aşgabatda gowy ýerleşendiklerine göz ýetirenden soň, olary ýanyna alyp, komendantyň uprawleniýesine bardy. Ol ýerde ozalky zapasdaky bölümleriň demobilizasiýasy tamamlanýança garaşmagy haýyş etdiler.
Hajymyrat Ispolkoma hemem oblast musulman komitetine baryp gördi. Olaryň ikisem özüni häkimiýet hasap edýärdi.
Oblast musulman komitetiniň başlygy Oraz Serdardy.
Hajymyrat özüni gaýybana onuň orunbasarlygyna saýlandyklary barada bilip galdy. Hojageldi heniz töweregine ýagşy göz aýlap, neneň-niçikdigini aňşyryp ýetişmänkä, oblast musulman komiteti gozgalaňa düşdi, aljyraşyp ýördüler.
Sebäbini soranda «Komissar Kolosow gelipdir, Köşä tarap çekilmeli» diýip jogap berdiler. Ýene-de şoňa meňzeş gürrüňler onuň gaharyny getirdi.
- Komissar Kolosowdan name üçin beýle gorkýandygyňyza hiç düşünip bilemok - diýip, Hajymyrat janyýangynly gürledi. -
Baraga-da onuň bilen gürleşäýmeli bolar-da.
Oňa gulak asan bolmady. Gaýtam çaltrak ugramagy maslahat berdiler. Hajymyrat hiç ýere gitmejekdigini çürt-kesik aýtdy. Haýsydyr bir komissardan gorkup, basga düşüp ýörüşlerine gahary geldi. Olar gitdiler. Şol gün agşam komissar Kolosowyň türkmen diwizionyna tarap topdan iki gaýta atyp, ýaraglaryny tabşyrmagy talap edendigini Hajymyrat soň eşitdi.
Ertesi komendant uprawleniýesinde komissarlaryň birisi gabat gelip, ondan Ispolkoma girip çykmagy haýyş etdi.
Hajymyrat ertesi barmaga söz berdi. Indiki gün Ispolkoma baranda oňa «Türkmenleri bir zat etmeli, seksiýa guramaly»
152
diýdiler. Hajymyrat bu işe girişmäge taýýardygyny mälim etdi.
Ispolkom oňa ygtyýar berdi. Ertesi ýakyndaky obalardan wekilleri gyssagly ýygnap, türkmen seksiýasyny döretdi.
Seksiýanyň agzalaryny häzirlikçe şol obalaryň wekilleri saýladylar. Şeýdip döredilen türkmen seksiýasy ispolkom bilen ysnyşykly işläp başlady.
Kän mahal geçmänkä, oblast komissariatyna gaýtadan saýlawlar geçirildi. Hajymyrady oblast komissariatyna saýladylar. Türkmen seksiýasynyň başlyklygyna Daňatar Artykow geçdi. Şol döwürde iňlis agenturasy güýjüni gaýgyrman işlän bolsa gerek. Täze saýlanan adamlar işe girişip ýetişmänkäler, närazyçylyklar başlandy. Adatdan daşary komissar Frolowyň gelmegi ozalyndan ündewi ýetik mähelläniň galagoplugyny, tolgunmasyny artdyrdy. Bu işe türkmenlerem goşulýardylar. Bihasap ýarag berilmegi göwni bölegi özüne çekýärdi. Gozgalaň turzanlar ozal başda artilleriýa skladlaryny eýelediler we türkmenlere ýarag paýlap başladylar.
Hajymyrat gozgalaňyň başlan ýerine - stansiýa baryp, türkmenleri bu awantýuradan çetleşdirmek isledi. Niýeti başa barmady. Özi gaçyp gutulmaga mejbur boldy.
«BAKGAL» HINDISTANA BARDYMYKA?
Gök çaýyň başynda gürrüňe başlandan «Bakgal»
Grýaznewiň hatyny naçalnigine berdi. Wasilýew «Bakgaldan»
serhetden geçirenlerinden soň gören-eşidenleri, duşuşan adamlary hakda jikme-jik soraşdyrdy. «Bakgal» Karýaginiň getiren adresine barypdy. Hajymyrat beýleki şäherlerden gelen haty alyp, pars aragatnaşykça bermelidi. Ol bolsa serhetden aşyp, görkezilen adrese eltmelidi.
153
Paçgyranda «Bakgaly» parsgazak saklady. Polisiýa äkitjek boldy. Ol özüni Mämmet Bagyryň tanaýandygyny aýtdy.
«Bakgal» özüniň işli gelendigini duýduranda, Mämmet Bagyr
«Gazaga iki tümen berip goýber» diýdi.
- Bu gezende, päk ýürekli adam, pars raýaty, saklamak gerek däl. Men tanaýaryn - diýdi. Iki tümeni alyp, gazak gitdi.
- Men atymy ýitirdim. Büjnürtden gelýärin. Gökleň hany Janmämmet handan hat alyp gaýtdym - diýip, «Bakgal» özüni tanatdy. - Haty Meşedi Mämmet hana bermeli.
Sowatsyz Mämmet Bagyr ogluny çagyryp, hatyň adresini okatdy.
—Paçgyranda beýle adam ýok—diýip, Mämmet Bagyr ogluny ugradyp, biraz oýlanandan soň aýtdy.—Bu ýerde bolsa, men ony hökman tanaýmaly.
—Hatda meniň atymy tapmaga kömek ediň diýip ýazylgy—
diýip, «Bakgal» indiki maksadyny mälim etdi. —Siz tanamaýan bolsaňyz Paçgyranda hakykatdanam beýle adam ýokdur. Men eglenmän Maşada gideýin. Özüňize-de taňryýalkasyn, parsgazakdan sypdyrdyňyz.
—Bile ýalkasyn! Sag-aman baryň.
Mämmet Bagyr ony garaża çenli ugratdy. «Bakgal»
şofýor—sürüji bilen bäş tümene gepleşip, ýola düşdi. «Bakgal»
Mämmet Bagyra başga hiç zat aýtmady.
Goçantda ony ýene sakladylar. Pars bolköýnegi «Bakgaly»
Maşada goýbermedi.
- Her şäherde tertip üýtgeşik. Biziň Büjnürdimizde beýle zat ýok. Islän ýeriňe gidibermeli - diýip, «Bakgal» gaharlandy. Pars bolköýnegi süýrenişip ýörmedi. Eliniň tersi bilen çaldy-da, kazarma iberdi. Her niçigem bolsa, ony gijiräk goýberdiler.
154
Maşada baryp, «Bakgal» garażda ýatdy. Ertesi bir nätanyş
rus gelip, şol töwerekde kän köwejekledi ýördi. Hajathana girdi.
«Bakgal» oňa türkmençe salam berdi. Ol salamy türmençe aldy.
- Bir ýerde görenime meňzedýärin. Menşewikde gulluk etdiňmi? - diýip, «Bakgal» tanyşlyk açyp başlady.
- Hawa, men Oraz Serdaryň adýudanty boldum.
—Men bolsa ştabda gulluk etdim.
Türkmençe gürleýän rus adamsy birki sany adamyň adyny tutdy. Olary tanaýandygyny-tanamaýandygyny sorady.
«Bakgal» olary tanady. Rus adamsy Aşyradada ýarag satylyşyny ýatlady. «Bakgaly» öýüne çaýa çagyrdy. Çaý içip otyrkalar «Bakgal» ondan uzyn boýly, daýaw, murtlak polkownik hakda sorady. Öý eýesi «Bakgaly» yzyna tirkäp, göni Grýaznewiň öýüne eltdi we «Bakgala» tötänden duşandygyny, gürrüňdeş boluşlaryny rusçalap aýtdy.
Öe girdiler, «Bakgal» özüniň Orsyýetden atyny gözläp gelendigini, Oraz Serdaryň ştabynda gulluk edende Grýaznew barada köp eşidendigini, salamlaşyp geçmegi makul bilendigini aýtdy. Grýaznew Türkmenistan barada yzly-yzyna sowal berdi.
Jüneýit hana otrýady bilen serhetden geçmäge özüniň kömek edendigini gürrüň berdi.
Grýaznew daş çykanda «Bakgal» hem çykdy. Hat getirendigini aýtdy. «Bakgal» öwrülip öe girende, Grýaznewiň ýeke özüdi. Donuny çykaryp, «Bakgal» hatyň tikilen ýerini görkezdi. Grýaznewiň özi donuň ýakasyny sökläp, haty aldy.
Çalt okady. Örän hoşal boldy. Howla çykyp, ýaňky rusy çagyrdy. Şoňa dilmaçlyk etdirip, gaýtadan yzly-yzyna sowal ýagdyryp ugrady. Ony hemme zat gyzyklandyrýardy. Ilatyň salgytlara garaýşy, pagta meýdanynyň giňeldilişi, Türkmenistanda bugdaý ýeterlik barmy, hojalyk krizisi duýulýarmy? Türkmenler bulara neneňsi garaýar?
155
- Diňe baýlar, ruhanylar sowet häkimiýetinden nägile bolýarlar. Sebäbi olary gysýarlar - diýip, «Bakgal» gönümel jogap gaýtardy. - Häkimiýetler garyp-gasarlary goldaýarlar.
Garyplar häkimiýetlere ygrarly, hatda dostlukly garaýarlar diýseňem boljak.
Grýaznew özünde başga muglumatlar bardygyny aýdyp, gatyrganjak boldy. Ikisi çykyp gitdiler. Jepbar Goja diýen birini alyp geldiler. «Bakgal» ýerinden turup, baş egip salamlaşdy.
Jepbar Goja ony oturtdy.
- Hojageldi Hajymyrat ogly sag-amanmy? - diýip, Jepbar Goja soraşdyryp ugrady.
Gypjakly ak ofiser Daňatar Artykow, 1917-1919-njy ýyllarda Merwdäki türkmen polkuna komandirlik eden Ata Sary ogly, Hakberdi Oraz Serdar ogly barada gyzyklandy. «Bakgal»
hemmesiniň sag-amandygyny aýtdy. Olaryň ählisini gowy tanaýardy. Daňatar Artykow Gypjakda, Ata Sary Börmede, Oraz Serdaryň 20-22 ýaşly ogly Hakberdi Deştde janlary sag, gezip ýördüler. Jepbar ýylyň başlarynda Ata Sary oglundan iki sany hat alandygyny gürrüň berdi.
- Hojageldi Hajymyrat oňat işläp ýörmi? - diýip, Jepbar Goja ýene-de polkownik barada sorady.
- Hawa, işläp ýör - diýip, «Bakgal» güwä geçdi. Ýöne edil häzir haýsy edarada güýmenýändiginden bihabardygyny aýtdy,
«Bakgal» hakykatdanam Hajymyradyň nirede işleýändigini bilmeýärdi. Jepbar Goja we Grýaznew «Bakgaly» iňlis konsulhanasyna äkitdiler. Konsul ýerinden turdy. Bil büküp, tagzym edip, gündogarça salamlaşdy. «Bakgalam» şeýle etdi.
Konsul parsça gürleýärdi. Jepbar Goja terjime etdi.
- Seni Russiýadan Maşada iberen kim? - diýip, konsul soraýardy.
- Ol çagalyk dostum, mugallym bolup işleýär - diýip,
«Bakgal» GPU-da özleşdiren rowaýatyny sarnap ugrady. Özüm
156
ýarlykly garyp, dostum mydama kömek edip dur. Şol haýyş
etdi. Haty öz eli bilen donuň ýakasyna tikdi. Gizlindigini, diňe Grýaznewi tapyp gowşurmalydygyny tabşyrdy. «Maşatda sowet konsulhanasyna baraýmagyn, tussag edip, öldürerler» diýdi.
- Mugallym saňa bu hyzmatyňa näme wada berdi? - diýip, konsul onuň sözüni böldi.
- Ýigrimi tümen tölejek. Eger maňa bir zat bolaýsa, maşgalaňy gözden salmaryn-- diýdi.
- Maşatda galarmyň? - diýip, konsul Jepbar Goja tarap baş
atdy. -Aksakal garrady. Şonuň ýerine işlemeli. Türkmenistana abraýly hem puljagaz toplap dolanyp bararsyň. Basym Türkmenistany iňlisler basyp alar.
- Galyp bilmerin - diýip, Jepbar Goja konsulyň sözlerini türkmençä geçiren badyna «Bakgal» aýtdy. - Mugallym dostum Grýaznewden hökman jogap alyp gelmelidigini sargady. Ol jogaby özüniň tanyş türkmenine eltip bermeli.
- Mugallymyň familiýasy näme?
- Mämmet Mämmet ogly diýýärler.
Konsul dymdy. Ol mugallymyň familiýasyny ýazmady.
Umuman mugallym ony känbir gyzyklandyrmady.
- Mugallym hem meniň ýaly Oraz Serdaryň ştabynda pulemýotçy bolup gulluk etdi - diýip, «Bakgal» dymyşlygy uzaga çekdirmezlige çalşyp gürledi. -Mugallym Jepbar agany tanaýar.
Konsul «Bakgala» Jüneýt han barada aýdyp ugrady.
Grýaznewiň aýdanlaryny gaýtalady. Yzyna baransoň baýlara we mugallymlara Türkmenistany iňlisleriň aljakdygyny aýtmagy tabşyrdy. «Köpçülikde däl-de, ikiçäk, ýeke-ekeden gürrüň bergin. Baýlar, ruhanylar ýene biraz sabyr etsinler. Ynamdar adamlaryna iňlisleriň Türkmenistany azat etjekdigini, rewolýusiýadan öňki düzgüniň dikeldiljekdigini aýdyp
157
dursunlar» diýdi. Has uly naçalnikler bilen gürleşmek üçin ertesi irden Hindistana iberjekdigini aýtdy. «Bakgalyň»
ýüzünde peýda bolan närazylyk alamatlaryna gözi düşüp, iki günde baryp-geljekdiklerini aýtdy.
Konsulhanadan Grýaznew ikisi bile çyksalaram, ol ýigrimi-otuz ädim öňden gitdi. «Bakgal» garama-garama yzyna düşdi.
Ol Grýaznewlerde ýerleşdi. Ertesi işe gidende öý eýesem, çagalaram oňa howludan çykmazlygy sargadylar. “Maşatda sowet içalylary kän, görerler” diýip, Grýaznew zeýrendi. Iki gije ýatyp, birigün irden “Bakgaly” Grýaznewlere getiren rus maşynly alyp gitdi. Grýaznew oňa Baýar han diýýärdi. Baýar han “Bakgalyň” donuny, telpegini, çokaýyny çykardyp, parslaryň eşigini geýdirdi. “Bakgal” parslaryň kellä geýýän zadyny geýmedi, tahýaly gitdi. Maşynda sürüjiniň ýanynda oňat kostýumly, başy garaköli baganadan tikilen zömmek telpekli hindi otyrdy. “Bakgal” ony iňlis konsulhanasynda görüpdi.
Ähli ýeri ýapyk maşynda uzak gün ýol ýöräp, agşam sagat ýigrimi bir töwerekleri bir şähere ýetdiler. Hindi olary daşdan gurlan beýik jaýa alyp bardy. Jaýda harby formally-- jybasly, uzyn boýly, gojaman iňlis olary garşy aldy. Başga hiç kim ýokdy. Baýar han dilmaçlyk etdi.
- Karuskini tanaýarmyň? - diýip, iňlis ofiseri sorady.
- Tanamok. Demir ýoldan uzakdaky obada ýaşaýaryn.
- Karuskiý GPU-yň naçalnigi. Milleti jöhit - diýip, iňlis hyjuwly gepledi. - Karuskiý öz eli bilen ençeme ýüz sany türkmeni atdy. Hökümetiň başlygy Atabaýewiň orunbasaram jöhit. Türkmenistany jöhitler eýelediler. Ilat muňa närazy bolýar. Jüneýt hanyň nirededigini bileňokmy? Ol Özbegistanda bolşewikleriň garşysyna söweşýär. Otrýadynda iki müň atly bar.
Jüneýt han iňlisleriň kömegine daýanyp, Türkmenistany basyp
158
alar. Onuň otrýadynda rus ofiserleri ýolbaşçylyk edýärler. Han Özbegistanda birnäçe ilatly punkty eýeläp, kommunistleriň ýoguna ýandy. Özbegistanda-da, Türkmenistanda-da biziň, ýagny iňlisleriň «wekilleri» bar. Sowet apparatyny, hojalygyny, senagatyny bozmak ugrunda köp iş edýärler. Basym sowet häkimiýeti ýykylar. Onsoň obalarda metjitler dikeldiler, hususy söwda ýol açylar, halkyň sylaýan adamlary ýolbaşçylyk ederler, gelmişek jöhitler başlyk bolmazlar.
Iňlis «Bakgala» goňşy otagdan patyşa goşunynyň ofiserleriniň pogonyny, ordenleri getirip görkezdi. Ak ýürekden gulluk etse, «Bakgaly» ofiser çini we haç bilen sylaglajakdygyny aýtdy. Pogony «Bakgalyň» egnine deňäp gördi. Soň aýryp, stolyň üstünde goýdy.
- Ähli diýenleriňizi aýdyşyňyz ýaly ederin. Türkmenleri azatlyga çykarmak ugrunda janymdan geçmäge-de taýyn.
- Berekella! Örän gowy!- diýip, ol bu jogabyň özüne ýarandygyny bildirdi we sowal berdi. - Sowet häkimiýeti ýykylandan soň, Türkmenistanda, seniň pikiriňçe, kim han bolar?
- Magtymguly han ýa-da Oraz Serdaryň ogly bolup biler.
- Magtymguly han kim?
- Nurberdi hanyň ogly, abraýly türkmeniň ogly.
- Ýusup hanyň oglumy?
- Hawa - diýip, «Bakgal» oňa garşy çykyp durmady.
Ýogsam Ýusup hanyň we Magtymgly hanyň dogandygyny aýtsa-da boljakdy. Iňlis ýazgy depderçesini çykaryp agdaryşdyrdy.
- Magtymguly hanam, Nurberdi hanam tanaýaryn - diýip, madyrdady. - Ata Sary ogly ýa-da Hojageldi Hajymyrat ogly han saýlanmazmy?
- Bolup biler. Ikisem abraýly adamlar, sowady ýetik.
159
- Türkmenistan basym azat bolar, ol ýere iňlis goşunlary barar. Ertir saňa iňlis goşunlaryny görkezerler. Ondfn soňam Maşada gidersiň.
Hoşlaşanlarynda iňlis Baýar hana pul berdi. Agşam üçüsem garażda ýörite taýýar edilen otagda ýatdylar. Maýyň ýigrimi ikisinde öýlän sagat on bäş-on alta çenli şol ýerde boldular.
«Bakgal» käte daşaryk çykýardy. Garażyň howlusynda diňe hindiler we harby formaly-- lybasly iňlisler bardy. Girip-çykýanam şolardy.
- Biz nirede? - diýip, «Bakgal» Baýar handan sorady.
- Hindistanda - diýip, ol gysgajyk jogap gaýtardy.
Olary maşynly şähere alyp çykdylar. Birnäçe ýere eltip, görkezdiler. Bir iňlis olary ýörite aýlady. Baýar han olaryň her baran ýerlerinde müň esger bar diýýärdi. «Bakgalyň» göwnüne çiglik gitdi. Ony her gezek şol bir ýere getiren ýaly bolup durdy.
Bu pikirini daşyna çykarmady. Esgerler türgenleşikde bolsalar gerek. Hemmesi ýaraglydy. Esgerleriň ählisi hindilerdi. Diňe komandirleri iňlisdi.
Garaża baryp, naharlanyp, Maşada gaýtdylar. Uzak gije ýol ýöräp, ertesi dokuzlara geldiler. Şofýor maşyny gaty çalt sürdi, edil guduzlan ýalydy. «Bakgaly» Grýaznewiň gyzy garşy aldy.
Ol türkmençe düşnükli gepleýärdi. Baýar hanyň awtomobiliniň bardygyny, şony ulanýandygyny, kakasynyň parslarda ýarag bejerýändigini, iňlis konsulhanasynda hem işleýändigini gürrüň berdi. «Bakgal» Jepbar Gojanyň maşgalasynyň şu ýerdedigini ýa-da däldigini sorady.
- Jepbaryň iki ogly ýanyndady, ýaňy-ýakyna çenli. Ikisem Russiýa gitdi -diýip, ol gürrüň berdi. - On sekiz ýaşlysy Aşgabada, ýigrimi iki ýaşlysy hem Mara gitdi. Üçünji ogly tussag, GPU-da saklanýar.
“Bakgal” seresaplylyk bilen olaryň näme maksat tutup gidendiklerini sorady. Gyz ol ýigitleriň gidendigini ejelerinden
160
eşidipdir. Jepbar Gojanyň ogullary ony welosipede mündürip aýlaýan ekenler. Ol gyz «Bakgalyň» donuny alyp, ýakasyna matanyň ýüzüne ýazylan haty tikdi. Kakasynyň şeýle etmegi tabşyrandygyny aýtdy.
Günortan Grýaznew gelip, iňlis goşunlaryny niçik görenini sorady. «Hawa, biz şeýle güýçli» diýip öwündi. Agşam
«Bakgaly» maşynly Goçanda ugratdylar. Ýigrimi-ýigrimi bäş
ýaşlaryndaky, ortadan pes boýly, gara saçly, kiçijik murtly sürüji parsça geýnendi. Ol türkçe gepleşdi. «Özüm pars. Öň Aşgabatda ýaşadym. Şonda dil öwrendim» diýdi. «Bakgal»
maşynyň radiatorynyň öňündäki tagtajykda pars sanlarynda 937
ýazylandygyny gördi. Ol maşynyň nomeridi-- belgisidi.
Goçantdan bärik «Bakgal» pyýada gaýtdy. Şäheriň daşyndan aýlanyp, ýola düşdi. Paçgyranda ony iki sany parsgazak saklady. Nazmiýäniň başlygynyň ýanyna eltdiler. Başlyk onuň ogurladan atyny gözleýändigine ynanmady, tussag jaýa saldy.
Soňrak çagyryp, on sekiz tümen berse, boşatjakdygyny duýdurdy. «Bakgalda» onça pul ýokdy. Başlyk ony yzyna ýene şol jaýa saldy. «Goçandyň üstünden Büjnürde iberjek, kimdigiňi bilsinler diýdi. «Bakgal» gije penjiräni açyp gaçdy. Jaýy goramaga garawul goýulmandyr. Göni serhede tarap gaýtdy.
Daňa golaý serhetden aşan «Bakgal» şol ýeriň özünde uklady.
Mazaly dynjyny alyp, Guryhowdan zastawasyna tarap ugrady.
Hekaýatyny tamamlanda, Wasilýew «Bakgala» ýene birnäçe sowal berip, käbir zatlary anyklaşdyrdy. Ony dynç almaga ugratdy. Grýaznewiň matanyň ýüzüne ýazyp, Hajymyrada iberen hatyny okamaga başlady.
«Bolşewikleriň neneňsi jemendedigi barada siz menden has gowy habarlysyňyz. Biz bolşewikleriň zyňyndylaryny ulanmaly bolduk. Başy başlandy - Hudaýa şükür, aragatnaşyk ýola goýuldy. G-niň we K-nyň indi geregi ýok. Sergeý
161
Bronislawowiç sapýorlary boýun egdirmäge gatnaşandygy üçin keramatly Wladimir ordenini alypdy.
Siziň ýagdaýyňyza gowy düşünýärin. Meniň Ýewropadaky naçalniklerimiň nazary sizde eglendi.
Biziň pytraňňylygymyz zerarly duşman güýçli, şol dagynyklygy ol emeli usulda gyzdyrýar. Welikoderżaw şowinizmi we seperatizmi ýumşadar ýaly çäre görüň.
Ýalňyzlykda hiç kim hiç zadyň hötdesinden gelip bilmez.
Bileleşip bolşewistik zulumyň külüni kakalyň, onsoň ähli zat barada gowulyk bilen ylalaşarys. Ýaragsyz ilat aýaga galanda-da hiç zat bitirip bolmaz, gana gark ederler. Esasy ünsi harby bölümleriň komanda sostawyny taýýarlamaga we öz tarapyňa çekmäge gönükdirmeli.
Hereket etmeli ýer - Türkmenistan sektory: Krasnowodsk-Pamir - Kinel stansiýasy. Harby bölümiň komandiri, ozalky ofiser, hökman partiýa agzasy - kommunist bolmaly, ähli zat hakynda gowy habarly adam serhetden geçip, meniň ýanyma gelen halatynda, ony Pariże ibermegi wada berýärler.
«Melhemiň» adyna gelýän zatlary haýal etmän, maňa ugradyň.
Çykdajylar artygy bilen tölener.Tapawutlananlary Georgiý Haçlaryny bermäge, ofiserlige-praporşiklige götermäge hödürläň. Pogonlar we haçlar maňa iberildi. Ozal iberen edebiýatlarymyzy okap, tanyş bolduňyzmy? Göwnüňize ýaran we ýaramadyk zatlar, ýene näme gerekdigi hakda çekinmän ýazyň. Dürli dillerde we şiwelerde gerek boljak listowkalaryň tekstlerini iberiň. Biz çap edip, size ibereris. «Ol ýerde» şu pursatda näme gerekdigi size has gowy mälimdir.
Gaty zyýan berýän adamlary ýok etmeli. Terror beýlekileriň gözüniň oduny alar. Ýokardakylaryň, başda duranlaryň ählisini kemakyl, neşebent, sähel zada dowula düşýän hasap ediň. G.
ugramazynyň öň ýanynda serhoş halda, özüniň GPU-dandygy barada samahullapdyr. Ondan seresap bolaweriň. Mundan artyk
162
Size instruksiýa—maslahat bermäge hakym ýokmuka diýýärin.
Ilkinji poçta arkaly ugradan zatlaryňyzyň hemmesini beýik knýaz N. N-niň orunbasary, indi sowet häkimiýetine garşy geçirilýän ähli işe ýolbaşçylyk edýän general Kutepowa iberýärin.
Kubeýew nirede?
Meniň özbek garyndaşlarym barada sorag-ideg edip görüň.
Size berlen şifr TIWASOR-dyr, hereket ediberiň, şonda ýazyň.
Göz doktory Kubiskaýa kim boldugy? Ol bize geldi, men tanyş däl. M-m Uklonskaýa çekistdi. Siziň iberen adamyňyzdan örän hoşal boldum. Ol öz roluny gaty gowy ýerine ýetirdi.
Kompartiýanyň 1-nji Maýda Ýewropada gozgalaň turuzmak hyýalynyň puja çykandygy size, elbetde, eýýäm mälim bolandyr. Şowsuzlyga uçran bu hilegärlige edilen çykdajylary ýapmak üçin SSSR-iň ilaty salgyt töleýär.
Eliňi gysýaryn, Hudaý ýol berse, ýene-de görüşýänçäk.
P.S. Men diňe mata bölejigine ýazylany aldym. Maňa gowşurmaly paket gelip ýetmedi. Ony Siziň iberen kişiňiz ýyrtyp zyňypdyr».
Haty okap bolup, kontrrazwedkanyň naçalnigi GPU-yň başlygynyň orunbasary Gorbunowyň ýanyna eňdi. Gysgajyk doklad etdi. Gorbunow Grýaznewiň Hajymyrada iberen jogabyny gözden geçirip, bada-bat birnäçe sowal berdi.
- Grýaznewiň paket diýýäniniň içi boşdy. Şeýle dälmi?
- Hawa, boşdy. Daşyna Paçgyrandaky adres ýazylgydy.
Içindäki Hajymyradyň adresi ýazylan bukjada hem hiç zat ýokdy - diýip, Wasilýew ýene-de käbir zatlary anyklaşdyrdy. -
Kubeýewiň kimdigini bilemzok. Kubiskaýa - wraç aýal, pars täjirine durmuşa çykyp, golaýda Aşgabatdan Maşada gitdi.
163
Kubiskaýa biz bilen aragatnaşyk edenok. Ol Uklonskiý diýilýän biriniň garyndaşy, Uklonskiý ozal Sentrosoýuzyň Goçantda kakadylan miwe taýýarlaýan wekilidi. Geçen ýyl Aşgabada gaýdyp geldi. Häzir Sentrosoýuzyň bizdäki wekili. Partiýada däl. Ýöne sowet häkimiýetini goldaýar. Onuň aýaly Kubiskaýanyň süýtdeş uýasy, adamsynyň ýanyna Persiýa gitdi.
Ýöne diňe sowet raýatlarynyň arasynda boldy. Biz ýazgarar ýaly hereket edenini göremzok. Uklonskileriň maşgalasy
«Bugory» gowy görýärdi, elmydama myhman alýardy.
Uklonskaýa GPU-a işleýändir diýen şübhe şondan dörän bolaýmasa, Uklonskaýa geçen ýyl Aşgabatda ýogaldy.
- «Bakgalyň» Hindistan diýenine nähili düşünmeli? - diýip, Gorbunow onuň pikirini sorady.
- «Bakgala» seresaply çemeleşipdirler - diýip, Wasilýew düşündirdi. - Ony niräk äkidenleri näbellidi. Birjana elten bolmaklary ahmal. On iki-on dört sagatda maşynly baryp bolýar. Düzdaba äkidilmegi mümkin däl. Azyndan kyrk sagat ýol ýöremeli. Iňlisler harby bölümleri görkezip, «Bakgalyň»
bärde gürrüň etmegini isländirler. Bir zat aýdyň. «Bakgalyň»
habary Grýaznewiň doly iňlislere garaşlydygyny görkezýär.
Gorbunow ikisi Daşkende, OGPU-nyň Orta Aziýadaky Ygtyýarly wekilhanasyna ýazmaly hatyň tekstini maslahatlaşdylar. Grýaznewiň jogabyny Hajymyrada okatmadylar. Polkownige diňe mazmunyny aýtdylar. Ol hem
«Melhemiň» adyna hat gelende näme etmelidigine degişli ýeridi.
Gorbunowy hem, Wasiýewi hem Gulkiniň Maşatda ýaňrama kemini goýmandygy aladalandyrýardy. Öz syrtyny özi açypdyr.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynyň ýolbaşçylarynyň aýyň başlarynda Moskwa «Prowokasiýa edilmeginden gorkup, Hajymyrat Gulkiniň teklibine razylyk
164
bermedi. Diňe Grýaznewe salam iberdi» diýip, hasabat berendiklerinden bihabardylar. Her kim säwligini gizlejek bolýar. Ynsan diýeniň bir tüýsli jandar. Düşüner ýaly däl.
TÜRKMENLERIŇ MERKEZI KOMITETI Hojageldi hiç mahal Funtikowyň hökümetine girmändi, bu awantýurany goldamandy hem. Ýewropa frontundan bile gelen esgerleriniň ýanynda kazarmada ýaşap ýörkä, Aşgabatda iki häkimiýetlilik dowam edýärdi. Sowdep we oblast Musulman komiteti bäsleşýärdi. Hojageldi Sowdepiň ispolkomynyň teklibi boýunça türkmen seksiýasyny döretdi. Şäherden obalara galla ugratdy. Açlykdy. Her niçigem bolsa ölüm-ýitimsiz çykyldy.
Stansiýa baryp, gozgalaňçylary köşeşdirmek isledi, ýöne özi gaçyp gutulmaly bolanda, obada gizlendi.
Gozgalaň turzan türkmenleriň başlangyjy boýunça Büzmeýinde türkmenleriň gurultaýy çagyryldy. Gurultaýa Aşgabatdan ýewropalylaryň wekillerem gatnaşdylar. Goşuna ýolbaşçylyk etmegi Oraz Serdara tabşyrmagy, kömekçiligine türkmenlerden ştabs-kapitan Çary Geldiýewi, ýewropalylardan polkownik Malçukowskini bellemegi we hüjümi dowam etdirmegi makul bildiler. Büzmeýinde Türkmenleriň Merkezi Komitetini döretmek karar edildi. Gurultaý Seýitmyrat Öwezbaýewiň ýolbaşçylygynda Merkezi Komiteti döretdi. Oraz Serdar we beýlekiler onuň düzümine girdiler.
Gurultaýa gatnaşmadygam bolsa, Hojageldini we Kakajan Berdiýewi işe çekmegi gurultaýa gatnaşanlaryň bir topary talap etdi. Birnäçe günden Hajymyrady Türkmenleriň Merkezi Komitetine getirdiler we gurultaýyň, diýmek, halkyň erk-islegine laýyklykda şu ýerde işlemelidigini aýtdylar. Kakajan Berdiýew ikisiniň häzirlikçe Oraz Serdaryň garamagyna
165
iberilýändigini mälim etdiler. Oraz Serdar ol mahal hüjüm edip, Merwiň etegine golaýlapdy.
Hajymyrat Oraz Serdaryň ýanynda birnäçe wagt boldy. Belli bir wezipesem ýokdy. Basym syrkawlady, gyzdyrmasy tutup, Büzmeýine dolandy. Türkmenleriň Merkezi Komitetine ýolbaşçylyk etdi. Merkezi Komitet türkmenleriň dürli tirelerinden wekil saýlanan on alty adamdan ybaratdy.
Doktorlaryň talap etmegine boýun synyp, Hajymyrat Gyzyl Haç keselhanasyna girdi, sanjym alyp ugrady.
Iňlislerden harby güýç çagyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylanda, Bekgi Berdiýewiň we Çary Geldiýewiň gatnaşandyklaryny ol soň eşitdi. Gatnaşanlaryň ikisem iňlisleriň çagyrylmagyna garşy boldy. Ses berlende, köpçülik olary goldamady. Iňlisler gaty tiz Zakaspä geldiler.
Şol mahala deňiç staçkom Wagtlaýyn Ispolnitel Komitete öwrülipdi we Türkmenleriň Merkezi Komiteti hem tutuşlygyna oňa girizilipdi. Şeýlelikde, ýeke-täk häkimiýet döredildi hasap edildi. Hajymyrat keselhanadan çykanda, kapitan Tig Jons ony ýanyna çagyrdy. Ol iňlisleriň missiýasynyň wekilidi. Tig Jons Welikobritaniýanyň goşunlarynyň we iňlis missiýasynyň bolşewiklere garşy göreşde Zakaspiniň hökümetine kömek bermek isleýändigini, onuň içerki işlerine we berýän serenjamlaryna goşulmajakdygyny aýtdy.
Biraz mahal ötenden soň Tig Jons Maşatdan general Mallesonyň gelendigini, türkmenleriň wekilleri bilen duşuşmak isleýändigini Hajymyrada jaň edip habar berdi. Olar üç bolup bardylar. General türkmenleri ertesi çaýa çagyrdy. Çaý başynda general Malleson Hajymyrada okuwa gitmegi teklip etdi.
Polkownik kesgitli bir zat diýmän, ikuçly jogap gaýtardy. Onuň ýanyndaky türkmenler Hajymyrady okuwa ibermejekdiklerini, onuň özleriniň gözi we gulagydygyny gizläp durmadylar.
166
Wagtlaýyn Ispolnitel Komitetiň serişdesi tükenipdi. Iki gezek ýüz tutanlaryndan soň, general Malleson dilegi bitirmegi wada etdi. Emma şert goýdy. Ispolkomyň ýerine Direktoriýa döretmegi maslahat berdi. Direktoriýa bäş adamdan - iki türkmen, üç ýewropalydan düzülmelidi. Ispolkom iň soňky mejlisde özüne ölüm hökmüni çykardy diýseň dogry boljakdy.
Iňlislerden hiç kim gatnaşmasa hem mejlis geçirilýän jaýyň daşyna sypaýylar garawul goýuldy. Häkimiýeti üç sany ýewropaly - Belowa, Zimine we Krutene tabşyryp, türkmenlere iki sany ýer goýdy.
Saýlawda Hajymyrat gurultaý çagyrylmasa, türkmenleriň öz wekillerini hödürläp bilmejekdiklerini aýtdy. Wagt gyssanýandygy zerarly meseläni çalt çözmegi teklip etselerem, türkmenler ylalaşmadylar. Gijä goýman gurultaý çagyrmagy Hajymyrada tabşyrdylar. Iki hepdäniň içine çagyrylan gurultaýda ol ýagdaýy gysgaça düşündirdi we hökümetiň düzümine Oraz Serdary hemem Magtymguly hany saýlamak hakda teklip girizdi. Häzirki bulam-bujarlykdan baş
çykarmaýandygyna salgylanyp, özüni goşmazlygy haýyş etdi.
Polkownigiň diýeni bolmady. Gurultaý sowatly, bilimli, dünýägaraýşy giň, ruslaryň ýagdaýyny, dilini gowy bilýän adam hökmünde Oraz Serdary we Hajymyrady saýlady.
Hajymyrat köpçüligiň erkine boýun synmaly boldy.
Aşgabatda ozalky türkmen seksiýasynyň jaýynda ýerleşen Hajymyrat Daňatar Artykow bilen bile ýaşamaga we işlemäge başlady, ol polkownigiň sekretarydy diýseňem boljakdy.
Geplemsek Artykow özüniň bolşewiklere duýgudaşlyk edýändigini gizläp duranokdy. Türkmenleriň ýanynda-da käýarym: «Hajymyrat ikimiz bolşewikdirisem» diýäýýärdi. Bu gürrüňler uly başlyklaryň gulagyna ýetýän bolarly, bulara gyýa göz bilen garaýanlary bardy. Hökümetiň ähli diýenine bil büküp, «Lepbeý» diýip durmazlyklary bolsa olar barada
167
aýdylýanlar çyn bolaýmasyn diýen şübhäniň döremegine sebäp bolýardy.
Iňlis missiýasy Direktoriýa saýlanylan ýewropalylaryň arasyna kontrrazwedkanyň ýolbaşçysy Drużkini goşdurdy.
Drużkin harby ministr Kruteniň ýerine girizildi. Harby ministr bolsa Ddirektoriýanyň -hökümetiň agzalygyna maslahatçy ses hukugy bilen goşuldy. Şunlukda Direktoriýanyň sostawy –
düzümi ylalaşyldy, ony Bolşewiklerden Jemgyýetçilik Halas ediş komiteti diýip atlandyrdylar.
Serişde meselesinde iňlisler sözlerinde durmadylar. Öz puluňyzy ýasaň diýdiler. Hökümetiň agzalygyna geçip, Drużkin kontrrazwedkany ikä böldi. Harby kontrrazwedka ozalky gazak ofiseri ýasawul Popow, administratiw ugruna Ashabad uýezdiniň naçalniginiň ozalky kömekçisi kapitan Kruşinskini belledi. Drużkiniň özi umumy naçalnikdi. Ähli görkezmäni iňlislerden alýardy. Ol diňe iňlis naýzalaryna daýanýandygyny gizläbem duranokdy. Soňabaka ol ähli serhetden geçip, diktatora öwrülip başlady. Hökümet muňa çydap bilmejekdigini iňlislere duýdurmaga mejbur boldy. Drużkin bilen mundan beýläk işläp bolmajakdygyny gizläp durmady.
Britan goşunlarynyň general Bertiň ýolbaşçylygynda kawaleriýa brigadasy gelensoň, birbada Zakaspiý fronty güýçlenip, Baýramala - Üçaja çenli barypdy. Emma soňra ýene gaýtgyn emele geldi. Duşagyň eteginde ýeňilenlerinde, iňlislere Zakaspide Welikobritaniýanyň ýekeje esgerem galmasyn diýen buýruk gelipdi. General Malleson nökerlerinem alyp ökje göteripdi. Ol özüniň dikmelerinem unutmady. Drużkini, Belowy we Kruşinskini ýanyndan goýman alyp gitdi.
Hajymyrat ülkeden baýlyklaryň äkidilýändigini görýärdi.
Gelen talajak, holtumyny doldurjak. Krasnowodskiden köp mukdarda garaköli bagana we haly ugradyljak bolanda,
168
Hojageldi eýesiniň kimdigini bilmek üçin ýüki saklamagy buýrupdy. Ol baganalar we halylar iňlisleriňkidir diýen pikir Hajymyradyň kellesine-de gelmändi. Garma-gürmelikde ol ýük Hazar deňziniň üsti bilen äkidildi. Hajymyradyň eden tagallalary biderek boldy.
Turuwbaşdan general Mallesonyň Hajymyrady okuwa ibermek isländigi ýöne ýerden däldi. Iňlis razwedkasy ýagşyja iş geçiripdi we polkownik Hajymyradyň gözsüz batyrlygyny, geçirimlilik etmeýändigini, pula, wezipä satylmaýandygyny, öz halkynyň, topragynyň bähbidine gezek gelende, birjigem säginmän, janyndan geçmäge taýyndygyny habar beripdi.
Iňlisler Zakaspiden garasyny saýlamaga başlanda, hökümet gaty ynjalykdan gaçdy, gurultaý çagyrmagy karar etdi.
Şol aralykda Tiflisdenmi ýa-da Bakuwdan iňlisleriň baş
ştabynyň polkownigi geldi. Ol türkmenlere «Eger-de siz iňlis goşunlarynyň Zakaspide galmagyny isleýän bolsaňyz, dört sany abraýly aksakaly saýlaň. Men olary ýanyma alyp, Konstantinopola - Milletler Ligasyna we Londona alyp gideýin»
diýdi. Polkownik şol bada kimleri äkitmek isleýändigini hem aýtdy.
Dilmaçlyk edip duran Hajymyrat türkmenlere öz dillerinde maslahat saldy. Olara geňeşip, Hojageldi aksakgallaryň gitmek islemeýändigini iňlis polkownigine mälim etdi. Gahary gelen polkownik general Mallesona goşunlary çykarmaga girişmäge görkezme berip, şol günüň özünde yzyna gitdi. Zakaspi aç börüleriň garpyşyk zonasyna öwrülipdi, kömege diýip gelýänleriňem ahyrky maksadynyň ýagly omaça agyz urmakdygyna Hojageldem, beýleki halkyň öňüne düşüp ýörenlerem aýdyň göz ýetiripdiler. Aç börüleriň biri azalsa bir peýda diýen niýetde iňlis polkownigine şeýle jogap beripdiler.
Iňlisler ýurtdan çykmanka general Denikiniň häkimiýetini ykrar etmek gürrüňi orta atyldy. Hajymyrat muny kimiň
169
tapanyny duýman galdy. Belki, iňlisler salgy berendir.
Bilmeseň, pylan zat diýmek kyn.
Hajymyrat general Anton Iwanowiç Denikiniň türkmenlere uly hormat goýýandygyndan habarlydy. Munuň özi ýöne ýerden däldi. Ozaly bilen Birinji jahan urşunda Teke atly polkunda gulluk eden türkmen ýigitleriniň edermenligi hakda harbylaryň arasynda eşitmedikler az-azdyr, asla ýokdur diýseňem, sözüň ýalňyş çykmasa gerek. Çünki türkmen ýigitleriniň gaýduwsyzlygy, mertligi, edermenligi hakda aýdylýan gürrüňler käbirleri üçin ertekä çalymdaş ýaly bolup eşidilýärdi. Ýöne türkmen ýigitleriniň hiç mahal gaýra tesmeýändigini, hüjüme gidilende ökje ogurlamaýandygyny, gaýtam özleriniň ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerinde öň hatarda bolýandyklaryny gören, şaýat bolan ofiserlerdir esgerler az däldi. Polkuň esgerleriniň garadan gaýtmazlygy, gözsüz batyrlygy olara
«wagşy diwiziýa» adynyň dakylmagyna sebäp bolupdy.
Bular barada Hojageldä Teke atly polkunyň serkerdesiniň orunbasary, soňra serkerdesi bolan polkownik Oraz Serdar, Aşgabat uýezdiniň Gypjak obasyndan Georgiý hajyna mynasyp bolanlaryň iň bir şöhrat gazananlaryň birisi Daňatar Artykow, Teke atly polkunda gulluk eden beýleki ýigitlerem gürrüň beripdiler. Olaryň aýdyp beren başga bir wakasy hem türkmen ýigitleri baradaky rowaýata çalym edýän gürrüňleriň has-da giňden ýaýramagyna sebäp bolupdy.
Türkmen ýigitleriniň 1917-nji ýylyň güýzünde Mogilýow şäheriniň golaýyndaky obada geçirilen at çapyşygy örän şowhunly bolupdyr. Şonda polkuň ýigitleri at üstündäki oýunlary hem ussatlyk bilen görkezipdirler. At çapyşygyna köp sanly tomaşaçylardan başga daşary ýurtly habarçylar hem çagyrylypdyr. Daşary ýurtly habarçylar türkmen ýigitleriniň
170
batyrlygy, edermenligi, at çapmakdaky ussatlygy baradaky habarlaryny ýazanlarynda taryplaýjy sözlerini gysganmandyrlar.
General Anton Iwanowiç Denikiniň türkmen esgerlerine uly hormat-sarpa goýmagynyň başga, has möhüm, has wajyp sebäbi bardy. Hajymyrada ol barada hem gürrüň beripdiler.
Ol waka şol döwürde şöhrat gazanan beýleki bir rus generalynyň, ýagny Lawr Georgiýewiç Kornilowyň ady bilen baglanyşyklydy. Rus goşunlarynyň Baş serkerdebaşysy L.G.Kornilowy türkmenler gorapdyrlar. Ýaş wagtlary türkmen topragynda gulluk eden general türkmen we pars dillerini gowy bilipdir. Türkmen ýigitleriniň biri onuň adýudanty bolupdyr.
Sözüňde tapylmazlyk, sözüňden dänmek, haýynlyk, dönüklik diýen zady asla bilmeýän, lebzi halal türkmen esgerleri Baş serkerdebaşyny batyrlarça gorapdyrlar. General L.G.Kornilow wepat bolandan soň, onuň ýerine bellenen general A.I.Denikini bolsa türkmen esgerleriniň harby kasama wepalylygy, sözünden dänmeýändigi göni gelen ajaldan halas edipdi. Bu barada general A.I. Denikiniň özi türkmen ýigitleri bilen duşuşanda aýdypdyr.
Birinji jahan urşy tamamlanyp, Raýatlyk urşy başlanandan we gandöküşikli söweşlerden soň diri galan türkmen esgerleri ata ýurduna dolanmagy makul bilýärler. Olar rugsat almak üçin baranlarynda, general A.I.Denikin hoşallygyny açykdan aýdyň beýan edipdir. «Men edermen teke ýigitlerine ömrüm boýy bergilidirin» diýip, general göni aýtdy we Mogilýow şäheriniň etegindäki obada -- at çapyşygy geçirilen obada bolan wakany ýatlady. Şonda Teke atly polkunyň ýigitleri generaly we onuň ýoldaşlaryny gorapdylar.
«Eger-de siz şonda bolşewikleriň wagyzlaryna ynanyp, bizi taşlap giden bolsaňyz, olar bizi heniz gözi hem açylmadyk pişik çagalary deýin gyrardylar» diýip, general A.I.Denikin aýtdy.
171
Generalyň bu sözleriniň ýürekden çykýandygy, kiçi dilden bärde däldigi görnüp durdy. Türkmen ýigitleriniň harby kasama wepalylygy, ähdinden dänmezligi hakykatdanam olary ölümden halas edipdi. Hajymyrada bu barada köp gürrüň beripdiler.
General A. I. Denikin Aşgabada general Erdeliniň ýolbaşçylygynda goşun iberdi. General Erdeli tutuş Russiýada Denikiniň häkimiýetiniň ykrar edilendigini aýdyp, zakaspilileri hem şol göreldä eýermäge çagyrdy. Zakaspi hökümeti ikä bölündi. Ýewropalylar, şol sanda eserlerem Denikiniň saýasyna geçmegiň tarapyny çalýardylar.
Türkmenler ýaýdanýardylar. Barybir bakna bolmalydygy jedelsizdi. Şonda-da kimiň kimdigini bilseň ýagşydy. Hajymyrat türkmenlere geňeşip, söweşjeň ofiseriň gönümelligini gizlejegem bolman dogrusyny sözledi:
- Biz Denikiniňem, bolşewikleriňem maksatnamasyny--
programmasyny görmekçi. Haýsysyny gowy görsek, peýdaly tapsak, şoňa-da goşularys -diýdi. General türkmenleriň gös-göni beýle diýmegini özüniň kemsidildigi hasap etdi. Diňe Oraz Serdar bilen gepleşik geçirmekçidigini aýdyp, fronta ugrady.
General Erdeli frontdan dolanyp gelende, Hajymyrat syrkaw ýatyrdy. General gidensoň, A. I. Denikin altmyş ofiseri kömege iberdi. Şolaryň on sekizisi dagy generaldy. Olara general Sawiskiý we Żunkowskiý ýolbaşçylyk edýärdi. Şol döwre çenli gurultaýyň delegatlary ýygnanypdylar.
Hajymyrat gurultaýda eden çykyşynda fronty açmaly diýip gös-göni aýtdy. Gyzmalyk edip, birneme öteräk geçendigine soň düşündi. Hojageldä gös-göni «Sen bolşewik. Öňem bolşewikdiň. Häzirem bolşewik» diýip gygyryşdylar.
Gygyryşýanlar esasan ýewropalylardy. Türkmenleriň agzyny alartmak isleýärdiler. Hojageldi bolşewizmiň nämediginden düýbünden bihabardy. Ýöne diýen sözleriniň ýürekden çykýandygy, ýürek tolgunmasydygy welin hakdy.
172
Hajymyrat öz halkynyň - türkmenleriň ortadaky ýagly omaça ugrunda hyňranyşýan, garpyşýan ordalaryň hiç birine goşulmazlygyny isleýärdi. Akylyňa aýlanmaga, nädogry, ýalňyş
düşülen ýoldan yza dönmäge çagyrýardy. Erki ýetse, Hajymyrat hem, beýleki sowatly türkmenlerem öz döwletini gurjakdy. Hiç kimiň keseden kömegem derkar däldi, azaram, bizaram gerek däldi. Eziz hanam «Maňa galsa-ha, ne iňlisine, ne orsuna - hiç birisine-de ýapja boljak däl» diýipdi, Oňa ýetesi näme bar.
Ýöne bu heniz diňe gury arzuwdy. «Kimdir birine arka diremeseň, gyryp tükederler» diýýänleriňkem dogrudy. Häzir kime arka diremelidigini seljermek çetindi. Her gelenem hiç zat hantama däldigini, goldaw bermäge, kömege gelendigini mazamlaýardy. Bary-ýogy bäş öýli türkmen ol ordadan beýleki orda geçip ýa-da bölünişip, özara garpyşyp başlasa, gyrlyp tükenmek howpunyň bardygyna Hajymyradyň gözi ýetipdi. Ol türkmenleriň guma çekilip, ganly garpyşyk tamamlanýança garaşmakdan başga alajynyň ýokdugyna düşünipdi. Hut şuny etmäge-de ymtylýardy.
Fronty açmaly diýeninden soň, Hajymyrat gurultaýda gyzmalyk edendigini, ökünýändigini aýtdy. Ol boş sözden peýda ýokdugyny, hereket etmeli pursat gelendigini duýýardy.
Hajymyrat general Oraz Serdaryň ýerine general Sawiskiniň bellenmegini goldady. Denikin general Sawiskini frontuň komanduýuşiligine, hakyky stat geňeşçisi Żunkowskini onuň administratiw meseleler boýunça kömekçiligine belledi.
Zakaspiý hökümeti diýilýän ýene-de kagyz ýüzündäki howaýy gürrüňligine galdy. Ministrler Żunkowskiniň ýanyna baryp doklad edýärdiler, görkezme alýardylar. Hajymyrat frontda söweşleriň gazaplaşmagyna garaşýardy. Keseden gelen generallaryň, ofiserleriň ýerli halk näçe gyrylsa-da, ýüregi awamajakdygy köre hasady. Oraz Serdar aýrylan badyna,
173
Hajymyrat türkmen harby bölümlerini dargatmaga girişdi.
«Gyrlyp tükenmejek bolsaňyz, janyňyzy gutaryň» diýip, aşaklykdan habar ýetirdi. Frontdan gaçmaklyk başlandy. Aklar yza çekilýärdiler. Hökümet Krasnowodskä göçmekçi boldy.
Hajymyrat türkmenlere häzirlikçe guma we dag içine siňmek, demir ýoldan uzagraga çekilmek barada görkezme berdi. Özi heniz Aşgabatda galýardy.
Hajymyrat iň soňky pursatda Pöwrizäniň ýanyndan Persiýa aşyp gitdi.
DARTGYNLY TOMUS
Bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň jöwzaly tomsy Türkmenistan SSR Döwlet syýasy uprawleniýesiniň--
müdirliginiň işgärleri üçin dartgynly geçdi. Dogrusy serhediň aňyrsyndaky güýçleriň garşysyna ýaz aýlarynda başlanan gizlin söweş barha güýjeýärdi. Esasy agram kontrrazwedka otdeleniýesiniň üstüne düşýärdi. Wasilýewiň bir depesi degýärdi, birem dabany. Gizlin gulluklaryň hereketi elmydama-da akyl-paýhas garpyşygy bolupdy we ýene-de şeýle bolar.
Müňläp goşun çekip, top-tüpeň gurap aljak galaň ýokdy.
Beýniňe agram salynýardy, tilki sapalagyny atmalydy. Pula satyn al, gorkuzyp al, ýalbaryp al, tapawudy ýok, geň görlenok.
Esasy zat - ahyrky maksat. Duşmana al salmak, onuň içini bilmek, harby syrlaryny, döwlet syrlaryny bilmek.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasy Karýaginiň toparynyň derňewini çaltrak tamamlamaly diýip gyssaýardy. Sorag etmegi GPU-yň işgärleriniň her birine tabşyryp bolaýanokdy. Operatiw maglumatlary, kontrrazwedkanyň jansyzlarynyň-- agenturasynyň habarlaryny okamaga ygtyýarly adam bolmalydy. Soraglaryň netijesinde täze-täze meseleler ýüze çykýardy. Iki sany gyzyl esgeri
174
gürledip, gizlin habarlary bilendiklerini derňew astyndakylar soragda tassykladylar. Gyzyl esgerleriň biri tapyldy. Ikinjisi komandirowka gidipdir. Gözläp ahyry tapdylar. Wasilýew olary günälemäge delil ýeterlik däl hasaplaýardy. Okrug boýunça buýruk çykaryp, gyzyl esgerlere hüşgärligi elden bermeli däldigini düşündirmelidi. OGPU-nyň Orta Aziýadaky Ygtyýarly wekilhanasy gyzyl esgerlerden edilen soragyň protokollaryny görüp, ikisinem suda bermegi tabşyrdy.
Kontrrazwedkanyň ýolbaşçysynyň ýene bir zat serinden çykmaýardy. Georgiý Perwyşewiň öýi dökülende iňlisçe golýazma tapylypdy. Luiz diýen gol goýlan ol golýazma makala çalym edýärdi. Nämesindendir terjime etmekde howlukmaýardylar. Ynamdar adama makalany tizden tiz rus diline geçirtmeli diýip buýranyna kän mahal geçdi. Wasilýewiň ýigitleri agzyna berk, oňat terjimeçi tapyp bilmän kösenýärdiler.
Golýazmanyň Perwyşewlere nireden, neneňsi düşendigini bilip bolanokdy. Perwyşew ony ilkinji gezek görýändigini gaýtalap otyrdy. Iňlisçe ýazylan tekstiň nämedigini bilmek möhümdi.
Ekspertlere-de bermelidi. Gizlin hat ýazylan bolsa ýa-da başga syr bolsa bildiňmi?
Derňewiň protokollaryny ýeke-eke gözden geçirip oturan Wasilýew Karýaginiň toparyny haçan suda berip boljakdygyny çen urýardy. Daşkent hem gyssaýardy. Jogap bermelidi.
Georgiý Perwyşew günäsini ýeňletmek isläp, ak ýürekli görkezme berýändigini totuguş deýin zol-zol gaýtalasa-da, golýazma barada «Hiç zat bilemok» diýip, bir diýenini tutýardy.
Başga meselelerde dogrusyny sözleýäne-de çalym edýärdi.
Daşkende gidende Karýaginiň ejesine gowşurmaly haty Gudkowyň getirendigini, öz dogany Aleksandr ikisiniň wokzalda ugradandygyny mälim etdi. Daşkentde haty Karýaginiň ejesine okap berip, şol ýerde ýyrtypdy. Ol oglunyň gaçgakdygyny bilýärdi. Aşgabada gitmäge puly ýokdy.
175
Perwyşew onuň ejesine Karýagin Persiýada pagta zawodynda işleýär diýdi.
Konstantin Tolkaçýow Karýaginiň türmeden gaçyp gelende özlerinde ýaşandygyny gizlemedi. Karýagin Persiýa gidende haýsydyr bir Guşiniň brauningini alypdy, soň pul we täze brauning getirmäge söz beripdi. Ýöne Karýagin Persiýadan hiç zat getirmänsoň, Guşin gaharyna ýarylaýjak bolýardy. Karýagin ikinji gaýta Persiýadan gelende Konstantiniň gyz jigisine on bäş
funt çemesi gara çaý, «Smit-Wesson» rewolwerini, içi edebiýatly düwünçek iberipdi. Karýaginiň özi gije geldi.
Wiktor Talskiý hem, Karýagin hem aýna zawodynyň kassirini öldürendiklerini boýun aldylar. Şonda Mişenkonyň getiren milisioner eşigini Karýagin geýdi. Ikisi kassiriň öýüne girende, Wiktor yzyna gaýdyberdi. Näçe dökselerem kassiriň öýünden pul çykmady. Golaýda işden aýrylypdy. Ynanmadylar.
Gonamçylyga äkidip gynadylar. Ahyrym girisine zat düşmedigine jany ýanan Mişenko kassiriň ýüzünden atdy.
Ýykylandan soň iki kebzesiniň arasyndan ýene bir oky berdi.
Daşkentli çekistler Nikolaý Grigorewden edilen soragyň protokollaryny iberdiler. Grażdan köçesinde ýaşaýan ýigrimi ýedi ýaşly Nikolaý Aşgabatda doglupdy. Aýaly, iki gyzy bardy.
Gyzyl Goşunda gulluk edipdir, gowşaklygy (passiwligi) zerarly komsomoldan çykarylypdyr. Netikaza özüne berlen puldan aýalyna bir köpügem goýmandyr. «Merw, Çärjew taraplaryna bilýard oýnap, gazanç etmäge gitjek. Otuz manat pulum bar»
diýipdir.
Orenburgda bir nätanyş oňa yzyna düşülýändigini duýdurypdyr. Gaty gorkan Nikolaý wagonyň hajathanasyna baryp ýazmaça berlen tabşyrygy ýyrtym-ýyrtym edýär.
Samarada Aşgabatda bile ulalan, deň-duşy Nikolaý Kazakowa tötänden duş geldi. Myhman boldy. Kazakowyň Aşgabatda
176
ýaşaýan ejesi ýaňyja myhmançylyga gelipdi. Grigorewden bir gün soň Kazakowa Aşgabada ugrady. Otluda Grigorew Aşgabatly Polýa diýen aýal bilen tanyşdy. Polýa Orenburga ýag satyn almaga barypdyr. Uklap ýatyrka, Nikolaýyň elli manadyny alyp gürüm-jürüm bolýar. Nikolaý Daşkende çenli käte biletli, käte biletsiz ol otludan ol otla geçip geldi.
Daşkentde bile tirkeşen talyplary Nikolaýyň inileridi. Birküç günden jigisi Pýotra özüniň nähili maksat bilen gezip ýörenini duýdurdy. Pýotr oňa GPU-a baryp boýun almagy teklip etdi.
Döwlet syýasy uprawleniýesiniň eliniň uzyndygyndan bihabar Grigorew: «Bu ýerdäki GPU bilýän däldir, Aşgabada baryp aýdaýaryn» diýdi. Pýotr oňa şu ýerde aýtmagy maslahat berdi.
Birküç gaýta ýatlatdam, Nikolaý razylaşmady.
Bilýardçynyň görkezmesinden otlynyň ýolbeletleri--
prowodnikleri hakyndaky maglumatlary, familiýalaryny belleşdirip alan Wasilýew onuň Hajymyradyň kimdigi barada bilmeýändigine begendi. Wokzalda ugradanda, Perwyşew oňa polkownik barada yzyna dolanyp gelende gürrüň bermegi wada edipdir. Hajymyradyň adresi ýazylgy sary konwertleriň birini Nikolaý Samaradan ugratdy. Öwredilişi ýaly otluçöpüň ujyny ýiteldip, suwa batyryp: «Işler bulaşyk, telefon kitabyny tapmadym, her ýylda 500 sany aeroplan çykarylýar» diýip ýazdy. Ikinji haty Gyzylordada poçta ýaşigine oklady. Oňa bir zat ýazjak bolup azara-da galmady.
Karýaginiň Hajymyratlara aragatnaşykçy diýip elten adamy Ajyny tussag etmändiler, adynam tutmandylar. Sorag mahaly Karýaginden Ajynyň kimdigini aýtmagyny talap edip gyssap durmadylar. Ajyny tussag etseň, «Onunjynyň» GPU-a işleýändiginiň ýüze çykmagy ahmaldy. Aslynda Ajy muzduny alyp, serhetden adam geçirýärdi. Karýaginiň topary tussag
177
edilensoň, Hajymyratdan ürkmez ýaly, Ajyny birneme köşeşdirmekçi boldular. Hiç ýaňa gitmejekdikleri barada dilhat alyp, tussag edilenleriň käbirini boşatdylar.
Karýaginiň içalydygyndan bihabar, ýöne türmeden gaçandyr öýdüp ýörenleriň arasynda «Onunjy» hem azatlyga çykaryldy.
«Onunjy» Ajynyňka bardy, gürleşdi. Oňa hiç hili howp abanmaýandygyny, Karýaginiňem, beýlekileriňem içalyçylyk sebäpli däl-de, jenaýatçylyk edendikleri, dükan talandyklary zerarly tussag edilendigini aýtdy. Ajy ynandy öýdýän.
«Onunja» on bäş manat berip, Karýagine gowşurmagy haýyş
etdi. Basym öz ýanyna Ptisiniň gelmelidigini dilinden sypdyrdy.
OGPU-nyň Orta Aziýadaky Ygtyýarly wekilhanasy dilhat alyp, azatlyga goýberilenleri derrew tussag etmegi buýurdy.
Aşgabatly çekistler ýene-de «Onunjyny» hem bialaç türmä salmaly boldular.
«Bakgal» Maşatdan tabşyrygy gowy ýerine ýetirip geldi.
Grýaznewiň hatynda ol barada aýtmagam muny tassyklaýardy.
Hajymyradyň kömegi bilen başlanan ugur günsaýyn gyzykly hem çynlakaý häsiýete eýe bolýardy. Ahyr derejede seresap we sypaýçylykly bolmagy talap edýärdi. Polkownigi iňlisler görnükli şahsyýet hasaplaýardylar we arzylaýardylar. Gulkindir Karýaginiň bişowlugy iňlisleriň Hajymyrada ynamyny gaçyrmandy.
Bir zat oýlanmagy talap edýärdi. «Bakgalyň» hindistanly mesele barada aýdýanlary geňdi. Iňlisleriň uly naçalnigi bolan bolup, «Bakgaly» kabul eden Grýaznewden başga hiç kimem däldir. Bu pikiri ygtyýarly wekilhana-da goldaýardy. Maşada ýene birini ibermegi teklip etdiler. Goý, ol adamy Hajymyradyň özi tapsyn. Öz türkmenlerinden. Indiki wezipe her zat etmelidi welin Türkmenistana tipografiýa iberilmegini gazanmalydy.
Daşkent, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynyň ýolbaşçylary «Bakgalyň» getiren edebiýatyny
178
özlerine ibermegi sorapdyrlar. Wasilýew dagynyň gözleriniň köküni gyryp ýazan teksti olara ýaramandyr. Ýogsam Hajymyradyň Grýaznewe iberjek jogap hatynyň tekstini taýýarlamaga kän kelle döwüpdiler. Zyýany ýok, ýaramasa, ýaramasyn. Başlyklar bilen jedelleşilmeýär. «Sen naçalnik bolsaň, men samsyk, men naçalnik bolsam, sen samsyksyň»
diýlen gep tarpdan dörän däldir. Ahyrym bir gün geler, biziň köçämizde-de toý bolar. Durmuş dowam edýär. Hemme zat üýtgeýär. Täzelenýär. Karuskiý düýn-öňňinem Aşgabatda otyrdy. Bu gün Daşkende geçirdiler. Wasilýewiňem göwnünde inçejik tamasy ýok däldi. Karuskiý oňa «Synag» operasiýasy”
üstünlikli bolaýsa, öz ýanyna almakçylygyny syzdyrypdy.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndaky başlyklar ikinji warianty hem işläp taýýarlamagy teklip edýärdiler. Häzirlikçe Grýaznewiň ýanyna adam ugratmagy goýbolsun etmeli. Tipografiýa gerek diýibem göni ýazmak hökman däl. Goý, Hajymyrat Türkmenistanda iş
geçirmek üçin praktiki çäreleri öňe sürsün. Hatynda adam ibermek gürrüňini agzamasyn. Grýaznewden «Bakgalyň» nirede bolandygyny, näme pişe edendigini ýazmagy haýyş edip bolar.
Haýsy wariant boýunça hereket ediljekdigi indi çözülmelidi.
Maşada ibermäge kandidatura tapyp goýmak hökmandy.
Wasilýewi şu mesele azara goýýardy. Ygtyýarly wekilhana Aşgabatly çekistlerden öz garaýyşlaryny, tekliplerini çaltrak ýazmaça ibermegi soraýardy. Ygtyýarly wekilhananyň kontrrazwedka bölüminiň naçalnigi Berman Aşgabada iberen hatynyň aşagyna gyzyl syýa bilen: Ýol.Gorbunow we Wasilýew! Şu mesele boýunça öz garaýyşlaryňyzy çaltrak habar bermegiňizi haýyş edýärin» diýip ýazypdyr.
Aşgabatly kontrrazwedkaçylar indi neneňsi hereket etmelidigi barada oýlanýardylar. Belli bir karara gelinmeýändiginiň sebäbi Maşatdan habara garaşýardylar.
179
Maşat bolsa dymýardy. Grýaznew hem Pariżden geljek jogaba, görkezmä göz dikip oturan bolsa bildiňmi. Hajymyrat bolsa serhediň aňyrsyna ibermäge ynamdar adam tapyp bilmejekdigini aýtdy. Uzak pikirlenip, oýlap-çenäp şeýle jogap berdi. «Polkownik öz adamlaryna howp salmak islänok. Özüni sada kişi edip görkezýär. GPU-yň öňünde nämeler edip biljekdigini, mümkinçiliklerini açyp görkezmejek, aňdyrmajak bolýar» diýip, kontrrazwedkadakylar çak edýäediler.
Gorbunowdyr Wasilýýew Hajymyradyň emigrasiýada bile bolan ýoldaşy, soňra sowet häkimiýeti döwründe türkmen atly polkunyň komandiri bolan Daňatar Artykowy Maşada ibermegi teklip etdiler. Artykow häzir iş başynda däldi. Hajymyrat onuň bilen bu barada gepleşmäge razy bolmaz öýdýärdiler. GPU-yň işgärleri Artykowy kömek bermäge çagyrýarlar, Hajymyradam, Artykowam bir-biriniň GPU-a ýardam edýändiklerini bilmezler.
Maşatda-da Artykowy idediler. Şu pikir başa baraýsa, kän-kän zatlary aýdyňlaşdyrmak bolardy.
Aşgabatly çekistler «Bakgaly» ibermek wariantynam işlediler. Ýene Hindistan barada gürlemegi ahmal. Gürlese gürläbersin. Gorkuly zat ýok. Ýola belet, kime ýüz tutmalydygyny bilýär.
Kubeýewiň kimdigini anykladylar. Grýaznew ony sorapdyr.
Osmanbek Kubeýewiň milleti gyrgyz, öňki artilleriýa ofiseri, Zakaspiý frontuna gatnaşypdyr. Bir müň dokuz ýüz ýigriminji ýylda Bakuwda tussag edilipdir. Ýedi ýyldan sürgünden boşap, Aşgabada gaýdyp gelipdir. Maňňyşlakda weterinariýa punktunyň müdiri boldy. Gazagystanyň bir ýerlerinde ýaşaýan bolsa-da ahmal. Hajymyrat Osmanbek Kubeýew gowy tanaýardy.
Hajymyradyň Grýaznewe hatynda Kubiskaýanyň syýasata goşulmaýandygyny görkezmeli. Bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň aprel aýynyň ortalarynda garaşylmadyk
180
ýerden iňlis konsulhanasynyň işgäri Kubiskaýa bilen tanyşlyk açmaga dyzap başlady. Muny peýdalanjak bolmalydy. Amatly ýagdaý hem döreýärdi. Kubiskaýa maslahat sorap, GPU-yň Maşada iberen agenti «Bugora» ýüz tutdy. «Bugor»
konsulhananyň işgärini özünden daşlaşdyrman, näme maksadynyň bardygyny bilmegi tabşyrdy. Netijesini soňra aýdar-da. Iňlis razwedkasynyň Kubiskaýany dürtgüläp görýändigi, öz tarapyna çekmek isleýändigi aýdyňdy.
«Bugoryň» arkasyndan bu mümkinçiligi ýerlikli ulanmalydy.
Wasilýew we Gorbunow hatyň ahyrynda Karýagin hem-de Jepbar Gojaň ogullary barada näme ýazmalydygyny, Grýaznewiň «garyndaşlary» hakda nämeler görkezmelidigini habar bermegi haýyş etdiler. Grýaznewden gelen edebiýatlary Daşkende iberdiler. Wasilýew edebiýatlary saýlady.
«Wozrożdeniýe» gazetiniň 10-njy ýanwaryndaky sany, «Borba za Rossiýu» żurnaly, «Rus adamlaryna», «Jebir çekenleriň hatyrasyna» diýen listowkalar, ýokary monarhistik sowetiň
«Dwuglawyý Orýol» westnigi, «Rus hakykatynyň doganlaryna»
diýen goşgy ýekejedendi. «Russkaýa prawda» żurnaly,
«Hristian we musulman eneleri» listowkasy iki ikidendi.
«Russiýany kim dolandyrýar» listowkasy üç, «Türküstanyň rus işçileri doganlarymyz» listowkasy alty sanydy. Wasilýew ýeke ekzemplýardakylaryň ählisini, beýlekilerdenem hersinden birini alyp, OGPU-nyň Orta Aziýa boýünça Ygtyýarly wekilhanasyna gyssagly ugratmagy buýurdy.
Ol ýerden eglenmän yzyna gelen jogap aşgabatly çekistleriň meýilnamalaryny-- planlaryny bozdy. Ygtyýarly wekilhana Maşada Daňatar Artykowy ibermäge kes-kelläm garşy çykdy.
Şahsy häsiýetleri möhüm tabşyryk berip serhediň aňyrsyna ibermäge laýyk gelenok hasap edýärdi. Agzynyň eýesi däl, geplemesekmişin. Beýle häsiýetli adamdan razwedkaçy
181
çykmajakdy. «Türkmen polkunyň komandiri bolan Artykow bolsa, ony iberip bolmaz» diýip gös-göni ýazylgydy. Wasilýew Karuskiniň garşy çykandygyny aňdy. Aşgabatda işleýärkä-de, ol Daňatary halamaýardy.
MAŞADA KIMI IBERMELI? ÝENE
«BAKGALYMY»?
Dogrusy Wasilýewiň bu sowalyň üstünde kelle döwere wagty bardy. Karýaginiň toparynyň derňewini tamamlap, ählisini başyndan sowupdy. Tussaglaryň arasy bilen
«Onunjyny» hem Daşkende alyp gitdiler.
Bir müň dokuz ýüž ýigrimi dokuzynjy ýylyň sentýab aýynda türmede ýatanlaryň derňew işleri Moskwa höküm çykarmaga ugradyldy.
OGPU- yň KONTRRAZWEDKA BÖLÜMINIŇ
NAÇALNIGI OLSKÄ
Moskwa şäheri.
1. Şunuň bilen Angliýanyň bähbidine içalylyk etmekde aýyplanylýan Boris Karýaginiň we beýlekileriň, jemi otuz adamdan ybarat, derňew işlerini OGPU-yň kollegiýasyna geçirmek üçin ugradýarys.
2. Karýagin bulagaýlyga öwrenen ýaşlary ulanypdyr, ýaşlar edýän işleriniň zyýanly häsiýetini bilseler-de, kim gowy ýerine ýetirmeşek edip bäsleşipdirler.
3. Olaryň ählisi diýen ýaly işçi ýa-da işçiniň çagalary, komsomol agzasy ýa-da BK/b/P-niň agzasynyň dogmalary.
182
Bu ýagdaý Aşgabadyň işçileriniň, esasanam demirýolçularyň arasynda antisowet meýilli adamlaryň belli bir gatlagynyň bardygyna ýene-de şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň (öňki Zakaspi oblastynyň) demirýolçularynyň kontrrewolýusion roly iňlis okkupasiýasy döwründe-de, TSSR-de sowet häkimiýeti berkarar edilen mahalynda-da hemmelere ýeterlik mälimdi.
Karýaginiň işi olaryň arasynda antisowet meýilleriň heniz ýeterlik soňuna çykylmandygyny görkezýär. Köne düzgüne dolanyp gelmek isleginiň köpleriň kalbynda bardygy şübhesiz.
Köne düzgün bolsa ruslar hökmünde olary ýeňillikli şertlerde goýýardy, ozalky Russiýanyň gyrak-çetlerinde gulluk edýändikleri üçin maddy taýdan üpjündiler.
OGPU-nyň ORTA AZIÝADAKY YGTYÝARLY
WEKILHANASYNYŇ
BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY
(KARUSKIÝ)
KONTRRAZWEDKA BÖLÜMINIŇ NAÇALNIGI (BERMAN)
Bir müň dokuz ýüž ýigrimi dokuzynjy ýylyň sentýab aýynda iberilen derňew işlerine SSSR OGPU-nyň kollegiýasy we onuň ýanyndaky aýratyn maslahat uzaga çekdirmän garady.
Ona golaýyny Urala sürgüne, ýene şonçasyny konslagere ibermeli edildi. Iň agyr günäli hasap edilenleri atuwa buýruldy.
Aýratyn görkezmä çenli agyr jeza berlenlere hökümi ýerine ýetirmeli däl diýip, kollegiýanyň sud mejlisiniň Moskwadan iberilen protokolynda bellenilgidi.
Aýyplanylýanlardan daşary ýurt raýaty Rejep Apbasowy SSSR-iň territoriýasyndan çykarmaly edilipdi. R.Apbasowy
183
tussaglykdan boşatmaga howlukmadylar. Rejep Karýaginiň toparynyň ähli işinden habarlydy. Persiýa ugradyp goýbermek
«Synag» operasiýasyny öz eliň bilen şowsuzlyga uçratmak boljakdy. Berman Apbasowy Sibire sürgüne, gowusy konslagere ibermek barada Moskwa haýyşnama iberdi.
Tussag edilenlerden diňe «Onunjy» jezasyz galdy.
MÜSÜRDE ŞA BOLANDAN...
Persiýada bolanda Hajymyrat Heýrabadyň golaýynda Holwa çeşme diýen obajykda ýerleşdi. Kän mahal geçmänkä Türkmenistandan ýaramaz habar bardy. Kakasyny, ejesini, inilerini we beýleki ýakynlaryny bolşewikleriň tarapyna geçendigi üçin tussag edipdirler diýilýärdi. Hojageldi serhedi ýakalap, parslaryň territoriýasyndan obalarynyň deňesine çenli ýöredi we göni Bamynyň üstünden indi. Bolşewikleriň döwi gelendi, yza çekilýänleriň söbügini basyp barýardylar.
Hajymyrat ähli ýakynlaryny Gyzylarbatdan tapdy. Şol ýerde-de garahassalyga ýolugyp, galmaly boldy. Kakasy, inileri, garyndaşlary ýanyndady. Yza çekilmeli bolanda, ştab Hojageldini we hossarlaryny otla mündürmek barada görkezme berdi. Hojageldiniňki gaýtalap durýan garahassalykdy.
Syrkawlygy uzaga çekdi.
Front Krasnowodskä golaýlaşanda, ýaňy yraň-daraň aýak üstüne galypdy. Elbetde, öňkä garanda ýagşydy. Kakasyny, inileriniň ikisini, hossarlaryndan ýene birnäçesini Persiýa, türkmenleriň arasyna ugratdy. Hajymyradyň özem galan ýoldaşlaryny alyp, şol tarapa gitmekçidi. Krasnowodskide Ýomudskiý we Oraz Serdar gabat geldi. Birigişip ştabdan Çelekene gitmäge gämi almak başartdy. Çelekenden gämini
184
yzyna goýbermediler. Aşyrada äkitdirdiler. Aňryk atly gidip, Persiýadan aýlanyp, Zakaspä dolanmakçydylar.
Hajymyrada kakasyny talandyklary, atlaryny, egin-başlaryny alandyklary barada habar geldi. Arçyn ýanyndakylar bilen Kümüşdepä bardy diýdiler. Hojageldi olary dogrudanam Kümüşdepeden tapdy. Ýomudskiý Kümüşdepede garyndaşlarynyňkyda galdy. Ýaýdanjaňlygy halamaýan, dogumly hem töwekgel Hojageldi çekinip durman, telegraf arkaly göni Tährana ýüz tutdy. Persiýanyň territoriýasyndan Büjnürde çenli gitmäge rugsat sorady.
Häkimiýetler diňe rugsat berip çäklenmediler. Hajymyrat dagynyň iýmitiniň we ýolunyň harajadyny çekdiler. Ýanlaryna żandarmlardan gorag goşdular. Büżnürtde söwda-satyg etmäge gelen türkmenler gabat geldi. Hajymyrat amatly pursaty elden bermän, adamlaryny öýlerine ugratdy. Ýanynda iň ýakyn-hossarlaryny alyp galdy.
Oraz Serdar Büjnürtde kän eglenmän, Maşada geçdi. Biraz soňrak telegraf arkaly habar edip, Hojageldini ýanyna çagyrdy.
Maşatda-da hezillik ýokdy. Hajymyrat muňa gelen badyna göz ýetirdi. Iňlisler bu ýurtdan göterilmekçi bolup, goşlaryny düwýärdiler. General Malleson bireýýäm garasyny saýlapdy.
Ýerine galan generala Lewanda diýýärdiler. Hajymyrat çemini tapyp, onuň agzyny ysgap gördi.
- Jenap general, biziň ýagdaýymyz niçik bolar? Iň bolmanda biraz özümizi dürseýänçäk berin, siziň kömegiňize bil baglap bilerinmi?
- Jenap polkownik, men soldat, meseläniň syýasy tarapyna goşulmaýaryn. Pylan zat diýmäge çakym ýok - diýip, general aýtdy.
- Şeýle diýseňizläň...
Hajymyrat dymdy, gaşlary çytyldy. Söhbetdeşiniň ýüzüniň gamaşandygyny görüp, general duýgudaşlyk bildirdi.
185
- Siziň halyňyza örän nebsim agyrýandygyny aýtmalydyryn
- diýip, general sesini peseltdi. - Söweşjeň ofisere göwnümdäkini diýeýin. Angliýa gaýdyp bu jelegaýlara goşun getirer öýdemok.
Hajymyrat düşündi. Iňlislerden kömege garaşmaly däldi.
Içki pikirini daşyna çykaryp ýetişmänkä, general öňürtdi.
- Hindistana ýa-da Angliýa gitmekden boýun towlaýandygyňyza görä, öz aladaňyzy özüňiz etmeli bolarsyňyz. Bize arkaýynlanmaň.
General mamlady. Hindistanda uly prowinsiýalaryň birinde gubernatorlyk wezipesini hödürläpdiler. Hajymyrat razy bolmandy. Angliýa gitmekdenem ýüz öwürdi. Watany taşlap bilmejekdigini kesgitli aýdypdy. Olar hoşlaşdylar. General boş
goýbermedi. Birnäçe ýüz tümen berdi. Iňlisler bilen gitmese, başga edip biljek kömeginiň ýokdugyny aýtdy. Bu Hajymyradyň iňlisleri iň soňky gezek görşi boldy. Oraz Serdar başda olardan galmazlyga meýilli ýaly görünse-de, olam gitmedi. Olar Goçanda dolandylar.
Maşatda Hojageldi gubernatoryň ýanyna bardy. Mylaýym garşylap, gubernator tüçjarlaryň başlygyna oňa kömek bermegi teklip etdi. Tüçjarbaşy ertesi polkownigi kabul etdi. Hojageldi mümkin bolsa Büjnürtdäki, ýogsamam Maşatdaky täjirlerden gök çaý alar ýaly karz pul tapyp bermegi haýyş etdi. Şondan dolanyşyk edip, güzeran görmelidi. Çaýy bölek-bölekden Türkmenistana iberip, hala çalyşdy. Halylary Maşatda ýerleşdirip, bergisini üzdi.
Goçantda Oraz Serdar ikisi aýrylyşdylar. Oraz Serdar Büjnürtde ýaşady. Hojageldi serhede golaý gaýtdy. Heýrabadyň on-on bäş kilometrliginde Ýaňgala diýen taşlanan oba geldi.
Obany we töweregindäki gamyşlygy Goçandyň gubernatory mugtuna berdi. Ýerleşen batlaryna gyşa taýynlyk görüp ugradylar. Gamyşlary ýatyryp, küdelediler. Atlara iým boljakdy.
186
Atlaryň birini goňşulykdaky hana üç ýüz put bugdaýa satdy.
Gyşdan sag-aman çykdylar.
Ýaza ýetenlerinden Hajymyrat adamlary azaldyp başlady.
Kakasyny, inilerini obalaryna ugratdy. Olar kysmatdan gutulma ýokdur diýip, ýüregi bire baglap, Watana dolandylar.
Hojageldiniň ýüki biraz ýeňledi. Indi diňe körpe inisi Bally ikisidi.
Maksadyň gowy ýaşamak bolsa, ugruny tapsa boljakdy. Dil bilýän, sowatly, musulman ofiserleriň gadry başgady.
Hajymyrada parslaram harby gulluga gelmegi teklip etdiler.
Eger oňa başyňy soksaň, gaýdyp boljak däldi. Köňül ata Watany küýseýärdi. Harby işgärleriň Türkmenistana-da gerekdigini Hojageldi ilden sorap bilmeli däldi.
Oraz Serdaram ýanyna çagyryp, geňeş saldy. Owganystanyň Maşatdaky wekilhanasy razwedka işine goşulmaga çagyrýardy.
Ummasyz pul tölemegi wada edýärdi. Geňeşip-maslahatlaşyp, beýle zada baş goşmazlygy karar etdiler. «Pulam, beýlekisem jähennemiň teýine gitsin» diýdiler.
Türkmenistana baran batlaryna inileri Hajymyrada yzyna gelmäge rugsat almagyň ugruna çykdylar. Uzaga çekmänem serhetden ötmäge hukuk berýän rugsanamany alyp oňa iberdiler.
Bir müň dokuz ýüz ýigrimi ikinji ýylyň başynda Hojageldi oba dolanyp geldi.
«BAKGAL» ÝENE ÝOLA DÜŞÝÄR
Içalyçylykda aýyplanylan topara hokum çykarylansoň,
«Synag» operasiýasynyň” töwereginde ýüze çykan sowallaryň köpüsine jogap tapyldy. Çözülmeli meseleleriň çygry daralyp, ähli ünsi serhediň aňyrsyna gönükdirmäge mümkinçilik döredi.
Amerikan żurnalistiniň materialy terjime edildi.
187
«Näletkerdeleriň keramatly Buharany basyp almagy» diýen makala Georgiý Perwyşewiň öýi dökülende tapylypdy.
Georginiň aýalynyň jigisi Saşa Kapralow Leningradda okaýardy, daşary ýurt dillerini öwrenýärdi. Şol galdyryp giden bolmagy mümkindi.
Luiz diýen amerikan żurnalistiniň bir müň dokuz ýüz ýigrimi sekizinji ýylyň oktýabrynda Owganystana geçip barýarka Orta Aziýa gelendigi anyklanyldy. Şol döwürde ýüze çykan wakalar zerarly Owganystana gitmegi goýbolsun edip, Luiz Orta Aziýanyň şäherlerine aýlandy. Gadymy Buhara-da bardy. Bu makalany żurnalist zenan ogurladandyr diýen netijä gelindi.
Maşada ýene-de «Bakgal» gitmeli boldy. Grýaznewiň basym birýana ugramakçydygy barada serhediň aňyrsyndaky razwedkaçylar habar berdiler. «Bakgal» Grýaznew ýola düşenden soň gitmeli edildi. Elbetde, ol Grýaznewi agtaran bolmalydy. Onuň ýokdugyny bilip, Jepbar Gojanyň üstündenmi ýa-da başga ýol bilenmi Steweniň ýanyna barmalydy. «Bakgal»
başda razylaşmadyk bolup, onsoň Grýaznewe niýetlenen haty bermelidi. Jogabynam alyp gelmelidi.
Serhediň aňyrsyna iberiljek hatyň teksti taýýar edildi.
Gazagystanly çekistler Osman Kubeýewiň öňki Adaýewsk, häzirki Gurew okrugynyň Fort-Aleksandrowsk raýonynda ýaşaýan baýyň ogludygyny, patyşa goşunynyň kawaleriýa polkownigidigini habar berdiler, sürgünden gelip, jogapkärli wezipeleri eýeläpdi. Golaýda tussag edilen toparyň arasynda Osmanam bardy. Persiýadan hat-habar alýar diýen maglumat ýokdy. Grýaznew hakykatdanam Kubeýewiň kaýdadygyndan bihabar bolmalydy. Grýaznewe iberiljek hatyň gutarnykly tekstini Wasilýew Hajymyrada eltip berdi. OGPU-nyň Orta
188
Aziýa boýünça Ygtyýarly wekilhanasynyň görkezmesi şeýledi. Polkownik gözüne pensnesini dakynyp, okap başlady.
«G. we K. ýaly adamlary meniň ýanyma nädip iberip bilendigiňize haýran galýaryn, asyl-ha düşünip bilemok.
Özüňizem olaryň birinjisi çekist diýip ýazýarsyňyz. K. bolsa görüp otursak ýerli «Hitrowkanyň» baştutany ekeni.
(«Turkmenskaýa iskra» gazetinde «Hitrowka» diýen feletony okan bolsaňyz gerek).
Ony tussag edenlerinden soň, men kän mahallap köşeşip bilmedim. Onuň biziň işimiz däl-de, başga iş boýunça tutulandygy görnüp dur. Şeýle adamlary ulanmak hiç haçanam, hususan-da, meniň bilen aragatnaşyk saklamakda hem peýda berer öýdemok. Onda haýsydyr bir dokument galaýan däldir-dä diýen sowal meni häzire çenli biynjalyk edýär.
Hytaý konflikti zerarly SSSR-de emele gelen howsalaly ýadaý Size eýýäm mälim bolsa gerek. Uruş gutulgysyz, hakykatda eýýäm başlandy diýýärler. Hemme ýerde azyk ýetmezçiligi ýiti duýulýar: çörek, gant, et, sabyn we ş.m. ýok.
Merkezde ähli önümlere kartoçkalar girizildi.
Siz gowy listowkalary iberipsiňiz, ýöne olar eýýäm köneldi.
Gündelik wajyp meselelere dahylly listowkalary taýýarlar ýaly edip işi guramak zerur. Şeýle listowkalary ýazyp, onsoň çap etmäge Size ibermekden haýyr bolmaz, ara wagt düşjekdigine görä ol listowklaryň gadram gaçar, manysam. Nähili edeniňde gowy boljakdygy we nämäniň gowy boljakdygy barada özüňiz belli karara geliň.
Osman Kubeýew bir müň dokuz ýüž ýigrimi ýedinji ýylda bu ýerde boldy. Şondan bäri men ony göremok. Başgalardan eşidişime görä, onuň türmeden ýa-da sürgünden gözi açylanok, häkimiýetler oňa ýazylganlyk berenoklar.
189
Kubiskaýany tanaýaryn. Sowdepden gaçyp gutulmagyň ýalňyz ýoly hökmünde ol pars raýaty, musulmana durmuşa çykmagy saýlap alypdyr diýip eşitdim. Başga ol barada bilýän zadym ýok.
Sizden tiz jogap gelerine garaşýaryn.
Siziň «MELHEMIŇIZ».
Hojageldi okap boldy. Wasilýew şu hatyň ýörite çapardan Maşada ugradyljakdygyny aýtdy. Osman Kubeýewiň takdyry barada gürrüň berdi. Polkownik hatda ýazylanlara dahylly sowal bermedi. Hemme zady biljek bolup, başyny kel-kelä sokup ýörmegi halamaýardy. Zerur bolsa özleri aýdar diýýärdi.
Bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda «Bakgal» şifrlenip, matanyň-- polotnonyň ýüzüne geçirilen haty alyp, Rabatyň golaýynda sehetden geçdi.
Elli bäş gran töläp, Persiýadan atyny gözlemäge gümrükhanadan rugsatnama aldy. Şirwana, Goçanda bardy, bäşilenji güni Maşada ýetdi. «Zagali» kerwensaraýynda düşledi.
Grýaznewlere barsa, bir pars öýden çykyp, olaryň göçüp gidendigini aýtdy. Baýar hanam öýünden tapmady. Iňlis konsulhanasyna gitdi. Konsul syrkaw diýdiler. «Bakgaly»
Jepbar Gojanyň öýüne eltip gaýtdylar. Çaý başynda Jepbar Goja tanyş-bilişlerini soraşdyrdy.
- Hemmesi sag-gurgun - diýip, «Bakgal» soralýan adamlaryň atlaryny tutdy. - Aşgabada köpden bäri baramok. Ol ýerdäki täzeliklerden bihabar. Bir zady bilýän: Basym bolşewikleriň tepbedi okalar.
Jepbar Goja «Bakgala» şäherde köp gezmezligi, agşam konsulhana gelmegi tabşyrdy. Ertesi ýanyna adam goşup, Tährana ugratdy. Üç günde ýetip, garażda düşlediler. Agşam
190
Grýaznewleriň gapysyny kakdy. Öý eýesi ýogam bolsa, bir gije myhman aldylar.
- Kakam aý ýarym ozal Hytaýa gitdi - diýip, Grýaznewiň gyzy aýtdy.
- Baýar hanam tapmadym öýünden - diýip, «Bakgal»
barmaga ýeriniň ýokdugyny syzdyrýan äheňde gürledi.
—Bu gün gije bizde bolarsyňyz—diýip, Grýaznewiň gyzy aýtdy. —Baýar han Polşa gitdi. Ofiserleri ýygnaýarlar.
Bolşewikleriň garşysyna uruşmaga Hytaýa iberjekler.
- Baý-bow - diýip, «Bakgal» başyny ýaýkady - Ýeriň ýüzünden onça adamy ýygnap, harjyny kim çekjekkä?
- Iňlis we Hytaý konsulhanalary töleýär.
Öý bikesi SSSR-den getiren hatyny Maşatdaky iňlis konsulhanasyna gowşurmagy «Bakgala» maslahat berdi. Ertesi gaýtmakçy bolanda gyzyna kakasynyň goýup giden gazetini äbermegi haýyş etdi. «Bakgala» ol gazeti aşgabatly polkownik Hajymyrada gowşurmalydygyny aýtdy.
Maşatda Jepbar Goja ony öýlerine eltip, Tagan han diýen türkmen bilen tanyşdyrdy. Tagan han otuz ýaşlaryndady.
«Bakgal» haty berdi. Içki otaga geçip, olar biraz eglenip geldiler.
- Haty okadyk - diýip, Tagan han aýtdy. - Ýöne hiç zada düşünmedik. Iki aýdan jogap berer.
- Jogabyny alyp gitmesem, maňa ynanmazlar - diýip,
«Bakgal» gönüledi.
- Hajymyrat birinji ýola Maşada gelende, Daňatar Artykow ikisi bizde ýaşady - diýip, Tagan han gürrüň berip başlady. -
Oraz Serdar nahar iýende çörege duz sepýärdi. Olar ilki günler gonamçylyga Garry serdaryň guburyna zyýarata gidýärdiler.
Oraz Serdar çyndan aglaýardy. Gelen günleri Daňatar Artykow ýedi tümene sary ädik satyn aldy. Ädik Oraz Serdara ýarady.
191
«Gowy ädik alypsyň» diýip birnäçe sapar gaýtalady. Şulary gürrüň berseň, Hajymyrat saňa ynanar.
Uzak gijäni özara gürleşip geçirdiler. Doly ynama giren
«Bakgala» kän zatlary bilmek başartdy. Jepbar Goja gaçyp gelen türkmenleriň hasabyny ýöredýändiklerini aýtdy.
«Bakgala» Jargelana göçüp gelmegi, konsulhana işe geçmegi ýene teklip etdi.
- Meniň doganlarym bar. Persiýa gaýtsam, olary heläklärler -
diýip, «Bakgal» düşündirdi.
Merwden, Baýramalydan, Tejenden, Aşgabatdan iňlis konsulhanasyna delegatlar gelip, türkmenleriň iňlislere tabyn bolmaga razydyklaryny aýdypdyrlar. «Bolşewikleriň garşysyna göreşmäge goldaw berseňiz bolýar» diýipdirler. Heniz jogap berilmändir. Aý ýarymdan jogap beriljek. Gelýänleriň iki sany gypjaklydan özgesi pars Sarahsyň ýanynda serhetden geçipdirler. Düz baý olary Maşada alyp gelipdir. «Bakgaly»
Düz baý bilen tanyşdyrdylar. Ol maşgalasyny getirmekçi bolanlarynda serhetde atyşyp, iki adamlaryny aldyryp, yza dolanandyklaryny gynana-gynana aýtdy. Indiki sapar Sarahsyň ýanyndan geçmegi «Bakgala» maslahat berdi. «Özüm öňüňden çykaryn» diýdi.
… Aşgabada öwrülip gelensoň, «Bakgal» gören-eşidenlerini birin-birin Wasilýewe aýdyp berdi. Gaçyp geçenleriň, delegat bolup baranlaryň atdyr familiýalaryny, ýaşaýan ýerlerini başardygyndan ýadyna saldy. Eden işini mazamlamaga ökdeligi görnüp durdy. Özüne berlen puluň az bolandygyny duýdurdy.
- Ýolharjym bolmansoň. Goçantdan bärik pyýada gaýtdym.
Germapdan geçip, komendantyň ýanyna geldim - diýip,
«Bakgal» söhbedini tamamlady.
—Jepbar ýa-da beýlekiler pul uzatmadylarmy?
192
- Jepbar on tümen berse, almadyk boldum. Jübime salar öýtdüm. Olam beýtmedi.
«Bakgaly» ugradyp, Wasilýew ençeme zatlary anyklady.
Onsoň Gorbunowyň ýanyna girdi. Ol golaýda Türkmenistan SSR GPU-nyň başlyklygyna bellenipdi. Gorbunow Wasilýewiň dokladyny diňläp, sowal baryny berip başlady:
- Näme sebäbe görä jogap bermedilerkä? Hatyň şifrini okap bilmedilerimikä ýa-da Hajymyradyň ýanyna başga aragatnaşykçy ýollajaklarmyka?
- Stewen ýok bolanlygy üçin jogap ýazmadyk bolmaklaram ahmal.
- Olam biçeme däl –diýip, Gorbunow soragly nazaryny oňa dikdi. - Grýaznewiň Hytaýa gitdi diýilýänem ynandyryjy däl.
Aklaryň işjeňliginiň artýanlygy welin görnüp dur. Kutepowyň soňky görkezmelerini ýada salsag-a, Grýaznew SSSR-e gaýdan bolmaly.
GPU-yň başlygy rus emigrantlarynyň Pariżdäki merkeziniň ýolbaşçysy general Kutepowy göz öňünde tutýardy.
Territoristik işiň esasy tarapdary Kutepowdy.
- Terrorçylar toparyny alyp, bärik ugran bolsa, Grýaznew Niżniý Nowgorodda kakasynyňka barar ýa-da Tiflisde, dogany Pýotryňkyda düşlemegi mümkin.
- Grýaznew Niżniý Nowgoroda haýsydyr bir topar üçin tipografiýa iberipdi dälmi?
- Hawa, ony bize «Zarýanka» habar berdi.
- Maglumat ynamdar çeşmeden alnanmy?
- «Zarýankanyň» özi ugradyşypdyr tipografiýany.
- Ätiýaçdan Grýaznewi Türkmenistandan gözlemegiňem çäresini görüň. Bulardan her zada garaşaýmalydyr.
- Aýdyşyňyz ýaly ederis.
- «Bakgalyň» gören beýleki adamlary hakda näme bilýärsiňiz?
193
- Tagan han Ýolötenden. Iňlis konsulhanasynda Jepbaryň ýanynda işleýär. Garyndaşlarynyň kimlerdigini anyklaýarys.
Biziň maglumatlarymyza görä, Düz baý şu ýyl pars Sarahsa emigrasiýa gidipdir. Asly büzmeýinli, maşgalasy Tejende ýaşaýar.
- Türkmen delegasiýalary diýilýän näme?
- Häzirlikçe hiç zat bilemzok. Uzaga çekmän aýan ederis.
- Garadamaklylaram tapaňzokmy? Şolaryň ady nämedi?
- Agamyrat we Çary. Gözlege girişdik. Beýleki atlary agzalanlaram taparys.
- Golaýdakylary berin tiz tapyň.
- Akmyrat Sary hem Bally baý Gypjakda ýaşaýarlar. Iňlis konsulhanasy bilen gatnaşygy bar diýen maglumat ýok.
- Şeýle –diýip, Grýaznewiň suratyna seredip oturan Gorbunow başyny galdyryp, Wasilýewiň pikirini sorady. -
Näme teklip edýärsiňiz?
- Bir aý-ýarym aý garaşalyň. Habar bolmasa Maşada Daňatar Artykowy ibereliň.
- Unutdyňyzmy, Daşkent oňa garşy boldy ahyryn.
- Ýadymda. Ýene teklip edeliň. Düşündirip ýazarys.
Jepbaram, Tagan hanam Artykowy sylaýar. Ol bize
«Bakgaldan» köp peýda getirer. Iňlis konsulhanasam oňa başgaça garar.
Iki wariant bar. Artykowy Hajymyradyň ýanyna eltip, duşuşdyryp ibermeli ýa-da ikisi biri-birinden bihabar bolsun diýselerem, görüşdirmän ugradarys.
Gorbunow baş atyp razylyk berdi.
- Görýän welin iňlisler türkmen liniýasy--ugry boýunça Sarahs tarapda güýçlenýär. Operatiw çäreler görmegi tabşyryp, kontrrazwedkanyň upolnomoçennysyny ol ýere komanidrowka iberiň.
- Bolýar, ibererin - diýip, Wasilýew tabşyrygy belläp aldy.
194
- Kutepowçylaryň Grýaznewi sowet territoriýasyna ýollan bolmaklarynyň mümkindigini tizräk habar bermegiň alajyny ediň – diýip, Gorbunow ýene birnäçe görkezme berdi. -
Zakawkaze GPU-yna, Gruziýanyň we Azerbaýjanyň GPU-laryna hat ýazyň, goý gözlesinler.
- Ýerine ýetireris - diýip, başlyk sözüni gutarandyr öýden Wasilýew gitmekçi bolup ýerinden turdy.
- «Bakgalyň» getiren gazetini, Grýaznewiň suratyny ygtyýarly wekilhana iberiň.
- Bolýar - diýip, Wasilýew kabinetine gaýtdy we başlygyň görkezmelerini ýerine ýetirmäge girişdi.
NÄDIP ÝALAN SÖZLEMELI?
Hojageldi bu gün işden giç geldi. Abiýat hanym ärini biynjalyk garşylady.
- Näme eglendiň? - diýip, soranda, sesi öýkeliräk eşidilýäne çalym etse-de, derrew ýylgyrdy. Polkownigiň daşynda pyrlandy. Çaga sereden ýaly, telpegini çykaryp asdy, possunyny egninden aldy.
- Ýygnak boldy - diýip, Hajymyrat ellerini owkalaşdyrdy.
- Üşediňmi? - diýip, Abiýat hanym derrew adamsyna çaý-nahar äberdi. Gaşyna geçip, ýüzüne garady oturdy. Hojageldi işdäsi ýogam bolsa, syr bermejek bolup iýdi. Aýalynyň häzir sorap başlajakdygyny duýýardy. Nädip ýalan sözlemelidigini oýlanýardy. Aýdyşy ýalam boldy.
- Nämäň ýygnagyny geçirdiňiz? - diýip, Abiýat hanym mylaýym näz edip sorady. Onuň adamsy bilen gürleşesi gelýärdi. Bir süri gyzyň yzyndan, kyrk ýaşa ser uranda ogul dogran aýal bagtlydy.
- Profsoýuz ýygnagyny - diýip, Hajymyrat çynlakaý keşbe girip jogap berdi. - Şu gün ähli erkekler öýüne giç barmaly.
195
Aýallarynyň näme diýenini ertir gelip aýdyp bermeli etdiler.
Menem irden baryp aýdaryn-da, öe girip-girmänkäm nirde bolanymy sorady diýip.
Abiýat hanym degişmä düşünip, hezil edip güldi. Onýança goňşy otagdaky çagajyk aglady, ony emdirmäge gitdi.
Hojageldi bu gün işden ir çykypdy. Gizlin öýde-- kwartirada Wasilýewiň ýanyna bardy. Kontrrazwedkanyň ýokbaşçysy gadyrly garşylady. Bile naharlanmagy mürähet etdi. Hojageldi düýpli gürrüň boljakdygyny aňdy. Diňe ikisidi. Başga adam ýokdy. Öý eýeleri nahar taýýarlap, giden bolara çemeli.
Maşada ibermäge ynamdar adam tapmak barada aýdanda Hojageldi birbada jogap bermedi. Kimiň adyny tutjagyny bilmedi. Tanyşlaryny birin-birin göz öňüne getirdi. Daňatar Artykowyň adyny tutmagy küýüne getirdem. Ýene goýbolsun etdi. Ozalam bir ýola ony çagyrypdy. Milli birikme döredilende, komandirlige hödürledi. Birbada ugrugyp gitdem. Soňundan Daňatary ýene çetleşdirdiler. Sowatly, abraýly, iş başarjaň türkmenleriň kem-kemden gyrakladylýandygyny polkownik görüp-bilip ýördi. Akylyň ýetip dursa-da, sesiňi çykarmak çetindi. Hökümet ýolbaşçylary habarlydyr, diýmek, bir sebäbi bardyr diýen çaklama azajyk göwnüňe teselli berýärdi.
Iş başarmaýndygy sebäpli aýrylýany azdy. Asly gelip çykyşyňa seredýän ýalydylar. Soňabaka Hojageldi bu pikirdenem el çekipdi. Sähel ugrugyp, ýola düşüp ugranda, ýoksullardan bellenen ýolbaşçylary hem bir söý bilen aýyrýardylar, garalaýardylar. Hojageldi hiç kimiň adyny tutup bilmejekdigini mälim etdi. Ynamdar adamy özleri gözleseler gowy bolar diýen netijä geldi. Soňky döwürde dost-ýarlardan gatnaşyk edýän adamlaryň azalandygyny bahanalady. Beýle diýmeginiň Wasilýewiň göwnündäki şübhäni has-da artdyrýandygyny Hojageldi gümanam edenokdy.
196
Ikinji gezegem Hajymyradyň adam tapyp bilmezligi kontrrazwedkanyň naçalniginiň çetine degmän durmady.
- Eger siziň özüňizi iberäýsek, neneň görýäňiz - diýip, Hojageldiniň garaşmaýan sowalyny berdi.
- Meni diýseňiz-le? - polkownik ýene pikire çümdi. - Zerur hasap etseňiz, gitmäge taýýar.
- Grýaznew size ynanýar. Türkmenistanda kontrrewolýusion guramanyň gizlin hereket edýändigini, signala garaşýandygyňyzy aýdarsyňyz.
- Aýdaryn - diýip, polkownik ynamly sözledi. - Ýöne beriläýjek sowallara jogaby häzirlemeli, bu ýerde gowy bişirmeli bolar. Iň esasysy hem gizlin guramanyň bardygyny delillendirýän nähilidir bir nyşan gerek. Her näçe owadan gürlesemem, subutnama zerur.
- Elbetde, gitmeli bolsaňyz, ol zatlary kemsiz bişireris. Häzir size geňeşeýin, pikir alşaýyn diýen niýetde soraýaryn. -
Wasilýew sözüni kesdi, birdenem. - Maşatda tanşyňyz bardyr.
Horlanmarsyňyz - diýdi.
- Tanyş tapylar. Emigrant türkmenleriň köpüsi meni tanar.
Rus ofiserlerem unudan däldirler – diýip, Hajymyrat sägindi. -
Tanşyň köplüginiň işe peýdasy degjekmi, zyýany, onçasyny bilmedim.
- Tanşyňyzyň känligi gowy, köp zat bilersiňiz - diýip, Wasilýew duýdansyz sowal berdi. - Ýogsa-da size hat gelmedimi?
- Nireden?
- Samaradan. Iki hat iberilipdir. Beýlekisi Gyzylordadan bolmaly.
- Ýok, hiç hili hat ýok – diýip, Hajymyrat başyny ýaýkady. -
Meniň adyma gelen haty öýde açmaýarlar.
- Poçta ýaramaz işleýär. Ýitiren bolmaklary mümkin.
197
- Biri ýitipdir diýeliň. Ikinjisi gelmeli ahbetin. Ikisem ýitäýmeli bolarmy? - diýip, Hajymyrat çyndan geňirgenip sorady.
Polkownik gizlin öýden ýagşy garaňky düşüp, aýak ýygnanansoň gaýtdy. Häzir çaý başynda Wasilýew bilen bolan gürrüňi serinde aýlap oturyşyna, ol geň galýardy.
Hakykatdanam ony serhediň aňyrsyna goýberäerlermikä? Ýa-ha ony synap görýän bolaýmasynlar? Gitmäge göwünjeňdigini-däldigini bilmek isleýärmikäler? Hojageldi her niçigem bolsa GPU özüne ynanýar diýen netijä geldi. Kakasyny, inilerini, çagalaryny taşlap, aňyrda gezip bilmejekdigi mälim zat.
Maşatly gürrüň polkownigi ýatlamalara gark etdi. Büjnürtde agşamara Oraz Serdar ikisi aýagymyzy ýazaly diýip gezelenje çykypdylar. Iňlis ofiserleriniň ýaşaýan ýerine golaýlaşdylar.
Ermenä meňzäp duran goja gabat gelendikleri ýadyna düşýär.
Oraz Serdar onuň öý eýesidigini aýtdy. Adynam-a aýdypdy.
Demady diýäýdi öýdýän ýa-da Dimady diýdimikä? Şol ikisiniň biri bolmaly. Soň bir saparam hanyň kanselýariýasynyň ýanynda gezelenç edip ýörkäler, ol gabat geläýdi. Han Hojageldiniň atynyň doganlaryna gowy ýarandygyny aýtdy.
Atyny öwdi.
- Han aga, men gaçgak bolup ýören adam. Sizem birinji gezek gabat geleniňizde atymy soraýarsyňyz – diýip, Hajymyrat her näçe sypaýçylykly gürlemäge çalyşsa-da, sesiniň gahar gatyşykly çykýandygyny aňdy. -Gündogaryň däbine görä, siziň öwen atyňyzy sowgat bermelidigimi bilýärin. Ýöne özümiň gaçgakdygymy aýtdym. Beýle sowgat edere ýagdaýym ýetenok.
Atlardan isläniňizi tutuň, müň tümene sataýyn.
Han sesini çykarman gitdi. Ertesi ýüz tümen bilen hoş söz baryny iberdi. Ýat ülkede aýralyk dagynyň üstesine güzeranam agyr geçýärdi. Oraz Serdar Maşada gaýdanda, iňlisleriň özüne
198
beren ýolharjyndan goýup gidipdi, ýanyna çagyranda, ýene pul iberipdi. «Maşat uly şäher, pul gerek bolar» diýipdir. Oraz Serdaryň çakylygyna barýarkalar ýolda, Şirwan şäherinde pars goşunlarynyň ýygnanandygyny gördüler. Maşadyň gubernatory Hudow diýen garakçyny gabamak isläpdi. Hudow gije gaçyp Türkmenistana aşypdyr diýýärdiler. Hajymyrady gubernator çagyrdy. Han Hudowdan alnan oljalary synlaýardy. Sökülgi
«Maksim» pulemýotlaryny görkezip:
—Bulardan başyň çykýarmy? - diýip sorady.
—Elbetde, bilýän—diýip, Hajymyrat pulemýotlaryň birini düzüp, nähili atmalydygyny görkezdi. Han hoşal boldy.
Hajymyrat soňra Maşatda gubernatoryň ýanyna baranda, oňa kömek etmegi buýurdy.
Polkownik GPU-yň özüne şübheli garamagynyň sebäbini aňýardy. Persiýada iňlislere hyzmat edendir öýdýän bolsalar gerek. Birinji ýola baranda, iňlisler polkownigiň kömegine mätäçlik çekenokdylar. Goçantda iňlisleriň serhet ýakasynda ýaşaýan kürtlerden düzülen polky durdy. Olar dagyň ýol-ýodalaryna beletdiler. Egin-başlaryny çalşyryp, Türkmenistana baryp-gelmek olar üçin hiç zatdy. Aşgabatda-da, beýleki ýerlerde-de tanyşlary köpdi, gerekli maglumatlary toplap bilýärdiler.
Hajymyradyň ýigitleriniň köpüsi ýola näbeletdiler. Watana aşybilseler, olar asla yzyna geljeklermi? General Lewanda dogrusyny aýdypdy. Hojageldi birki ýerde iňlisler bilen arasynyň sazdygyny, şolara hyzmat edýändiklerini ýaňzydypdy.
Şeýtmeseň boljak däldi. Diňe iňlisleriň adamlaryna batyrynyp bilenokdylar. Ýogsam at-ýaragyňy, egin-başyňy almak üçin adam öldürmäni hiç zatça görmeýärdiler. Iňlisleriň polky dargadylanda, onda gulluk edýänler gynanypdylar.
Jepbar Gojany, beýlekileri ýadyna salyp oturan Hojageldi
«Nesibe bar bolsa, ýene görşüp gaýdarys» diýen karara geldi.
199
Birdenem rewolýusiýa mahaly Aktelpek baýar adyny alan Alekseý Denisow ýadyna düşdi. Türkmen diwiziýasynyň ýanyndaky dükançynyň ogly çagalygyndan Köşi obasynda ulalypdy. Türkmençe suwara gepleýärdi. Rewolýusiýa döwründe ak telpek, gyrmyzdon geýip gezenligi sebäpli oňa şeýle at dakylypdy. Ýewropa frontundan ol polkownik bolup gelipdi.
Zakaspide raýatlyk urşy turanda batalona komandirlik edipdi. Krasnowodskä garşy gaýra çekilip, Persiýa aşypdy.
Goçantda Ýaňgala ugramakçy bolup duran Hajymyradyň ýanyna gelen Alekseý Denisow kömek sorady. Has dogrusy özüni tanaýandygyna güwä geçmegi haýyş etdi. Denisow birki sany türkmenden nesýe goýun alyp, Maşada äkidip satyp, peýda görjek bolýardy. Türkmenler ony tanamansoňlar nesýe berenokdylar. Hojageldi Denisowy gowy tanaýandygyny, Aşgabatda öýleriniň bardygyny, ynansa boljakdygyny aýtdy.
«Türkşýolkda» işläp ýörkä, Hojageldi Daşkentde Denisowyň aýal doganyny gördi. Ol dogany Alekseý ikisini GPU-yň tussag edendigini, indi özüni boşadandyklaryny aýtdy. Hajymyrat Aşgabatda ýolda-yzda Denisowyň aýal doganyna gabat gelýärdi. Alekseýiň özi welin duşanokdy.
Içki otagyň gapysy açyldy. Ýatlamalara gark bolup, aýalyna näme bahana tapjakdygy barada oýlanmandygy Abiýat hanym ýyljyraklap ýanyna gelende ýadyna düşdi. Aslynda hasabat bermänem oňup bilerdi. Abiýat hanym dikanlap, zol-zol sorabam durmazdy. Hojageldi aýalynyň göwnüne güman gitmegini islänokdy.
ABDYLLA PERREŇIŇ ÝALŇYŞY
«Bakgalyň» Maşada saparyna OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasy kanagatlanarly baha berse-de,
200
birneme igesini sürtäp bilipdir. Ýerli milletiň, esasanam türkmenleriň we özbekleriň arasynda iňlisleriň alyp barýan işi bize nämälim hasap edýärdi. Ýaramaz işleýäris. Tagan han diýen adamyň bardygy tötänden belli boldy. Çary Joňk, Düz baý, Han Kazy we beýleki emigrantlaryň hersini içgin öwrenmeli.
Karuskiý häzir Daşkentde ýokdy. Daňatar Artykowyň iberilmegine şol garşy çykypdy. Häzirlikçe Artykowy ugradyp boljak däldi. Karuskiý gelýänçä garaşmalydy. Berman Aşgabada iberilen hatyň aşagyna «Hajymyrady Persiýa ibermäge niçik garaýarsyňyz? Serhediň aňyrsynda iş
geçirmekde biz nähili gowşak. Agamyrady we Çaryny gizlin tutup, ýörite konwoý bilen iberiň. Tussag edeniňizi hiç kim bilmesin» diýip, eli bilen ýazypdyr.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynyň iňlis konsulhanasynyň türkmen liniýasyny öwrenmäge içgin girişmegi talap edýändigi görnüp durdy.
Wasilýew Hajymyratdan Maşada gitmäge neneňsi garaýandygyny ýöne ýere soramandy, ygtyýarly wekilhana jogap bermelidi. Wasilýew uzak kelle döwmeli bolmady. GPU-yň Maşatdaky agenti «Zarýanka» Jepbar Gojanyň «Bakgalyň»
elten hatyny Stewene berendigini habar etdi. Stewen Tährana gidip, Grýaznewe gowşurypdyr. Şifri diňe ikisi bilýärdi.
Jepbar Goja haty elten türkmeniň bir müň dokuz ýüz otuzynjy ýylyň ýigriminji ýanwarynda jogabyny almaga geljekdigini aýdypdyr. Garaşýan wagtlaryndanam soňrak, aýyň ahyrynda «Bakgaly» ýene ugratdylar. Onuň eline Tagan hanyň adyna ýazylan haty berdiler.
«HORMATLY TAGAN HAN!
201
Salamdan soň size şulary aýtmak isleýärin. Ruslaryň oktýabr aýynda men şu adamdan M.G. hat iberipdim. Maňa aýdyşlaryna görä, Tährana gidendigi sebäpli hat M.G. gowşurylmandyr, haty onuň ynamdar adamyna beripdirler. Şonuň üçinem ol hata jogap almadym, häzire çenlem alamok. Ol ýere baryp-gelen adamyň aýtmagyna görä, M.G. bu mahala çenli dolanyp gelmelidi, ýöne maňa hiç zat mälim däl. Siziň ol ýerdedigiňizi eşidemsoň we başga ynamdar adam ýokdugy üçin, men bu sapar ony göni siziň ýanyňyza ugradýaryn. Meniň hatyma jogap aljak bolup, entäp ýörmeli etmäweriň.
Eger M.G. öwrülip gelmedik bolsa, belki, onuň ynanyşýan adamy jogap berer. Gyzykly täzelikler köp, ýöne men kime ýazjagymy bilmän aljyrap ýörün. M.G. nirede, onuň ynamdar adamy barmy? Bahar gelende, käbir zatlary etmek bolardy. Iki sany gazet iberýärin, bu ýerdäki ýagdaýa, mümkin bolaýjak närazyçylyklara göz ýetirip bilersiňiz. Aşagyny çyzan makalalarymy okaň. M.G.-den we umuman siziň ähliňizden men käbir maglumatlary bilmekçi we maslahat soramakçy. Ol ýerde siziň işleriňiz niçik barýar? Umuman bir zatlar edýärsiňizmi berin?
Ilkinji hatyma jogap almandygym we ýagdaýdan bihabardygym zerarly beýleki maglumatlar hakynda ýazmakdan häzirlikçe saklanýaryn. M.G.-den ýa-da onuň ynamdar adamyndan ugradýan çaparymyň üsti bilen jogap almak isleýärin. Bärden barjak çapara kömek bermegi bolsa sizden haýyş edýärin. Mundanam başga M.G. ýa-da onuň ynamdar wekiline her gezek adam iberjek bolnanda uly kynçylyklar ýüze çykýandygyny aýtmagy sizden haýyş edýärin. Şoňa görä-de işe sowuk-sala çemeleşmezliklerini towakga edýärin. Şu hatyň menden barýandygyny bileriňiz ýaly bolsa şuny aýdaýyn. Oraz Serdar ikimiz bolanymyzda siz haýatdan geçäen ýeriňdäki
202
kiçeňräk jaýda ýaşaýardyňyz. Biz baranymyzda türkmeniň adatynyň şeýledigini aýdyp, öňürti gök çaý berdiňiz. Edil häzir meni işden boşadandyklaryny habar berýärin, indi öýde oturyp, terjime we şoňa meňzeş hususy häsiýetli işleri edýärin. Şonuň üçinem eger adam iberäýseňiz meni öýden tapyp bilerler, iş
ýerime ibermäň. Jepbar aga salam aýdyň.
Azara goýanym üçin bagyşlaň, beýle işi her öňetene ynanyp bolanok. Şu ýumşy bitiräýseňiz, men size bergili bolaryn. Oňa derek siziň sag-salamat bolmagyňyzy Hudaýdan dileýärin.
Geçen gezekki hatyma «Melhem» diýip gol çekipdim, şu hata-da şol goly goýýaryn.
MELHEM».
Tagan hana iberilen hatda Hojageldiniň işden çykarylandygy barada ýazylany hakykatdy. GPU ony gorap biljekdi. Emma özem gidermen boldy. Wasilýew bu ýagdaýy hem peýdalanmagy dogry tapdy. Hajymyrada ençeme edaralara barmagy, ýöne oňuşmadyk bolup, işe ýerleşip bilmezligi tabşyrdy. OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndan gelen direktiwada polkownigi işe ýerleşdirmek üçin GPU-yň hiç kime ýüz tutmaly däldigi görkezilipdi. Agyzdan agza geçip, Hajymyradyň çekistlere kömek edýändigi aňylar gorkusy bardy. Arakhor Gulkiniň konslagere iberilendigi baradaky maglumaty okan Wasilýew
«Saňa geregem şol» diýip öz ýanyndan makullady.
Günler geçip durdy. Bir müň dokuz ýüz otuzynjy ýyly umytly, köp wada berýän döwür hasap edip ýören Wasilýewiň begenji uzaga çekmedi. «Bakgal» haty gowşuryp bilmän geldi.
Pars häkimiýetleri serhetden yzyna dolapdyrlar. Heniz beýle ýagdaý bolmandy. Nirede ýalňyşlyga ýol berlendigini ýagşy öwrenmelidi.
203
Ölçerip-döküp, «Bakgaly» Duşagyň ýanyndan ýene aňryk geçirdiler. Ony Hajybulana ýetmänkä tutup, gümrükhananyň başlygynyň ýanyna eltdiler. «Bolşewiklerden gaçan doganymy gözleýärin» diýip, näçeler zeýrense-de, peýdasy bolmady. Üç ýyl ozal Duşakdan Persiýa geçen Durdymyrat Molla ogly kepil geçenden soň, ony sowet territoriýasyna aşyryp goýberdiler.
Serhetçilere tabşyrmazlary ýaly ýetmiş gran töledi.
«Bakgal» biraz ýöräp, ýene Persiýa geçdi. Bu sapar şowuna boldy. Tagan hany tapdy. Ol ýerdäki türkmenleriň öňküligi ýokdy. Jepbar Goja: «Iňlisler emigrant türkmenlere ynananoklar» diýip zeýrenýärdi. Tagan han özüni iňlisleriň türmä basjak bolandyklaryny ýaňzytdy. Gaýtmanka “Bakgaly”
Abdylla Saryýew diýen biri bilen tanyşdyrdylar. Köplenç oňa Abdylla Perreň diýýärdiler.
- Sen Oraz Serdaryň garyndaşlaryndanmy? - diýip, ol
«Bakgaldan» sorady.
Asly dag etegindäki obalardanam bolsa, “Bakgalyň” Oraz Serdara garyndaşlygy ýokdy.
- Hawa - diýip, «Bakgal» gypynç etmän, ynamly aýtdy.
Abdylla Saryýewe öz ýanyndan altmyş ýedi-altmyş sekiz ýaşynda bolaýsa gerek diýip baha berdi. Şondan soň Perreň
«Bakgala» doly ynanypdy. Maşatdan sag-aman öwrülip gelen
«Bakgal» Abdylla Perreňiň sargytlaryny gürrüň berdi.
Hajymyradyň ynamdar adamy Atabaýewiň ýanyna baryp, Abdyllanyň «Sowet häkimiýeti ýykylan badyna göni Sarahsa gelsin, bu ýeri howpsuz» diýendigini aýtmalydy. Aklarda gulluk edýärkä Atabaýew Abdyllanyň mürzesi bolupdyr. Abdylla Perreň aslynyň Merwden, Goňur obasyndandygyny aýtdy, garyndaşlaryna habar ýetirmegem towakga edipdi.
Kontrrazwedkanyň naçalnigi «Bakgalyň» öwünende uçuryp atmaga ökdedigini aňýardy. Pul sowdum diýýänlerem belli
204
däldi. Belki, pul berenem däldir, belki-de, diýýän summasynyň ýaryny berendir. Pul hiçdi. Getiren habary uludy. Dogry bolup çykaýsa, köp adamlara kör abraý boljakdy. Atabaýewiň özüne Türkmenistana gaýdyp gelmezligi tabşyrandygynam Perreň
«Bakgala» gürrüň beripdir. Aşgabatly çekistler «Bakgalyň»
getiren habaryny gyzyl tapan kimin garbap alyp, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyna, Karuskä ýetirdiler. Abdylla Saryýewiň indi türklere hyzmat edýändigini ýazdylar.
Atabaýewden içi ýangynly Karuskiý Bermana derrew Moskwa, OGPU-a maglumat taýýarlamagy buýrupdy, Türkmenistan SSR GPU-nyň başlygyka Atabaýew Karuskiniň hereketlerini goldamaýardy. Işgärleri goraýardy.
Boş gürrüňe ynanan Abdylla Saryýew iňňän uly ýalňyşlyk goýberendiginden bihabardy. Aýdan sözleriniň has-da gelşirip, timarlanyp, iň ýokary derejeli ýolbaşçylara ýetiriljekdigini gümanam edenokdy.
SSSR OGPU-yň BÖLÜM NAÇALNIGI ÝOLDAŞ
DÝAKOWA
Moskwa şäheri.
Serhediň aňyrsynda bolup gelen agentimiz “Bakgal”
(“Synag” operasiýasy” boýunça 51-nji nomerli ýörite maglumata serediň) beýleki ýumuşlaryň arasynda özüne şu aşakdakynyň-da tabşyrylandygyny habar berdi: ynamdar adamlarynyň birini Atabaýewiň ýanyna iberip, sowet häkimiýeti ýykylyndan soň, Atabaýew Sarahsa, Abdylla Saryýewiň ýanyna gelsin, bu ýerde onuň towugyna tok diýen bolmaz diýmelidigini «Bakgal» Hajymyrada aýtmaly. Abdylla Saryýew özüniň Atabaýewi sylaýandygyny aýdypdyr. Sebäbi TSSR-e
205
öwrülip gelmäge razy etmek üçin Goçguly Nepesow we Oramet Burkaz wekil bolup gelenlerinde, Atabaýew hut öz adamlarynyň birini TSSR-e gaýtmaly däldigini duýdurmaga iberipdir. Her näçe ýalbarsalaram razylaşmaly däldigini, eger geläýse, sowet territoriýasynda barybar diri galmajakdygyny sargapdyr. Soňra aklarda gulluk edýärkä, özüniň mürzesi bolandan bäri Atabaýewi tanaýandygyny Abdylla Saryýew aýdypdyr.
Bu habaryň çyn bolaýmagy gaty ähtimal. Oramet Burkaz (Sopyýew) hakykatdanam bir müň dokuz ýüž ýigrimi dördünji-- ýigrimi bäşinji ýyllarda TSSR GPU-y tarapyndan Sarahsa, Abdylla Saryýewi yzyna gaýdýan emirgantlara goşulmaga yrmak maksady bilen iberilipdir. Ýöne, Abdylla Saryýew bu barada gürrüňdeş bolmagam islemändir, näçe wada berselerem, günäsini geçýändiklerine ynanmaýandygyny aýdypdyr.
OGPU-yň ORTA AZIÝA BOÝUNÇA YGTYÝARLY
WEKILHANASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBARASY
(KARUSKIÝ)
KONTRRAZWEDKA BÖLÜMINIŇ NAÇALNIGI (BERMAN)
«Bakgalyň» getiren habarlary gyzyklydy. Çary Joňkuň, Han Kazynyň adamlarynyň çozjakdygy baradaky maglumat Sarahs komendaturasyna ýetirildi. Düz baýyň merezýel (sifilis) keselini tutandygy çyn bolup çykdy. Ol ýerdäki kellekeserleriň biri özi bilen alty adamy amnistiýa etseler, Han Kazyýewiň hem-de Abdylla Saryýewiň kellelerini getirip bermäge taýyndygyny aýdypdyr.
206
Olaryň ýok edilmegi GPU-y kanagatlandyrmaýardy. Iň bolmanda ikisiniň birini diri ele salmak gerekdi. Çekistleri azara goýýan esasy mesele «Bakgalyň» Maşatdan jogap getirmändigidi. Dürli çaklamalary orta atmaly bolýardy. Stewen Hajymyrada ynanmaýarmyka? Karýaginiň topary tutulanda, polkownigem türmä dykandyrlar, şol ýerde hem Tagan hana we Grýaznewe hat ýazdyrandyrlar güman edýärmikä?
Bu sowallar Aşgabatda-da, Daşkentde-de köpleri ukudan goýýardy. Moskwa hem gyzyklanýardy. Abdylla Saryýewi ulanyp, Hajymyrady türk liniýasyna geçirmek mümkinçiligini öwrenmäge girişildi. Azara galmaz ýalam däldi. «Bakgalyň»
saparlary hemişelik aragatnaşygy ýola goýup bilmedi. Karýagin ele salnaly bäri ýyl dolup barýardy. Ne Grýaznew, ne-de Steweni sesini çykarmaýardy.
Emma howsala düşmeler ýerliksiz bolup çykdy. Bir müň dokuz ýüž otuzynjy ýylyň awgust aýynyň başynda
«Zarýanka» Maşatdan geldi. Oňa Hajymyrada edebiýat we polotno ýazylan hat eltip bermek tabşyrylypdyr. «Zarýanka»
polkownigiň ýanyna baranda «Gamçy» parolyny ulanmalydy.
Maşatdan gelendigini aýtmalydy. «Zarýanka» Steweniň ýatkeşliginiň ugry ýok bolsa gerek diýip çaklaýardy. Ýogsam Stewen «Zarýanka» öňki gezek Türkmenistana gaýdanda, Hajymyrada Grýaznewiň hatyny ibermelidi. Stewen unudypdyr.
Belki, bilgeşleýin unudandyr. Kim bilýär? Stewen «Zarýanka»
“Haty ibermek ýadymdan çykypdyr” diýipdir. Polotno ýazylan hat şifrlenendi. GPU-nyň şifrçileri ony okadylar.
«Gadyrdan Gamçy, hatyňyzy dekabrda aldym, ýöne meniň jogabymy size ýetirip bolmady. Bolşewikleriň talap etmegi netijesinde meni Tährana göçürdiler. Zakaspi we Türküstan bilen aragatnaşygym kesildi. Kawkaz bilen aragatnaşyk edýärin.
Türkmenleriň geçen ýarym ýyldaky işjeň hereketleri barada habar beriň.
207
Bakuwyň promyselleriniň nebitini ýok etmegiň alajy edildi.
Siziň wezipäňiz: güýzde pagta zawodlaryny otlamaly we gyzyl komandirler bilen aragatnaşyk saklamaly.
Krasnowodskide meniň adamlarym siziň adamlaryňyzy nähili tapyp biler? Meniň bilen iki sany aragatnaşyk liniýasyny ýola goýuň. Birinjisi Krasnowodsk parohodçylygynyň, ikinjisi Maşadyň üstünden. Aragatnaşyk liniýalarynyň ikisem özbaşdak bolsunlar. Birinji liniýa barada şuny eltip berene hiç hat aýtmaň, ikinji - Maşat liniýasynyň nähili hereket etjekdigi barada ol gürrüň berer. Hudaý size, kuwwat bersin.
Eliňi gysýaryn, Melhem.»
«Zarýankanyň» getiren zatlary Hajymyrada hiç hili şübhe ýokdugyny, Maşatdakylaryň doly ynanýandygyny tassyklaýardy. Türkmenistanda gizlin kontrrewolýusion guramanyň hereket edýändigi hakyndaky rowaýat çynlakaý häsiýete geçýärdi. Grýaznewiň tabşyrygy geçen ýylyň maýyndaky hatyna garanyňda has anykdy. Ol täze şifr hem iberipdir. Şol şifr welin tasdan bulaşdyrypdy.
«Zarýanka» ýalňyşyp, şifri Hajymyrada bermeli diýýärdi.
Hakykatda şifr «Zarýankanyň» özüne niýetlenendi. Grýaznewe hat ýazmaly bolaýanda «Zarýanka» ony ulanmalydy. Çekistler ähli materiallary içgin öwrenenlerinde, muňa göz ýetirdiler.
Polkownik bilen neneňsi duşuşmalydygyny «Zarýanka» doly salgy berdiler. «Zarýanka» haty we listowkalary Hajymyrada gowşuryp, eglenmän Daşkende ugrady. Ol yzyna öwrülip gelýänçä, polkownik jogaby taýyn edip goýmalydy.
Konrrewolýusion gurama baradaky rowaýaty ösdürip, Hajymyrady esasy merkeze öwürmelidi. Garşydaşyň jansyzlary ilki onuňka gelip geçer ýaly etmegiň alajyny görmelidi. Munuň üçin ýakyn wagtda berk we yzygiderli aragatnaşygy ýola
208
goýmak, Hajymyradyň abraýyny götermek möhümdi.
Krasnowodskide ygtybarly, ýaşyryn öý döredildi. Ak emigrantlara şol öe arkaýyn, gypynçsyz gelibermelidigi habar edilse, jansyzlaryny ibermegi mümkindi.
Hajymyradyň gyzyl komandirlerden gowy tanaýanlarynyň bardygyna garşydaşlary ynandyrmagyň ýoluny agtaryp başladylar. Komandirleriň arasyndan iki adamyň gözlegine çykyldy. Ozal ynama giren adam tapmak ýeňil däldi. Onsoň hem her niçigem bolsa, familiýalary beriljek adamlar gulluk ýagdaýyna görä kän zat bilmeýän bolsa gowudy. Ol komandirleriň näme üçin gerekdigini Grýaznewe aýtdyrmalydy.
Pagta zawodlarynyň goragyny güýçlendirmek tabşyryldy.
«Zarýanka» gelýänçä ähli zat taýýar diýmegem boljakdy.
Krasnowodskidäki gizlin öýi kime ynanmaly diýen meselede biraz bökdençlik ýüze çykdy. Aşgabatly çekistler asly barly adamyň ogly, hak-hukukdan kesilen Şöhratmämmet Daglyýewi hödürlediler. Daglyýew köpden bäri GPU-a işleýärdi. Saýlaw hukugyny dikeltmek arzuwyndady. Çekistler zerur bolan halatynda ulanmaga niýetläp, onuň hukugyny dikeltmeýärdiler.
Daglyýew tabşyryklary yhlasly ýerine ýetirýärdi. Kimiň yzyna düşmeli, içini bilmeli diýip tabşyrylsa-da, şol adamyň ynamyna girmegi başarýardy. Seresaplydy, ugur tapyjydy.
Elbetde, Daglyýewiň hakyky ady, familiýasy örän gizlin saklanylýardy. Krasnowodskide aňyrdan gelýän agentleri garşy almak üçin açylan gizlin öýi Daglyýewe ynanmak makul bilindi. Ony işinden çykardylar, sowet hökümetinden närazydygyny gizlemezligi, köpçülik ýerlerinde tersçil gürrüňler etmegi tabşyrdylar. Garazhaý, onuň birneme dile düşmegi gerekdi. Özüne-de şu tabşyrygy ýerine ýetiräýse, saýlaw hukugyny gürrüňsiz dikeltmegi wada berdiler.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasy şeýle jogapkärli işi türkmen adama, onda-da baý ogluna
209
ynanmaga garşy boldy. «Krasnowodskiniň deňiz parohodçylygyndan başga bir ýewropaly adam tapyň» diýdiler.
Häzirlikçe Hajymyradam, Daglyýewem biri-birini tananokdylar.
Işler şowuna bolaýsa, ikisiniň duşuşmaly, kontrrewolýusion gurama baradaky rowaýatyň jikme-jikliklerini bilmeli bolmagy ähtimaldy. Ygtyýarly wekilhana şuny nazarda tutup, ýewropaly adam tapmagy talap edýärdi. Gorbunow ygtyýarly wekilhana gaýtadan ýüz tutansoň, Karuskiý Daglyýewi ulanmaga rugsat berdi.
«Zarýanka» Daşkentden geldi. Polkownigiň hatyny alyp, bir müň dokuz ýüz otuzynjy ýýlyň sentýabr aýynyň ýigrimi dördüne Persiýa aşdy.
SOWETLERIŇ GÜNI SANALGY
Işe ýerleşmäge diýip öýden çykan Hojageldi dolanyp gelende, Abiýat hanym soragly ýüzüne seredýärdi. Görendenem ýagdaýa düşünýärdi. Adamsyna göwünlik berýärdi. Dogrusy işe ýerleşmek Hojageldi üçin kyn däldi. Iki dilde-de--türkmençe hem rusça sowatly ýazyp bilýän, terjimä, dilmaçlyga ökde adamy haýsy edaranyň gapysyndan garasa-da gowy garşylaýardylar. GPU-yň tabşyrygyna görä, Hojageli birneme işsiz gezdi. Dürli bahanalar tapyp, ýerleşäýmeli ýerlerdenem gaýtdy. Abiýat hanymy uzak gaýgy-alada basdyrman,
«Türkmengostorga» (“Türkmendöwletsöwda”) edebi terjimeçi we umumy bölümiň müdiriniň orunbasary bolup girdi. Ol türkmençe materiallara jogap berýärdi.
Iş köpdi. Hajymyradyň agşamlaryna öe giç dolanýan wagtlary seýrek däldi. Abiýat hanym agşam öe gelip, ony soranlaryny aýtdy. Ol adam ertesi ýene gelip, Hojageldini tapmady. Üçünji güni irden edara ugramanka, «Zarýanka»
210
gapyny kakdy. Hojageldi öýde gürleşmäge ýagdaý ýokdugyny, işe howlukýandygyny aýdyp, agşam gelmegi haýyş etdi.
«Zarýanka» giçlik diýlen wagty geldi. Ol Daşkentde bolandygyny, ýadaýyň gowy däldigini, sowet hökümetiniň gününiň sanalgydygyny gürrüň berdi.
Myhman Hojageldä ýaramady. Köp gepleýärdi, badyhowa görünýärdi. Dogrusy olaryň ikisi-de seresaply bolmaga çalyşýardy. Hersi beýlekini hakykatdan-da emigrasiýanyň we iňlisleriň tarapynda duran hasap edýärdi. Biri-biriniň pikirini bilmäge çalyşýardy. Munuň şeýle bolmagyny konspirasiýanyň--
gizlin işiň düzgünleri talap edýärdi. GPU-a hem amatlydy.
Ikisinem yzygiderli barlamaga, synamaga mümkinçilik döreýärdi. Wasilýew her sapar «Zarýankanyňam», Hajymyradyňam duşuşyk badaraky pikirlerini, hasabatlaryny ilik-düwme öwrenýärdi. Deňeşdirip görýärdi.
- Kutepowy alyp gaçdylar - diýip, «Zarýanka» habar berdi. -
Ol häzir Lubýankada ýatyr. Kutepowyň ýerine general Miller geçdi.
“Alyp gaçyp näme ol ulugyzmy?”. Hajymyrat içki pikirini daşyna çykarmady. Gaharlanjagynam bilmedi, güljeginem.
«Zarýanka» gürläp otyrdy. Bu wakanam adaty bir zat ýaly gürrüň berýärdi. Beýle biparhlyk Hajymyradyň gaharyny getirdi. Aslynda garşysynda oturan myhman Grýaznewiň iberen adamsymyka berin diýen şübhe-de kalbyna aralaşman durmady.
Gürrüň aklar hereketiniň iň uly ýolbaşçysy hakynda barýardy.
Aleksandr Pawlowiç Kutepow tanalýan generaldy. Rus-ýapon urşunda, german frontunda adygypdy. General Kornilow öljek bolup ýatyrka, Kutepowy zarba urujy polkuň komandirligine belläpdi. Denikin Kutepowa general çinini beripdi. Bir mün dokuz ýüz ýigrimi sekizinji ýylda Wrangel
211
aradan çykansoň, Kutepow Rus umumygoşun soýuzyna ýolbaşçylyk edýärdi.
Maşatdan gelen, ozalky denikinçi ofiseriň A. P. Kutepowyň ogurlanyşy barada biparh, hatda göwnüne bolmasa begenýän ýaly gürlemegi polkownigi seresap sözlemäge mejbur etdi.
Hajymyrat şonda-da durup bilmän sorady:
- Alyp gaçan kim?
- Elbetde, GPU - diýip, «Zarýanka» gözi bilen gören deýin gürrüň bermäge başlady. General Kutepowyň ogurlanyşy barada ol mahallar her kim birhili gürrüň berýärdi. Wakanyň neneň-niçik bolandygyny bilýän ýokdy. GPU general Kutepowy bir müň dokuz ýüz otuzynjy ýylyň ýanwarynda Pariżiň ortarasyndan ýagdan gyl sogran ýaly edip alyp gaçypdy.
«Zarýanka» «Kutepow Lubýankada saklanýar» diýip, agzyna gelenini samrap otyrdy. Dogrusy emigrantlaryň ählisem şeýle pikirdedi. Ýöne ol hakykata laýyk gelmeýärdi. Gäminiň üstünde namysjaň general iýmek - içmekden ýüz dönderdi, sowallara jogap bermedi. Noworossiýskä ýetmänkäler, gäminiň üstünde ýüreginden tutup Kutepow jan berdi. Muny hiç kim bilenokdy, entek-entekler bilmezem. Sowetler syr saklamagy başarýarlar. Diňe ýarym asyrdanam köp wagt ötensoň, bu barada açyk ýazylar. Oňa çenli GPU-yň bu operasiýasy diňe razwedka mekdepleriniň okuwçylaryna nusga hökmünde öwrediler.
«Zarýanka» aklaryň Maşatdaky emigrasiýasynda general Mirbadalyýewiň, Degtýarýowiň, Jepbar Gojanyň, Ýakow Antonowiçiň bardygyny gürrüň berdi. Esasy ýolbaşçy Ýakow Antonowiçiň familiýasyny aýtmady. Elbetde, Degtýarýow diýilýäniň özüdigi barada-da «Zarýanka» dil ýarmady.
Hoşlaşmazlaryndan öň Hajymyrat Grýaznewe ýazan jogabyny berdi. «Zarýanka» ony alyp, eglenmän gitdi. Hat
212
şifrlenendi. Näme ýazylanyny polkownigiň özem bilenokdy.
Wasilýew taýýar jogaby gowşuranda, Hajymyrada mazmunyny ýüzleýräk gürrüň berdi. Hatda şeýle sözler bardy:
«W. Siziň tabşyrygyňyzy, gadyrdan Mihail Iwanowiç, ýanynyň goşmaçasy bilen aldym. Bu gezek hemmesini aman-esen gowşurdylar. Şeýle uzak wagtlap aragatnaşyk bolmazlygyny Siziň hökmany suratda Tährana gitmeli bolandygyňyz sebäplidir öýdýärdim. Indi oňa juda ökünýärin nkt Hut şu mahal biziň aramyzda yzygiderli aragatnaşyk örän zerur nkt Türkmenistandaky ýagdaý ýitileşýär, krizis we ilatyň närazylygy artýar nkt Şunuň bilen, esasanam kollektiwizasiýa bilen baglanyşyklylykda (kollektiwizasiýa bolsa türkmenler örän garşylyk görkezýärler) Owganystana we Persiýa emigrasiýa gitmek we basmaçylyk güýçlendi. Daşhowzuň we Çärjewiň käbir etraplarynda basmaçylyk häkimiýetler üçin howply möçberlere ýetdi nkt Buharada we Ferganada hem ýagdaýyň howasalalydygyny eşitdim nkt Häzir biraz asudalyk aralaşypdyr.
S. Pagta zawodlaryny ýok etmek baradaky tabşyrygyňyzy häzirlikçe güýjüm ýeterden çökder hasaplaýaryn, ýöne çemeli adamlary gözlärin nkt Ýagdaý howsalaly bolansoň häkimiýetler ähli kärhanalaryň goragyny bijaý güýçlendirdiler. Ýörite ýaragly komandalar döredildi, bu bolsa keseki adamlaryň zawodlaryň territoriýasyna aralaşmagyny hetdenaşa kynlaşdyrýar nkt Men elimden gelenini ederin, ýöne bu iş üçin doly ynamdar we gaýduwsyz gardaşlarymyz bolaýsa kem bolmazdy nkt Olaryň kömegi we göreldesi üstünlik gazanyljakdygyna ynam döredip bilerdi.
A. Aýgytly pursatda goşun esasy rol oýnar hasap edip, ol ýerde örän ynamdar pikirdeşlerimiziň bolmagyny gazanmak üçin elimden gelenini gaýgyrmaýaryn nkt Özümiň alyp barýan işimde şu meselede heniz öwünip biljek däl, sebäbi meniň
213
aragatnaşyklarym türkmen milli kawaleriýa brigadasynyň çäginden çykmaýar nkt Oňa derek brigadanyň komanda sostawynyň arasynda maňa doly wepaly adamlaryň birnäçesi bar, ýönekeý köpçüligiň arasynda olaryň abraýam, täsirem uly.
I. Krasnowodskide siziň adamlaryňyz Şöhratmämmet Daglyýewe ýüz tutup bilerler nkt Ol sylanýan we doly ynamdar adam, geçmişde gurply kişidi nkt Siziň adamlaryňyza doly goldaw bererler, adamlaryňyzy onuň ýanyna şu parol bilen iberiň: men size Melhemden salam getirdim, ol: Melhemi tanaýaryn, salam getireniňize minnetdar nkt Daglyýew rusça bilýär nkt Onuň Krasnowodskidäki adresi: Fabrik köçesiniň 20-nji jaýy, agşamaralar barmaly.
T. Maşat bilen aragatnaşygy düzedip bilerin, ol biziň işimiziň bähbidine, esasanam häzir juda zerur, emma şeýle uzak wagtlap ara kesilmez ýaly, zerur bolanda sizden aragatnaşykçy gelerine garaşyp oturman, habar iberer ýaly maňa özüňiziň doly ynamdar, Maşatda hemişelik ýaşaýan adamyňyzyň adresini bermegiňizi haýyş edýärin nkt Ýöne bu ýerden adam ibermegiň uly kynçylyklar döredýändigini aýtmalydyryn we şeýle ýagdaýda iberilen adam iş bitirmän gelende, gaty gynandyrýar, men ilkinji gezekde siziň ýanyňyza baryp gaýdan türkmeniň iki gezek boş gatnandygyny göz öňünde tutýaryn nkt Hut şunuň üçinem men Maşatdan ynamdar adamyňyzy salgy bermegiňizi isleýärin nkt Eger siz sowet serhediniň golaýyndaky punktlaryň birinde ýaşaýan adamy salgy berseňiz-ä meniň siz bilen aragatnaşyk etmegimiň iň gowy ýoly bolardy, men ol ýere öz adamymy iberip bilerdim, sebäbi meniň çaparlaryma Maşada ýetmegem iňňän kyn bolýar, parslar türkmenleri öz ýurtlaryna çuňňur aralaşdyrmaýarlar nkt Şu usul kämilleşen yzygiderli aragatnaşygy üpjün ederdi, ol bolsa, ýene gaýtalaýaryn, häzir aýratyn zerur.
214
O. Edebiýat iberiň, köpräk bolsun, musulmanlaram unutmaň, olaryň ýeke däldigi, özlerini bolşewistik zulumdan azat etmek ugrunda aladalanýan, mukaddes iş edýän adamlaryň bardygy hakyndaky ynamyny çuňlaşdyrmaly. Özüm barada birki agyz aýdaýyn - gowulyga garaşmaly däldigi aýdyň, meni birneme gysdylar. Esli mahallap işsiz gezdim we diňe bir aýa golaý mundan öň gostorga—döwlet söwdasyna terjimeçi bolup geçdim, ýaşamak kyn, ähli umydymyz diňe ýagty geljege gönükdirilen nkt Siziň çaparyňyz Daglyýew barada bilenok, özüňiziň duýduryşyňyzy nazara alyp, onuň bilen umuman agras gürleşdim.
Eliňizi gysýaryn, Gamçy.
1930-njy ýylyň 20-nji sentýabry».
ÜÇÜNJI ÝOL
Durmuş diýeniň şeýleräk-dä, diýeniň bolaýanok. Ähli etsem-goýsamlaryňa düzediş girizip gidip otyr. Ýogsam Wasilýewe galsa, Abdylla Saryýewi birçak boýnuna ýüp salagadan getirip, suduň (kazyýetiň) öňünde sömeltjekdi. Watanyny taşlap giden, daşary ýurtlara satylan, dönük baradaky sud prosesi ýerine düşjekdi. Örän möhüm ideologik, terbiýeçilik ähmiýeti boljakdy. GPU-a gelip gowuşýan maglumatlardan netije çykarsaň, bu goja baradaky pikiriňi üýtgetmeli boljaga çalym edýärdi.
«Bakgal» Merwe, Goňur obasyna baryp geldi. Elli bäş
ýaşlaryndaky uzyn boýly, hortaň, gara sakgalyna ak düşen Emin han ilkibada gürleşmegem islemedi. «Abdylla Saryýewi tanamok» diýdi.
215
- Abdylla Saryýew aýalynyň altyn sagatlaryny heniz satmadyk bolsalar, indi satmagyň geregi ýok-- diýip, «Bakgal»
özüne ynanarlary ýaly parol deregine berlen sözleri aýtdy. - On alty müň manat Nikolaý pulunam, bir pyçak bardyr, şonam ýok etmän saklasynlar diýdi.
- Ol zatlaryň barysy birmahallar ýok edildi - diýip, Emin han açylyp ugrady. - Sagatlaram, pulam, pyçagam galmady.
Hemmesi satyldy.
- Abdylla aga size maşgalasyny goramagy tabşyrdy. Men onuň aýaly hem aýalynyň dogany bilen gürleşmeli.
- Aýalynyň dogany bolşewiklere satyldy. Gürleşjegem bolma, aýalynyň ýanynda-da işiň ýok - diýip, Abdylla Perreňiň garyndaşy Emin han kesgitli gürledi. Abdylla Saryýewe aýtjak zadymyzam, iberjek zadymyzam sarahsly türkmenlerden ýolladyk. Olar golaýda gelip gitdiler. Basym onuň maşgalasyny Persiýa äkitjekler. “Bakgalyň” getiren bu habaryny eşidip, GPU
Merwe kimleriň gelendigini anyklamaga girişdi. Abdylla Perreňiň maşgalasyna berk gözegçiligi ýola goýdy. Persiýa goýbermekçi däldiler. Özi bilen alty adamy aklasalar emigrantlaryň kellesini getirip bermegi wada eden galtaman garpyşykda ölüpdi.
Çary Joňkuň hem ykbaly keç boldy. Ol sowetler bilen gepleşik geçirmäge Sarahsa gelmedi. Tutularyn öýdüp çekinen bolsa gerek. Çary Joňk öz adamlaryna ýolbaşçylyk edip, Tejene, Merwe çapawulçylyk edip gaýtdy. Işi oňan Çary Joňk ikinji gaýta ýene gaýtdy. Awgust aýynyň ikisinde Merwiň golaýynda gyzyl esgerlere duşup, atyşanlarynda öldürildi. Han Kazy ýaralanaly bäri sowet territoriýasyna geçenokdy. Edil häzir-ä türmede otyr diýýärdiler. Maşatda ýerli söwdagärlere bergi edip, wagtynda üzüp bilmedik bolarly. Düz baý özüni bejerdip, keselden saplanypdy. Dogrusy emigrantlaryň arasynda diri
216
tutup, sud eder ýalysy seýrekläpdi. Ele salyp, bolsa, Abdylla Perreň şolaryň iň tanymalragydy.
Kontrrazwedkaçylar pars Sarahsyň serhet komissary Aly Kulyny yrjak bolup çytraşdylar. Aly Kuly Aşgabada işli gelende meseläni çürt-kesik goýdular. Dogrusy Aly Kuly bulardan mekirräk bolup çykdy. Agzynda aş gatyklasa-da, bitiren goşy bolmady. Aslynda bitirmegem islän däl bolsa gerek.
Ilkibada Abdylla Saryýewiň iňňän seresaplydygyny, saklawynyň zordugyny bahanalap, diri aldyrmaz diýdi. Öldürip, ähli kagyzlaryny getirip bermegi teklip etdi. GPU-çylar ylalaşmadylar. «Diri gerek» diýdiler. Şondan soň Aly Kuly maksadyny mälim etdi. «Öz adamlaryňyzy iberiň. Men olara kömek bereýin. Ähli şertleri döredeýin» diýdi. Çekistler muňa razy bolup biljek däldiler. Aly Kuly prowokasiýa etmegi ähtimaldy. Pars tarapy bilen jenjel tursa, onça boljak däldi.
Umuman Aly Kuly kontrrazwedkanyň garşysyna oýun guramakçy boldy. Sowetlerden baran adamlary Persiýa goýberip tussag etmekçidir. Soňam Aşgabatda ele salnan pars żandarmeriýasynyň işgärlerine çalyşmak islän bolsa gerek.
GPU-yň işgärleri şeýleräkdir çak edip, Aly Kulynyň teklibini kabul etmediler. Kän mahal geçmänkä Aly Kulyny başga uçastoga geçirdiler diýen habar gowuşdy. Çekistler munuň sebäbini anyklamak barada Maşat rezidenturasyna tabşyryk berdiler.
Spesswodkanyň maglumatlarynyň arasyndan Grýaznewiň
«Zarýanka» ýazan hatlarynyň göçürmesi Wasilýewiň ünsüni çekdi.
«Gadyrly we mähriban Wolodýa! Kän wagtlap gelmändigiňiz üçin Sizi gaty alada etdik. Hudaýa şükür, öwrülip geldiňiz. Biziň hemmämiz gaty begenýäris, indi iş barada. Bu haty maýora görkezmäň, beýlekisini görkezersiňiz. Jepbar hana meniň şu sözlerimi gowşuryň:
217
1) Oňa salam we iň gowy arzuwlarymy iberýärin hem-de biziň işimiziň bähbidine janynyň sag bolmagyny Hudaýdan dileýärin.
2) Aşgabatda Hajymyrada gowşurmaly şifrlenen hatda Haýdar Hojanyň hem-de Kostýa Danilowyň meniň Maşatdaky orunbasarlarymdygyny ýazýaryn. Danilow barada Pariżden buýruk geler. Siziň we Jepbar hanyň ýardam bermegiňizde Hajymyrat Maşat bilen aragatnaşygy ýola goýar diýip umyt edýärin.
Sarahsdaky Abdylla han Saryýew bolsa, goý, ikinji aragatnaşyk liniýasy bolsun. Oňa hat ýazyp, meniň adymdan salam aýdyň we Maşatda kimden ibermelidigini görkeziň.
3) Aşgabada gowşurmaly matany (polotno) - şifrlemäni iberýärin.
4) Mata ýazylan haty Daşkende ugratmaly, ony Kuznesowdan iberersiň. Orlik şeýleräk garga-da, oňa çynlakaý ýumuş buýrar ýaly däl.
5) Size doly ynanyp bolýandygyny men Aşgabada ýene ýazdym.
Öpýärin, eliňi gysýaryn. Mih.GRÝAZNEW.
Tähran.
Hatyň aşagyna «1930-njy ýylyň 10-njy oktýabry» diýlip sene goýlupdyr. Şol gün Grýaznew «Zarýanka» ýene bir hat ýollapdyr. Iki hatyňam başlanyşy meňzeşdi.
«Gadyrly we mähriban Wolodýa! Wagtynda gelmändigiňize görä gaty alada etdik. Aşgabatdan we Daşkentden habar getirendigiňiz üçin tüýs ýürekden rus sagbolsunyny aýdýaryn.
218
Iki gün oturyp, matalardaky teksti rasşifrowka etdim.
Hatlary doly göçürmäge ýaltanýaryn, gysgaça mazmunyny ýazaýyn.
Wasilýew Hajymyradyň adyndan ýazylan haty ýatdan diýen ýaly bilýärdi. Ýüzugra göz gezdirdi-de, esasan, «Zarýanka»
degişli ýerlerini ünsli okap ugrady.
«Gamçynyň» maýora işlemäge isleg bildirýändigi ýa-da islemýändigi hakda ýazmazlygy geň. Men oňa bu barada ýazypdym.
Daşkende dahylly zatlar barada. Daşkentliler bilen duşuşyňyzy beýan edişiňiz maňa örän ýarady. Olaryň sowalyna şeýleräk jogap berip bilerin: 1) pukara emigrantlaryň haýyr-yhsan üçin ýygnaýan pullaryndan serişde edinýän emigrant guramalary maliýe kömegini berip bilmezler. Haçan, nirede uruş boljakdygyny hiç kim öňünden aýdyp bilmez. Beýik urşuň elhençliklerini unutman, ähli hökümetler uruş bolmaz ýaly, özlerine bagly ähli zatlary edýärler. Russiýany rus bolşewiklerinden halas etmäge höwesekler ýok. Öz paýhasyňa, goňşy guramalaryň tejribesine daýanyp, özümiz göreşmeli. Eger Hudaý olary üsti açylmakdan goraýan bolsa, diýmek, olaryň iş
usuly gowy boldugy. Ýarag kömegini bermegem mümkin däl. 2
- 3 sany rewolwer we birküç gysym ok bilen bitiren işiň bolasy ýok. Göreşi dowam etdirmäge zerur bolan puly we ýaragy ýerinde tapmak gerek. Pul kassalarda bar, gyzyl komandirleri işe çekmek arkaly ýarag edinmeli.
Gaz ulanyp, partizançylyk urşuny alyp barar ýaly şifr we instruksiýalar hem-de himiki zajigalkalar Orlige berildi.
Merkezden gowuşýan syýasy instruksiýa hakda: Russiýany bolşewiklerden halas etmeli. Meniň hut özüm-ä Russiýada parasatly, berk, prawoslaw rus patyşasynyň bolmagyny isleýärin. Ýöne ol Hudaý tarapyn zat. Oňa boýun
219
burup özelenmeli, ýalbarmaly hemem mynasyp bolmaly. Eger bolşewikleri haýsydyr bir diktator, parasatly hökümdar agdaraýsa, onuň yzyna düşerin, eger garaşyşymdan başgaça bolup, respublikan hökümet muny şeýdäýse, oňa gulluk ederin.
Häzir şu barada bikär jedeller bilen meşgul bolýan we agzalalyk getirýän adam duşmanyň haýryna işleýär. Olar kimin jedelçilere ýalbarmaly däl-de, uzagraga kowmaly.
Ygtybarly aragatnaşyk ýola goýlanda, edebiýatyň sany artmagy mümkin.
Wolodýa, Siz iň bolmanda bir ýa-da iki günlük Tährana gelip bilmezmisiňiz?
Size ullakan sagbolsun aýdýaryn, mäkäm öpýärin, Siziň eliňizi gysýaryn.
Mihail GRÝAZNEW.
Meniňkiler tüýs ýürekden salam iberýärler.
Haty Pastuhowdan iberýärin. Pastuhow henizem maşyn remont edýär. Fedýadan iberemok, sebäbi ol Korneli äkidýär.
Kazak ofiseri Ýasaul Grinçenkodan iberýärin.
Eliňi gysýaryn. M.G.»
Hatda ýazsa-da, Mihail Grýaznew Daşkende material ibermändir. Ol materiallary Orlik getirmelidi. Bu barada spesswodkada, hatlaryň göçürmesiniň aşagyna edilen belligi okap, Wasilýew oýa batdy. Umuman Persiýada GPU-yň jansyzlary hereket edip ugrapdylar. Ak emigrantlaryň içine barha çuňňur aralaşýardylar. Iňlis konsulhanasynyň maýory Steweniň ýandepderçesindäki ýazgylary-da göçürip iberipdiler.
«Zarýanka» iňlis maýoryna Hajymyrada has jogapkärli
220
ýumuşlary buýurmagy teklip etmelidi. Esasy üns üçünji liniýa -
Krasnowodsk ugruna gönükýärdi.
GPU Hajymyrada Grýaznewiň ynanylan adamynyň adresini soratdy. Şol ynanylan adamyň çekistleriň rezidenti bolmagyny gazanmak isleýärdiler. Başa baraýsa, aragatnaşykçylaryň her bir ädimini nazardan sypdyrman, gözegçilik-- kontrollyk edip boljakdy. «Bakgalyň» öňki saparlaryny ýene barlamaga ýagdaý dörejekdi. Häzir agentleriniň, daşary ýurtdaky rezidentleriniň işini barlamak üçin dürli çäreleri görmeli bolýardy.
Munuň özi diňe işgärleriňe ynanmazlykdan däldi. Islendik razwedka bolsa bolsun, edilýän talap şeýledi. Razwedkanyň iň ynama giren, iň jogapkär işgärlerinem hökman barlap durmalydy. Munda emosiýalar, ahlak, moral, wepalylyk diýen ýaly kategoriýalar gyra iteklenýärdi. Diňe faktlara, delillere bil baglanylýardy. GPU-da bolsa özüniň tebigatyna görä, hiç mahal, hiç kime ynanylmaýardy. Sähelçe säwlik üçin rehimsiz jeza berilýärdi. Wasilýew muňa juda beletdi. «Zarýankany»
golaýda ýörite synagdan geçiripdiler. Şübhelenere zat ýokdy.
Şeýle-de bolsa Wasilýew ak patyşa gulluk edenlere asla ynanmaýardy. Ýerli halkdan çykan ofiserlere-de, «Bakgal»
kimin sowet hökümeti döwründe adam sanyna goşulyp ugran, dogrusy, goltugyna garpyz berlen ýoksullara-da şübhelenýärdi.
«Zarýanka» Mihail Grýaznewden hat alyp geldi.
Hajymyrada ak emigrantlaryň çyndanam bil baglaýandyklary görnüp durdy. Grýaznew hatyň başynda «Salýam aleýkum»
diýip türkmençe ýazýardy.
«Salýam aleýkum, gadyrdan Gamçy! Siziň iberen sekiz sany mataňyzy 6-njy oktýabrda başbitin aldym. Meniň Maşatdaky orunbasarlarym şular: birinjisi - Haýdar Hoja Mirbadalyýew -
meniň ýogalan aýalymyň (gyzka familiýasy Kulçanowady), daýysy. Onuň ýanynda golaýda Samarkantdan gaçyp gelen,
221
meniň birinji aýalymyň uýasyna öýlenen, Guşgy galasynyň ozalky ofiseri Grumniskiý bar. Mirbadalyýewiň adresi: Leman hanymyň bolşewiçka pansiony, Ark. Derwezesiniň golaýynda.
Ikinjisi - don ýasauly Kostýa Danilow, şofýor, onuň adresi: Ferdöwsi Derwezesi, Beniniň garaży.
Pars Sarahsda Merw garnizonynyň öňki potratçysy, goja türkmen Abdylla Saryýew ýaşaýar, biziň adamymyz. Sarahsda rus molokany Lazerewden heder etmelidir. Sizden ýazgyly mata getiren, iňlislerde gulluk edýän kişiniň kömegi bilen iki liniýa döredilýär. Men oňa ähli zatda ynanýaryn.
Ýaşyrynlyk düzgünleriniň hatyrasyna ondan diňe üçünji liniýany gizlin saklaýarys.
Siz iňlislere kömek etmäge razymy, munuň üçin olar ilkinji iki liniýa boýunça aragatnaşygy üpjün ederler. Meniň bu sowalyma jogap bermänsiňiz.
Üçünji liniýa hakda aýratyn ýazaýyn. Şol liniýa boýunça siziň adamyňyzyň ýanyna meniň wekilim barar.
Iberen edebiýatlarymdan haýsylary size baryp ýetdi?
Bolşewikleriň garşysyna edilýän çykyşlar barada ýerli gazetlerde beýan edilenleri we esasanam aýdylmaýanlary hakda Sizden täze habar gowuşmagy zerur.
Türkmen atly brigadasynda siziň täsiriňiziň uludygyna hiç mahal şübhelenmeýärdim. Türkmen zenanlaryna öýlenen rus gyzyl komandirleri ýokmuka, «Çasowoýy» we beýlekileri okamaga berip, şolaryň üsti bilen RKKA-nyň rus bölümleri bilen aragatnaşyk açyp bolmazmyka?
Türkmen komandirlerini rus bölümlerine ibermek mümkin dälmi, iň bolmanda rus dilinde praktika geçmäge we kommunistik durmuşy öwrenmäge diýip wagtlaýyn iberip bolsady.
222
Pagta zawodlaryny otlamagy gelmişeklere tabşyrjak bolman, Bakuwyň promysellerinde edilişi deýin gullukçylary ulanmaly.
Şonda kommunistik saklaw gorap bilmez.
Sizi Hudaý we batyrlaryň howandary keramatly Georgiý öz penasynda aman saklasyn, ol ordeni men siziň döşüňizde görüpdim.
Eliňizi gysýaryn, Melhem».
Wasilýew «Zarýanka» polkownigiň ýanyna haçan barmalydygyny salgy berip, ähli gürrüňleri ýatda saklamagy ýene-de pugta sargady. Kontrrazwedkanyň şefiniň keýpi kökdi, göwnühoş halda ýylgyrdy. Aşgabatdan - itiň ölen ýerindäki serhet şäherjiginden garaňy saýlamak islegi amala aşmaga golaýlapdy. Respublikanyň paýtagty bolsa-da, Aşgabat Wasilýewe ýaranokdy.
Grýaznewiň Hajymyrada iberen şifrli hatynyň göçürmesini GPU-yň «Tupan» lakamly jansyzynyň Daşkende iberendiginden, ol ýerde haty rasşifrowka edip okandyklaryndan, basym Aşgabada igençli hat iberjekdiklerinden bihabardy. Häzirlikçe keýpi çag Wasilýew göwün ýüwürdip otyrdy. Edilen iş azam däldi. Üçünji liniýa işe taýýardy. Haçan adam gelse-de kabul edip biljekdi.
GPU üçünji liniýa uly umyt baglaýardy.
«ZARÝANKA» GAPYNY KAKÝAR
Bir müň dokuz ýüz otuzynjy ýylyň sowuk dekabrynyň on birinde agşam sagat onlarda Hajymyratlaryň gapysy dözümli kakyldy.
- Kimsiňiz? - diýip içerden aýal sesi eşidildi.
- Hajymyrat öýdemi? - diýip, «Zarýanka» sorady.
223
- Häzir bileýin - diýip, nätanyş aýal sesi jogap berdi, iki minut geçenden soň ýene gepledi. - Heniz ol işden gelmändir.
- Hajymyrada aýtmagyňyzy haýyş edýärin, men ertir irden sekizde gelerin. Kimdigimi özi bilýändir - diýip, ol tiz gitdi.
Ertesi irden gapyny on iki-on üç ýaşlaryndaky türkmen gyzjagazy açdy.
- Hajymyrat öýdemi?
- Öýde, içerik giräýiň, ol häzir geler - diýip, gyzjagaz jedirdedi.
- Bu sizmidiňiz? - diýip, sähel salymdan Hajymyrat çykdy. -
Salowmaleýkim, baş üstüne, geçiň.
Olar nahar iýilýän otaga girdiler. Ýaňky gapyny açan gyzjagaz we ýene bir kiçijik gyzjagaz bardy. «Zarýanka» ony alty ýaşlaryndadyr diýip çaklady.
- Düýnki gelen sizmidiňiz? - diýip, Hajymyrat myhmana ýüzlendi. -Giden badyňyza diýen ýaly menem geldim.
- Hawa, agşam onlarda geldim men.
- Siz kyn görmän şu gün agşam dokuzlara gelseňizläň. Häzir wagt ýok. Işe howlukýan. Agşam irräk geljek bolaryn.
- Bolýar. Men size şulary bereýin - diýip, myhman aýtdy.
- Baş üstüne, ýöne, ýörüň, şu otagdan çykalyň.
Daş gapynyň agzynda «Zarýanka» şifrlenen haty, edebiýatlary öý eýesine gowşurdy. Hoşlaşyp gitdi. Agşam gelende, myhmany Hajymyradyň özi garşylap, boş otaga eltdi.
- Ýaňyja gelip durşum. Getiren zatlaryňyzy açybam göremok - diýip, Hajymyrat özüni aklamaga başlady. - Siz maňa näme aýtmakçy?
Polkownik indi myhmanynyň familiýasynyň Degtýarýow, adynyň Wladimirdigini bilýärdi. Wasilýew ol hakda gürrüň beripdi. «Zarýanka» maýor Steweniň dilden tabşyrygyny aýtdy.
224
- Häzirlikçe iňlislere daýanmasak, alajymyz ýok - diýip, Degtýarýow sözüni soňlady. - Wagty ýeter, biz olaryň eminden geleris.
- Men edil şu wagt nagt bir zat diýmäýin - diýip, myhmany ünsli diňlän Hajymyrat jogap berdi. - Mesele örän çynlakaý.
Adamlaryma geňeşmän, kesgitli söz aýdyp bilmerin. Maddy kömek, elbetde, bu işe zerurdyr. Belki, siz Aşgabatda birnäçe gün bolarsyňyz, biz getirenleriňizi gözden geçirip ýetişerdik.
- Şu gün ýa ertir gitmeli. Bir aý çemesi wagtdan gelerin.
Soňrak gelmegimem mümkin - diýip, Degtýarýow umumy jogap berdi. - Birki gün eglenmegimem ahmal.
- Bolýar. Öwrülip gelýänçäňiz, biz ählisini taýynlap goýarys.
Agşam dokuzlarda öe gelersiňiz.
Myhman ylalaşdy. Geplemsek Degtýarýow polkownige täzelikleri habar berdi.
- Öňümizdäki ýazda, giç galsa güýzde çykyş etmäge taýýarlanylýar - diýip, Degtýarew beletsiräp gürlemäge başlady.
- Esasy ýolbaşçylyk Fransiýa tarapyndan amala aşyrylýar we Polşa zarba urlar. Galan ýerlerde demonstrasiýalar guralar.
Ýarag bilenem Fransiýa üpjün edýär. Fransuzlar arkan gaýşyp-gaýşyp, ýaňy-ýakynda razylyk berdiler. Ýanwardan ýarag ibermäge girişerler. Bolşewiklere garşy döwletleriň arasynda ylalaşyk gazanyldy. Häzire çenli çetde saklanan Germaniýa-da olara raýdaşlyk bildirdi.
- Urşa taýýarlanybermeli-dä biz?
- Hawa, ýöne halky gorkuzmaly däl. Himiýa urşy bolmaz.
Adaty uruş bolar.
- Emigrantlar niçik -diýip, polkownik sägindi. Olaryň urşa taýýarlygyny soramak isledi. Degtýarew öý eýesi säginenden gürrüňi alyp gaçdy. Hajymyrat onuň sözüni böljegem bolmady.
225
- Emigrantlar köp gelýär - diýip, myhman sözüni kesmän gürledi. -Duşenbeden lýotçik-- uçarman geldi. Lýotçik galdy.
SSSR bilen Persiýanyň arasyndaky şertnama laýyklykda uçary gaýdyp berdiler. Emigrasiýa jöhitlerem gelýär. Olary Palestina tabşyrýarys.
Soňra Degtýarýow iňlisleriň Hindistandan gorkýandygyny, ähli güýji bu ýurdy goramaga jemleýändigini gürrüň berdi.
Oktýabr baýramçylygynyň öň ýanynda Moskwada gozgalaň bolandygyny, bazarlarda nyrhlaryň erkine goýberilendigine görä, şu günler bu ýerde-de topalaň turaryna garaşylýandygyny agzyny suwardyp mälim etdi. Prompartiýanyň şowsuzlyga uçrandygyna garamazdan, ruhy taýdan göwnüçökgünlik etmeýändiklerini çyna berimsiz dabaralandyryp aýtdy.
Olar ýene biraz gürleşip oturdylar. Myhman plaşyny geýip, papagyny başyna atdy-da, ýola düşdi. Irden Degtýarýow ýakasyna garaköli bagana tutulan gara paltoly gelipdi. «Birki laý daşky eşikli gelen bolsa, diýmek, bu ýerde oňatja höwürtge tutunan bolmaly» diýip, polkownik özüçe netije çykardy.
«Türkmen topragy ýagly omaça döndi. Her öňeten agyz saljak bolýar. Aç börüleriň iň bolmanda biri-ýarymyna beri, omaça topulyp, agzyny açanda, daşyň gatysyny tutduryp, dişlerini kül-owram edip bolaýsady». Şuňa çalymdaş pikirleri näçe kowlasa-da, serinden çykarmagy başarmadyk Hajymyrat kän wagtlap uklap bilmedi.
KIM MAMLA, DEGTÝARÝOWMY ÝA-DA HAJYMYRAT?
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndan gelen igençli hata Karuskiý hemem aýratyn bölümiň naçalnigi Hworostýan gol çekipdirler. Mihail Grýaznewiň Hajymyrada iberen hatyny dogry okap bilmänsiňiz
226
diýip hatda aýdylýardy. Käerleri ýoýlandygyna görä many ýitýärdi. Şu ýaramaz ýagdaýa ünsi çekip, uly naçalnikler gizlin haty okanyň familiýasyny aýtmagy talap edýärdiler. Temmi berjekdiler.
Bular ýaly möhüm meselede her bir detalyň ähmiýeti uludy.
Bu hat bolsa direktiwady. Serhediň aňyrsyndaky akgwardiýaçy merkezden gelipdi. Şifri gowy bilmezlikdenmi, nämemi, hatyň okalman galan ýerem bardy. OGPU-nyň Orta Aziýa boüunça Ygtyýarly wekilhanasy şifrleri, hatyň göçürmesini Aşgabada gelmezinden öň ele salypdy. Maşatdaky agentleri iberipdi.
Aşgabatda okalyşy bilen özleriniň şifrçileriniň tekstini deňäp, ýalňyşlary ýüze çykarypdylar. Munuň özi Wasilýew üçin uly ýalňyşlykdy. Kontrrazwedkanyň şefi hökmünde hukugy giňdi, şonuň ýaly säwlikler üçin bolsa jogap hem bermelidi. Gol astyňdakylar ýalňyşlyk goýberenlerinde-de, kelläňi ýalaňaçlap, hasabat okamalydy.
OGPU-yň Gazagystan ASSR-i boýunça Ygtyýarly wekilhanasy Osman Kubeýewiň üçlügiň karary esasynda atylandygyny habar berýärdi. Adaýewskide kontrrewolýusion gurama ýüze çykarylyp, ýigrimi iki adam ölüme höküm edilipdi. Höküm ýerine ýetirilipdi. Grýaznewe jogap ýazmaly mahaly gelen bu habary aýdanda Wasilýew Hajymyradyň gözlerine äňetdi. Gynanjyny gizlär öýdüpdi. Tersine, polkownik Osmanyň ölümine ýüregi awaýandygyny basyrjak bolmady.
Polkownik Wasilýewe Degtýarýowyň getiren zatlaryny gowşuryp, duşuşygyň geçişini aýdyp berdi. Kontrrazwedkanyň şefi Degtýarýowy hem diňläpdi. Polkownik ikisiniň duşuşykda eden gürrüňleri barada beren hasabatlary laýyk gelýärdi.
Hajymyrat bir fakt hakda aýtmady. Degtýarýow polkownigiň özüne «Size diýjek zadym bar, öňde her tüýsli ýagdaýlaryň bolmagyna garaşybermeli. Eger bir zat bolaýsa, siziň ýanyňyza
227
Maşada barmak bolarmy?» diýip sowal berendigini gürrüň berdi. «Gaçmak hakda size aýdyp biljek zadym ýok. Ol siziň şahsy işiňiz» diýip jogap berdim diýýärdi. Hajymyrat bu barada hiç zat aýtmady. Wasilýew ondan Maşada gitmäge neneňsi garaýandygyny sorapdy. Gepiň gerdişine görä, şony nazarda tutup, Degtýarýowa sowal beren bolsa, bu hakda Wasilýewe näme sebäpden aýtmadyka? Polkownik hakykatdanam bu sözleri diýenliginde, onuň GPU-dan gaçyp gitmek isledigi bolýardy. GPU-nyň naçalniginiň orunbasary Ameline bu barada doklad edende, olam oýlanyp oturdy.
- Henize çenli şübheli hereket etmeýärdi ahbetin?
- Hut şeýle. Şu mahala çenli Hajymyradyň diňe gowy tarapdan özüni görkezendigini biz boýun alaýmaly. Ikiýüzlülik edýändir diýmäge jinnek ýalyjagam esas ýok - diýip, Wasilýew çyndan aýtdy.
- Kontrrewolýusion gurama baradaky rowaýata iňlisleriňem, ak emigrantlaryňam ynanýandygy muny tassyklaýar. Bu aýdylýanlaryň toslamadygyny olara duýdurmaga ýagdaýy bardy. Bize kömek berýändiginem mälim edip bilerdi gerek?
- Serhediň aňysryndakylara habar bermäge polkownik elmydama artykmajy bilen mümkinçilik tapyp bilerdi. Häzirem bar mümkinçiligi.
- Onda bu nämäni aňladýar?
Kontrrazwedkanyň şefi başlygynyň bu sowalyna egnini gysyp jogap berdi.
- Siziň pikiriňiz niçik? Garaýşyňyzy aýdyň - diýip, Amelin talap etdi.
- «Zarýanka» öwünmek isläp, özünden tapyp ýören bolaýmasa. Men-ä başga näme diýjegimi bilemok.
- Hajymyradyň aýtmadyk sözlerini diýdiräýýämikä?
- Biçeme däl hasaplaýaryn - diýip, Wasilýew aýtdy. - Iň bolmanda «Zarýanka» şeýle etmez diýip kesgitli aýdyp biljek
228
däl men. Üstesine-de Hajymyrat Degtýarýowy halamandyr.
Akyly kelte, garaýyşlary çäkli hasaplaýar. Şundan çen tutsaň, Degtýarýowam polkownigi depesine täç edinjek bolup ýörenok bolsa gerek.
- Şeýle-de bolsa bu fakty unutmaň. Hajymyrada gözegçiligi güýçlendirmegiň aladasyny ediň.
- Aýdyşyňyz ýaly ederis. «Zarýanka» Daşkentden gelende bolsa, ýene şu gürrüňi gozgamagy tabşyrarys - diýip, Wasilýew pert-pert aýtdy. -Ýogsa-da Degtýarýowyň dogany Samaradan Baýramala göçüp gelipdir. Aşgabatda ýaşaýan bir obadaşlarynyň üsti bilen «Zarýanka» hat gowşurypdyr. Ol doganynyň hatyny bize berdi. Baýramala degip geçmäge rugsat soraýar.
- Doganynyň adresini bilýäňizmi?
- Anyklap ýörüs. Tiz bileris.
- Bileniňizden soň rugsat edersiňiz-dä. Häzir göni Daşkende ugradyň.
Kontrrazwedkanyň naçalnigi aýdylyşy ýaly etdi. Daşkende oňa garaşýandyklaryny bahanalap, eglenmezligi tabşyrdy.
«Doganyňy işi gutaryp görersiň» diýdi.
Bunkowskiý Grýaznewe berilmeli jogabyň taslamasyny taýýarlap getirdi. Wasilýewem birneme üstünde işledi. GPU-yň ýolbaşçylary görensoň, ony Daşkende iberdiler. Kän mahal geçmänkä-de Wasilýew Aşgabat bilen hoşlaşdy. Karuskiý ahyram sözünde tapyldy. Ony bu itgyranyň çölünden sogrup aldy. Wasilew Aşgabady çölde ýerleşen kiçeňräk oba hasap edýärdi. Wasilewi Orta Aziýa harby okrugynyň aýratyn bölüminiň naçalniginiň kömekçisi edip bellediler.
GPU-yň jogapkär işgäri Agabekowyň Persiýa gaçmagy kän meseleleri bulaşyklyga saldy. Ol Degtýarýowyň GPU-a işleýändigini bilýändir güman edilýärdi. «Zarýankanyň»
229
rowaýatyny ýatyrmagyň alajyny edip ugradylar. Bu yzasyz geçer ýaly ugruny tapmalydy. Ahyry «Zarýankanyň»
rowaýatyny ýatyrmak başartdy. Indi ony Maşada iberip boljak däldi. «Bakgaldan» başga bir adam tapmalydygy barada tabşyryk geldi. Ol Hajymyradyň adyndan serhediň aňyrsyna gitmelidi.
OGPU-nyň Orta Aziýa boüunça Ygtyýarly wekilhanasynyň Hajymyrady gözüň göreji ýaly goraýandygynyň sebäbi bardy. Ozal bir gezek öňki ofiserleri, dworýanlary jemläp, kontrrewolýusion gurama «döredip», Maşada wekil iberipdiler. Grýaznew çeňňege düşmedi. Gurama diýilýänine ynanmany. Eger indi polkownigiň ýolbaşçylyk edýän guramasy baradaky rowaýata şübhelenäýse, onda GPU
Grýaznewiň üstüne iň soňky aýgytlaýjy hüjüme taýýarlyk görýärdi. Aşgabada hem bu barada degişli tabşyryk berlipdi.
Hajymyrady we onuň toparyny Angliýanyň howandarlygy astynda özbaşdak türkmen respublikasyny gurmak ugrunda göreşýän, Grýaznewi bolsa türkmen milletini ýene-de patyşa döwründäki kimin ezmek isleýän monarhist, elinden hiç zat gelmeýän nadara edip görkezmek isleýärdiler. Hajymyrada ynanmasa, GPU-da başga ýol galmaýardy. Her zat etmelidi welin, ak emigrantlaryň ýolbaşçysyny abraýdan gaçyrmaly, gözden düşürmelidi.
Wasilýew indi Daşkentden buýruk iberýärdi. Aşgabatda kontrrazwedkanyň işine Bunkowskiý ýolbaşçylyk edip ugrady.
Maşada ibermäge ynamdar adam tapylýança, esli wagt geçdi.
Bir müň dokuz ýüz otuz birinji ýylyň fewraly aýak bolup barýarka, ýene «Zarýankany» yzyna ibermek kararyna gelindi.
«Zarýanka» syrkawlandygyny bahana etmelidi. Hajymyrat bolsa ozal bir gezek jogap ýazyp, aragatnaşyk bolmandygyna görä ýyrtandygyny ýazmalydy. Hatyň tekstini gysgaltdylar.
Podpolede şeýle uzak hat iberilse, şübhe döretmegi ahmaldy.
230
Gorbunowdyr Bunkowskiý «Gyzyl Goşun» gazetiniň dokuz sanyny Daşkende görmäge ýolladylar. Gazetleri Grýaznewe ibermekçidiler. OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasy razylyk bermedi. «Ibermegi maksada laýyk hasap etmeýäris, gaýtalaýaryn, maksada laýyk hasap etmeýäris nkt Karuskiý» diýen jogap, telegraf arkaly derrew geldi.
«Zarýanka» Aşgabada gelip, Hajymyratlara dört gaýta bardy. Ýaşyryn öýde ýaşan mahallaram ol doly daşky gözegçilik astynda saklandy. Polkownige «Russiýa gidip geldim, syrkawladym» diýdi. Russiýada gahatçylykdygy we şuňa meňzeşler hakda çyna berimsiz gürrüň berdi. «Zarýanka»
özi inisiatiwa-- başlangyç görkezip, birnäçe sowal berdi.
- Siz Aşgabatdan gitmeli bolaýsaňyz, men nätmeli? Niräk ýüz tutup bilerin. Diýjek bolýanym, şu ýerde ýene bir gizlin öý edinilse, gowy bolardy.
- Zerurlygy ýok. Gerek bolsa habar ederin - diýip, polkownik guraksy jogap berdi.
- Guramaňyzda esasan türkmenlermi?
- Ýewropalylar az - diýip, Hajymyrat aýtdy. - Sowallara şunda jogap ýazypdym.
Polkownik Bunkowskiniň beren şifrli hatlaryny Degtýarýowa gowşurdy. Grýaznewe gowşurmaly hatda onuň ady Hajymyradyň öz lakamy arkaly «Melhem» diýip tutulýardy.
«Gadyrly Melhem. Iberen tabşyrygyňyzy we ýanynyň goşmaçasyny 11-nji dekabrda aldym. Uzak wagtlap arakesme bolandygyna geň galdym, aragatnaşygy has ýygyrak ýola goýup bolmazmyka? Wekiliňiz üç aýlap gelmedi. Taýýarlan maglumatlarymy ýok etdim, täzeden ýazýaryn.
Orunbasarlaryňyzyň adresleri üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Abdylla Saryýewi tanaýaryn.
231
Iňlisler bilen araňyzyň neneňsidigini iberen wekiliňiz gürrüň berdi. Meniň üçin bu täze iş, ýöne iňlisleriň Watanymyzy azat etmäge goldaw berýändigine görä, maýor bilen aragatnaşygy peýdaly hasaplaýaryn we teklibi kabul edýärin. Maýora täze maglumatlary iberýärin, dogry, kän däl, ýöne geljekde bu ugrugyp gider.
Pagta, galla tabşyrmakdan boýun towlanandygy sebäpli repressiýalar boldy; ekiş möwsümi pagtany köpeldip, galla meýdanyny azaltmaga gönükdirilen. Ilatda galla ýok we pagta ekmek islemeýär, ýene repressiýalar, netijede ilatyň gahar-gazaby soňky hetdine ýetdi, ownuk aýry-aýry çaknyşyklar bar, basmaçy toparlarynyň sany artýar, ilat olary goldaýar.
Köpçüligiň meýlini goldamaga çalyşýaryn.
Musulmanlara dahylly listowkalary az iberipsiňiz. Peýdasy degjek, köpräk ugradyň. Türkmen zenanlaryna öýlenen rus gyzyl komandirleri ýok. Aşgabatdaky Birinji Atyjylyk diwiziýasyna aralaşmaga çalşanymda, tatarlardan ybarat komandirler toparyna duş geldim. Täsirimi ýetirjek bolýaryn.
Türkmen kawaleriýa—atly polkunda özümiziň iki sany gyzyl komandirimiz bardy, Berdiýew we Mämiliýew diýýärdiler, olaryň atlaryny, tüpeňlerini we Degtýarýow pulemýotyny ýanlaryna alyp, Persiýa gaçmaklaryny guradym. GPU ele saldy.
Atdylar. Olar hiç kimi satmadylar, işimize-de dönüklik etmediler. Ýatan ýerleri ýagty bolsun. Işlemek kyn, pidasyz bolmaýar.
Şäherlerde, şol sanda Aşgabatda-da uçdantutma nägilelik, ýöne köpler öz-özi bilen gümra bolup, işjeň baş galdyranok.
Prompartiýanyň prosesi köp ak ýürekli adamlaryň repressirlenmegine getirdi. Ramzinler mukaddes işi ryswa etdiler, gaharymy getirdi. Pagta zawodlaryny göz astyna aldym, çäre görýärin. Men gatyşmankam Çärjewde zawod ýandy, çekilen ýitgi uly.
232
Üçünji liniýa herekete taýýar. Adamlara garaşýaryn.
Aşgabatda taýýarlap bilmeýändigime görä, köpräk edebiýat iberiň.
Eliňi gysýaryn. «GAMÇY».
Berdiýewdir Mämilewiň türkmen kawaleriýa brigadasyndan gaçandygy çyndy. Olaryň biri aýalynyň ganyna galypdy.
Persiýa ýetmänkä ele düşdüler. Atuwa höküm edildi. Sowetleriň dilinde muňa sosial goraglylygynyň iň ýokary çäresi diýilýärdi.
Maýor Stewene ýazylan hat gysgady.
«Jenap maýor. Iberilen wekil siziň haýyşyňyzy we sizi gyzyklandyrýan sowallary maňa ýetirdi. Size kömek bermek barada edil şunuň deýin teklip Mih.Iw.-den hem gowuşdy. Biziň bu işimiziň we siziň milletiňiziň bir maksada ýetmäge -
bolşewistik zulumy agdarmaga çalyşýandygyna görä, kömek etmäge razylaşýaryn. Bu iş täze. Häzirlikçe meniň habardarlygym gaty ujypsyz. Häzirlikçe şulary habar berýärin: Aýratyn türkmen kawaleriýa brigadasynyň ştaby, onuň ikinji polky (üçünjisi düzülip ýör), birinji Türküstan atyjylyk diwiziýasynyň ştaby, birinji dag-atyjylyk polky Aşgabatda, başga bölümlerem bar. Artdiwizion Kakada.
8-nji kawaleriýa brigadasynyň ştaby, üç gezek gyzyl baýdakly 82-nji kawaleriýa polky Maryda, beýleki bölümleriň haýsylardygyny anyklap ýörün. Birinji türkmen kawaleriýa polky, 10-njy dag-atyjylyk polky Kerkide.
Umumy ýagdaýy Mih. Iw.-e habar berýärin. Türkmenistanda ýol gurluşygy başa barmady, Çärjew - Hywa liniýasynyň gurluşygy bes edildi. Haçan gaýtadan başlanjakdygy kesgitlenenok. Özüňizi gyzyklandyrýan anyk meseleleri habar ediň. Aragatnaşygy üpjün ediň, bärden ýola goýmak kyn. Ara
233
daş. Aragatnaşykçylaryň wepalylygyny, işe berlenligini nazara almagy unutmaň».
Maýor Stewene iberilen hatyň aşagyna hiç hili gol goýmandylar. On ikinji aprele geçilýän gije «Zarýankany»
Artygyň ýanynda serhetden aşyrdylar. Ol ýere giden operatiw işgär hemme zadyň ýerbe-erdigini gelip habar berdi. GPU indi Hajymyradam, «Zarýankanam» berk gözegçilik astyna alypdy.
Barlap görmek hiç haçanam zyýan etmeýärdi.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasy Maşatdaky rezidentlerine «Zarýankany» pugta yzarlamagy tabşyrdy. Kän mahal geçmänkä ilkinji habarlar gelip başlady.
Pariżdäki merkeziň işgäri Lepehin «Zarýanka» we beýlekilere şübheli garaýardy. Olaryň arasynda GPU-yň başga jansyzlary-da bardy. Mihail Grýaznew Haýdar Hojadan şu meseleler baradaky pikirini ýazmagyny soraýardy. Grýaznew Hajymyrada ynanýardy. «Biz W-ni özümize gürrüňsiz wepaly adam Hajymyradyň ýanyna iberdik. Eger W. GPU-a işleýän bolsa, biz diňe Hajymyrady däl, yzymyza eýerýän adamlaryň ählisini heläk edýäris» diýip, Grýaznew ýazýardy. Indi iňlisleriň
«Zarýanka» barada niçik karara geljekdigine köp zat baglydy.
Hajymyradyň takdyry hem şuňa baglydy.
Türküstandan Maşada baran emigrantlaryň lideri Haýdar Mirbadalyýew Pariżdäki merkeze, Lepehine iberen hatynda bosgunlaryň Tährana goýberilmeýändiginden zeýrenýärdi.
Bosgunlara owgan serhedine tarap gitmegi maslahat berýärdiler.
Soňam ýurtdan çykaryp goýberjekdiler. Owganlar bolsa ruslary kabul etmeýärdiler. Üç sany kawkazly musulmanam yzyna gaýtarypdylar.
Gaçyp geçýänler köpdi. Elliden gowrak adam maşgalasynam alyp barypdy. Merwden bäş ýüz adam atyşyp, kyrk müň mal sürüp Hyrada ýetipdi. Kimdir biri diňe köýnekli hem içki balakly Maşada gelipdi. Aç ölmezlik üçin kostýumyny nana
234
çalşypdyr. Täjigistanda basmaçylyk hereketi ösýärdi.
Gyzylarbatda tertipsizlik ýüze çykdy, demirýoly bozdular.
Jüneýit hanyň bir ogly Hywada bolup, sag-aman Hyrada dolanyp geldi. Mirbadalyýew Pariże iberen hatyny «Çuňňur hormatlanylýan gadyrly Nikolaý Konstantinowiç!» diýip başlaýardy. Ýaýaplama kemini goýmandyr. Lepehine ýarasa gerek.
Grýaznewiň Hajymyrada ýazan jogabyny Pastuhow Tährandan getirip, Wladimir Degtýarýowa berdi. Muny görüp, GPU-yň Maşatdaky rezidenti Degtýarýowa hammama gitmegi teklip etdi. Şonda rezident haty onuň jübüsinden alyp okap çykdy we ýene ýerinde goýdy. Rezident Degtýarýowyňam GPU-a işleýändigini nireden bilsin ahbetin. Maşatdaky rezidentura Grýaznewiň iberjek dokumentlerini doly ele saldy, göçürmelerini Daşkende, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyna ýetirdi. Ol ýerde gizlin jogaplary doly rasşifrowka edip, Aşgabada gönderdiler. «Zarýanka»
yzyna dolanyp gelmänkä, bu ýerde ähli zady bilýärdiler.
«Zarýanka» diýmek saýraýan kiçijik guşjagazyň adydy. Onuň Aşgabada gelip, niçik saýrajakdygyna garaşýardylar. Polkownik barada aýdanlarynyň çyndygyny ýa-da toslamadygyny anyklamak möhümdi.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasy
«Bakgala» derek Sarahsa ibermäge adam tapmagy talap edýärdi. Kimdigini habar bermelidi. Öz adamlarynyň üsti bilen barlap görmek isleýändikleri düşnüklidi. Maşatdaky rezidentlere-de öňünden duýdurmalydy. Bärden barjak adamyň hereketlerini pugta yzarlamalydylar. Hajymyradyň Maşada gitjege başga-da tabşyryk beräýmeginiň ähtimaldygyny hiç kim inkär edip biljek däldi. Iňlisler gowy wada berseler, yrylsa yrylar oturyberer. Polkownigem adamdyr. Rewolýusiýanyň öň ýanynda hökümetiň agzasy bolan, iňňän abraýly Hajymyrat
235
häzir juda peselipdi. Çagalaryny eklejek bolup, gijelerine-de işleýärdi. Terjime edýärdi. GPU-yň işgärleri bulary unudyp bolmajakdygyny bilýärdiler.
«Zarýanka» gaýdyp gelende, kän zat aýdyňlaşdy. Serhetden aşyp, Aşgabada ýeten badyna, ony eglemän, Daşkende ugratdylar. Maýor Hammeriň Hajymyrada gowşurmaga iberen iki müň manat sowet puluny we brauningini alyp galdylar.
Ýolda düşünişmezlik ýüze çykmaz ýaly, Degtýarýowyň eline
«Türkmengosstroýynyň» işgäri Wladimir Petrowyň adyna ýazylan komandirowka güwänamasyny berdiler.
Degtýarýow Maşada iňlisleriň agenti Şipilowyň maýor Stewene, Hajymyradyň bolsa Grýaznewe iberen materiallaryny eltende, ony gahryman derejesinde garşyladylar. Grýaznew üç hepdeden Degtýarýowa iki sany hat iberdi. Degtýarýow Stewene gowşurmanka, hatlaryň göçürmesini degişli ýoldaşa ýetiripdi.
Maýor Stewen Degtýarýowy gadyrly kabul etdi.
Emigrasiýanyň ony Georgiý Hajy bilen sylaglandygyny habar berdi. Grýaznewe we Haýdar Hoja Pariżden gelen haty Wolodýa görkezdiler.
- Siz GPU-a işleýär diýen maglumat bar - diýip, Steweni içini dökdi. -Baş ştabdan soradylar. Men Wolodýa GPU-a işleýän bolsa, meniňem GPU-a işledigim bolýar diýdim.
Maýor sägindi.
- Agabekow meniň adamlarymyň ählisi GPU-yň agenti diýip, olaryň bizar-peteňini çykarýar, ýöne familiýalaryny bilenok.
Maýor Steweni basym täze maýor geljekdigini aýtdy. Ol harby attaşe däl-de, konsulyň ýanyndaky şahsy sekretar
236
bolmalydy. Wezipesi razwedka alyp barmakdy. Steweniniň işini dowam etdirmelidi. Baş ştabyň Degtýarýowy Uzak Gündogara ýa-da Pariże ibermekçidigini habar berdi. Munuň öz hyzmatydygyny aýtmagy unutmady. Özüniň Riga geçiriläýmeginiň mümkindigini, şeýle bolaýsa Wolodýany ýanyna dilejekdigini duýdurdy.
- Häzir zähmet rugsadyna çykýan - diýip, maýor Steweni göwnüniň ýokarydygynam gizläp durmady. - Eger baş
konsullyga belläýseler, şu ýerde işlemäge-de garşy däl.
Apreliň ahyrynda Steweni myhman çagyryp, dabaraly agşam gurady. Hezzet-hormat etdi. Öý eýesinden başga Haýdar Hoja, Grumniskiý, Jepbar Goja we Degtýarýow gatnaşdy. Haýdar Hoja Degtýarýowyň döşüne Georgiý Hajyny dakdy. Gutlady.
Gije sagat ikiň ýaryna deňiç meýlis etdiler. Maýyň ortalarynda baş ştabdan dört sany ofiser gelende, Degtýarýowy hem çagyryp gürleşdiler. Maýor dilmaçlyk etdi. Steweni dört ofiseriň gelip özüni barlajakdygyny duýdurypdy. Olaryň näme üçin gelendigini hiç kim bilmeli däldi. Parslara muzeýe odur-budur satyn almakçy diýipdiler. Degtýarýow SSSR-däki işleri hakyndaky sowallara üç sagatdan gowrak jogap berdi.
Terjimehalyny gaýtalady.
Degtýarýowyň bu gürrüňi GPU-çylary uly alada goýdy.
Niresi çyn, niresi toslama, bilmek kyndy. Steweniň özüni Pariże äkitmek isländigini, SSSR-e ýene bir aýlanyp geleýin, onsoň oýlanaryn diýendigini, maýoryň öz adresini goýandygyny agzyny suwardyp gürrüň berýärdi. Täze baran emigrantlary sanaşdyrdy. Maşada hywaly türkmenlerden delegasiýa gelendigini, onuň adynyň Egemberdidigini aýtdy. GPU-çylar bu fakty barlamaga girişdiler.
«Zarýankanyň» aýdyşyna görä, Hindistandan gelen täze maýor şu ýyl uruş başlanar hasaplaýardy. Çärjewde we Ilskide köprüleri ýarmalydy. Hajymyratdan Krasnowodsk - Aşgabat
237
aralygyndaky bitertiplikler barada ýazmagy, poçta markalaryny, Moskwanyň gazetlerini ibermegi maýor haýyş edipdi. Wolodýa muny dilden aýtmalydy. Özi Samara doganynyňka gidip, haýsy harby bölümleriň durandygyny bilmelidi. Harby bölümler nirede bolsa-da, ählisi hakda habar bermelidi. Umuman Degtýarýowyň aýdanlary Maşatdaky jansyzlaryň beren habarlaryna laýyk gelýärdi. Iberilen pullary dogry getiripdi.
Grýaznewiň mata (polotno) ýazan şifrlenen hatyny şol durşuna Hajymyrada eltip bermegi tabşyrdylar. Mazmunyny bilýärdiler.
«Saglygyňy isleýärin, gadyrly Gamçy! Siziň iberenleriňiz 14-nji maýda gowuşdy. Häzirlikçe üçünji liniýany ulanmaýaryn, göz öňünde tutan adamym hetdenaşa ýaňra bolup çykdy.
Daşary ýurt metbugatynyň pikirine görä, günäliniň oduna bigünäni ýakmak üçin, halkyň umumy weýrançylyk zerarly dörän gazabyny başga ugra sowmak üçin sowet häkimiýeti Krylenko prompartiýanyň prosesini döretmegi tabşyrypdyr.....
inssenirlenen haýýarlyk, sud edilýänler rol oýnap, özlerine ýalan-ýaşryk zatlary ýöňkeýärler. Biri 1928-nji ýylda Pariżde Rýabuşinskiý bilen duşuşdym diýip görkezdi, ýöne Rýabuşinskiý 1924-nji ýylda ölüpdi. Indi diri galan inżenerleri we spesialistleri—hünärmenleri ýoklap, ýerine daşary ýurtly hakyna tutmalary çalyşmak dowam edýär.
Çekist Agabekow, aşgabatly Garegin Arutýunow - siziň polkuňyzyň praporşigi, emigrasiýanyň tarapyna geçdi we daşary ýurtda GPU-yň işi hakynda kitap ýazyp, uly goh turuzdy hemde sowet häkimiýetine gowuja zyýan ýetirdi. Türkmen kawaleriýa brigadasynyň ştabyndan ýa-da prokuraturadan Wolodýa Şahnabatow kim, ol Tähranda.
Zakawkazede gozgalaň turdy, möçberlerini bärden kesgitlemek kyn. Somsonowodan aýaly bilen Maşada uçup geçen sowet lýotçigi-- yçarmany Iwanow golaýda Ýewropa
238
ugrady. Daşary ýurtlardaky täze emigrantlaryň Milletler Ligasy arkaly görlen çäreler esasynda gaýtarylan halatlary boldy, bu indi tamamlandy. General Litwinowyň hatyny aldyk, ähliňize salam aýdýar.
17-nji maý. Taňry sizi öz penasynda aman saklasyn».
Şifrli hatyň ahyrky setirleriniň birnäçesini okap bilmediler, arasynda-da käbir ýerlerine düşünmek başartmady. Maýor Hammer kükürt kislotasydyr suw ulanyp, «Izwestiýa» gazetiniň 124-nji sanynyň ýüzüne öz eli bilen hat ýazypdy. GPU-çylar maýoryň hatyny okadylar. «Izwestiýa» gazetiniň şol sanyny tapyp, Degtýarýowdan Aşgabada iberdiler. Orta Aziýa harby okrugynyň aýratyn bölüminiň operatiw işgärini yzyna düşürip goýberdiler.
Polkownik Hajymyrat indi baş zweno hem-de gelýän hatlary serhetden aşyrýan merkezi punkta öwrülýärdi. GPU-çylar polkownige doly ynanýandyklaryny subut etmegiň alajyny gözlediler. Maýoryň tabşyrygyny özüniňkä meňzedip,
«Izwestiýanyň» ýüzüne ýazdylar. Degtýarýow mundan habarlydy. Wolodýany şu gezek ýene barlamak niýetinden el çekmedik Bunkowskiý onuň Hajymyradyň Maşada gaçmak hyýalyny edýändigi baradaky gürrüňini ýatlady. Şonda Bunkowskiý Degtýarýowyň polkowniklere agşam sagat onlarda bardym diýendigini, Hajymyradyň harbylara mahsus anyklyk görkezip, onuň on birden on bäş minut işlände geldi diýip belländigini hakydasynda aýlady.
Degtýarýow polkowniklere agşam baryp, öýünden tapmady.
Gyzydyr aýaly ertir irden sekizde gelmegi haýyş etdiler.
Aýdylan wagtda baryp, Hajymyrada iberilen zatlary gowşurdy.
Ertir ona çenli jogap taýýarlamagy haýyş etdi. Polkownik Degtýarýowyň elten zatlaryny Bunkowskä gowşurdy.
239
Bunkowskiý Grýaznewiň polotno ýazylan hatyny rasşifrowka edilensoň okatjakdygyny aýdyp, aktýorlyk başarnygyny görkezdi. Çyna berimsiz gürläp, «Izwestiýa» gezetini ýanyp duran lampaň üstüne tutdy. Boş ýerlerine keseligine ýazylan zatlar görnüp ugrady. Oňat görnen setirlere göz gezdirip, polkownige okamaga berdi.
«1. Köp hormatlanylýan jenap polkownik, beren maglumatlaryňyz we ylalaşykly işlemäge razylaşandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Maňa özüňiziň habar berşiňiz kimin biziň maksadymyz bir bolup çykdy, maksadymyz bolşewizmi ýok etmekdir.
2. Iki ýol bilen siz bize uly peýda getirip bilersiňiz: birinjiden, aragatnaşygy ýola goýmakda we hat alyşmakda.
Siziň näme etmelidigiňizi kurýer—aragatnaşykçy jikme-jik aýdar. Ikinjiden, hut özüňize dahylly meselede, ýagny Türkmenistan boýunça arassa razwedka alyp barmakda».
Hat uzyndy. Maýor sekiz punktda nädip hat gatnatmalydygyny, agentlere pul ibermelidigini salgy berýärdi.
Soňra Türkmenistan barada bilmek isleýän maglumatlaryny sanaýardy. Krasnowodskide, Çärjewde, Maryda, Guşguda we Hywada ýerleşýän pyýada, atly goşun bölümleriniň, artilleriýanyň, kömekçi goşunlaryň, awiasiýa bölümleriniň ýerleşişi, guralyşy, adam güýçleri, tehnikasy barada, bölümleriň nomerlerine çenli bilmelidi. Hemişelik ýerleşýänlerinem, wagtlaýyn gelip-geçýänlerinem bilmelidi.
Basmaçylyk hereketini jikme-jik beýan etmeli. Çärjewde derýa floty bar diýýärler. Ýaragly gämileriň daş görnüşini anyk ýazmaly. Krasnowodsk - Daşkent demirýolunyň boýundaky ilatly punktlaryň suw saklanýan gaplarynyň gurluşyny, göwrümini, suw çeşmelerini öwrenmelidi.
240
Awiasiýa bölümleriniň ýerleşýän pudaklaryny, demirýollaryň gurluşyny, işleýşini, ýollary, derýalary doly görkezmelidi. Bu baradaky tabşyryk anykdy, jikme-jik soralýardy. Ykdysady meseleler, bäşýyllyk meýilnamalaryň --
planlaryň üstünlikleri we säwlikleri, syýasatda harbylaryň hemem grażdan ilatyň moral ýagdaýy maýory örän gyzyklandyrýardy. Propagandistleriň mekdepleri, komsomol, beýleki jemgyýetçilik guramalary, GPU-yň goşun bölümleriniň ýerleşişi, esasanam serhet ýakasyndaky bölümler barada bilmelidi.
Polkownik okap bolup başyny galdyrdy. Bu soralýan zatlary bilmek birki adama başartjak zat däldi. Iňlisler Türkmenistandaky gizlin kontrrewolýusion gurama baradaky ertekä çyndanam ynanypdylar, GPU-yň çeňňegine düşüpdiler.
Muňa Bunkowskiniňem, Hajymyradyňam gözleri ýetýärdi.
Iňňän sazlaşykly we dürs işlemeli pursat gelipdi. Kimdir biriniň gowuşgynsyzlygy, haýal-ýagallygy, ýalňyşlygy ähli azaby puja çykaryp biljekdi.
Bunkowskiý polkownigiň agramyny artdyrmak, sözüniň diňlenýändigini, pikirine gulak asylýandygyny duýdurmak isläp, oňa sala saldy. Hajymyrat kän gürlemeli däldigini bilýärdi. Artykmaç agzyndan sypan ýekeje sözem zyýan edip biljekdi. Pikirini sorasalaram munuň diňe göz üçindigi, GPU-yň öz meýilnamasy-- plany, bellän ugry boýunça hereket etjekdigi düşnüklidi. Dymmagam gowy däldi. Polkownik Degtýarýowyň ýaňralygyndan zeýrendi, kän gepläp, işe zyýan beräýmeginiň ahmaldygyny görkezdi. Mundan beýläk nähili hereket etmelidigi barada dil ýarmady. Degtýarýow bilen agras gürleşmegi tabşyryp, Bunkowskiý hoşlaşdy.
«Zarýankanyň» öwünjeňligi, GPU-çylara eden işini artdyryp, ulaldyp gürrüň berýändigi basym aýan boldy.
Hajymyrat mamla bolup çykdy. Polkownigiňkä ikinji gaýta
241
baryp gelip, Hajymyrat razy diýip Bunkowskä habar berdi.
Soňra görse, Hajymyrat oýlanmaga pursat soraýardy.
Degtýarýow gelşiksiz ýagdaýa düşdi. Onsoň Hajymyradyň ýanyna Tejenden basmaçylaryň wekili geljek diýdi. GPU-çylar oda-köze düşüp barlamaga girişdiler. Eger polkownik olardan bidin basmaçylaryň adamyny kabul edýän bolsa, bu ýöne-möne zat däldi. Degtýarýow iki gündenem «Polkownik hiç kime garaşanok» diýdi. Ýöne ýene bir habar getirdi. Pars Sarahsdan Mämmet Nazardyr Abdylla Saryýew bilen ozal aragatnaşyk saklan ekeni diýdi. Hamana muny Hajymyradyň özi aýdan ýaly edip gürrüň berdi. Polkownigiň beýle sözleri diýmändigi belli bolanda, utanyp-gyzarybam durmady.
Hajymyrat maýora jogap taýýarlamaga wagt gerek boljakdygyny mälim etdi. Degtýarýowy Daşkende ýola saldylar.
Operatiw işgär Sadowskiý onuň söbügine düşüp gitdi.
Hajymyradyň berjek jogaplarynyň taslamalary taýýar edilipdi. Indi gowuja işläp, elekden geçirmelidi.
SAPARGALA KIMI IBERMELI?
Hajymyrat ýene-de işini täzelemeli boldy. Bir müň dokuz ýüz otuz birinji ýylda polkownigiň işleýän edarasy--gostorg ýapyldy. Polkownigi “Türkmengarakölüň” üpjünçilik bölüminiň müdirligine bellediler. Iki-üç aýdan Hajymyrat üpjünçilik bölüminiň müdirliginiň özüniň başarjak işi däldigine göz ýetirdi. Edebi terjimeçilige geçdi. Hajymyrat diňe terjimeçilik edip oňmaýardy. Türkmenistanyň ýaşaýyş- durmuşyna dahylly meselelerde oňa ýüz tutýardylar.
Birinji iýundan başlap ýandak ýatyrmaga girişmeli diýen görkezme gelende, muňa garşy çykdy. Sentýabrdan bärde başlansa ir boljakdygyny, şoňa çenli ýandagyň kemsiz
242
bişjekdigini, ýokumlylygynyň artjakdygyny aýtdy. «Üstüne ýagyn ýagansoň daşamaly» diýdi. Ýogsam dänesi we ýapraklary döküljekdi. Onsoň ýandagy odun edäýmeseň, mal iýmäge ýaramajakdy, ýandak ýatyrmak meselesine Ekerançylyk komissarlygynda seredilip, Hajymyradyň aýdanlary oňlandy.
Ýene bir ýola Molodeskiý diýen agronom trestiň direksiýasynyň ýanynda mekgejöweniň kemsiz ýetişendigi, her düýpde iki sany golçur bardygy barada aýdyp öwündi.
Polkownik sesini çykarman oturyp bilmedi. Türkmenistanda her düýpde ýedi-sekiz golçur bolanda, mekgejöwen ýetişdi hasap edilýändigini janygyp düşündirdi. «Maslahata gatnaşýanlary aldajak bolmaň, biderek zatlary aýdýarsyňyz» diýip, agronomyň ýüzüni aldy. Şuňa meňzeş samsyklaç gepler Hajymyradyň gaharyny getirýärdi.
Şondan soň direksiýa Hajymyrady ähli ýygnaklara çagyrmaga başlady.
Polkownik işe gyzyşypdy. Kemçiliklere barlyşyksyzdy.
Bolmaýan zada çekinmän «Bolanok» diýýärdi. Bu häsiýeti duşmanlaryny köpeltse-de, damarlarynda urýan türkmen gany, harby adamyň, dogrusy söweşjeň ofiseriň garadan gaýtmazlygy, üstesine-de kemçilik görse durup bilmezlik häsiýeti ony şeýle etmäge iterýärdi. Hajymyrat adalatyň, hakykatyň ahyrsoňy üstün çykjakdygyna, iş başarýanlaryň ýol aljakdygyna ynanýardy. Munuň şeýledigine ol frontda göz ýetiripdi.
Sowetleriň ilkinji nobatda adamyň gelip çykyşyna garap wezipe berýändigini görüp-bilip dursa-da, Hojageldi aslyň kimdigine, baý-garyplygyna garamazdan arassa, halal işlemeli diýen ýörelgä eýerýärdi.
Degtýarýowyň getiren habary ony alada goýupdy.
Agşamlaryna kän işläp bilmeýärdi. Oýlanyp geçirýärdi. Maşada iberilýän hatlary gowşurmakda täze ýol salmalydy. Degtýarýow oňa serhetden geçen ýerindäki Sapargala obasyna gatnar ýaly
243
adam tapmalydygyny aýdypdy. Daşkentden geljek hatlary şol ýere ugratmalydy. Aragatnaşykçy Sapargala baryp, maýor Hammeriň adamy Kamaral baýy tapmalydy we «Tähran -
Bagdat» diýen paroly aýtmalydy. «Size näme gerek?» diýen jogaby eşidip, haty gowşurmalydy. Özüne berlen zatlary alyp gaýtmalydy. Bunkowskiý hem çemeli adam gözlemegi polkownikden haýyş edipdi.
W. Degtýarýow Hajymyrada dört sany adres berdi. Şolarda ýaşaýanlaryň haýsyna duşsa-da, aragatnaşykçyny Kamaral baýyň ýanyna eltjekdiler. Wolodýa indiden beýläk maýoryň tabşyryklaryny sowet gazetleriniň we żurnallarynyň ýüzüne kükürt kislotasynyň garyndysydyr suw ulanyp ýazyp iberjekdigini aýtdy. Esasan «Izwestiýa» gazeti ulanyljak. Şoňa şübhe azmyşyn. Degtýarýow özüniň «Zarýa Wostoka» gazetine ýazyp, synag edip görendigini, boljakdygyny aýdybam öwünipdi. Gizlin haty nädip okamalydygyny bolsa Bunkowskiý görkezdi.
Iňlisleriň jansyzlary Hajymyrada adaty salam hatyny iberjekdiler. Bukjanyň iç ýüzüne gizlin ýazgy ediljekdi. Şol hatly bukjany Sapargala aşyrmalydy. Aragatnaşykçy baryp, paroly aýdyp, eline berlen reňkli lentany görkezmelidi. Lenta aýratyn görnüşde kesilip, ikinji bölegi sapargalaly aragatnaşykçydady. Ol özündäki lentany deňeşdirip görüp, gabat gelse, aragatnaşykça ynanmalydy. Şu zatlara gowy düşünýän, diline berk, iň esasysy-da GPU-yň göwnünden turjak adam tapmalydy. Bunkowskiý göz öňünde tutýany bar bolsa, özüne hiç zat diýmän, GPU-a familiýasyny, kimdigini, nirede ýaşaýandygyny aýtmagy polkownikden haýyş etdi. Öňürti barlap görjekdiklerini, gowy öwrenjekdiklerini gizläp durmady.
Polkownik kän oýlandy. Ähli tanyş-bilişlerini birin-birin hyýalyna getirse-de, şüýä bolaýjak diýip egleneni bolmady.
244
Köne dostlarynyň adyny bermezligi dogry tapdy. Bu oýnuň soňunyň neneňsi tamamlanjagyny kim bilýär. Olaryň janyna howp salmagyň gerek ýok hasaplady. GPU-yň Hajymyradyň janyny ynanýan adamyny soňam nazardan sypdyrmajakdygy köre hasady.
Polkownik niçik jogap berjekdigi barada oýlanýardy, kelle döwýärdi.
GAÇGAGY TAPYŇ
Krasnowodskiniň Fabrik köçesindäki 20-nji jaýyň gapysy gyşyn-ýazyn ýapykdy. Tomsuň jokrama yssysynda-da öý eýeleriniň gapyny açyp oturany ýokdy. Ýüzüni garaňka tutup gelen myhman daş işikde biraz säginip, derini syrdy.
Assyrynlyk bilen töweregi synlady. Adam-gara gözi düşmänsoň gapyny çalarak kakdy. Gapyny açan öý eýesi tanajak bolýan kimin geleniň ýüzüne soragly çiňerildi.
- Men size Melhemden salam getirdim.
Paroly eşidip, Şöhratmämmet Daglyýew çuslandy.
- Melhemi tanaýaryn, salam getireniňize minnetdar - diýip, jogabyny berdi-de, myhmany içerik goýberdi. Töwerege göz gezdirip, gapyny jebis ýapdy. Gulplandan soň myhmany ýerleşdirdi. Gysgajyk hal-ahwal soraşdylar. Myhman serhediň aňyrsyndan salam getirendigini aýdyp, alyp gelen edebiýatlaryny görkezdi. Daglyýew argyn myhmany ýuwundyryp naharlady. Ol adyny aýtmady. Öý eýesem soramady.
- Nähili geldiňiz? - diýip, Daglyýew nahara işdämenlik bilen topulan myhmana sowal berdi. Agzyndakyny ýuwdan myhman onuň ýüzüne dikanlap seretdi-de dymdy.
- Siziň ýagdaýyňyz niçik bu ýerde? - diýip, sowala jogap bermegiň deregine özi sorady.
245
- Garaşyp ýatyrys - diýip, Daglyýewem gysgajyk jogap gaýtardy.
- Maňa pasport hemem Aşgabada çenli bilet gerek. Gyssagly tapyp bilermisiňiz?
- Bilet kyn bolmaz. Demir ýol wokzalynda tanyş bar. Öz adamymyz işleýär. Pasport meselesinde jan etmeli bolar - diýip, Daglyýew jogap gaýtardy we myhmana ýatjak ýerini görkezdi.
Oňat dynç almagy arzuw edip, Şöhratmämmet tabşyrygy bitirmäge gitjekdigini aýtdy.
Öýden çykyşyna eglenmän, ol göni GPU-yň özüne berkidilen işgäriniň ýanyna bardy. Ýagdaýy mälim etdi. Bir gijäniň içinde Iwan Iwanowiç Oktýabrskiniň adyna galp pasport düzedildi. Otla bilet aldylar. Ertesi Daglyýew myhmany elin ugradyp gaýtdy. Wokzalda GPU-yň ýerli bölüminiň razwedkaçysyna üm bilen myhmany görkezdi.
Oktýabrskiý paýtagta çenli ümsüm geldi. Ýolagçylardan çeträkde saklandy, ýanynda gelýänleriňem gürrüňine goşulmady. Aşgabatda otludan düşübem wokzalyň jaýyna tarap howlukman ýöräp gaýtdy. Razwedkaçy ony gözden sypdyrman gelýärdi. Oktýabrskiý wokzalyň işigindäki jemendäniň arasyna goşuldy-da, birden gürüm-jürüm boldy. Razwedkaçy hernäçe çarp ursa-da, ony tapyp bilmedi. Edil ýere giren ýalydy.
Wokzalyň ähli künjegini elek-soky barlap çykan razwedkaçy lapykeç bolup GPU-a geldi we ýagdaýy mälim etdi. GPU-dakylar Krasnowodskili çekiste birneme igendiler. Ol içalyny sypdyranyna başyny ýaýkap ahmyr çekýärdi. Özüne käýinýärdi.
Oktýabrskiý goňşy otagda Bunkowskä başdan geçirenlerini gürrüň berip oturandyr diýen pikir krasnowodskili razwedkaçynyň kellesine-de gelenokdy. Daglyýewem, ýerli çekistlerem Oktýabrskiniň çyndanam iňlis içalysydygyna güp ynanypdylar.
246
Hakykatda bolsa Oktýabrskiý GPU-yň daşky gözegçilik toparynyň işgäridi. Adam yzarlamaga ussat razwedkaçy, kärdeşiniň gözüne çöp atmagy janyny gynaman başarypdy.
Bunkowskiý onuň hasabatyny diňläp, minnetdarlyk bildirdi.
Üçünji liniýa bökdençsiz işleýärdi. Serhediň aňyrsyndan kim gelse-de, GPU-yň kontrollygynda-- gözegçiliginde boljakdy.
Bunkowskiý Krasnowodskide iş bitirip gelen razwedkaçyny ugradyp, täze poçtany gözden geçirmäge başlady. GPU-yň Maşatdaky jansyzlarynyň berýän habarlary iňlisleriň Hajymyrada çyndan bil baglaýandygyna şaýatlyk edýärdi. Ol maýor Hammer bilen kapitan Grumniskiniň arasynda bolan gürrüňiň ýazgysyny gyzygyp okady. Maýor Hammer «Ertir bäş
minutlyk gelip gidiň. Gysgajyk, emma möhüm iş bar» diýen ýazgyly hatjagaz iberip, kapitany ýanyna çagyrýardy. Ertesi günortan olar duşuşdylar.
- Men uly ýalňyşlyk goýberdim. Siz Hajymyrada biz bilen gatnaşyk etmäge rugsat berensiňiz öýdüpdirin - diýip, Hammer söze başlady. - Men ähli meýilnamalary-- planlary Wolodýa geňeşdim welin, ol siziň Hajymyrady tanamaýandygyňyzy aýtdy. Wolodýa doly ynanýan, biz üçin hakykatdan-da iňňän gymmatly adam. Men gürlemegi halaýanam bolsam, gerek ýerinde dymmagy başarýandyryn. Bu ýerde familiýany ýalňyşyp, Grýaznewe derek size ýüz tutupdyryn. Bagyşlaň. Men günämi boýun almagy ýüregime düwdüm.
- Ullakan ýalňyşlyk ýok-la - diýip, Grumniskiý maýory köşeşdirýärdi. -Ýaşyrynlyk düzgünlerine görä, Wolodýa bihabardyr. Hajymyrat barada hemme zady doly bilýärin.
Maşatda Haýdar Hoja ikimiz işleýäris. Howlukmaç bolsa özümiz jogap ýazýarys. Soňra Mihail Iwanowiçe habar edýäris.
Maýor birneme köşeşdi.
247
- Hajymyrat barada bilmeýän bolsam, gürrüňimiň başynda size aýdardym ahyryn - diýip, Grumniskiý ony has-da köşeşdirdi. Maýor Hammer soňra kapitana gazete gizlin hat ýazyşyny aýdyp berýärdi. «Haty setirleriň tersine ýazýaryn.
Köp ýazmaly bolansoň şeýdýärin. Bilniksiz hem amatly bolýar»
diýýärdi.
Spesswodkanyň maglumatlaryny okap gutarmanka Bunkowskini GPU-yň başlygy çagyrdy. Kontrrazwedkanyň ýolbaşçysy başlygyň kabinetine girenden, Gorbunowyň keýpi ýokdugyny aňdy. «Eýgilikmikä berin?» diýip, içinden oýlanan Bunkowskiý pikirini daşyna çykarmady. Özüniň gelendigi barada doklad etmekçi bolup agzyny açyp-açmanka, başlyk oňa golaýyndan oturmaga ýer görkezdi. Oturgyja gonan badyna stoluň üstünde ýatan kagyzlary öňüne süýşürdi.
- Okaň - diýdi.
ÄHLI ORTA AZIÝA RESPUBLIKALARYNYŇ GPU -
larynyň BAŞLYKLARYNA WE OPERATIW
SEKTORLARYNYŇ NAÇALNIKLERINE
Göçürmesi: OGPU-yň aýratyn bölümine Moskwa ş.
Aleksandr Perwyşew konslagerden gaçdy. Ozal Türküstanda ýaşandygyna görä, Orta Aziýanyň bir şäherinde gizlenip, soňra serhetden aňryk gitjek bolar. A.Perwyşewi gözlemek we tussag etmek üçin siziň hut özüňiziň şahsy jogapkärçiligiňiz astynda gyssagly, işjeň çäreleri görmeli. Ele salnan badyna, güýçlendirilen sakçylaryň goramagynda biziň garamagymyza ibermeli.
248
Aleksandryň ozal jenaýatçylar dünýäsi bilen baglanyşygynyň bardygyna görä, jenaýat agtaryşyň apparatyny ulanyň.
OGPU-nyň O/A boýunça YW-nyň
SOU-nyň NAÇALNIGI /RAÝSKIÝ/
Okap boldy-da, Bunkowskiý sesini çykarman başyny ýaýkady. «Sakçy bolaýşyňyzy, iýen çöregini ödemeýänler»
diýip, konslageriň işgärlerine sögündi. Aleksandr Perwyşew Maşada aşaýsa, iň bolmanda degerli habar iberse-de, Hajymyradyň GPU-a kömek berýändiginiň üsti açyljakdy.
Beýleki kagyzda Perwyşewe dahylly maglumatlar bardy.
Gaçanyna bir aýa golaý geçendigi görkezilýärdi.
Bunkowskiý Perwyşewiň suratyny, beýleki maglumatlary tapyp geldi. Gyssagly köpeldip, suratyny ýaýratdylar.
Türkmenistanyň-a gyrak-çetlerine deňiç paýladylar. Ýelena diýen aýal doganynyň Batumide ýaşaýandygyny bildiler.
Magaryf komissarlygynda maşinistka bolup işleýän Ýelena Krasnowodskide «Türkmenbalykda» buhgalterlik edýän nemese durmuşa çykypdy. Birinji kategoriýa boýunça arassalaýyş
geçirilende, buhgalteri apparatdan- diwan işinden kowdular. Ol aýalynam alyp, Batumä göçüp gidipdi.
Gorbunowyň we Bunkowskiniň goly goýlan hatlar Batumä, Tiflise we Daşkende gönderildi. Aleksandryň daş keşbi, ýaňagynda peşehorda yzy bardygy we beýleki alamatlary, häsiýetiniň şadyýandan gujurlydygy anyk görkezildi.
***
249
«Zarýanka» Hajymyrada hat iberdi. Bukjanyň iç ýüzünde gizlin ýazgy bardy. «Jenap maýor! Hemme zat ýerbe-er, Aşgabatda, Daşkentde we Frunzede boldum, Or. hakda habar ýok. Beýlekileriň ählisiniň jany sag. Aşgabatdan jogaby özüm alyp bararyn.
W».
Wolodýanyň Or. diýeni Orlikdi. Hajymyradyň jogaby taýýar edilip ýördi. Aragatnaşyk barada belli karara gelmelidi.
Bunkowskiý OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndan jogaba garaşýardy. Olar haýal deprenýärdiler.
Bunkowskiniň göwnüne şeýle ýalydy. «Düeden uly pil bar»
diýenleri. Ygtyýarly wekilhana-da Moskwa seredýärdi.
Ahyry SSSR OGPU-nyň aýratyn bölüminden «Synag»
operasiýasyny mundan beýläk nähili alyp barmalydygy hakda görkezme geldi. Hat gatnawy edilse, garşydaşlary bulaşyklyga saljak materiallary köp ibermeli boljakdy. Çekistleriň dilinde oňa «Dezinformasiýa» diýilýärdi. Gepleşikde gysgaldyp «dezo»
diýilýärdi.
Hat gatnawy iňlis razwedkasynyň üsti açylmadyk agentlerini—jansyzlaryny ýüze çykarmaga kömek ederdi.
Agentleriň Hammere iberýän hatlaryna tehniki sebäplere görä kontrollyk—gözegçilik edip bolmajakdy. Agentleri güpbasdy etmegem howpludy. Hajymyradyň kimdigi bilinjekdi. Ak emigrasiýadyr iňlis konsulhanasy polkownige ynanýardy. Iki sany komandiriň basmaçylara ugradyldy diýilmegi olaryň gözüni gapypdy. Iki ýyl öň Maşada aragatnaşykçy ýollap, indem demirýoldan ses ýetimdäki oba gitmäge adam tapylanok diýmegem gelşiksizdi. Hajymyrady awantýurist hasap etjekdikleri görnüp durdy. «Boş paňkyldaýar» diýerler. «GPU-
250
yň agenti» diýmäge-de ýaltanmazlar. Ozalam birnäçe sapar şübhelenipdiler.
Argatnaşykçyny aňyrdan iberiň diýilse-de, berjek peýdasy-nepi ýokdy. Pul üçin hiç zatdan gaýtmajak neşebentlerden başga kişiniň gelmejekdigi görnüp durdy. Hajymyrat gaty kyn görse-de, iki sany adres bermäge razylaşmaly edildi. Haýsydyr bir edaranyň adresi bolsa gowudy. Poçtany Mirgala eltmegi boýnuna alýar.
Iňlis agentleriniň iki sanysy bilinerin öýdüp, gorkusyna beýle aragatnaşykdan ýüz döndermelidi. Agentleriň ikisem GPU-a işleýärdi. «Wolk» lakamlysyny daşary ýurda çagyrýardylar. Dürli bahana duwlanyp gitmekden ýüz döndermegi «Wolka» tabşyrdylar. Moskwa kes-kelläm muňa garşy çykdy. «Wolk» ozal GPU-yň tabşyrmagyna görä, özüni yzyna çagyryň diýip ýalbaryp ýördi. Indem gitmek islemese, garşydaşlaryň gözüni açmagy ahmaldy. Serhediň aňyrsynda pasportdyr pul garaşýarka, üç ýarym ýyl razwedkaçy bolan adamy maşgala ýagdaýam, umuman hiç zat saklap bilmezdi.
«Wolkuň» kimdigi aýan boldugy «Zarýanka-da», beýlekilerem bilindi hasap edäýmelidi. «Wolky» Maşada iberdiler, özüne-de yzyna, SSSR-e gaýtmaga razylyk bermezligi, «Pariże gitjek»
diýmegi tabşyrdylar. Aragatnaşygyň metodyny şertleşdiler.
Moskwa geňeşip, ahyr soňunda ýene-de «Zarýanka» yzyna gitmeli edildi. «Wolkuň» hatyny maýor Hammere tizräk ýetirmelidi. Oktýabryň on üçünde skoryý - tiz ýöreýän otlusynda «Zarýankanyň» Daşkentden Aşgabada ugraýandygy barada habar gedi.
Gizlin poçtanyň arasynda «Wolkuň» hatynyň deşifrowkasy bardy. Türkmenistany GPU-nyň başlygy şifrlenen hatyň tekstini okady-da, ýene bukja salyp möhürledi. Ony başlykdan başga kişä okamak bolmaýardy. Gorbunowam tanşan badyna
251
apparatdan-- edaradan hiç kime görkezmän yzyna ibermelidi.
«Wolkuň» iňlis maýorynyň özüne iberen dört müň manat puluny alandygy baradaky dilhatyny «Zarýanka» Maşada gideninde bermelidi. Aňyrdan getiren brauningini hem gaýdyp bermelidi. Özünem çaltrak Mirgala ugratmalydy. Serhede çenli operatiw işgäri ýanyna goşmak tabşyrylýardy.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndan gelen görkezmäniň soňky abzasyny okap, Gorbunow ýylgyrdy.
«Ugratjak bolanyňyzda, «Zarýankanyň» jübülerini çöwürmegini haýyş ediň. Ýandepderçesini görkezmegini haýyş ediň.
«Artykmaç» ýazgy bolaýmasyn».
Hajymyrat «Zarýanka» hiç zat diýmeli däldi. Diňe materiallary berip, başga zatlar hakda ýazandygyny aýtmalydy.
Hajymyradyň jogaplary taýýardy.
«Jenap maýor!
«Izwestiýa» gazýetiniň 7-nji maýdaky sanyna ýazylan haty, iki sany lentajygy we 2000 manat puly aldym. Eden kömegiňize minnetdarlyk bildirýärin. Aragatnaşykçy bolmaga meniň adamlarym höwesli gidenoklar. Maňa nätanyş kişiler bilen hat alyşmak kyn. Howply. Häzir 3-den köp adres aýdyp biljek däl.
Meni pars territoriýasyna iberjek adamlarym ynamdar. Öň pars häkimiýetleri iberen adamymy sakladylar. Onsuzam biziň görýän horlugymyz ýeterlik.
Basmaçylyk. Iýun-iýulda Merw oazisi, Tejen, Gazanjyk, Krasnowodsk. Ilki üstünliklidi, soň gowşady. Bolşewikler ähmiýet bermediler öýdýärin. Diňe milisiýa we GPU-yň otrýadlary meşgullandylar. Gozgalaňçylar ýarag, ok-däri aldylar. Bu ruhlandyrdy.
Tejen - Aşgabat raýonlaryna hem ýaýrady. Oraz Geldiniň adamlary. Gazanjykda Berdiýew, Myradaly we beýlekiler - 600
252
adama golaý. Krasnowodsk raýonynda 800 adam ýaragly.
Ýolbaşçylary - Atajan.
Gazanjykda gahrymançylyk görkezdiler. Demirýola birnäçe gaýta çozuldy. Gazanjyk - Uzynsuw ýoluny üç gezek bozdular.
Üç sany otly eňaşak gitdi, suw prowodyny bozdular. Kolhozlar, oba sowetleri, kooperatiwler dargadyldy.
Şol mahal gozgalaňçylar köpdi. Öz halkyny azat etmek ugrundaky göreşde köp edermenlik görkezdiler. Bolşewikler awgustda goşunlaryny köpeltdiler. Kawaleriýa, 1-nji pyýada goşun diwiziýasynyň käbir bölümleri, özbek kawaleriýa brigadasy, awiasiýa, bronepoýezd, tehniki bölümleriň birnäçesi.
Gozgalaňçylar medeni zonadan çekilip, guma siňdiler.
Gatnaşanlar we gözi bilen görenler gaýduwsyz garşylyk görkezilendigini aýdýarlar. Ýöne güýçler deň däldi.
Gyzyllar gozgalaňçylary ähli ugurlarda yzarladylar.
Howadaky ýagdaý hasam ýaramaz. Ýeňilerler öýdýärin.
Gahrymanlarça garşylyk görkezilmegine garamazdan, megerem, türkmen halkynyň gozgalaňy derbi-dagyn edilse gerek. Köpüsi başarsa Persiýa gaçmaly bolarlar.
Sebäpleri: gozgalaňçylaryň otrýadlarynyň aragatnaşygynyň we özara goldawynyň gowşaklygy, ýolbaşçylarynyň we aýry-aýry toparlaryň arasyndaky kem-käs agzalalyk. Ýarag zapasy ýok, tapmak kyn, has abraýly serdarlar wepat boldy, suw ýok.
Gyzyllaryň tehniki taýdan artykmaçlygy hem-de gozgalaňçylaryň garşysyna ilat arasynda geçirilen ägirt uly bolşewistik agitasiýa—wagyz işi bolşewikleriň üstünliginiň esasy sebäpleridir.
Soňky wagtda gozgalaňçylaryň arasynda moral ýagdaý pese gaçdy. Serdarlaryň birnäçesi dönüklik etdi, bolşewiklere tabyn boldular. Ýönekeý jigitler öz serdarlaryna boýun egmeýärler, ýaraglaryny tabşyryp, gyzyllaryň tarapyna geçýärler.
253
Gynansamam, size anyk maglumat berip bilemok.
Gozgalaňçylaryň medeni zolakdan düýbünden arasy kesildi.
Yzygiderli aragatnaşyk ýok. Şäherlerde galan adamlarymyzy saklamak üçin biz iňňän seresaply işlemeli bolýarys.
Harby bölümleriň ýerleşişi şeýle: Milli bölümler, komanda sostawy--düzümi Orta Aziýa birleşdirilen harby mekdepde (Daşkent) taýýarlanylýar.
Sizi gyzyklandyrýan beýleki maglumatlary kem-kemden ýygnap ibererin.
Siziň menden nämä garaşýandygyňyzy bilýärin. Bolşewistik dowzahda işlemek kyndygyna düşünersiňiz.
Iberen adamyňyz Daşkende gitjek diýdi. Gazete ýazan instruksiýaňyzyň göçürmesini sorady. Bermegi nädogry bildim.
P.S.Ýaňyja şulary anykladym. 1-nji dag-atyjylyk diwiziýasynyň 82-nji we 83-nji kawaleriýa polklary, 8-nji brigadanyň polky, aýratyn sapýor eskadrony, türkmen kawaleriýa brigadasynyň polklarynyň biri, özbek kawaleriýa brigadasynyň üçünji polky, täjik dag-atyjylyk batalony, bir diwizion awtobronemaşyn, bir wzwod tanketka we GPU-yň 62-nji hemem 85-nji diwizionlarynyň aýry-aýry bölümleri, 35-nji, 40-njy awiaotrýadlar we Daşkentden gelen 37-nji eskadrilýa tutuşlygyna gozgalaňçylaryň garşysyna çykarylypdyr».
Ikinji hat Mihail Grýaznewe ýazylypdy.
«Gadyrly Mihail Iwanowiç!
Zakaspidäki ýagdaýdan habarlysyňyz. Çarwalaryň gozgalaňy öz akymyna döredi. Bolşewikler olary talap başladylar. Onsoň ýaragly gozgalaň turdy. Maňa we meniň pikirdeşlerime gozgalaňa başlardan irdigi aýdyňdy. Deň söweş
däldi, iň gowy ogullarymyz heläk boldy.
254
Biz garaşmagy makul bildik. Birnäçe adamymyzy gozgalaňçylara goşduk. Pida az bolar ýaly diýip şeýtdik, geljege güýji aýamaly.
Biziň aramyzda-da gany gyzgynlar tapyldy. «Ählimiz goşulalyň, işjeň hereket edeliň» diýenler boldy. Munuň özi kelläňi ýolbarsyň agzyna salmak boljakdy.
Siz nähili baha berýärsiňiz? Biziň aragatnaşygymyz yzygiderlem däl, ýeterligem däl. Siziň we ýokary ýolbaşçylaryň näme edýändigiňizi bilemzok. Serhediň aňyrsyndan kömek bererler, ýolbaşçylyk ederler diýip menem, pikirdeşlerimem uly umyt etdik. Gynansagam, hiçisem bolmady. Ýokardaky deýin jogapkärli pursatda öz başymyzy özümiz çaramaly bolduk.
Maňa we pikirdeşlerime kömek, daýanç, ýolbaşçylyk gerek.
Edýän işimiziň umumydygy, çekilen pidalar, horluklar şu meseleleri siziň öňüňizde goýmaga meni borçly edýär.
Gozgalaňçylaryň hereketleri: Merw, Tejen, Gazanjyk -
Krasnowodsk, ilki üstünlikli gitdi. Oraz Geldiniň batyrlygyny we başarjaňlygyny bellemek gerek. Gazanjykda batyrgaý, başarjaň hereket edip, demirýoly sökdüler. Gazanjyk - Uzynsuw aralygynda. Gozgalaňyň ýolbaşçylarynyň birnäçesi, şol sanda Oraz Geldi hem öldürildi, gahrymanlarça gurban boldular diýip häzir myş-myş gürrüň ýaýrady.
Arutýunow bilen gabat gelişen ýerim ýok, hut özüm-ä ony tanamok. Bu ýerde, Aşgabatda Arutýunow diýen bir çekistiň maşgalasy doly arkaýynçylykda ýaşaýar, ol gaçypdyr diýip hiç hili maglumat ýok. Türkmen kawaleriýa brigadasyndaky öz adamlarymyň üstünden Şahnazarow barada bildim, awantýurist hökmünde häsiýetnama berýärler.
Siziň eliňizi gysýaryn. GAMÇY.
255
P.S. 17-nji maýda ýazan hatyňyzy örän gijä galyp aldym».
Hajymyrat şu hatlary «Zarýanka» gowşurmalydy. Wolodýa Daşkentde başga-da tabşyryk berlipdi. Aşgabada ugramazynyň öň ýanynda Wasilýew «Zarýankanyň» tabşyrygy özleşdirişini iň soňky gezek barlady. «Zarýanka» Aşgabatda polkownige duşuşyny bolşy-bolşy ýaly dogry gürrüň bermelidi.
Wolodýa Degtýarýowyň şu sapary önjeýlidi. Daşkentde, Frunzede, Samarada bolandygyny jikme-jik, aýy-gününe, sagadyna çenli anyk aýtmalydy. Frunzeden yzyna Daşkende gaýtdy. Samara göni bilet aldy. Maşada hat ýazdy. «Hemme zar ýerbe-er, Samara ugraýaryn» diýip gysgajyk habar berdi. Hatyň baryp ýetjegi-etmejegi näbellidi. Şoňa görä iki sözlem ýazypdy.
Samarada doganynyňkyda ýaşady. Şäher bagynda tötänden harbylara sataşyp, gürrüňdeş boldy. Haýsy harby bölümleriň bardygyny bildi. Harby okrugyň komandowaniýesi we harby-howa güýçleriniň uprawleniýesi barada käbir zatlary bildi. Işçi-daýhan gyzyl goşunynyň ştabynyň ozalky naçalnigi Şapoşnikow okrugyň komanduýuşiligine bellenilipdi.
«Zarýanka» Daşkende gaýdyp gelip, ýene-de iňlis agentleriniň käbirlerine sataşypdy. Indi Aşgabatdan Hajymyradyň iberjek zatlaryny alyp gitmelidi. Maşatda SSSR-däki ýagdaýy görüp-eşidişi deýin, hiç zat gizlemän gürrüň bermelidi. Nyrhlaryň ýokarydygyny, işçileriňdir gullukçylaryň ilkinji nobatda üpjün edilýändigini aýtmalydy. Maýor Hammere bitiren işleri barada doklad edip, işlemek kyndygyndan zeýrenmelidi. Dört ýyllap, kurýerlik edip-- aragatnaşykçy bolup ýadandygyny, soýuzda (Sowet Soýuzynda-- awtor) galyp işlemek isleýändigini aýtmalydy. Medisina institutynda okaýan bir gyzy söýendigini, gatnaşyk edendigini, onuň özünden göwreli bolandygyny golaýda bilendigini habar
256
bermelidi. Ýene sekiz aýdan medisina institutyny tamamlaýan ol gyza Aleksandra Borisowa diýýärdiler, Daşkentde Azatlyk köçesiniň 68-nji jaýynda ýaşaýardy. Bir ýylyň içinde Borisowany daşary ýurda gitmäge razy etjekdigini aýtmalydy.
Hammer ony soýuza goýbermäge razy bolaýsa, aragatnaşyk etmegiň ýoluny şertleşmelidi. Kokantda ýaşamakçydygyny, aýalynyň garyndaşlarynyň bardygyny, şol ýere işe iberilýändigini görkezmelidi. Maýor garşy çyksa, Hindistana gitmäge razylaşmalydy. Maşatda GPU-yň jansyzlary bilen duşuşyp durmalydy. Olar «Zarýanka» özüni nähili alyp barmalydygyny aýtmalydylar. Yzarlanýandygyny güman edäýse, esli wagtlap duşuşmaly däldi. Diňe doly howpsuz ýagdaýda görüşmelidi.
«Zarýanka» Wasilýewiň öňünden geçip, tabşyrygy doly özleşdirendigine ynandyryp, Aşgabada ugrapdy. Ol Hajymyradyň taýýarlap goýan jogaplaryny alagadan, eglenmän Maşat sary ýola düşmekçidi. Buýrugam şeýledi.
Emma «Zarýanka» Aşgabatda düşegini ýumşatmaly boldy.
Munuňam çynlakaý sebäpleri bardy. Hajymyradyň başyna iş
düşüpdi. Aşgabatly çekistlerem ýetişiksiz gara gündediler.
ARÇYN GPU-yň GYSAJYNDA
Bir müň dokuz ýüz otuz birinji ýylyň on sekizinji oktýabrynda irden dokuzyň ýarynda Degtýarýow Hajymyratlara bardy. Öýde hiç kim ýokdy. Öýlän on alty otuzda myhman ýene geldi. Gapyny polkownigiň özi açdy. Ol içki geýimdedi.
Myhmany gadyrly garşylady.
- Ýaňyja geldim. Syrkawlap, işden gaýtdym - diýip, Hajymyrat aýtdy. -Siziň işleriňiz niçik? Ýitip gitdiňiz. Size bir zat bolaýdymyka diýip gaty alada galdym.
257
«Zarýanka» irdenem gelendigini, başga işler zerarly eglenendigini aýdyp, sowala geçdi:
- Basmaçylar hakda näme gep-gürrüň bar?
- Soňuna çykdylar - diýip, polkownik keltejik jogap berdi. -
Siz ertir agşam sagat onda geliň. Oňa çenli adamlarym bilen gepleşeýin.
- Materialy taýyn ediň.
- Bolýar. Ählisini gepleşeris.
Ertesi agşam Hajymyrat öýde tapylmady. «Kimsiň?» diýip, gapyny altmyş ýaşlaryndaky, kelte boýly türkmen aýaly açdy.
Onýança polkownigiň aýaly geldi. Adamsynyň gyssagly oba gidendigini, ertir gelmegi haýyş edendigini aýtdy.
Bir müň dokuz ýüz otuz birinji ýylyň ýigriminji oktýabrynda agşam baranda, gapyny erkek kişi açdy. Ol Hajymyradyň öýde ýokdugyny aýtdy. Onýança öý bikesi myhmana öe girmegi mürähet etdi. «Hajymyrat häzir geler»
diýdi. Erkek kişi ikisi zala girip, oturgyçda oturdylar.
«Zarýanka» ony synlady. Kyrk ýaşlaryndaky, uly gözli, kellesi syrylgy, pişge kimin pezzerip duran murtly, egni türkmen donly, gara türkmen balakly, gara köýnekli, gara botinkaly adam geplemsek däldi. «Zarýankany» bu syrly dymyşlyk howsala salmanam durmady. Polkownik gelýänçä bir sözem gepleşmediler.
Ahyry penjire kakyldy. Erkek kişi gapyny açdy. Hajymyrat myhmanlar bilen salamlaşdy. Polkownik türkmen adama beýleki otaga geçmegi haýyş etdi. Degtýarýowyň işli gelendigini aýtdy. Ol beýleki otaga geçip, gapyny jebis ýapdy.
- Bu öz adamymyzmy? - diýip, myhman çykan badyna Degtýarýow howsalaly sorady. - Kim ol? Meni göreniniň zyýany ýokmy?
- Göreni hiç, siziň kimdigiňizi tananok. Biziň guramamyzyň agzasy. Gumdan gelen. Maglumat getiripdir.
258
Polkownik myhmany köşeşdiriji äheňde gürledi. Emma özüniň gaty tolgunýandygy mälimdi. Aljyraňňy görünýärdi.
Geplände sözleri garjaşdyrýardy.
- Bilýäňizmi näme, maňa şu gün habar etdiler. Kakamy tussag edip, obadan Aşgabada getiripdirler - diýip, polkownik aýdyp başlady. -Biziň obamyz Krasnowodskiý tarapa ýöräniňde Aşgabatdan altynjy stansiýa. Prokuroryň ýanyna gitdim. «Hiç zat bilemok» diýdi. Türmä bardym, onda-da görşüp bolmady.
Ýaňky myhmanam biziň guramamyz barada biynjalyk bolýar.
- Näme üçin tutdular kakaňyzy? Siziň guramaňyz bilen aragatnaşyk edendigi sebäplimi? - diýip, reňki duw-ak bolan Degtýarýow oda-köze düşüp sorady.
- Anyk belli däl. Maňa aýdyşlaryna görä, öýi döküpdirler.
Ady ýazylan möhür, ýene-de käbir zatlar tapypdyrlar. Tussag edilen ýeke özi däl, birnäçe adam bar.
- Guramaňyzyň möhüri hem barmy? - diýip, Degtýarýow polkownigiň sözüni böldi.
- Ýok-la. Möhür näme işlesin? Möhür edinmek özüňi GPU-a elin tabşyran ýaly bolar ahbetin. Möhür kakamyň patyşa döwründe, arçyn saýlanan mahallaryna dahylly bolsa gerek -
diýip, Hajymyrat myhmany köşeşdirdi. - Biziň guramamyz barada kakamdan hiç zat tapyp bilmezler. Sebäbi hiç zat ýok.
Meniň näme bilen meşguldygymy bilenok. Düýn oba gidip geldim. Sizden haýyş, birigüne deňiç garaşyň. Şonda ähli zady bererin, gepleşeris. Ertir kakamyň tussag edilişi barada bilerin.
GPU tussag edipdir. Gelerin diýseňiz, ertirem gelip göräýiň.
«Zarýanka» kanagat etmän ertesi, ýigrimi birinji oktýabrda-da geldi. Hajymyrat kakasynyň ýanyndan aw tüpeňini tapandyklaryny, başga zat ýokdugyny, bu gün boşadandyklaryny habar berdi. Grýaznewe jogaby şifrläp
259
ýazýandygyny, maýora haty gazetiň ýüzüne ýazýandygyny aýtdy.
- Haýsyny etseňiz, özüňiz biliň.
- Basmaçylar hakda şu aýyň ýigrimi dördünden bärde hiç zat aýdyp biljek däl.
- Öňem eglendim. Bärräkde bolmazmyka?
- Ýok, bolmaz. Şonda maňa täze maglumat gelmeli. Ona çenli siz şäherden bir ýaňa ötägidiň. Ýigrimi dördünji oktýabr dynç alýan günüm meniň. Öýde ähli ýerini ýapyp işlärin. Bir günde taýýar ederin. Agşam aýlanaýyň.
Bu sapar polkownik sözünde tapyldy. Ýigrimi dördünjhi oktýabrda ähli zat taýyndy. Polkownik «Izwestiýa» gazetine gizlin syýada maýora ýazylan jogaby, Grýaznewe niýetlenen şifrlenen dört list matany (polotnony) gowşurdy.
- Artykda öz adamyňyz bolsun - diýip, «Zarýanka» zatlary alyp aýtdy. -Bir gijede haty serhediň aňyrsyna eltip, yzyna gelip bileri ýaly, şol ýerde ýaşaýan bolsa amatly.
Hajymyrat çalarak baş atdy. Sesini çykarman myhmany diňledi.
- Ýogsa-da iki müň manat puly alandygyňyza dilhaty beriň.
- Men maýora jogabymda görkezdim, puly alandygymy.
- Ol hasap däl. Dilhaty aýratyn bolmaly.
- Bolýar. Geregiňiz dilhaty bolsun - diýip, Hajymyrat çaltjak ýazdy-da, aşagyna «Gamçy» diýip gol goýdy. - Ine, alyň. Haçan gidýäňiz?
- Şu günem ugraýmagym ähtimaldyr - diýip, «Zarýanka»
dilhaty ýygşyryp aýtdy.
Polkownik maýora salam aýtmagy, goldaw berenine minnetdarlyk bildirmegi haýyş etdi. Mihail Iwanowiç Grýaznewe-de salam iberdi.
Myhmany ugradan Hajymyrat çuňňur oýa batdy.
Bunkowskiniň haýyşy boýunça ol Degtýarýowa «Kakamy şu
260
gün boşatdylar» diýipdi. Hakykatda welin Hojamyrat arçyn tussagdy. Polkownige ony görkezenokdylaram. Kakasynyň janynyň howp astyndadygyny syzýardy. Harby adam hökmünde ýagdaýyň ýeňil däldigini duýup durdy. Bu ýöne ýerden däldi.
Eger-de iň ýakyn adamlaryň üstüne howp abananyny duýgur ýürek hakykatdanam syzýan, bilýän bolsa, şu ýagdaý şonuň çyndygyny tassyklaýan faktdy. Hajymyrat arçyny GPU-yň demir gysajy berk agzyna alypdy. Polkownik janyna jaý tapman, aýagy bişen kimin zowzuldap ýördi. Kakasyna ölüm hökümi çykarylanyna esli wagt geçendiginden bihabardy.
«OGPU-yň Orta Aziýa boýunça YW-nyň Üçlüginiň 1931-nji ýylyň 19-njy awgustyndaky mejlisiniň PROTOKOLYNDAN GÖÇÜRME
Bäherden raýonynda ýaşaýan Hojamyrat Annamyrat ogluny TSSR JK-nyň 17-54/17-nji maddasy esasynda aýyplamak boýunça 3393-nji nomerli iş, 61 ýaşynda, öýlenen, iki aýaly bar, baý, patyşa hökümeti döwründe 20 ýyl oba arçyny we polisiýa pristawynyň kömekçisi bolan, öňki döwürde garyplary masgara edipdir, agdarylyşyk döwründe ogly Hojageldi ikisi Persiýa gaçypdyr. Menşewistik hökümet mahaly dolanyp gelipdir, Oraz Serdaryň otlusynda ogly ikisi kän mahallap gulluk edipdir, bile gezipdir. Şol otluda Gazanjyga deňiç yza çekilipdir, onsoň ýene Persiýa gidipdir. Ogly ol ýerde galypdyr, ol sowet häkimiýeti döwründe öe dolanyp gelipdir, saýlaw hukuklaryndan kesilmedik, 50 goýny, 2 aty, 2 düesi bar. Otuz birinji ýylda hatda kolhoza-da giripdir. Antisowet meýilli, kolhozçylaryň arasynda bozuklyk dörediji iş geçirýär, ilat arasynda abraýynyň bardygyna daýanyp, sowet häkimiýetiniň ýykyljakdygy, basmaçylaryň üstünlikleri, gyzyllaryň goşunynyň ýeňilişleri
261
barada işjeň myş-myşlar ýaýradýar we türkmenleri bandalaryň arasyna goşulmaga hem-de sowet häkimiýetini agdarmaga çagyrýar.
KARAR EDILDI:
Hojamyrat Annamyrat ogluny - atmaly».
Polkownik kakasynyň tutulandygy barada GPU-a aýdandan arçynyň gözlegine çykdylar. Baýlary köpçülikleýin ýygnamak işi geçirilende, Bäherdeniň operatiw topary Hojamyrady hem basypdy. Hojamyradyň ogly GPU-a kömek edýändir diýen pikir bäherdenli çekistleriň ýadyna-- oýuna-da düşjek däldi.
Familiýasynyň bulaşdyrylandygyna görä, oňa çykarylan hökümi dört aýdan soň tapdylar. Türkmenistan SSR GPU-nyň başlygy Gorbunow hökümiň ýerine ýetirilmegini togtatdy. OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyna bu hökümi ýatyryp, arçyny sürgüne ibermegi haýyş edip hat ýollady.
Daşkentden uzak eglenmän jogap geldi. Höküme gaýtadan garalyp, üýtgediljekdigi habar berilýärdi. Arçyny maşgalasy bilen Gyrgyzystana, Frunze şäherine sürgüne ibermegi dogry tapdylar. Kakasynyň Türkmenistanyň çäginden çykarylmagy polkownigiň ak emigrantlaryň we iňlisleriň öňündäki abraýyny artdyrmalydy. Kakasyny bolşewikler jezalandyrypdyr diýiljekdi. Arçynyň emlägi konfisklenen bolsa gaýtaryp bermeli däldi. Oglunyň üstünden pul kömegini etmelidi. Sürgüne iberiljegiň material üpjünçiligini Ygtyýarly wekilhana doly öz üstüne alýardy. Oglunyň GPU-a dahylynyň bardygyny bildirmek bolmaýardy.
Gorbunow degişli görkezme alansoň işgärine tabşyryk berdi.
Bunkowskiý polkownigi duşuşyga çagyryp, kakasynyň ýagdaýyny aýtdy. Düşündirmäge çalyşdy.
262
- Kakam altmyş sekiz ýaşynda, tapdan düşen garry. Dört aýlap tussaghanada bolmagy saglygyna zyýan edipdir.
Ejemiňem ýaşy şonçarak bar. Saglygynyňam ugry ýok.
Ýerinden gozgasaň, ikisiniňem ajalyna sebäp bolmagy ahmal.
Indi näme ömürleri galdy olaryň - diýip, polkownik bada-bat garşy çykdy. - Kakasyna Aşgabatda, öz ýanynda ýaşamaga rugsat bermeklerini haýyş etdi.
Türkmenistan SSR GPU-nyň başlygy polkownigiň bu haýyşyny kanagatlandyrmagy dogry tapdy. Aslynda arçyna bandalara goldaw berýär diýen günä ýöňkäp tussag edipdiler.
Derňew ony subut etmändi. Şeýle-de bolsa Hojamyrat arçyny Üçlük ölüme höküm edipdi. Adyl sudlulyk diýen düşünje dogrusy adamlaryň arasynda ters mana eýe bolup ugrapdy.
Hüşgärlik ähli zatdan belentde goýlup başlapdy. Diňe duşman geçmese bolanydy. Bir duşmany ele salmak üçin on sany bigünäniň heläk bolmagy kadaly zat hasap edilýärdi.
Repressiýalar gerim alyp ugrapdy. Polkownik kakasyny türmeden çykaryp öýüne getirdi. Arçyn garrapdy, horlanypdy.
Bir mahalky «Atasyça dogmadyk» diýip, polkownik ogluna nagarasyny döwýän Hojamyrat arçyn indi ýokdy.
GPU-yň maglumatlarynda iki aýally diýilse-de, hakykatda arçynyň üç aly bardy. Üçünji sapar öýlenmek niýetem ýokdy.
Obada çagasyz-çugasyz aýallaryň biri dul galypdy. Äriniň ojagyny saklap otyrdy. Arçyn bir gün Gurbangülüň pikir-hyýalyny bilmek isläp, öýüne bardy. Biriniň üstüne garamatyny ataýsa gowy boljakdy. Ýogsam başyboş maşagala gepe ýakyndy. Biriniň bolmasa, ikinjisiniň dili uzajakdy. Arçyn içerik girmän, daş gapyda dul hatynyň halyndan habar aldy.
Gepi uzaldyp oturman, sawçylaryň biriniň habaryny almagy maslahat berdi. Gurbangül arçynyň jogabyny nagt etdi.
263
- Hojamyrat arçyn, özüň alsaň-a, razy, barjak. Başga kişi üçin gelenem bolsaň, arrygyňy gynap aýdybam oturma.
Ol başga kişi üçin gelmändi. Hiç kim üçinem gelmändi.
Arçyn bolansoň, habar tutmagy borjy hasap edýärdi. Bu gepi gozgan arçynyň özüdi. Ýöwselläre, gaýra tesere ýer galmandy.
Erkek göbeklidigiň çyn bolsa, berilmeli jogap ýekedi.
Duýdansyz üstüni basdyranam bolsa, köpi gören, erkek kişiniň tutanyny goparýan, göterenini gol aşyrýan ýaşyndaky arçyn biraz aljyrajak ýaly etse-de, derrew özüni ele aldy.
- Eýle bolsa, mün atyň ardyna - diýip, gysgadan kesgitli gürledi.
Şeýdip arçyn üçünji aýally boldy.
Polkownik şu wakany ýatlap oturşyna kakasyny içgin synlaýardy. Çaý başynda türmede gören günleri barada soraşdyrdy. Arçyn gürrüň berýärdi. Ejizlemejek bolýardy.
Arçyny çykaranlarynda obadaşlarynyňam iki sanysyny goýberdiler. Ýeke özüni azat etseň, şübheli görünmegi ähtimaldy. Ol ikisi özleriniň galan ömürlerine Hajymyrat bolköýnege alkyş okamalydyklaryny gümanam edenokdylar.
Hiç haçan muny bilmezlerem.
Arçyn bolsa ogluna ynanýardy. Polkownigiň abraýynyň uludygyna, sözüniň ýörgünlidigine, özüni hut şonuň, harby oglunyň halas edendigine ynanýardy.
Şunlukda arçyn şäherde, Hojageldilerde ýaşap başlady.
MAÝOR HAMMER ARAGATNAŞYGY ÜÝTGEDÝÄR
Maşada baryp, «Zarýanka» hatlaryň ikisinem maýor Hammere gowşurdy. Hammer Tährana gitdi. Grýaznew öýde ýokdy. Maýor haty iňlis ilçihanasyna goýup, Grýaznewe gowşurmagy haýyş etdi.
264
Bir müň dokuz ýüz otuz üçünji ýylyň ýanwarynda maýor Hammerden tabşyryk alyp, Wolodýa Türkmenistanyň territoriýasyna geçdi. «Ogonýok» żurnalynyň kitaphanajygynda çap edilen kitapçanyň ýüzüne gizlin ýazylan hat, şertli lentajyk (parol deregine), iki müň manat pul alyp geldi. Hat Hajymyrada iberilendi.
«Köp hormatlanylýan jenap polkownik!
Iberen maglumatlaryňyzy aldym, olar üçin size minnetdarlyk bildirýärin. Mundan beýläk işi instruksiýa laýyk alyp barmagyňyzy haýyş edýärin. Şonuň ýaly-da instruksiýadan daşgary gyzykly bir zat eliňize düşse, mümkinçilige garap maňa ibermegiňizi haýyş edýärin. Meniň size beren aragatnaşygymyň ählisini ýatyryp bilersiňiz. SSSR-iň öz içindäki aragatnaşygy saklaň. Men başga punktlaryň üsti bilen hat alyşmagy karar etdim. Men ynamdar adamlary tapdym. Siz, olardan özüňiz üçin we meniň SSSR-däki agentlerim üçin material alarsyňyz. Ol materiallary adaty poçta arkaly ugradarsyňyz. Meniň agentlerim hem materiallary siziň görkezen adresleriňize ibererler. Öz ýaşaýan ýeriňizde ol materiallary meniň adamyma gowşurarsyňyz, şol bir wagtyň özünde meniň özüňize hem-de agentlerime niýetlän materiallarymy alarsyňyz.
Size onuň adresini habar berýärin. Aşgabadyň Jyk köçesiniň 4-nji jaýy. Şertli belgini iberýärin. Siz ýa-da siziň adamyňyz şol belgi boýunça tanalar, şertli belgi boýunça duşuşanyňyzda, materialy oňa berip bilersiňiz, şol bir wagtyň özünde alan materiallaryňyzyň ýüzünde nomer ýazylgy bolar. Munuň özi ol ýa-da beýleki materialy haýsy adrese ugratmalydygyny bilmegiňiz üçindir. Materialy alanyňyzdan soň siziň hut özüňiz pakediň ýüzüne adres ýazyp iberersiňiz. Materialyň ýüzüne N A ýazylgy bolsa, bu siziň özüňize degişli. N 1 - şu adrese ugradyň:
265
Daşkent şäheri, Azatlyk köçesiniň 68-nji jaýy, Aleksandra Wladimirowna Borisowa, W.N. gowşurmak üçin.
Hat aragatnaşygy we ş.m. boýunça ähli jikme-jiklikleri kurýer habar berer. Maňa iberen adresleriňiziň dogrudygyny tassyklamagyňyzy we şonuň ýaly-da Sizde täze adresler bar bolsa, olaram maňa ibermegiňizi haýyş edýärin. Özüňiziň ähli adresleriňizi maňa ibereniňizden daşgary kurere dilden aýtmagyňyzy haýyş edýärin. Siz ähli meseleleri kurýer bilen bilelikde çözüp bilersiňiz. Instruksiýa laýyklykda taýýarlan materiallaryňyzy kurýere bermegiňizi haýyş edýärin. Ony eglemezligiňizi haýyş edýärin. Size iki müň manat ugradýaryn, kän mahal geçirmän ýene ibererin».
Maýor Hammeriň SSSR bilen aragatnaşygy üýtgetmekçidigi GPU-a öňräkden mälimdi. Hatda kepderi aragatnaşygyny ýola goýmak hakda oýlanýandygyny Maşatdaky jansyzlary habar edipdiler. Bunkowskiý maýoryň hatyny ilik-düwme öwrendi.
«Ynamdar adam» diýýäni Saadat Kuly Handy. Şertli adres bolsa Aşgabadyň Jyk köçesiniň 4-nji jaýydy. «Zarýanka» gizlin haty Hajymyradyň ýanynda bile okamagy tabşyrdylar. Sebäbi ýolda Kuly Han başga adres beripdi. Ol adresde ýaşaýan Muhammet Aly GPU-a işleýär diýipdi.
Çekistler «Zarýankany» ulanyp, ol adresleriň derde ýaramaýandygyny duýdurdylar. Esasy maksat iňlis maýorynyň gizlin duşuşylýan öýi görkezmegini gazanmakdy. Ähli güýçler şoňa gönükdirilipdi. Maşatda Hammeriň ynamyna giren jansyzlara hem seresaplylygy unutman, şony biljek bolmak tabşyryldy. Serhetden geçmegi eşekden palan alança-da görmeýän neşebent aragatnaşykçylary islän wagtyň giriňe salmak boljakdy. Iňlisleriň heniz bilinmeýän jansyzlaryny ýüze çykarmak kyndy. GPU häzirlikçe aragatnaşykçylary ele saljagam bolanokdy, kimi äkidip-getirýändigini bileni bilen oňýard
266
Maýor Hammer käbir harby bölümleriň nirede ýerleşýändigini soraýardy. 28-nji artilleriýa diwiziony geçen ýylyň iýulynda Merwde manýowrda bolupdy. Diwizion Kakada ýerleşýärdi. Maýor şol barada gyzyklanýardy. Munuň özi iňlis jansyzlarynyň kän zatlary habar berýändigini aňladýardy.
Türkmenleri goşuna almak dowam edýärmi diýen sowalam maýory gyzyklandyrýardy. Basmaçylyk hereketiniň niçikdigini soraýardy.
«Zarýanka» Grýaznewden jogap äkelmändi. Häzirlikçe iňlisleriň başyny çaşyrmaga düýrmegiň bilen topulmaly pursat döräpdi. Ýöne başky niýet başa barmady. Maýor Hammer Aşgabatda gizlin duşuşylýan öýüň salgysyny bermedi.
Çekistler taktikany üýtgedip, tersine hereket edip ugradylar.
«Zarýanka» Hajymyrada üç adres we gizlin duşuşmaga öý taýyn etmelidigini aýtmalydy. Bu oýny hem gowy guramalydy.
Onda «Zarýanka» esasy inisiator boldy. Çekistler her zat etmelem bolsa edip, polkownikden gizlin öýüň adresini almagy tabşyrdylar. Hajymyrady hakykatdanam iňlislere satylandyr diýip güp ynanan «Zarýanka» jan edýärdi. Her ädiminiň kontrollykdadygyndan-- gözegçilikdediginden bihabar bolansoň, käteler artykmajrak gürlemäni-de, eden işini mazamlamagy-da, üstüne goşmagy-da hiç zatça görmeýärdi.
GPU-dakylar muňa öwrenişerçe bolupdylar. Bilmedik bolup ýördüler.
Aslynda bu gezegem gizlin öý gürrüňini ilki gozgan
«Zarýankady», ol muny özünden tapypdy. Ýogsam iňlislerem, çekistlerem, hiç kimem oňa beýle tabşyryk bermändi. Bu Degtýarýowyň öz çykarýan hokgasydy. Indi mundan peýdalanjak bolmalydy. Bunkowskiý gizlin duşuşylýan öý tapmagy ynandyryjy, hakykatdanam «Zarýankanyň» hyzmaty
267
ýaly edip gurap bolaýsa, çekistleriň gökdäki dileginiň ýerde gowuşjakdygyna gözi ýetýärdi.
Maýor Hammer «Zarýankanyň» ygtyýaryny giňeldipdi.
Aşgabatda gizlin öý guralsa, çekistler serhediň aňyrsyndan gelen zatlary eýesine gowşurmankalar gözden geçirip biljekdiler. Hajymyrada gelen zatlaram doly bilip boljakdy.
Polkownigiň iberýän zatlaryna hem edil şonuň kimin gözegçilik etmek mümkindi. Maşatdan geljek iňlis kurýerleriniň GPU-yň öz jansyzlary bilen duşuşyşlarynam göz astyndan sypdyrmak islemeýärdiler. Kim bolanda-da, şol sanda öz jansyzyňam barlap durmalydy. Gizlin öý açyp bolsa, kän-kän hileler guramaga, iňlisleriň başyna ala ýabylynyň gününi getirmäge mümkinçilik dörejekdi.
«Zarýanka» Maşatdan gelen badyna uzak eglenmän Daşkende gitdi. Ol ýerden maýora hat iberdiler. Hatyň tekstini
«Zarýankanyň» sözlem düzüşine, grammatik ýalňyşlaryny goýberşine golaýladyp ýazdylar. Başda «Zarýanka» serhetden geçende gören kynçylyklaryndan zeýrendi. Saadat Kuly Hanyň Asan han diýen familiýany berendigini, ýöne Aşgabatda onuň nirede ýaşaýandygyny aýtmandygyny görkezdi.
Ýolbeledi Barat «Zarýankanyň» brauningini, el çyrasyny, plaşyny we bir jübüt içki ýyly geýimini öýde galdyrypdyryn diýen bahana duwlanyp, özüne bermändigini ýazdy, şolary Baratdan alyp, ýygnap goýmagy maýordan haýyş etdi. Serhetde üç gije açyk meýdanda ýatmaly bolupdylar. Ýanwaryň howasy örän sowukdy. Dagda temperatura hasam ýokarydy. Içiňden-bagryňdan geçip barýardy.
Ýolbeletler Aşgabada gelensoňlar barmaly öýlerini tapman heläk boldular. Adaty poçtadan şol adresi ibermegi haýyş etdi.
Adresi alyp barlap görjekdigini, soň Hajymyradyň ýanyna baryp, hemme zadyň ýerbe-erdigini, maýora arkaýyn hat ýazybermelidigini aýtjakdygyny görkezdi. Polkownigiň
268
instruksiýa laýyklykdaky materiallary taýyn etmändigine görä, garaşmagy makul bilmän, Daşkende gaýdandygyny habar berdi, polkownigiň dilhatyny, kitapçalary we poçta markalaryny iberdi. «Otlularyň raspisaniýesini tapmadym» diýdi.
Hajymyradyň beren adreslerini ýazdy: 1. Aşgabat raýony, Manyş obasy, kolhozçy ýaşlar mekdebi.
Oraz Gurdow.
2. Aşgabat raýony, Gypjak obasy, Bally Gylyçdurdy.
3. Aşgabat raýony, Köşi obasy, kooperatiw, Beki Kazyýew.
Daşkentde görüşen adamlary hakda gysgaça ýazdy. Ýygnan materiallaryny neneň edip gowşurmalydygyny bilmeýändiklerini, nirä ibermeli bolsa adresini görkezmegini haýyş etdi. Aşgabatdan ýolbelede hem hat berip goýberendigini, Hajymyratdan ynamdar adamynyň adresini bermegini haýyş
edendigini, şol öe maýoryň kurýerleriniň geljekdigini aýdandygyny görkezdi. Goý, indiki geljekler berin Wolodýa kimin horlanmasynlar. Barara belli gapy bolsun. Şeýle öý ýoklugy işi bökdeýär. Daşkentde özüniň buýruga garaşýandygyny aýtdy.
Bu hat Maşada ýetdi. Maýor Hammere gowuşdy. Emma gizlin syýa ýüze çykarylanda, adresler görünmedi.
ÝAŞYRYN DUŞUŞYK ÖÝI
Aşgabatda ýaşyryn duşuşyk öýüni edinmek islegi
«Zarýankany» tutuşlaýyn gaplap aldy. Ol hut şunuň bilen keselledi diýseňem boljakdy. Degtýarýow muny özüniň GPU-yň öňündäki uly hyzmaty hökmünde islän halatynda diline çolap biljekdi. Ýaşyryn öý edinmek teklibi maýor Hammeriňem göwnünden turupdy. Daşkentde mazaly eglenen Degtýarýow bir müň dokuz ýüz otuz üçünji ýylyň mart aýynyň üçünji
269
ongünlüginde Aşgabada geldi. Ýigrimi dördünji martda giçlik Hajymyratlara bardy. Gapyny on ýaşlaryndaky oglanjyk açdy.
Polkownigiň işdedigini aýtdy. Otuz ýaşlaryndaky gara saçly, orta boýly türkmen aýaly gelip:
- Hojageldi gerekmi? Ol gije on ikä çenli işde bolýar - diýdi.
- Men ertir şu mahallar gelerin - diýip, Degtýarýow gaýtdy.
Ertesi şol oglanjyk ýene-de Hajymyradyň işden gelmändigini aýtdy. Üçünji güni irden baranda-da, polkownik tapylmady. Öý bikesi çykyp, polkownigiň sagat onda gelmegi haýyş edendigini aýtdy. Agşam olar duşuşdylar.
- Siz ol ýerde bolduňyzmy? Ýa-da indi gitmekçimi? - diýip, saglyk-amanlyk soraşansoňlar Hajymyrat myhmana sowal berdi.
- Başga işlerim kändi - diýip, Degtýarýow gysgajyk jogap gaýtardy. - Men gelip-gidelim bäri maýordan hiç hili hat-a ýokdur?
- Düýbünden habar ýok.
- Ýagdaý ýeňil däl. – diýip, Degtýarýow öý eýesiniň ýüzüne tiňkesini tikdi. - Ähli zat size bagly, jenap polkownik. Diňe ýaşyryn duşuşyk öýüni döredip, aragatnaşygy ýygjamladyp bileris. Başga ýol göremok men-ä.
- Bu meseläni ýeke özüm çözüp bilmen. Öňem gepleşipdik.
- Ýadymda. Sizsiz çözüp bileris öýtdüm. Bolmady. Özüňiz adres berseňiz, ähli material siziň üstüňizden geçerdi.
- Ýaşyryn öýi niçik gurmaly, şol öýde nämeler bolmaly, näme edilmeli?
- Maýordan şertli parolly adamlar geler. Gerek bolsa şol öýde garaşar. Persiýadan gelen bilen serhetden adam geçirip bolar.
- Düşnükli. Ýöne geljekleriň ählisi biziň işimize wepaly adamlarmy?
270
- Elbetde, wepaly. Gidere ýerimiz ýok. Ählimiziň takdyrymyz bir. Özüňize wepaly adamy goýuň ol öýde.
- Ol düşnükli. Wepaly, ynamdar adam goýlar. Howply tarapy bar. GPU bir adamyny ele salaýsa, gizlin öýüň nirededigi bigüman bilner.
- Agentleriň hersi Mihail Grýaznewiň egindeşleri. GPU-yň eline düşse, adam satanda-da, peýdasy degmez. Meselem, siziňkilerden biri tutulaýsa, sizi satmaz ahyryn. Şeýtse, özüne zyýan edýändigine düşüner-ä.
- Çärjewdäki prowokasiýa hakda eşidensiňiz-le - diýip, polkownigiň özi myhmana sowal berdi. - Pagtaçylaryň işi boýunça berk jogapkärçilige çekýärler.
- Daş gulakdan eşidipdim. Siziňkiler ýok dälmi ol ýerde?
- Men ilki ýokdur hasaplaýardym. Bize duýgudaşlyk edýänleriň gapjalany bar. Soňky döwürlerde gaty seresap bolmaly bolýarys. Artykmaç kişi bilen duşuşamzok. Işdeş
ýoldaşlaryň bilenem, köçede tanyşlar gabat gelende-de, salamlaşman diýen ýaly geçýäris. Şübhe döretmez ýaly.
- Basmaçylyk basyp ýatyrylaly bäri türkmenleriň keýpi niçik, näme gep-gürrüň bar?
- Bolşewiklere duşmançylykly garaýarlar - diýip, Hajymyrat gysgajyk jogap gaýtardy we özi sowal berdi. —Uruş barada näme diýýärler?
- Uruş golaýlaşýar barha - diýip, Degtýarýow ýapaşak eňen ýaly gürläp başlady. - Ilat kommunistleri ýigrenýär. Halkyň gazaby erbetdir...
- Men adres tapjak bolaýyn - diýip, uludan dem alan Hajymyrat myhmanyň sözüni böldi.
- Şäher içinde bolsa gowy. Dükanjyk ýa-da dellekhana açyp bolar ahyryn.
271
- Ertir adamlaryma duşup bilsem geňeşerin. Onsoň gepleşeris. Agşam geläýiň. Grýaznewiň edebiýatyna we hat alyşmaga degişli materiallary taýýarladym. Size gerekmi?
- Bular hakda soň gürleşeris. Häzir esasy mesele ýaşyryn öý.
Ertesi Degtýarewi polkownigiň özi garşy aldy. Otagda türkmençe ýazylan kagyzlar depe dolup ýatyrdy.
- Bir adamam tapyp bilmedim - diýip, polkownik
«Zarýanka» bada-bat jogap berdi we birigün, ýigrimi dokuzynjy martda gije on ikide gelmegi tabşyrdy.
Degtýarýow diýlenine boýun boldy. Birigün gapyny Abiýat hanym açdy. Hajymyrat ýene-de stoluň başynda türkmençe bir zatlar ýazyp otyrdy.
- Gaty iş köp. Öýe alyp gaýtmaly bolýar. Ertir dynç güni.
Men bolsa oturyp işlemeli. Indi üçünji dynç gündür, boş
wagtym ýok - diýip, polkownik söze zeýrençli başlasa-da, bada-bat işe geçdi. - Adamlaram umuman garşy däl. Kwartira meselesi çözülenok. Biriniň öýünde etmegi makul bildik.
Howpsuz ýerde bir öýi belledik. Ýöne heniz gepleşemzok.
- Gowy jaýmy? Şäheriň merkezindemi - diýip, ahyrsoňy hoş
habar eşiden Degtýarýow begenjini gizlejegem bolman sorady.
- Jaý oňat. Edil şäheriň merkezi bolmasa-da, parslar ýaşaýan böleginde.
- Goňşulary päsgel bermezmi?
- Biz muny nazara aldyk. Öý eýesine düşündirip aýtmaly.
Wezipesi näme?
- Biz haçan maslahatlaşyp bileris?
- Seresaplylygy elden bermek bolmaýar - diýip, Hajymyrat sowalyň ýerliksizdigini aňdyrmak isläp, myhmanyna biraz ýüzüni turşadyp äňetdi. - Men adamlara ýeke-ekeden duşýaryn.
Soňra ýene aýlanyp, olaryň näme karara gelendiklerini bilýärin.
272
Biziň guramamyzyň gizlin işleýşi şeýle. Birigün ol öýüň adresini berip bilerin.
- Bolýar - diýip, «Zarýanka» bada-bat ylalaşdy. - Indi çaltlaşyň. Üç aýdan bäri maýordan habar-hatyr alamzok.
- Bizem gyssanýarys - diýip, polkownik jogap berdi we rus nakylyny getirdi. - Jennete girmäge bizem begenýäris welin, ýaradan Hudaý goýberenok-da.
Myhmana birigün gije on ikide gelmegi sargady.
Degtýarýow diýlen güni gelse-de, polkownige duşup bilmedi.
Gapyny otuz ýaşlaryndaky gyrmyzy donly, gara gyýma balakly, silkme telpekli adam açdy. Garaşmagy mürähet etdi.
Polkownigiň kakasy öýdedi. Degtýarýow salamlaşdy.
- Saglygyňyz neneňsi? - diýdi.
- Hudaýa şükür, häzir gowy - diýip, Hojamyrat arçyn aýtdy.
Otaga Abiýat hanym geldi. Myhman ertir geljekdigini aýdyp eglenmän gaýtdy. Ertesi polkownik ýene öýünde tapylmady. Bir müň dokuz ýüz otuz üçünji ýylyň aprel aýynyň ikisinde gapyny Abiýat hanym açdy. Degtýarýowy öe goýberdi.
Wolodýa çilim otlanan badyna, Hajymyrat geldi.
- Bu gün ýene adamlaryň käbirine duşup bilmedim - diýip, polkownik düşündirdi. - Ýygnak diýdi, mejlis diýdi, el degenok.
Bagyşlaň, ertir sagat onda gelip bilermisiňiz?
- Alaç ýok. Gelmeli bolar. Ertir hemmesi çözüler diýen umydym bar.
- Men bilýän. Howlukýansyňyz.
- Elbetde. Iki hepde bäri diýen ýaly şu ýerde.
- Ertir ähli işi bitirjek bolaryn - diýip, polkownik söz berdi.
Otaga Abiýat hanym girdi.
- Gürrüňiňizi bölýändigim üçin meni bagyşlaň - diýip, Abiýat hanym Degtýarýowa ýüzlendi. - Adamymyň şu gün meniň kakamy soramaga gitmäge söz berendigini size aýtjak bolýaryn. Ýöne ol muny unudan bolara çemeli. Sizden haýyş
273
edýärin, gürrüňiňizi ertire geçirip bolmazmyka? Biz kakamy soramaga giderdik. Ol pahyryň zordan demi gelip-gidýär.
—Baş üstüne. Bada-bat aýdan bolsaňyzam bolardy ahbetin -
diýip, Degtýarýow eglenmän ugrady.
Bir müň dokuz ýüz otuz üçünji ýylyň üçünji aprelinde Hajymyrat sözünde tapyldy.
- Ýeri, siziň işleriňiz niçik? - diýip, polkownik gatnaý-gatnaý bizar-peteňi çykan Degtýarýow gapydan giren badyna sorady. -
Hemmesini bitirdiňizmi?
- Hawa, diňe adres bolsa bolany.
- Men sizi köp saklamaryn. Ine, adresi, siziň ozal maňa beren lentoçkaňyz esasynda adamlary kabul ederler - diýip, Hajymyrat Wolodýa adresi uzatdy. Eline galam-kagyz alyp, planyny çekip berdi. Nädip tapmalydygyny düşündirdi. - Ilki özüňiz barlap görüň.
- Şeýtsek, gowy bolardy.
- Krupskaýa köçesini syryp gidersiňiz. Soňra saga dönersiňiz
- Asman köçesine düşüp, 23-nji jaýy taparsyňyz. Çekinmän, gapydan göni giriň. Kim gabat gelse, Möjek Garlyýewi soraň.
Ony tapyp, «Gamçy» iberdi diýip, lentany görkeziň. Sizde ol lentoçka barmy?
- Anyk bilemok, bardy öýdýärin.
- Onda şuny beräeýin - diýip, Hajymyrat jübüsindäki gapjykdan lentany çykaryp uzatdy. - Alyň, edil şunuň ýaly bölegi onda-da bardyr.
- Ol jaýda başga kim ýaşaýar? - diýip, Degtýarýow lentany ýygşyryp bolup sorady.
- Hojaýynam biziň adamymyzdyr. Kim gabat gelse, Möjek Garlyýewiň ýanyna barýan diýiň. Boldugydyr şol. Özi sallah.
Jaýy iki otagly. Siziň adamyňyz otag gerek bolsa, arkaýyn birini eýeläp biler. Iki-üç günem eglense bolar.
274
- Gaty gowy - diýip, begenjine diriň-diriň bökmäge taýýar çaga kimin ýylgyryp, Degtýarýow polkownigiň elini gysdy. -
Minnetdar. Oňat meýilnama --plan düzüpsiňiz.
- Şäherde jaý krizisi bolansoň şeýle etmegi makul bildik.
- Ertir baryp görerin.
- Ertir Möjek öýde bolmaz. Oba gidýär. Birigün bäşden ýedä çenli baryp bilersiňiz. Gepleşip görüň.
- Rusça bilýärmi?
- Suw ýaly gürleýändir. Türkmençe we türkçe-de bilýär. Özi dymmarakdyr. Şonuň üçinem goýduk ony. Siziň adamlaryňyz gelende, «Gamçy» kim?» diýip, sorap durmasynlar.
- «Gamçy» parolymyz. Ony diňe men aýdaryn. Beýlekiler parolsyz bararlar. Lentany görkezerler. Lenta olaryň çep elinde penjeginiň ýa-da ýeňiniň iç ýüzüne tikilgi bolar.
- Bolar, şeýtsek, gowy bor.
- Ol sizi tananokmy?
- Gowy tanaýar meni. Ýöne siziň adamlaryňyza «Hiç kimi tanamok» diýer.
- Adresli mesele çözüldi - diýip, Degtýarýow göwnühoş
seslendi. -Telegrammanyň tekstini ýazyp alyň. «Aşgabat, ertir aňyrlygyna gidýärin, ýolda bolan wakalary hata ýazyp Kolýadan ibererin». Şu telegrammany Daşkende, özüňizdäki adrese iberiň. Ýagny Azatlyk köçesiniň 68-nji jaýyna A.W.B.
iberiň.
- Bu näme gerek? - diýip, Hajymyrat diýlen zatlary ýazyp bolansoň seslendi.
- Persiýadan adam gelende şeýle telegramma beriň. Men derrew düşünerin we Aşgabada gelerin.
- Bolýar.
275
- Ýene iki hepdeden ýa-da ondanam soňrak geler, adam gelse-de - diýip, «Zarýanka» polkownige sowal berdi. - Size ýene-de üç sany adres tapyň diýipdim.
- Aňyrdan adam gelýänçä oýlanaýyn. Häzirlikçe şular bilen oňuşyberiň.
- Bolýar. Ýaşyryn jaýa degişli sowal bar. Onam adam gelensoň, aragatnaşygyň ygtybarlydygyny göremizsoň çözeris-dä. Oňa deňiç maýora iberjek materiallaryňyzam taýýar bolar diýen ynamym bar.
- Hawa. Elbetde, hemmesini taýýar ederin.
- Bu sözleri eşidýändigime örän şat, hut şeýle-de bolar öýdýärin. Maňa sowalyňyz ýokmy?
- Ýok, tiz görşeris tamam bar.
- Işe yhlaslydygyňyza minnetdar. Gizlin duşuşyk öýüni gurap bilendigiňize ýürekden begenýärin. Ol öý biziň işimiz üçin hökman gerek.
- Ýoluňyz ak bolsun - diýip, myhmanynyň keýpiçaglygy özüne-de geçip ugran Hajymyrat şadyýan ýylgyryp hoşlaşdy.
Myhman köp gezeklerden bäri ilkinji ýola hoşal bolup gitdi.
«Zarýanka» ertesi Bunkowskiniň çagyran ýerine baryp, hemmesini gürrüň berdi. Ýaşyryn jaýa baryp görmekçidigini aýtdy. Bunkowskiý ony ikelläp goldady. Ýogsam GPU Möjegi eýýäm bir ýola synap görüpdi. Iňlisleriň jansyzy hökmünde çekistleriň birini iberdiler. Möjek Garlyýew ynamy ödedi.
Degtýarýowam baryp görse görsün, artykmaçlyk etmez. Maşada baranda özünde galan täsirleri gowy, janly gürrüň berer.
Çekistlere geregem şoldy
«Zarýanka» Asman köçesindäki gizlin jaýa bardy. Howluda bir aýal bardy. Ol aýal Möjek Garlyýewiň gapysyny görkezdi.
276
Orta boýly, uzyn gara saçlary arkan gaňtarylyp daralan, özüniňkä çalymdaş kiçijik iňlis murtly, göni burunly, ullakan gara gözli, çal köýnekli, galstukly, ýewropa biçüw jalbarly, jorapsyz aýagyna galoşy gowaldaň geýen Möjek myhmany garşy aldy. Degtýarýow oňa öz ýanyndan otuz iki ýaş berdi.
- Möjek Garlyýew sizmi?
- Hawa, men.
- Meni «Gamçy» iberdi.
- Sizde başga näme bar?
«Zarýanka» lentajygy görkezdi. Ol eline alyp barlap gördi.
Öe girdiler. Iki otagyň birinde onuň özi bolýardy, ikinjisinde agaç stol, ýol krowaty, iki sany stul bardy. Degtýarýow geljek adamlar barada aýtdy.
- Zerur bolaýsa, olar iki gün sizde galyp bilerlermi? - diýip sorady.
- Isleseler köprägem bolup bilerler. Ikisine-de ýer tapylar.
- Töwerek, howludakylar şübhelenmezlermi?
- Biynjalyk bolmaň. Myhman gelse, bizde köplenç ýatyp gidýär. Hiç kim zat diýenok.
- Bu gaty gowy. Siz bilen tanyşanyma begenýärin men.
Myhmansöerligiňizem örän ýagşy. Biziň adamlarymyzam şeýle kabul edersiňiz diýip tama edýärin.
- Mümkin boldugyça ähli zady ederin.
Möjek Garlyýew orta boýly, çypar myhmanyny ugradyp sagadyna seretdi. Agşam ýediň ýary bolup barýardy. Myhman ýigrimi minut çemesi oturypdy.
Ertesi Degtýarýow iş bitiren adam hökmünde razwedkaçynyň ugratmagynda Baýramala doganyny görmäge gitdi. GPU indi oňa doganyny görmäge rugsat etdi.
Degtýarýowyň dogany hakda ýaramaz material ýokdy.
WASILÝEW IGESINI SÜRTEÝÄR
277
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndan gelen hat Gorbunowyň keýpini aldy. Oňa YW-niň başlygynyň orunbasary Zalin, jogapkär işgärleri Popaşenko hemem Wasilýew gol çekipdirler. Ol hatda «Synag» operasiýasy”
Türkmenistan SSR GPU-nyň esasy işleriniň biri bolsa-da, oňa çynlakaý üns berilmeýändigi, paýhasly, oýlanyşykly çemeleşilmeýändigi, agentura pirimlerini, sazlaşykly hereketi guramakda gowuşgynsyzlyk edilýändigi gös-göni aýdylýardy.
Asyl hatyň özi göni igençli sözlerden başlanýardy.
Hajymyradyň kakasynyň tutulanyndan başlap, bir ýerde sähelçe säwlik bardyr çak etseler, ählisini sanap çykypdyrlar.
Çyndanam gahary gelen Gorbunow Bunkowskini ýanyna çagyryp, haty eline tutdurdy.
- Ýoldaş Wasilýew-ä ýene-de bize dişini çarhlap ugrapdyr -
diýip, haty okap jogap ýazmagy tabşyrdy. Gorbunow üç gol goýlanam bolsa, esasy taýýarlanyň Wasilýewdigini bilip durdy.
Içinden «Ol özünden başgalary tentek hasaplaýar» diýdi.
Zaliniňem goly bolansoň, pikirini daşyna çykarmady.
Kabinetine gelip, Bunkowskiý özüniň ozalky başlygynyň hatyny bir demde okap çykdy. Anyk faktlar punktma-punkt bellenipdi. «Zarýankany» köp egleýärsiňiz, biderek gatnadyp ýörsüňiz diýilýäni ugrunda bardy. Polkownigiň kakasyny görene göz edip, sürgüne ugratmak baradaky görkezmelerem ýerine ýetirilmändi, Bunkowskiý igençli hatda edilişi kimin, jogaby hem punktma-punkt, anyk ýazdy. Eglemän taýýarlan hatyny Gorbunowyň ýanyna eltdi.
- Ýeri, ýüklenen günäleri doly boýun aldyňmy ýa-da... -
diýip, birneme açylyşan başlyk ýylgyryp sorady.
- Biz bu ýerde gijeler ýatamzok. Wasilýew özünden başgalaryň ählisini akmak hasap edýär - diýip, Bunkowskiý ýaryldy. Ol Gorbunowyň diline getirip bilmän oturan sözlerini
278
aýdýardy. Respublikanyň GPU-nyň başlygy bolup otyrkaň, beýle sözleri aýtmak bolmaýardy.
- Ýeri-eri, birden gyzyberme welinim, «Zarýankany»
horlaýanyňyz dogry ahyryn - diýip, Bunkowskä garşy çykýan kimin gürledi.
- «Zarýanka» bir müň dokuz ýüz otuz üçünji ýylyň oktýabr aýýnda Maşada barýarka egleneni dogry, men komandirowkadan gelýänçäm, saklamak üçin oglanlar Hajymyrada dürli bahanalara duwlanyp, aýyň 24-ine çenli materiallary taýýar etmezligi tabşyrypdyrlar - diýip, Bunkowskiý birneme ýüregi düşüşen äheňde gürläp ugrady. -
Hersiniň aňyrsynda sebäbi bar. «Synag» operasiýasynyň örän möhümdigine menem, aýratyn bölümiň ähli işgärlerem gowy düşünýäris. Käbir tehniki säwlikler bolan bolmagy ähtimal, olaram aýratyn rol oýnan däldirler. Edilýän bellikleriň birnäçesini düýbünden ret edýärin. Prinsipial möhüm pursatlar baradaky bellikler bilen asla ylalaşmaýaryn.
- Meselem, haýsylary?
- «Zarýanka» iň soňky gezek Maşatdan sekizinji ýanwarda geldi. Siz ol baradaky habary aýyň on ikisine iberipsiňiz, onuna-da iberip bilerdiňiz diýýärler. Degtýarýow sütüni süýnüp, Aşgabada zordan özüni atypdyr. Ertesi ondan ony-muny soraşdyryp başladyk. Onsoň nädip, biz Daşkende maglumat berip bileris?
- Ýene näme?
- Ýolbeletleriň birini bize işlemäge yrandygymyzy ýazgarýarlar. «Synag» operasiýasynyň” puç bolmagyna,
«Zarýankanyň» üstüniň açylmagyna getirer diýilýär. Gaýtam tersine, biz ony öz tarapymyza çekmedik bolsak,
«Zarýankanyň» kimdigi aýan boljakdy - diýip, Bunkowskiý janykdy. -Iňlisleriň ýolbeletleriniň arasyna biziň ýene bir agentimiz goşuldy. Bu «Zarýankany» barlap görmäge ýene bir
279
mümkinçilik ahyryn. Beýleki ýagdaýlarda-da ulanyp bileris ony. Ýaşyryn öý baradaky igençlerem ýerliksiz. Maýor Hammer beýle wezipe goýmandy. «Zarýankanyň» özi inisiatiwa görkezdi, ýaşyryn jaý meselesinde. Siz muny gowy bilýärsiňiz ahyryn.
- Bilýän-bilýän - diýip, Gorbunow jogaby okamaga girişdi.
- Akyl öwret diýseň, iki paý berlen ýaly - diýip, Bunkowskiý henizem doly köşeşmändigini duýdurdy. - «Gaty sazlaşykly işläň, sähelçe hata goýberseňiz, bar azabymyzy puja çykararsyňyz» diýýär. Hamana biz hiç zada düşünmeýän töňňemişik.
GPU-yň başlygy okamasynyň arasyny kesmän gürledi.
Düýbünden başga hörpden gopdy.
- Aýdylýan zatlaryň dogrusy kän-le. Boýun almagymyz gerek - diýdi.
- «Synag» operasiýasyna” dahylly ähli zatlary wagtynda doly habar bermeli. Prinsipial ähmiýetli meselelerde bizden birugsat hereket edäýmäň. Öňünden ygtyýar soraň - diýip, Bunkowskiý hatdan setirleri gaýtalady. -Elimizi-aýagymyzy baglap goýjaklar-da. Jogap gelýänçä amatly pursatlar duşdan geçer. Wasilýewiňki düşnükli-le. Operasiýa üstünlikli tamamlansa, ähli abraýyny özüne aljak bolýar.
GPU-yň başlygy tabynlygyndaky işgäriniň soňky sözlerini içinden goldasa-da, dilinde başga zat diýdi.
- Umuman jogap gowy ýazylypdyr. OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynyň özüniňem käte gowuşgynsyzlyk edýändigini dogry belläpsiňiz - diýip, hatyň yzyna «Beýleki meselelerde siziň görkezmeleriňizi gyşarnyksyz ýerine ýetirmek we goldanmak üçin kabul etdik» diýip goşdy.
Käbir ýerlerini biraz ýumşatdy. Bunkowskiý jogaby gaýtadan maşynkadan geçip geldi. Ikisem gol çekip, bada-bat Daşkende ýolladylar.
280
Kän mahal geçmänkä, ol ýerden Hajymyradyň kakasyny Türkmenistanda galdyrmaga rugsat berýändiklerini tassyklap, resmi jogap iberdiler. Elbetde, arçyn birmahaldan bäri oglunyňkyda ýaşap ýördi. OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynyň rugsady şonda-da artykmaçlyk edenokdy. Ol jogaby polkownige görkezdiler. Çekistleriň özleri assyrynlykdan Hajymyradyň tanyşlarynyň kändigi, abraýynyň uludygy, kakasyny ölümden alyp galmagy başarandygy hakda il arasyna gürrüň ýaýratdylar. Bu gürrüňleriň bir ujy Maşada ýetip, polkownige ynamy berkitmelidi. GPU-çylaryň çaklamasy ugrunda ýogam däldi. Hajymyrat esasy figura öwrülýärdi.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndan
«Synag» operasiýasynyň” dartgynly häsiýete geçýändigi barada direktiwa gowuşdy. Onuň aşagynda ýene Wasilýewiňem goly bardy. Emma iňirdi, akyl satmak, göwnüetmezçilik äheňinden nam-nyşan ýokdy. Bunkowskiniň taýýarlan jogaby bu ýerde oturanlaryňam kellelerinde şygyrdy bardygyny aňdyran bolara çemeli. Gyssagly maýor Hammere we Grýaznewe Hajymyradyň adyndan hat taýýarlamalydy. Berilmeli maglumatlary iberipdiler. Öňkülere laýyklap ýazmalydy.
Daşkentden iňlisleriň jansyzy Baky Babahan gelýärdi. Ol polkownigiňkä barmakçy, oňa ýörite kod berip, maýora iberjek materiallaryny almakçydy. Baky Babahan özüniň ýygnan materiallaryny çemodana salyp äkidip barýardy. GPU-a ol materiallar doly mälimdi. Baky ýaşyryn öe, Möjek Garlyýewiňkä baryp, gelendigini mälim etjekdi. Oňa bu adresi çekistleriň tabşyrmagy boýunça Degtýarýow beripdi. Baky Babahan Aşgabatda birki hepde bolup, serhediň aňyrsyndan ýolbelediň gelerine garaşmakçydy. Gelmese, ýeke özi gitmekçidi. Grýaznewe haty matanyň ýüzüne öňki şifri ulanyp
281
ýazmalydy. Maýora haty Bakynyň berjek koduna geçirmelidi.
Baky kod bermese, «Izwestiýa» ýa-da «Turkmenskaýa iskra»
gazetini ulanyp, gizlin ýazgy etmelidi.
Direktiwada Bakynyň myhman bolmagy mümkin ýerleri sanalýardy. Ýolbelet bolsa ýa-ha Möjegiň ýanyna gelmelidi, ýa-da Behaileriň metjidiniň ýanynda garaşmalydy. Bunkowskini alada goýan zat başgady. Juda zerurlyk döremese, Bakynyň yzyna düşmek bolmaýardy. Daşyndan gözegçilik etmän, onuň ýerine Baky Babahany hiç kimiň saklamazlygynyň we tussag etmezliginiň alajyny görmelidi. Hökman Maşada dolanyp barmagyny gazanmalydy. Ele salnaýsa, GPU köp zat ýitirjekdi, gymmatly jansyzlarynyň üsti açylyp, operasiýalar şowsuz tamamlanjakdy.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasy diňe içerki gözegçilik etmegi tabşyrýardy. Bu aňsat däldi. Baky Babahanyň garyndaşlarynyň, tanyşlarynyň, iň bolmanda onuň myhman ýeriniň janyny ynanýan adamlaryny tapyp, GPU-a işlemäge razy etmelidi. Ýogsamam dürli ýollar ulanyp, öz jansyzyňy olaryň arasyna goşmalydy. Özem iňňän tejribeli adam gerekdi. Baky Gäwersde ýa-da Aksuwda, belki, Büzmeýinde otludan düşmelidi. Nireden düşse-de geljek ýeri mälimdi. Mesele ony nädip göz astyndan sypdyrmaly däldigi baradady. Bunkowskiý bu meselede birneme kelle döwmeli boljakdygyny aňýardy. Telegraf arkaly direktiwany alandyklaryny tassyklaýan habary Daşkende iberip, ol öz jansyzlaryny ýeke-eke hyýalynda gözden geçirmäge başlady.
BABAHANYŇ OGLY
Karl Libkneht köçesini syryp, maýdalyna ýöräp gelýän Hajymyrat köçäniň adynyň golaýda täzelenendigini ýadyna saldy. Ozal Kerpiç köçesi diýilýärdi. Orta ýaşlaryndaky, pesräk
282
boýly, türkmençe geýnen zenanyň öz deňine ýetip, aýak çekendigini gören polkownik ony tanajak bolup başyny galdyrdy. Ol aýal Hajymyradyň familiýasyny we nirede işleýändigini sorady.
- Familiýama Hojamyradow diýýärler. Ol size nämä gerek?
- Mende size gowşurmaly hat bar.
- «Türkmengarakölde» işleýärin. Her gün 10-dan 4-e çenli işde men.
- Işiňize barmaýyn. Sizi tanadym. Haty gowşuraryn - diýip, ol aýal çalt arany açdy. Ertesi şol köçeden öe gelýärkä, ol aýal ýene peýda boldy. Gapjygyndan çykaryp, haty berdi. Olar ertesi agşam sagat onda Pionerler klubynyň ýanynda duşuşyp gepleşmegi şertleşdiler. Partiýa mekdebinde okaýandygyny, agşam okuwdan çykandygyny, basym komandirowka gitmelidigini, şoňa çenli gürleşmek isleýändigini aýdyp, ol aýal gök bazaryna girip gitdi. Hajymyrat Karl Libkneht köçesinden sowulman ýoluny dowam etdi. Ertesi Pionerler klubynyň ýanyna diýlen wagtda bardy. Klub ozal buthanady. Esli salym gezim etdi. Hiç kim gelmedi. Ol zenan ertesi ýene-de işden gelýärkä, şol köçede polkownigiň öňünden çykdy. Birinji Maý köçesine deňiç bile ýörediler. Stawropol köçesiniň burçunda durup gepleşdiler.
- Haty okap, hiç zada düşünmedim. Sizi kim iberdi - diýip, saglyk-amanlyk soraşylansoň, Hajymyrat sorady.
- Men alili gyzy, Kakadan. Adym Ogulaý. Sizi gowy tanaýaryn.
- Iberen kim sizi?
- Mende şertli bellik bar. «Gamçydan» alnan bellik. Öýde galdyrypdyryn ony.
«Gamçy» sözi agzalanda polkownigiň ugry bolmady. Ýüzi-gözi gamaşdy. Bu ýagdaýy duýdurmazlyga çalşyp, öňki sowalyny gaýtalady:
283
- Kim siz?
- Özüm aýalam bolsam, bir erkegiň duran ýerine duraryn -
diýip, polkownigiň keýpiniň bozulmasyna özüçe düşünen Ogulaý pert-pert gürledi. - Eger ölmeli bolsa «Wah» diýmän jan bererin, ýöne hiç kişini satmaryn. Siziň ýanyňyza iberen adam bolsa, meniň süýtdeş doganym diýsemem boljak, öz elim bilen ulaltdym. Persiýa gaçyp gideninden bihabardym. Soň eşidip, näumyt bolup ýördüm. Mazaly golaýda geläýdi. Seni görmek isledi. Arman, men duşuryp bilmedim. Häzir gitdi, mart aýynyň ahyrlaryna ýene geljek.
Hajymyrat Ogulaýy biraz öýkeledendigini aňyp, onuň gürrüňiniň arasyny bölmän diňledi.
- Oňa Baky Babahan diýýärler - Ogulaý birsalym dymyp, ýene dowam etdi. - Meni iberenem şol, indiki gelende, hut size material getirjek. Özi elin gowşurjak. Men aralykçy bolup, sizi tanyşdyraryn.
- Tanyş at öz-ä - diýip, polkownik ýadyna saljak bolýan kimin oýlandy. -Hakydama gelenok-da.
- Baky sizi tanaýar, öň narkomprosda işleýärdi.
Degtýarýowyň Baky hakda aýdany güpbe ýadyna düşen polkownik:
- Ah, ol Babahanyň oglumy - diýen boldy. - Men ony gowy tanaýan. Bolýar-da. Baky gelende, biz Karl Libknehtdir Swoboda köçeleriniň burçunda duşuşaýarys. Agşam 6-7-lerde.
Niçik görýäňiz?
- Gepleşdik hasap edeliň - diýip, Ogulaý zaýom ýaýratmaga komandirowka ugraýandygyny, düýn gitmeli bolsa-da, polkownik bilen duşuşyp bilmäni üçin agşamky otludan galandygyny gürrüň berdi. Bakynyň diýýän gizlin hat ýazylýan dermanyny gözläp tapmandygyny aýtdy.
284
- Mende bar. Juda zerur bolsa bererin - diýip, Hajymyrat aýtdy.
Komandirowkadan gelen badyna, Ogulaý polkownige Bakynyň iberen hatyny getirip berdi.
- Men sizi bir garyndaşym bilen tanyşdyraýyn, ol Baky ikiňizi duşurar - diýip, Ogulaý aýtdy.
- Men razy. Ýöne garyndaşyňyza aýdyň, meniň bilen gepleşjek bolmasyn. Daşymdan tanasyn. Siz meni ýöne tanyşyňyz hökmünde görkezäýiň. Agşam Swobodadyr Kerpiç köçesiniň burçuna geläýiň -diýip, Hajymyrat endik boýunça Karl Libkneht köçesiniň öňki adyny tutdy. Diýlen wagtda üçüsem geldi. Ogulaý garyndaşynyň haly soýuzynyň garawuly bolup işleýändigini, Mämmet Bekiýew diýilýändigini aýtdy.
Polkownikdir Ogulaý ýene bäş-üç agyz gürleşdiler. Hajymyrat işe barmalydygyny bahanalap gaýtdy.
- Men Kustsoýuzdan işden çykyp, narkomzdrawa geçdim.
Nyýazlyýew çagyrdy. Çagalar baglarynyň ugrundan işleýärin -
diýip, Ogulaý Bekiýewa hoşlaşanlarynda aýtdy.
Şondan on gün çemesi geçensoň, tomus gijeleriniň birinde, terjime edip otyrka, giçlik Baky Babahan Hajymyratlaryň gapysyny kakdy. Öe girmedi. Gapyň iç ýüzünde durup, polkownigi çagyrdy. Ýewropa biçüw kostýumly ýaş adam oňa özüniň Baky Babahandygyny aýtdy. Degtýarýowyň iberen hatjagazyny berdi. Gizlin syýa ulanyp ýazylandy. Duşuşyk ýerini we wagtyny bellemegi haýyş etdi.
Ertesi agşam Hajymyratlarda çaý başynda gürleşdiler.
Maşatdan öňräk gelendigini, polkownigiň tutulmandygyny anyklandygyny aýtdy. Maşatda tussag edilen türkmenler hakda eşidipdiler. Uly ýolbaşçylar we Mirbadalyýew Hajymyrat ele
285
düşendir öýdüp alada galypdylar. Baky polkownigiň sag-amandygy barada Maşada hat iberip, özi iş bilen gidipdi. Tussag edilenlerden Seýitjemal Gafurow ikisiniň narkomprosda bile işländigini, ony günäkär däldir hasap edýändigini Baky gizläp durmady.
- Seresap bol. Işlemek gaty kyn - diýip, Hajymyrat sargady.
- Özüm başdan geçirdim - diýip, Baky ýüreginden syzdyryp gürledi. -Jan çekeniň biderekdir. Barybir ynanmazlar.
Elmydama iňňäň üstünde oturan ýalysyň. Şeýle bolansoň, Öwezbaýewe geňeşip, Atabaýewiň adyna arza ýazdym.
Öwezbaýew okap, talyplaryň arasynda şeýle düşbüleriniň bardygyna geň galandygyny aýtdy. Menem özümiň ýüz prosent sowet talyby däldigimi aýtdym. Narkomprosda meniň esasy maslahatçym Öwezbaýewdi. Başlangyç bilimi alyp, Moskwanyň eteginde magaryf öýünde Ýomudskiniň elinde okadym. Soň gowy işe-de ýerleşdim. Ýagdaýym erbedem däldi.
Ezişe, edilýän zuluma çydap bilmedim. Persiýa gidip gizlendim.
Gürrüň arasynda Baky özüniň etmeli işini gürrüň berdi.
Radioustanowka üçin ýer gözlemelidi. Daşkendiň aňyrsyndan radioustanowka üçin ýer belläpdiler. Radio boýunça yzygiderli gepleşik berip ugrajakdylar. Merwdäki merkezi uzel päsgelçilik döreder, radionyň sesini ýörite eşidilmez ýaly ederler hasaplaýardy.
Maýor Hammer Maşatdan gidip, ýerine başga maýor gelipdi.
Baky maýoryň familiýasyny bilenokdy. Angliýanyň tanymal adamlarynyň arasyndan çykanmyşyn. Maýoram, Mirbadalyýewem Hajymyrada salam iberipdiler. Hajymyrat salam iberenlere-de, getirene-de hoşallyk bildirdi.
Myhman täze şifr berdi, nädip ulanmalydygyny düşündirdi.
- Degtýarýow gaty tutanerli ýaşyryn öý gerek diýse-de, ony ulananoklar -diýip, polkownik gürrüňi gerekli ugra gönükdirdi.
286
- Biz gorkýandygymyzy gizlämzok. Gözsüz batyrlykdan peýda ýok. Şu işe täze adam goşmaň. Ogulaýyň meniň ýanyma gelşi, heý-de, boljak zatmy?
- Bagyşlaň - diýip, Baky ötünç sorady. - Meniň eneligim erkek kişiden kemgaýrat däldir. Ol köp zat bilenok. Indi seresap bolaryn.
- Bilimsiz, düşünjesiz türkmen aýalyna, heý-de, beýle işi ynanyp bolarmy?—diýip, - Polkownik az-kem gatyrgandy. -
Ogulaý meni ýöne tanyşym diýsin. Sähelçe bir zat bolaýsa, ählimizi heläk ederler.
Polkownik biraz dymyp, ýene dowam etdi:
- Degtýarýow türkmenlere ynananok, sebäbi bizi tananok.
Ýaşyryn öýem diňe ätiýaç üçin edindi öýdýän.
- Indi türkmençilik galmady – diýip, Baky ýürekden zeýrendi. - Türkmenler ählisinden ozdurdy.
- Ýaşyryn öý gaty ynamly. Aňjak adam bolmaz. Ýöne Möjek Garlyýew «Hajymyrady tanamok» diýäýse, geň galmaň.
Gaharlanmaňam. Tabşyrylyşy şeýledir.
Myhman ýarym gijä golaýlaberende gaýtdy. Ylalaşyşlary kimin ara bir gün salyp geldi. Baky Möjegiň kimdigini öwran-öwran sorady, hat iberiljek adresler-- salgylar bilenem ýiti gyzyklandy. Polkownik şifriň iňňän çylşyrymlydygyndan zeýrendi. Bu gezek ýetişmejekdigini, gurultaý golaýlaşýandygyny, özüniň şoňa gatnaşmalydygyny bahanalady. Materiallary gizlin syýa ulanyp ýazjakdygyny, şifre geçirmäge fiziki taýdan ýetişmejekdigini aýtdy. Baky razylaşdy.
Özüniň Ogulaýlarda ýaşandygyny, indi üsti açylyp, başga ýere göçendigini habar berdi. Diňe gijelerine çykýardy. Nirede bolýandygyny aýtmady. Polkownik seresaply sorady. Emma Baky diplomatlar kimin ýeserlik edip, sowaly jogapsyz galdyrdy.
287
- Materialy gizlin öýde goýsaňam bolar. Möjek partiýa agzasy, hiç kim güman etmez, bilmezem - diýip, Hajymyrat aýtdy. - Gizlemäge aýratyn otag bar. Seresaplylyk hiç haçan artykmaçlyk etmez.
Baky razylaşdy. Gije eltjekdigini aýtdy. «Möjek sagat onlarda daş işikde bolsun» diýdi. Polkownik myhmana arap grafikasynda ýazyp hatjagaz berdi: «Möjege görkezersiň» diýdi.
- Ýolbelet aňyrdan gelmese, material äkitmegi bu ýerdäki ýolbeletlere ynanasym gelenok - diýip, Baky çynyny aýtdy.
- Aňyrda emigrant türkmenleriň ýaşaýşy neneň?
- Parslar olara ýaramaz ýerleri berýärler. Özleri ýaşamaýan ýerlerini.
«Dagy näme il saňa özüniň gowy ýerini berer öýdýäňmi?
Özünden artygyny berer-dä» diýip, polkownik içinden oýlandy.
Sesini çykarman gulak saldy.
- Maýor ikimiz gepleşip, Milletler Ligasydyr iňlis häkimiýetlerine raport düzdük. Ryza şaha-da hat ýazdyk. Jogap gelen bolsa gerek. Ýogsam türkmenler Watana gaýtmaga meýilli. Persiýadaky kynçylyklara döz gelenden, ata Watanda jan beren ýagşy hasaplaýarlar. Maýor ikimiz gubernatora ýagdaýy aýtdyk. Ýer, suw ýaramaz, türkmenler keselden ölýärler diýdim gubernatora. Suw içseň keselleýärsiň.
Çeşmeden bir bulgur suw getirip, iň sagat adama beriň, içi geçip, üşüdip-gyzdyryp ugramasa ýalançy boldugym diýdim.
Gubernator çäre görmegi söz berdi.
Baky üçünji gaýta gelende, Hajymyrada tanşynyňkyda ýaşaýandygyny aýtdy. Gündiz krowatdyr diwaryň arasynda ýatyp geçirýärdi. Krowatyň üstüne ýük galdyrýardylar. Günde iki gezek nahar berýärdiler. Çaý-nahary krowatyň aşagyna sokýardylar. Baky alyp iýýärdi. «Şu gahatçylykda iki gaýta gyzgyn nahar berýän bolsalar, seniň-ä günüň çaga pişigiňki ýaly ekeni». Polkownik içki pikirini daşyna çykarmady. Bir müň
288
dokuz ýüz otuz ikinji ýylda güzeran ýeňil däldi. Baky Babahan Möjege göwnüniň ýetendigini gürrüň berdi. Ol gizlin öe baryp görüpdi.
- Möjegiňkä Daşkentden Baholdin diýen biri gelipdir.
Degtýarýow hat berip goýberipdir - diýip, polkownik aýtdy.
- Uzyn boýly, saryýagyz adammy? - diýip, myhman janlandy.
- Bilmedim. Men özüni göremok. Gelenini habar berdiler.
Gurultaý sebäpli zada elim degenok. Onsoňam kän adam bilen görüşmejek bolýaryn.
- Daşkentden radist gelmelidi. Şol bolaýmasyn - diýip, Baky başga hiç zat aýtmady. Gürrüňiň ugur-hörpüni üýtgetdi.
Aşgabatda tipografiýa gurup, listowka taýýarlamakçydygyny aýtdy. «Guramaňyzdakylara sala salyp gör» diýdi. Haýsydyr bir Alty Ataýew diýen işçi hakda gürrüň berdi. Önümçilikde zyýankeşlik etmäge höwesjeňdigini, ynamdar adamdygyny, Möjek ikisini tanyşdyrmak isleýändigini aýtdy.
Babahanyň ogly Hajymyratlara soňam geldi. Bolýan ýeriniň balkonynda şäher sowetiniň jogapkär işgärleri içhä-içlik gurandyklary zerarly agşam öýden çykyp bilmändi. Möjegiňkä materiallary eltip bolmandy. Öý eýesine balkona goýlan lampoçkany döwmegi tabşyryp gaýdypdy. Polkownik gizlin syýany ulanyp, iki gezek hat ýazandygyny, netije çykmandygyny aýtdy. Türkmenistanyň yssysynda hatyň öz-özi mese-mälim ýüze çykyp, okabermeli bolaýýardy.
- Täze şifrde ýazaryn. Ýalňyşmagym mümkin welin nätjek-dä - diýip, Hajymyrat başga alaç galmandygyny duýdurdy.
Baky üns berip ýazmagy haýyş etdi.
BAHOLDINE NÄME BOLDUKA?
289
Aşgabatda Baky Babahandyr ülpetlerine içerki gözegçiligi guramak kyn düşmedi. Bunkowskiniň «Möý» lakamly agenti Ogulaýy hem, Bakynam tanaýan eken. «Möý» aňsatja olaryň içine goşulyp gitdi. Tejribeli agentdi, ozal gizlin gurama döredilendigi barada GPU-a maglumat düşende, jan edip işläpdi. Düşbüdi. Çekistleriň näme isleýändigini ýaňzydyldygy bes, aňýardy. Haýsydyr bir bolmadyk gizlin gurama barada GPU-a ýazmaça signallar iberipdi. Özüni şol guramanyň agzasy hökmünde görkezip, käbir adamlary yrmagam başarypdy.
Myhman otludan düşüp, paýtunly Ogulaýlara bardy. Ogulaý komandirowkadady. Baky ondan göni Alty Ataýewlere gitdi.
Şolarda ýaşady. Ýaşyryn öe, Möjegiň ýanyna-da Alty bilen bardy. Ýöne Alty içerik girmän, daşarda garaşdy. Möjek Bakyny ugradanda, garaňkyda biriniň durandygyny saýgarypdy.
«Möý» bolsa Baky Babahanyň Aşgabatda işleýärkä, kimler bilen gowy gatnaşykda bolandygyny Bunkowskä ýekän-ekän aýdyp berdi. Ogulaýyň Baka tussag edilenler barada aýdandygy hem mälim boldy. Ogulaý partaktiwiň ýygnagyna gatnaşypdy.
Ýygnakda bolşewikler partiýasynyň MK-nyň birinji sekretary Popokdyr beýleki ýolbaşçylar halk duşmanlary hakda çykyş
edipdiler. Bunkowskiý ygtyýarly wekilhana geňeşip, Hajymyradyň hatlaryna tussag edilenleriň kimlerdigini gizlemän ýazdy.
Aragatnaşykçy Baholdin iýul aýynyň ortalaryna Aşgabada geldi. Möjek ondan köp zatlary sorap bildi. Möjege «Söwdagär»
diýip lakam berdiler. 25 ýaşlaryndaky, kellesi syrylgy, göwşüllän penjekli, gök jalbarly, aýagy ak kendir köwüşli, başy begres papakly Baholdin ölümiň öýünde özüni ýaşyryn jaýa atdy. Serhetden geçip otla münse-de, Änewde düşüpdi.
Aýaklary gan-gabarçakdy. Aşgabatda ejesi ýaşaýardy. Çärjewde
290
garyndaşlary bardy. Üç aý ozal Persiýa gaçyp gidipdi. Maşatda elektrostansiýada işledi. Tährandaky uýasynyň adamsam şu kärdedi. Şu gezek SSSR-e giýewsi Adolf gaýtmalydy. Ony bolşewikler yzarlaýandygyna görä, Baholdin ýola düşüpdi.
Baholdin Persiýada tirýege garşy göreş yglan edilendigini aýdyp:
- SSSR-de kolhoz gurmakda «Bir ädim yza çekilmeli»
diýleni dogrumy? -diýip sorady. Möjege Daşkende çenli otla bilet almaga ýüz manat pul berdi. Daşkentde biriniň näme pişe edýändigini anyklamalydy. Hamala, sowet häkimiýeti ony Hindistana gozgalaň turuzmaga iberjek bolýarmyşyn. Baholdin agşam garyndaşlarynyňkyda ýatdy, soň «Söwdagäriň» äberen biledini alyp, Daşkende gitdi. Ugramanka «Siziň hatyňyzy men 15-nji iýulda aldym» diýip ýazdy we bukja salyp, haty Maşada poçtadan ýörite ibermegi «Söwdagäre» tabşyrdy. Munuň özi Baholdiniň bilet alandygyny aňladýardy.
On gün çemesi möhlet geçirip, Baholdin yzyna geldi. Suw göterer ýaly mytara satyn almagy haýyş etdi. Eglenmäge wagt ýokdugyny aýtdy. Möjek Baky ikisini duşurdy. Ýolbelet gözlediler. Tapmansoňlar ikisi ýola düşmekçi boldular.
Hajymyradyň adyndan ýazylmaly hatlar taýýar däldi. Möjek olary ýene bir gün egledi. «Polkownigi görüp bilmedim. Özüm tapamok. Biriniň üstünden habarlaşýaryn» diýdi. Gije dokuzlarda Möjek materiallary getirip Baka berdi. Baky materiallary açman, şol durşuna jübüsine saldy.
Persiýadan öz adamyny iberjekdigini, munuň onuň sag-aman barandygyny aňlatjakdygyny aýdyp, «Gamça» habar etmegi haýyş etdi. «Goý, olam türkmen aýala şeýle diýsin» diýdi.
Möjek artykmaç sowal bermeli däldigini bilýärdi. Ol aýalyň kimdigini soraman, myhmanlary ugratdy.
291
Bunkowskiý Baky Babahan dagynyň serhede tarap ugran habaryny alyp, biraz ynjaldy. Dogrusy olary irräk ýola salmagam boljakdy. Täze şifri özleşdirmek ýeňil düşmändi.
Göze görünmeýän syýa arkaly ýazmak karar edildi. Soňam täze şifr berlip, olam ulanylmasa, iňlislerde şübhe döräp güman edildi. Hatyň teksti taýýar bolup barýarka-da, Ogulaýyň Baka tussag etmeler hakda aýdandygy bilindi. Hatda ýazylanydyr Bakynyň eşideni deň gelmese, ählisi puja çykjakdy. Hatyň tekstine düzediş girizmeli boldy.
«Jenap maýor!
«Ogonýogyň» kitapjygyna ýazylan hatlary, lentajygy, 2000
manat puly Degt.-den ýanwarda aldym. Kömek berendigiňiz üçin minnetdar - puly umumy maksada harç etdim. Şunça mahallap siz bilen aragatnaşyk bolmady, indi jikme-jik ýazýaryn.
Şu ýylyň martynda Türkmenistanda, esasanam Aşgabatda, Tejende we Merwde uçdantutma, köpçülikleýin tussag etmeklik geçirildi. Köplenç türkmen intelligensiýasynyň has ösen, iň gowy adamlary, şol sanda kommunistlerem gysaja salyndy.
Oraz Serdaryň ýanynda duşmanlaryň garşysyna göreşen, soňky wagtlarda Türkmenistanyň Döwlet plan komitetinde işlän, podpolkownik Öwezbaýew; general Denikiniň stawkasynda Zakaspiniň delegaty bolan, bir döwürde magaryf komissary bolan Böriýew; tekeleriň içinde tanymal adam Emirhoja Berdiýewiň ogly, Funtikowyň hökümetiniň agzasy bolan, soňky wagtlarda kredit kooperasiýasynyň prawleniýesiniň agzasy Kakajan Berdiýew; Emirhojanyň özem tutuldy; Kakajanyň dogany, onuň özi ýaly Zakaspiý hökümetiniň agzasy bolan, Magaryf komissarlygynyň bölüm naçalnigi Bekki Berdiýew;
292
tanymal türkmen şahyry Garaja Burunow, Magaryf komissary bolan, soňky döwürde Aşgabatda institutyň direktory Bäşim Pereňliýew; kakasy Zakaspi hökümetiniň agzasy bolan, özi meşhurlyga ýeten şahyr Molla Berdi Kerbabaýew; Buhara emiriniň emeldary-- çinownigi, ispolkomyň başlygy bolan Muhammethoja Rahmanow; Zakaspi frontunda duşmanlara garşy göreşen, söwda komissary bolan, bir döwürde türkmen komissarlarynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiren Akmyrat Orazow; kakasy ýomutlaryň tanalýan hany, özi türkmen belletristi Aşyr Kyýathanow; Zakaspi frontuna gatnaşan tanymal Maksum Berdiýewiň ogly, Türkiýede bilim alan, edebiýat bilen meşgullanan Abdyllahojam Berdiýew; onuň özi ýaly edebiýatçy dogany Sadyk we beýlekiler olaryň has görnüklileridir. Jemi 30-dan gowrak adam tussag edildi.
Mendäki maglumatlara görä, gozgalaňçylar bilen gatnaşykda bolandyklary, sowet häkimiýetine garşy işjeň hereket, iňlisler bilen gatnaşyk edendikleri barada günä bildirilip tussag etmeler geçirilipdir. Gazamada salnanlaryň arasynda ynançlary boýunça bize ýararly, aýgytly pursatda peýda berip biljek adamlar bardy.
Dilini saklap bilmez öýdendigimiz we ganygyzgyndyklary zerarly biz olary ýanymyza işe gatyşdyrman ýördük. Meniň pikirimçe, kommunistler geçen ýyl obada öç almalary geçirdiler, bu ýyl ony şäherde gaýtalamak isleýärler. Meniň hut özümdir pikirdeşlerim sag-salamat. Howsalaly gezekleri kän başdan geçirdik, haçan biziň üstümizden düşülerkä diýip garaşdyk. Daşymdan göräýmäge özümi «ygrarly» alyp barýandygym häzirlikçe meni halas edýär. Geçen ýylyň oktýabrynda, Bäherden raýonynda kakamy tutanlarynda alada etdim. Sandan galan, 65 ýaşly garryny gozgalaňçylara duýgudaşlyk bildirmekde günälediler. Alty aý oturdy, diňe ýaşynyň bir çene barandygy, onsoňam meniň türkmen
293
işgärlerini görüp, eden aladalarym türmeden çykmaga ýardam etdi.
Özümiň hem-de adamlarymyň işi wagtlaýynça gowşatmagymyza tutha-tutluklar sebäp boldy.
Meniň iň soňky sapar hat ýollalym bäri geçen döwürde gozgalaňçylyk hereketi biziň haýrymyza gitmedi. Uly harby güýçleri çekip, bolşewikler gozgalaňçylary ownuk toparlara dargatdylar we gazaply öç aldylar. Olaryň bir bölegi, gözsüz batyrlygy arkaly tanalýan, otlulary agdaran Tagy Berdiýew bilen ýomutlar Etregiň aňyrsyndan Persiýa ötdüler.
Bir böleginiň täleýi ters geldi. Jüneýidiň batyrlarynyň biri Annaguly gozgalaňçylaryň 400-e golaý maşgalasyny Owganystana geçirmekçi boldy, ýöne serhediň golaýynda gabawa düşdi, özi we 400-e golaý jigidi, maşgalalarynyň uly ýaşlylary öldürildi. Maşgalalarynyň ählisi ele salyndy. Diňe birnäçe adama sypmak başartdy. Daşhowuz raýonynyň baştutany Ahmet Bek gumuň içinde medeni ýerlerden gaçan aýry-aýry gozgalaňçylary birleşdirdi, ýöne beýlekileriň kysmaty onuňam başyna geldi. Ençeme söweşlerden soň maşgalalaryny aldyrdy, 300-e golaý wepaly nökerleri gurban boldy. Indem sähelçe adam bolup gumuň içinde gizlenip ýörler. Umuman gozgalaňçylaryň derbi-dagyn edilmegi ilatyň gözüniň oduny alypdyr, gazaply temmi berlerinden çekinip, çozuşlyklardan sypyp, diri galan aýry-aýry ownuk toparlara göwünjeň ýardam edenok, onsoň maňa we meniň dostlaryma indi ähli zat gutardy hasap edýän ejizleriň ruhdan düşmezligini gazanmak aňsat bolanok. Harby bölümler hakda size ozal iberen maglumatlarymyň üstüne şu aşakdakylary ýygnamak başartdy.
10. Ýerli milletden bolan adamlar, şol sanda türkmenlerem Gyzyl Goşuna çagyrylýar. Türkmenistanyň Merkezi Ispolkomynyň kararyny iberýärin, ol sizi gyzyklandyrar.
Türkmenleri galapyn atly goşuna iberýärler. Maňa mälim
294
bolşuna görä, milli birikmeleri giňeltmek meýli bar. Ýerli milletlerden komanda sostawynyň üpjün däldigini esasy bökdençlikleriň biri hasaplamak bolar, ýöne wagt geçdigisaýyn ol ýetmezçilik düzediler, Daşkentdäki harby mekdebiň Türküstanda ýaşaýan milletlerden komandir taýýarlaýşy düýbünden üstünliksiz diýip bolmaz.
Demirýol ulagynda işler şowuna däl. Otlularyň, şol sanda ýolagçy otlularynyňam köpelýändigine garamazdan, işiň hötdesinden gelenok. Suwsuz işleýän teplowozlar her niçigem bolsa uly itergi berdi. Otlularyň raspisaniýesini iberýärin, şondan otlularyň çaltlygyny bilip bilersiňiz. Ýolda suwuň uly ähmiýeti bar. Şoňa görä-de Krasnowodsk -Çärjew aralygynda ýoluň suw üpjünçiligi hakda anyk durup geçýärin. Bu uçastok demirýol stansiýalaryndaky suw saklaýan desgalara suwuň mehaniki usulda getirilişine we ýaplardan, çeşmelerden akyp gelşine laýyklykda punktlara bölünendir. Mehaniki usulda suw getirilýän uçastoklaryň birnäçesiniň özünde suw ýok, ol ýere beýleki punktlardan sisternalarda-- çeleklerde getirilýär.
Stansiýalaryň suw üpjünçiligi şunuň deýin: Krasnowodsk stansiýasy - suwy sarp edilişine görä Bakuwdan, hatda Çärjewdenem getirýärler. Mundan başga deňiz suwuny süýjediji bar, öndürijiligi gije-gündizde 80-90 kub metr; Bölek stansiýasy - suwy Gyzylarbatdan getirýär, özünde ýok; Jebel stansiýasy - dag çeşmeleri we az-kem suwy Gyzylarbatdan getirýärler; Isgender we Gazanjyk stansiýalary -
dag çeşmeleri, Gyzylarbat stansiýasy - çeşme-bulaklar; Bamy stansiýasy -suwaryş ýaby; Arçman stansiýasy - käriz; Bäherden, Kelete we Gökdepe -suwaryş ýaplary; Büzmeýin stansiýasy -
dag çeşmeleri; Poltorask (Aşgabat) stansiýasy - käriz; şäher hem kärizden üpjün edilýär, az-owlak suw Çärjewden getirilýär; Gäwers stansiýasy- dag çeşmesi; Artyk stansiýasy - dag
295
çeşmesi, gözbaşy Persiýada; Kaka stansiýasy -käriz, bu ýerde ony giňeltmek işi geçirilýär; Duşak-dag çeşmesi, gözbaşy Persiýada; Tejen stansiýasy - Bowşin suw howdany. Tejen derýasynyň suwundan doldurylýar; Garybata stansiýasy -
Murgap derýasynyň sistemasyndan gaýdýan ýap; Merw stansiýasy - Murgap derýasy; Baýramaly stansiýasy - ýap; Üçajy stansiýasy - suw Baýramalydan getirilýär, özünde ýok; Repetek stansiýasy - onuňam özünde suw ýok, Çärjewden getirilýär. Bu punktlardan Krasnowodskide, Baýramalyda, Poltoraskide, Tejende, Garybatada, Merwde, Üçajyda, Repetekde we Çärjewde suw mehaniki usulda alynýar, galan puntklaryň ählisinde suw öz akymynyň güýjüne barýar.
Öz wagtynda men Degt. üç sany adres-- salgy beripdim: Annagurdow indi Maşatda däl, Aşgabatda işleýär, onuň täze adresi: Aşgabat, Magaryf işgärleriniň öýi, gaýybana institut; Bally Gylyçdurdy başga ýere gitdi, onuň adresine hat ibermäň; üçünji Kazyýewiň adresi üýtgänok. Öz haýyşy bonça Degt.-a dostum Möjek Garlyýewiň adresini berdim. Asman köçesiniň 23-nji jaýy. Ol gullukçy, ony esasan öýleden soň agşamky sapaklar başlaýança, sagat bäş bilen sekiziň aralygynda öýünden tapyp bolar. Onuň bilen habarlaşmaly bolsa, iberjek adamyňyza
«Gamçy» diýen paroly aýdyň we Degt-iň maňa şu ýyl getiren lentajygyny beriň. Size bu barada D. jikme-jik gürrüň bermelidi.
13-nji iýulda şol adrese siziň tanaýan adamyňyz B. geldi. Oňa bilet almaga kömek berildi, Daşkentden dolanyp gelensoň, Degt. haýyşy boýunça ony Baky bilen duşurdym».
Bu hatda iňlis razwedkasynyň başyny garjaşdyrjak «dezo»
ýeterlik bardy. Goşun bölümleri, harby skladlar-- ammarlar hakda dokuz punktdan ybarat maglumat goşulypdy. Duşmany aldamagy, ters ugra gönükdirmegi hem başarmalydy.
Ynandyrmak üçin hakykatdanam döwlet syry we harby syr bolup durýan maglumatlary açmalydy. Razwedkanyň
296
ýazylmadyk kanunyna görä, maglumatlaryň ýetmiş-etmiş bäş
göterimi hakykata laýyk gelip, gapdalyna ýigrimi bäş-otuz göterim özüňe gerekli ýalany goşubilseň, uly üstünlik hasaplanýardy.
Bunkowskiý Baky Babahandyr Baholdiniň Aşgabatdan ugrandyklaryny telegraf arkaly OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyna mälim etdi.
Maýora eltilmeli hatyň gapdalyna Mihail Grýaznewe-de gysgajyk hat ýazyp goşupdylar. Hajymyrat iki agyz kimleriň tussag edilendigini sanap, geçen ýylyň oktýabryndaky hatyna jogap almandygyny, habar berere täzelik kändigini, şu haty hem iňlisleriň kurýerinden- aragatnaşykçysyndan iberýändigini ýazyp, aşagyna «Gamçy» diýip, gol goýdy. Maýora hatyň aşagyna hiç hili belligem edilmedi, golam çekilmedi.
Bunkowskiý Baky Babahanyň sag-aman ugranyna begenip, şükür edip otyrdy. Sebäbi ygtyýarly wekilhanadan gelen höküm berkdi: Baky Babahanyň bitiniňem burnuny ganatman, Maşada ibermelidi. Ol heniz ähli zady täzeden gurnamaly boljakdygyndan bihabardy. Krasnowodsk liniýasyny ýapmak barada Daşkende, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyna ýene bir haýyşnama ýazyp otyrdy. Grýaznewem, iňlislerem Krasnowodsk liniýasyny ulananokdylar.
Şöhratmuhammet Daglyýewiň maşgalasy uludy, özi hiç ýerde işlänokdy. Hak-hukukdan kesilendi, üsti açylaýmasyn diýip çekinip, Daglyýewi başga ýerde ulanmaýardylar. Ýerli partiýa, sowet organlary-- edaralary iki ýyl bäri mugthor, baý ogly, könäniň galyndysy diýen ýarlyklary tutaryk edinip, Daglyýewiň üstüne dökülýärdiler, masgaralaýardylar. GPU her dürli tärleri ulanyp, ony zordan saklaýardy, ol biziň agentimiz diýip bolanokdy. Daglyýewiň özem hak-hukugynyň dikeldilmegini, işe ýerleşdirilmegini haýyş edip, arza yzyna arza gönderýärdi. Bunkowskiý özüniň hem Gorbunowyň goluny
297
goýup, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyna Krasnowodskidäki ýaşyryn öýi ýok etmek barada gyssagly görkezme bermegi, ol jaýy saklamakçy bolsalar, Daglyýewiň hukuklaryny dikeltmek barada Türkmenistan SSR MIK-niň öňünde mesele goýmaga ygtyýar etmegi sorap hat ýazdy.
«Synag» operasiýasynyň çekistleriň isleýşi kimin barýandygyndan göwnühoş Bunkowskiniň begenji uzaga çekmedi. «Söwdagär» ony örän gyssagly duşuşyga çagyrdy.
Bunkowskiý bir bolmasy işiň ýüze çykandygyny aňdy.
«Söwdagäriň» ýanyna barýarka näme bolup biljekdigi hakda oýlandy. Baky Babahan dagy ugrandan soň birki gün geçen badyna-da «Söwdagär» Bunkowskini gyssagly çagyrypdy.
«Söwdagär» işden gelende uzyn boýly, ýigrimi bäş – ýigrimi alty ýaşlarynda, saryýagyz, sakgal-murty birneme ösen nätanyş
adamyň özüne garaşýandygyny gördi. «Söwdagär» myhmanyň gara keltekçesini, arzan matadan tikilen gök balagyny, modaly sary aýakgabyny, ýeňiljek goňras papagyny synlady. Myhman paroly aýtdy. Öý eýesi jogabyny berip, içerik çagyrdy. Ol çalarak agsaýardy. «Ýadawlykdan bolsa gerek» diýip,
«Söwdagär» öz ýanyndan çak etdi.
- Men Feliks Karawaskiý - diýip, myhman jaýlaşykly oturansoň gürrüň berip başlady. Maýoryň özi gaýtjakdy. Rusça ýaramaz gürleýär. Aşgabada belet däl. Onsoň meni iberdi.
Awtobusda serhede çenli bile geldik. Maýor Paçgyranyň golaýynda dagyň içinde ertire çenli maňa garaşjak. Maýor Bakyny möhüm tabşyryk berip iberdi. Iki gezek Bakyny ýolbeletler aldapdyr.
Möjek Garlyýew çaý goýdy. Feliksiň gürrüňini ünsli diňledi.
Gerekli ýerinde, ugrukdyryjy sowallar berdi.
- Bakyny aldap azaşdyrypdyrlarmy?
298
- Ýok-la - diýip, Karawaskiý jübüsinden nili görnüp duran mauzeri aňryk itekledi. - Maýor Bakyny gowy görýär. Iňňän gerekli adam hasaplap, biynjalyk bolýar. Ol SSSR-den gymmatly materiallary getirmelidi. Maýor Semýen Wolkowy Bakynyň gözlegine iberdi. Semýondan hat aldyk. «Posylka aldy» diýip ýazypdyr. Bu şertleşilişine görä, ýolbelet iberiň diýildigidi.
- Semýon geldi. Baky ikisini duşuşdyrdym - diýip,
«Söwdagär» myhmana ajy çaý hödür etdi. - Ikisi bile Persiýa gitdiler.
Feliks begendi. Semýona gaty ynanmaýandygyny, heniz ýaşdygyny aýtdy.
- Baky ikimiz iki hepdeden Aşgabada geleris - diýdi.
- Semýon medeniýetsizrägem bolsa, özi elinden zat gelmeýän ýigid-ä meňzänok - diýip, «Söwdagär» aýtdy. Çaý başynda ownuk, durmuşy gürrüňler etdiler.
- Persiýada işsizler kän. Ilat garyp ýaşaýar. Parahorlygyň garşysyna polisiýada üçlükler döredildi. Ýöne poliseýleriň özi hemmeden köp para alýarlar. Azyk bolsun, näme bolsun, hödürlän zadyňy alaýýar. SSSR-de nähili?
«Söwdagär» sowet hökümetine sökdi.
- Ähli zat gymmat. Çörek nobatynyň yzy üzülenok, etiň bahasy örän ýokary, pul ýeter ýaly däl - diýip, çyna berimsiz zeýrendi.
- Persiýada podpolede gizlin işleýän kommunistleriň üstüni açyp, otuza golaý adamy asdylar - diýip, Feliks göwnühoş
gürledi. - Ol kommunistleriň işine sowet konsulhanasy ýolbaşçylyk edipdir.
Feliks Karawaskiý çaý içip, uzak eglenmän gitdi. Özüne tejribeli kontrabandit, ýolbelet kürtüň garaşýandygyny, ertir irden Paçgyranda bolmalydygyny aýtdy. «Şäherde-de biraz işim bar» diýdi. Bunkowskiý Karawaskiniň şäherde näme işiniň
299
bardygyny bilmegi buýurdy. Felikse serhetden geçmäge päsgel bermediler. Eýsem indi niçik waka ýüze çykdyka? «Söwdagär»
biderek ýerden howsala düşmeli däldi öz-ä.
Ýagdaý Bunkowskiniň garaşyşyndan erbet bolup çykdy.
Baky Babahan serhediň golaýyndan yzyna öwrülip gelipdi.
Aýdyşyna görä, suwlary gutaranmyşyn? Baholdin çeşmä gidip, iki gije-gündizläp gelmänmişin. «Bakynyň bu sözleri çynmykan ýa-ha at oýnadýarmykan? Iň esasysy Baholdin niredekä?»
Bada-bat şu sowallar Bunkowskiniň aňynda aýlandy.
BAKY AL SALÝARMYKA?
Durmuş ýeňil däldi. Güzeran kynçylygy Hajymyrat bolköýnegi gije-gündiz işlemäge mejbur edýärdi. Bilimli-sowatly etmegi niýetläp, obadaky çagalarynam şähere getiripdi.
Abiýat hanym olara-da özünden bolanlar bilen deň garaýardy.
Gaýyn atasy Hojamyrat arçyn öýlerinde ýaşanda oňa-da özüni aldyrypdy. Arçyn indi her ýyl orazany şäherde tutýardy.
Dogumly, eli süýji, dili çeper Abiýat hanym adamsynyň neberelerine yhlaslydy. Gaýyn atasyndan ir turup, selälikde iýjek naharyny taýynlap goýýardy, her gün täret suwuna çenli ýyladýardy.
Polkownik hem aýalynyň durmuşa çykan gyzyndan beýleki çagalaryny özüniňkilerden aýra tutmaýardy. Iki aýalyndan bolan çagalaram, aýalynyň ozalky adamsyndan doguranlarynam hor-homsy etmejek bolup, uzak gijelerem terjime ederdi. Olary läliksiretmeýärdi. Berk tutýardy. Harby adamyň endikleri saklanyp galypdy. Çagalarynyň haçan oýnamalydygy, haçan sapaklaryna taýýarlanmalydygy berk düzgüne girizilendi.
Läliksitermese-de, çagalarynyň islegi onuň üçin ýazylmadyk kanundy. Haýsy oýunjagy isleseler alyp bermegi borjy hasaplaýardy. Her gün giçlik çagalary Leniniň adyny göterýän
300
baga gezelenje äkiderdi. Diňe Abiýat hanymyň durmuşa çykan gyzyny halap barmaýardy. Ejesiniň diýenini etmän kakasynyň garyndaşlarynyň birine barypdy. Ol gyz Abiýat hanymyň kakasyndan aýrylyşandan soň polkownige durmuşa çykandygyny bagyşlap bilmeýärdi. Hajymyrada başdan yzgytsyzdy. Soňra eneli-gyz ýaraşdy. Şonda-da polkownigiň ony sulhy almaýardy. Ejesiniň ýanyna gezmäge gelende, çala salamlaşýardy-da, Hajymyrat başga otaga çykaýýardy.
Polkownigiň idegi köpdi. Her kim terjime etdirmek islärdi.
Edara-kärhanalaram zol-zol ýüz tutardylar. Türkmençäni rusça geçirmäge-de, tersine rusçadan türkmençä öwürmäge-de ökdedi, rus, latyn, arap grafikalarynyň haýsysy bolsun, oňa parhy ýokdy. Şeýle-de bolsa arasynda wagt tapyp, her gün çagalarynyň öý işlerini barlaýardy. Mugallymyň tabşyryklaryndan daşary özem ýumuş buýrardy. Dil öwrensinler diýip, ep-esli tekstleri tutuşlygyna göçürderdi.
Bir müň dokuz ýüz otuz ikinji ýylyň awgust aýynyň yssy gijeleriniň birinde, gije sagat on biriň ýarynda gapy kakylanda, polkownik terjime edip otyrdy. Gapyny özi açdy we öňünde duranyň Baky Babahandygyny görüp, gözlerine ynanmajak boldy. Derrew özüni ele alyp, ony içerik saldy.
- Bu nä boluş, Baky? Eýgilikmi?
- Gaty eýgiligem däl - diýip, Baky Babahan howlukman gürrüň berip başlady. - Baholdin ikimiz ýola düşdük. Alty Ataýew bizi ugratdy. Pars şossesine ugurdaş ýol bilen gitdik.
Serhede golaýladyp gaýtdy Alty bizi. Azaşdykmy nämemi serhetden aşmankak suwumyz gutardy. Iki gapda alypdygam welinim, bir çüýşe suw galdy. Baholdin «Bu ýola, şol jelegaýlara beletdirin» diýip, galanja suwy alyp gitdi. «Çeşme bolmaly, şony taparyn» diýdi. Iki gije-gündiz garaşdym, gepleşişimiz ýaly. Onsoň materiallary gömüp, yzyma gaýtdym.
Ölümiň öýünde özümi bir sowhoza atdym. Garyşyk oba ekeni.
301
Ruslar hem ýaşaýar, suw diledim. Men türkmen talyby, Moskwadan geldim. Gije obama barýarkam azaşdym diýdim.
Aşgabada nädip gitmelidiginem bilmeýändigimi aýtdym.
Atymy gaçyrdym diýdim. Suw berip, ýola çykaryp goýberdiler.
«Zastawa göni bararsyň. Ugradardan uzak» diýdiler.
- Haçan geldiň şähere?
- Birki gün boldy. Altylarda ýaşaýaryn. Indem size aýdaýyn diýdim. Persiýadan yzymdan gelseler gerek. Tabşyrjak zadym bar. 123-nji geläýse, aýratyn ünsli boluň diýjek. Ol iňňän gerekli işgär. Häzir Stalinabatda.
- Nomerini nädip bileýin men geljek adamyň.
- Paroly aýdyp, tanyşanyňyzsoň, özi nomerini duýdurar -
diýip, Baky sägindi, soň sözüniň üstüne goşdy. - Otlularyň raspisaniýesini—gatnaw tertibini tapanyň oňat bolupdyr.
Özümde-de biri bardy. Iki bolsa, has gowy.
- Men Grýaznewe we maýora ýazypdymam - diýip, polkownik aýtdy.
Baky ýene Alty Ataýewi öwdi:
- Ol Merwde weýennileriň arasynda proklamasiýa ýaýradyp biler. Möjek ikisini tanyşdyrsak, peýdaly bolar.
- Entek howlukmalyň. Soň ýene bu hakda gürleşeris. Ätiýajy elden bermäliň. Biziň adamlarymyz bir-birini näçe az tanasa oňat.
- Bolýar-da. Alty iş başarjak ýigit. Men ony synap gördüm -
Baky çaý owurtlap, gürrüňdeşiniň ýüzüne garady, ünsli diňleýändigini görübem dowam etdi. - Men Alta Baholdini yzarlamagy tabşyrdym. Indi ony ibermäň diýmeli. Ata Baholdiniň birki sapar jalaýlyk edýändigini görüpdir. Tanyşlary nirede ýaşaýandygyny soranlarynda «Çärjewde ýaşaýan»
diýipdir. Baholdini bilgeşleýin serhetden geçirip goýberýändirler. GPU-çylar ony yzarlap, kimler bilen duşuşýandygyny biljek bolýandyrlar öýdýärin.
302
- Meniňem diýýänim şol-da – diýip, Hajymyrat janykdy. -
Her gelen bilen duşuşyp ýörmekçi däl. Öz adamlarymyza ynanmaly welin, seresaplylygy unutmak bolmaz.
- Maňa gazetleri ýygnap bersene - diýip, Babahanow haýyş
etdi. -Garadamaklylara sud edilişi barada ýazylan sanlaryny.
- Gazet bar, jemläp goýupdym - Hajymyrat stoluň üstündäki gazetleri myhmanyň öňüne süýşürdi. - Size ibermekçidim.
Alaýyň.
- Birki sany ak bukja-da tapyp beriň. Iç ýüzüne gizlin hat ýazar ýaly. Möjegiňkä baryp, arkaýynçylykda ýazaryn. Ertir agşam giçlik bararyn men olara. Duýduryp goýaweri. Gije-de şol ýerde boljak.
Ertesi Baky Möjek Garlyýewe-de başdan geçirenlerini gürrüň berdi. Serhediň ýanynda suwsuz galyp gaty horlanypdy.
Süýrenip oba baranda, gepläbem bilenokdy. Oňa çaý, gawun berip gurplandyrdylar. «Söwdagär» Babahanowa Feliks Karawaskiniň gelip gidendigini gürrüň berdi.
- Seni sorady welin, adyňy bilemokdym. Ilkibada gorkdumam. Wolkow geldimi diýip sorap başlady.
Wolkowyňam kimdigini bilemok.
- Semýonyň iki familiýasy bar - diýip, Baky ýylgyrdy. -
Wolkow hem Baholdin.
Baky gije Möjeklerde ýatdy. Ertesi iki sany bukja getirdip, uzakly gününi hat ýazyp geçirdi. Garalamalaryny otlamagy tabşyryp, Möjege berdi. Şol gün myhman geldi. «Söwdagär»
Bakyny talyp hökmünde tanyşdyrdy. Baky Möjekdenem garadamaklylaryň işi hakda sorady.
- Olar boýun almasalar gowy bolardy. Biz SSSR-e garşy wagyz etmekde ulanardyk.
Babahanowyň garalama hatlarynyň ýerine başga kagyzlary otlap, Möjek onda ýazylanlary okady. Baky Daşkende hem
303
Maşada hat ýollaýardy. Pul kömegini, ýolbelet soraýardy.
Özüniň nirededigini habar berýärdi. Babahanow Aşgabatda Altylarda gizlendi. Arasynda Ogulaýlarda hem boldy. Ýene öňki usuly ulandylar. Baky gündizlerine tamyň diwary bilen ýüküň arasynda ýatyp geçirýärdi. Şol jaýda ýüküň öňünde Ogulaý ýorgan-düşekli ýatyrdy. Özüni syrkawlan edip görkezýärdi. Ýigrimi gün çemesi geçenden soň, Baky Möjege hakyna tutma ýolbelet tapmagy haýyş etdi.
- Bir kontrabandist pars bolmaly. Ýola belet. Sorag-ideg edeýin.
- Ynamdar adammy?
- Çagalykdan bäri tanaýan. Bir aýby tireki.
- Gaty köp çekýän bolsa, janyňy ynanyp bolmaz.
Daşkentden gizlin öýüň adresine ýüz manat pul geldi. Möjek ony alyp Baka berdi. Iki günden soňam pars ýolbelet diýýäniniň süpük tireki bolandygyny habar berdi. Hakykatda hiç hili tirekem ýokdy, ýolbeledem. Çekistlere geňeşýänçä, wagt utmak isläp, şeýle adamyň bardygyny toslady. Çekistleriň maslahatyna görä-de ýokardaky jogaby berdi. GPU Maşatdan iňlisleriň adam ibermegini isleýärdi.
Garaşylyşy deýin Babahanowy idäp Daşkentden «Zarýanka»
geldi. Ol gije üçde gapyny kakdy. Bakyny sorady. Özüniň gelenini «Gamça» habar bermegi tabşyrdy. «Söwdagär»
myhmana şähere çykmazlygy maslahat berdi. Iki günden habar edip Bakyny çagyrtdy. Olar ogrynça gürleşýärdiler. Baky açykdy, göwnündäkini orta dökýärdi. Emma «Zarýanka» zol-zol gürrüňi başga ýana sowýardy. «Zarýanka» Daşkende gaýtjakdygyny aýtdy. Baky Babahanowa ýene birki gün garaşmagy, aňyrdan adam gelmese, ýeke özi gitmegi tabşyrdy.
Gije Möjekdir myhman uzak gürleşip oturdylar.
Möjek sowet häkimiýetini ýamanlady. Myhmany gürletdi.
304
- Synpy göreş diýip, ilaty bölüp, bir-birine küşgürýärler.
Şeýdip özleri häkimiýet başynda saklanmak isleýärler.
Türkmenleri biri-birine öjükdirýärler, biri-birini gyrdyrýarlar.
- Baka aýt, indiki gelende, pudra, jorap, kawerkot getirsin. Iş
üçin gerek - diýip, «Zarýanka» aýtdy. Uklandan soň, Möjek onuň jübüsini barlap, pasportyny görüp, adyny, familiýasyny bildi. Wolodýa Degtýarýow Daşkende gitjekdigini aýdyp, Möjeklerden gaýdan gününiň ertesi Feliks Karawaskiý ýene geldi. Bakyny sorady. Baholdiniň Maşada barandygyny, dagda gizlenen materiallaryň tapylmaýandygyny gürrüň berdi.
Baholdiniň gaýdyp SSSR-e iberilmejekdigini aýtdy. Ispan nusgaly nagan çykaryp, Möjekden gizlemegi haýyş etdi.
«Söwdagär» Baky ikisini duşuşdyrdy. Feliks şol ýerde ýerleşdi. Gündizlerine basyrynyp ýatdy, agşam nirädir bir ýere gidýärdi. Iki günden Bakydyr Feliks iki çüýşe suw alyp ýola düşdüler. Bu gezek iki sany ýolbelet gelendigini, hemme zadyň şowuna boljakdygyny aýdyp, Feliks öwündi. Ugrajak bolup durkalar Baky Babahanow «Gamçydan» alan materiallaryny ýanynda göterýändigini, hiç ýerde gömmändigini aýtdy.
- Iň gymmatlylaryny ýanymda sakladym - diýip, Baky ýylgyrdy we materiallary görkezdi. Möjek öz getirip beren materiallaryny tanady.
- Dogry edipsiň - diýip oňlady. Ikisine-de ak ýol arzuw edip, ýola saldy. Baky we Feliks bir aýdan ýene gelmäge söz berdiler.
Degtýarýow Daşkende ugramazyndan öň polkownigiňkä sowlup geçdi.
- Güýzde işler janlanmaly halyna, tersine, ähli zat doňdy –
diýip, «Zarýanka» zeýrendi. - Aragatnaşyk ýok. Bakydan hat baransoň, Aşgabada gaýtdym. Bu ýere gelip sizi görmän gitmäýin diýdim.
305
Wolodýa Degtýarýow Russiýada açlyk çekilýändigini, Aşgabatda ýagdaýyň oňa görä gowudygyny aýtdy.
- Daşkentde-de Aşgabatdan gymmat. Bu ýerde on bäş
manada naharlanyp bolýar. Daşkentde otuz manat tölemeli.
Şonda-da aç çykýarsyň naharhanadan. Çörek ýetenok. Kesel ýaýraýar.
Öý eýesi Degtýarýowa Baky Babahanyň seresapsyzlygyny, aýallara jan ynanýandygyny duýdurdy. Bakynyň serhetden yzyna gaýdyp gelmegini oňlamady.
- Yzyna gelendigini we gizlenýän ýerini maňa aýdan bolsa, Krawaskiý boş gaýtmazdy – diýip, polkownik ahmyrly gürledi. - Maýora aýdyň, meniň ýanyma Baky ikiňizden başga adam gelmesin.
Degtýarýow ylalaşdy. Ähli säwlikler üçin ötünç sorady.
Özüniň hoşaldygyny, maýordan habara garaşýandygyny aýtdy.
Hajymyrat Bakynyň paýhasly, batyr ýigitdigini, köp iş
edendigini aýdyp magtady.
- Size pul gerekdir. Maýor iberer öýdýärin –diýip, myhman sowal berýän ýaly gepledi we bada-bat jogabyny hem özi berdi-de.-- Baky iň bolmanda Sarahsyň üsti bilen gaýdyp bilerdi
– diýip, sözüniň üstüne goşdy.
- Baka aýdyň, hiç haçan beýle etmesin - diýip, polkownik garşy çykdy. - Ol jelegaýlarda görünäýmesin. Howply.
Myhman özüniňem şol pikirdedigini aýdyp ylalaşdy.
Aýalynyň lukmandygyny-- wraçdygyny, Daşkende gidip, özüni bejertjekdigini, Aşgabada gelip, salamlaşman gitmegi gelşiksiz görendigini ýene bir ýola aýdyp hoşlaşdy.
Olaryň ikisem iň soňky ýola duşuşýandygyndan bihabardy.
KÖNE DUŞMAN DOST BOLMAZ
306
Myhmanlaryň serhetden sag-aman aşyp, ýolbelediňkä barandygyny GPU-yň jansyzlary habar berdiler. Maşatdan ýörite gelen maşyn bir türkmen bilen rusy alyp gitdi. Iberilen materilalaryň jogabynyň haçan geljekdigi nämälimdi.
Grumniskidir maýor Steweniň arasynda bolan gürrüňiň ýazgysyny hem rezidentleri çekistlere ýetirdiler.
Bir müň dokuz ýüz otuz ikinji ýylyň oktýabr aýynyň on sekizine Grumniskiý iňlis konsulhanasyna gelip, maýora Hajymyradyň iberen şifrli hatyny gowşurdy.
- Bizde bäş nomerli şifr ýok, şuny okar ýaly açaryny beriň.
Maýor Stewen bada-bat ylalaşyp, rezidentleriniň işlerini (delolaryny) çykaryp, şifr gözlemäge başlady. Hajymyradyň işinden şifr tapylmady. Papkanyň içinden dört-bäş tagta kagyz we esgi çykdy. Stewen Grýaznewiň işini dörmäge durdy.
Ondanam tapmady. Grýaznewiň işinde alty sany hat bardy.
Maýor şifrli paketleriň ählisini görüp çykdy. Şifr tapylmady.
- Polkownik Hajymyradyň ulanany gaty köne şifr bolaýmasa. Maýor Hammer olary ýok edendir - diýip, Stewen bialaç seslendi. - Köne şifr çylşyrymlydy. Öz adamlarymyza Hammer eýýäm täze şifr beripdi.
- Grýaznewe iberäýmesek, dagy alaç ýok, jenap maýor -
diýip, Grumniskiý teklip etdi. - Belki, onda saklanyp galandyr köne şifrler.
Maýor ylalaşdy. Grumniskiý täzelikde üç sany emigrant gelendigini, ýaş adamlardygyny, komsomollar bolsa gerek diýip çaklaýandygyny aýtdy. Tährandan gelen telegrammany görkezdi. Telegrammada Mämmedabatdan gaçyp geçen jöhide kömek bermek haýyş edilýärdi.
- Kime ýüz tutsakkak? - diýip, Grumniskiý sala saldy.
307
- Gubernatoryň ýanyna barybam oturmaň. Barybir haýry ýok. Nazmiýeniň başlygy bilen arasy saz däl. Haýdar Hoja nazmiýäniň başlygynyň ýanyna barsa gowy bolar.
Ýalňyşmasam ol emigrantlara erbet garanokmyka diýýärin.
- Gubernator ony halanok diýseňizläň.
- Öňki başlyk köp alýardy, gubernatora-da ýarysyny berýärdi. Şonuň üçinem gubernator oňa kömek etdi, gowy işe belledi.
- Ýene bir haýyşymyz bar. Mirbadalyýewiň iki sany hatyny getirdim -diýip, Grumniskiý hatlary görkezdi. - Şulary ibermeli.
Siziň poçtaňyz ygtybarly. Kömek edermisiňiz?
- Baş üstüne - diýip, maýor böwrüni diňledi. - Ertir men-ä bolmaryn. Biraz gezelenç etmekçi. Siz olary Jepbara beräýiň.
Özüm gelemsoň ibererin. Häzir birneme işi gyssaýaryn. Ertir boş bolar ýaly.
- Köp minnetdar, jenap maýor.
- Hajymyradyň habarlary meniň halys lütümi çykarýar.
Dogrusy, aňkamy aşyrjak—diýip, maýor hoşlaşanlarynda zeýrendi. - Her sahypada otuzdan gowrak ýalňyş çykýar.
Ählisini açyp bolaňsoň, boş ýerlerini manysyna görä doldurmaly. Men şifri ýene gözlärin. Tapsam ýuwaş-ýuwaşdan açyp ugraryn şifri
Bunkowskiý bu maglumaty okap bolup, gapdala süýşürdi.
Grumniskiý ol hatlary niräk ugradýarka? Biljek bolmalydy.
Şifriň açarynyň tapylmazlygy geňdi. Munuňam sebäbini anyklamalydy. Çekistler bularyň üstünde uzak kelle döwmeli bolmadylar. Baky Babahan «Söwdagäre» söz berşi ýaly bir aýdan bolmasa-da, has soňrak Baholdin bilen SSSR-e dolandy.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynda-da, Aşgabatda-da çekistler çugdamlandylar, ykjam durup, gutarnykly karara gelindi. Güpbasdy etmeli pursat gelipdi.
308
«Söwdagäriň» sowet döwletine wepalydygyna şübhe ýokdy.
Hajymyratly mesele böwrüni diňledýärdi. «Synag»
operasiýasyny” esasan Wasilýew alyp barýardy. Ol bolsa polkownigiň hakykatdanam ak ýürekden gulluk edýändigine hiç ynanyp bilenokdy. Polkownigiň ähli hereketleri çyndanam sowet döwletine yhlasly gulluk edýäne meňzeýärdi. GPU-yň teklibine göwünjeň razylaşdy. Öz roluny başarnykly ýerine ýetirdi. Nebisjeň däldi. Ýogsam «Synag» operasiýasy” ugrugyp başlandan soň Hajymyrat GPU-y süýtli sygra öwrüp biljekdi.
Çagalary eklemegiň kyndygyny bahanalap, başga-da bahana gytmy, pul talap etse, çekistlere razylaşmakdan başga alaç galjak däldi. Bu operasiýada polkownigiň ornuny tutup biljek adam ýokdy. Nyrhyny isledigiçe ýokarlandyryp biljekdi.
Hajymyrat bir gezegem material taýdan bähbit aramady.
Ikinji tarapdan şu ýagdaýyň özem biynjalyk edýärdi. Gömülgi köp gyzyl-kümüşi, baýlygy bar bolaýmasyn diýdirýärdi. Eger-de polkownik pul üçin kömek edýän bolsady, onda hiç hili alada galmagam gerek däldi. GPU-a pula satylan diýäge-de, sähelçe bidüzgünçilik edäýse, islendik pursatda masgaralamak boljakdy.
Wasilýew türkmenleriň dönükleri, şugulçylary neneňsi ýigrenýändigini bilýärdi. Polkownigiň GPU-dan pul alýandygy barada dilhatam, wedomostda golam ýokdy. Hajymyrat iňňän dogruçyl hem ak ýüreklidi. Iňlisleriň adyndan ýanyna barýanlaryň köpüsiniň GPU-yň agentleridiginden bihabardy.
Şonda-da olaryň eltip beren pulunyň ujundan alyp galjak ýa-da pul gelendigini gizlejek bolmandy. Manatma-manat çekistlere gowşurýardy.
Güýçli erkli, islendik kyn pursatlarda-da özüne buýrup bilýän polkownik çekistleri kän kelle döwmäge mejbur edýärdi.
Hajymyrat iki tarapa-da işleýändir diýen şübhe bardy.
Polkownik ähli barlaglardan geçýärdi. Türkmenistanly çekistler
309
bir gezeg-ä tasdanam bulaşdyrypdylar. Tiz wagtdan tussag edilmeli adamlaryň arasyna polkownigiňem adyny goşupdyrlar.
Elbetde, muny GPU-yň owunjak işgärleri, tur-otur, kersen getirleri şeýle edipdiler. Olar Hajymyradyň çekistlere kömek berýändigini bilenokdylar, bilmelem däldiler.
Ýöne Türkmenistan SSR GPU-yň başlygy Gorbunowdyr, kontrrazwedkanyň şefi Bunkowskiý näme? Spisoga olaram gol çekipdirler ahyryn. Diýmek, okaman gol çekip goýberipdirler.
OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynda polkownigiň adyny ol spisokdan-- sanawdan öçürip, Aşgabada, Gorbunowyň adyna gaharly hat gönderdiler.
Beýle gymmatly adamyň takdyryna jogapkärsiz garamak barypýatan biperwaýlykdy. Hajymyrady Moskwada, OGPU-yň işgärleri hem tanaýardy. Ozal Orta Aziýada gizlin kontrrewolýusion gurama bardygy hakda birki gezek Maşada habaram, ýörite çaparam ýollapdylar. Grýaznew olaryň birine-de ynanmady. Diňe Hajymyrady ara goşanlarynda, Grýaznewem, iňlislerem çeňňege düşdüler. GPU-çylar işleriň şeýle şowly barşyna ynanyp bilenokdylar. Haýsydyr bir göze görünmeýän güýç ählisini sazlaşdyryp, ugrukdyryp durana çalym edýärdi, Hajymyrat iki tarapa-da - GPU-a, şol bir wagtyň özünde iňlislere-de işleýändir diýen şübhe Wasilýewiňem, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynyň ýolbaşçylarynyňam serinden çykanokdy.
Hajymyrady iň soňky sapar uşakgöz elekden geçirmek makul bilindi.
GAZAMATDA
310
Bir müň dokuz ýüz otuz ikinji ýylyň oktýabrynda Hajymyrady «Türkmengarakölde» edebi terjimeçi, konsultant wezipesinden boşadyp, hasabat-maliýe sektorynyň müdirligine geçirdiler. Täze wezipä birneme öwrenişip, serişdeleriň harçlanyşyny tertibe salmaga girişdi. Komandirowka gidilende kän pul iýmeleriň bolýandygyna beletdi. Komandirowkada bolanlary nagt hasaplaşmaga geçirdi. Merkezi diwanda, sowhozlarda bank operasiýalaryny ýola saldy Täze iş birneme tijenmeli edýärdi. Polkownik işden gaçan adam däldi. Hiç zady elujundan edip bilmeýärdi. Az işläp, köp gazanjagam bolanokdy. Täze häkimiýetde gowy işleýäniň däl-de, göz üçin işleýäniň, iňňe ýaly hyzmat bitirip, iner ýaly edip görkezmegi oňarýanlaryň ýolludygyny görüp-bilip dursa-da, beýle etmegi başarmaýardy, başarmagam islemeýärdi.
Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň ösmegi, berkemegi üçin ak ýürekli zähmet çekmegi borjy hasaplaýardy.
«Türkmengarakölüň» we «Türkmenpuşninanyň»
kollektiwleriniň ýerli komitetiniň başlygy saýlanlary bäri jemgyýetçilik işem kän wagtyny alýardy. Hiç haçan zeýrenmäni başarmaýan polkownik gara ýer ýaly dymyp, öz işini edip ýördi.
Çagalaryna terbiýe berende-de, şuny unutmaýardy. Ol döwürde Aşgabatda türkmenler azdy. Ähli ýerde diýen ýaly rusça geplenýärdi. Türkmen dili indi durmuşa ornaşmalydy.
Hajymyradyň çagalary öýde türkmençe gepleýärdiler. Hojageldi Abiýat hanymdan bolan çagalarynyň hem arassa türkmençe geplemegini gazanýardy. Sähelçe çalgyrt gürläýseler, ýaltanman neneňsi geplemelidigini öwredýärdi. Abiýat hanym azerbaýjança hem rusça arassa gepleýärdi. Hajymyradyň çagalary üç dili suwara bilýärdiler. Polkownik muňa garşy däldi. Gaýtam köp dil bilýändiklerini goldaýardy. Türkmen
311
dilini ilkinji nobatda bilmegi talap edýärdi. Mahal-mahal obadaky çagalaryny şähere getirýärdi. Olar rusça öwrenýärdiler, şäherdäkileri bolsa olar bilen gepleşip, türkmençe arassa geplemäge ökdeleýärdiler.
Polkownik türkmenleriň döwletiniň döredilendigine begenýärdi. Ýöne ol tutha-tutluklary, beýleki eden-etdilikleri hem görýärdi, baknalykdan çykardan heniz irdigine düşünýärdi.
Bolşewikleriň berýän wadasy, geljekki arzuw-hyýallary imrindirijidi. Polkownik azatlyk daňynyň heniz atmandygyna göz ýetirýärdi. Ýöne iru-giç atjakdygyna mäkäm ynanýardy.
Içinden ynanýardy. Hiç kimiň ýanynda dil ýarmaýardy.
Bir hepdä golaý bäri polkownik agşamlaryna öýünde bolýardy. «Myhmana» garaşýardy. Baky Babahan dagy Persiýa ugran gününiň ertesi agşam Ogulaý adamsy bilen Hajymyratlara geldi. Adamsy daşarda galdy. Ogulaý öe girdi. Hajymyrat ikisi galanda, Baky dagynyň bäş kişi bolup öten agşam ýola düşendigini habar berdi. Baka indi yzyna gelmezligi sargandygyny aýtdy. Soňam iki gaýta ýolda öňünden çykyp, polkownikden sorady. «Olardan habar-hatyr ýokmy? Sag-aman bardylarmyka?» diýdi. Hajymyrat biragyz ýok jogabyny berip, çalt arany açýardy. Noýabr aýynyň ortalarynda iş gutaransoň, edaradan çykan badyna ýene Ogulaý polkownigiň ýoluny kesdi we Alty Ataýewiň tussag edilendigini aýtdy.
- Näme sebäpden tutuldyka, bilýäňizmi? - diýip, geň galan Hajymyrat sorady.
- Edil häzir anyk bilemok. Bakyny tanaýandygy sebäpli däl ýaly.
- Biljek boluň sebäbini. Soňam maňa habar ediň - diýip, polkownik öýüne howlukdy.
312
Şu gürrüňden kän mahal geçmänkä, Bakynyň Maşatdan gelip, gyssagly Daşkende ugrandygyny gizlin öýden mälim etdiler. Ol noýabr aýynyň ahyrlarynda Aşgabada dolanyp, Hajymyradyň ýanyna barmakçydy. Şondan bäri polkownik agşamlaryna öe wagtynda köwlenýärdi, başarsa hiç ýaňa çykmaýardy. Myhmandan habar-hatyr ýokdy.
Bir müň dokuz ýüz otuz ikinji ýylyň noýabrynyň ýigrimi dokuzyndan otuzyna geçilýän gije sagat üçde gapy batly kakyldy. Polkownik işigi açdy. GPU-yň işgärleri içerik kürsäp girdiler. Hajymyradyň öýüni dökmäge we özüni tussag etmäge ygtyýar berýän orderi görkezdiler. Daňdan ýediň ýaryna deňiç içerini dökdüler. Akt ýazyp, ony GPU-a alyp gitdiler.
Bunkowskiý Hajymyrada Daşkentde, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynyň özüniň gürleşmek isleýändigini düşündirdi. Ertesi günortanlar poçta otlusyna mündürip ugratdylar. Ikinji dekabrda Daşkende geldiler.
GPU tussag etmek operasiýasyny şowly geçirdi. Baky Babahan, Baholdin we beýlekiler ele salyndy. Olaryň hatarynda Hajymyratdyr Möjek Garlyýewem ýygnadylar. «Synag»
operasiýasynyň” esasy syryny gizlinlikde saklamak üçin şeýtmeli diýip, polkownige düşündirdiler. Bu diýilýän ugrunda ýogam däldi. Emma Wasiýew dagyda Hajymyrada müňkürlik döräpdi.
Daşkentde, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynda Hajymyrady aýratyn bölümiň naçalniginiň orunbasary Rozenfeld sorag etdi. Olam Wasilýewiň sözüni gaýtalady. Hajymyrat Aşgabatda gol doly maşgalasyny odunsyz we pulsuz, ýeke goýup gaýdandygyny aýdyp, özüniň işini çaltrak tamamlamagy haýyş etdi. Ony bal kölüne batyrdylar.
«Synag» operasiýasyny” şowly geçiren adam hökmünde Wasilýew Hajymyrada «hossarlyk» edýärdi.
313
Müňkür-nekirler jemlenip, polkownigi pugta barlamagyň planyny--meýilnamasyny çekdiler. Aýratyn bölümiň operupolnomoçennysyna Hajymyratdan yzygiderli sorag etmegi tabşyryp, oňa polkownigiň özlerine kömek edendigini aýtmadylar. Hajymyrada hem soragda bu barada dil ýarmazlygy sargadylar. Beýleki bir operupolnomoçennä polkownigiň çekistlere kömek edip ugrandan bäri geçiren işini ilik-düwme öwrenmegi, zerur bolsa, Maşatdaky rezidentlere gerekli tabşyryklar bermegi buýurdylar. Polkownik müňkür-nekirleriň ähli kişä, hemme ýerde şübhelenýändigini aňyp ugraýança esli mahal ötdi.
Türmede ony aýratyn kamera ýerleşdirdiler. Nahary ygtyýarly wekilhananyň naharhanasyndan getirip berdiler.
Puluny öz jübüsinden tölemelidi. Wasilýew Hajymyrada
«Nikolaýew» diýen lakam dakdy. Zerurlyk ýüze çykan halatynda, şol lakamy goýup, duşuşmak, gepleşmek gerekdigi hakda hatjagaz ibermelidi.
Möjek Garlyýewi kän eglemän Aşgabada goýberdiler. Gizlin jaýlaryň birinde ýaşap ugrady. Aýalyndan dil hat alyp, adamsy bilen duşuşmaga rugsat berdiler. Agyr syrkaw Möjek kurort şäherleriniň birine ýaşamaga iberildi. Il-güne sürgün edilen hökmünde habar berildi.
Hajymyrady welin kän eglediler. Soraglaryň soňy gelenokdy. Operupolnomoçennyý polkownigiň ömür ýoluny jikme-jik soraýardy. Persiýada bolan döwrüne köp gyzyklanylýandygyny polkownik aňdy. Her gezekde diýen ýaly sorag edýän haýsydyr bir doktoryň görkezmelerine salgylanýardy. Bir gezek Hajymyradyň sowukganly hereketleri, hiç zady boýun almazlygy operupolnomoçennynyň halys degnasyna degen bolara çemeli.
314
- Alyň, okap görüň - diýip, ol doktordan edilen soragyň protokolyny polkownigiň öňüne süýşürdi.
Hajymyrat äwmezlik edip, howlukman alyp, göz gezdirip başlady. 1924-nji ýylyň dekabrynda edilen soragda Albaniýanyň Ariokastr şäherinde doglan, ýokary bilimli doktor Wasiliý Konstantinowiç Dimadiniň beren görkezmelerini okamaga girişdi. Dimadi Büjnürtde ýaşaýardy. Polkownik şol günleri ýadyna saldy. Dimadi Konstantinopolda aýalynyň, üç çagasynyň bardygyny gürrüň berýärdi. Onuň Albaniýada doglandygyny, Türkiýäniň raýatydygyny okap Hajymyrat geň galdy. Agzalýan zatlar sorag edýäniň günde gaýtalaýanlarydy.
Soragyň protokolynda Hajymyradyň Persiýada ýaşan ýerleri, haýsydyr bir iňlis ofiseri bilen duşuşandygy hakda aýdylýardy.
Polkownik ýene öňki diýenlerini gaýtalady.
- Bir müň dokuz ýüz ýigrimi altynjy ýylda Dimadi iň ýokary çärä - atuwa höküm edildi -diýip, operupolnomoçennyý hetjikledi. - Boýun almasaňyz, derňewi bulaşyklyga salmaga synanyşsaňyz, siziňem boljagyňyz şudur.
- Meniň başga aýtjak zadym ýok - diýip, polkownik başardygyndan özüni sowukganly saklamaga çalyşdy.
Hojageldi kamera gelensoň, Wasilýewe hatjagaz iberdi.
Özüni onuň ýanyna elten batlaryna, ýüreginde gemre baglap giden jerhedini pürkdi. Wasilýew birinji gezek ony şeýle gaharly halda görýärdi. «Ýuwaşyň gazaby» diýilýäni-dä.
- Siziň soraglaryňyz indi meni kemsidiji hala geçýär. Meniň dört ýyllyk hyzmatym mälim ahbetin. Netijesi gowy diýip özüňiz aýtdyňyz – diýip, Hajymyrat sägindi, uludan demini aldy. - Eger-de GPU-a ýa-da onuň käbir işgärlerine şöhrat, wezipe gazanmak üçin ýa-da başga bir zat üçin zerur bolsa, meni atyň. Başdan muňa artykmajy bilen esas berer ýaly görkezme berdim. Gurama baradaky ähli günäni üstüme aldym,
315
ýekeje ýerde-de GPU-yň tabşyrygyny ýerine ýetirendigimi aňdyran däldirin.
- Hajymyrat, özüňizi ele alyň - diýip, Wasilýew ony köşeşdirmäge başlady. - Hemme zat ýerbe-er bolar.
- Men juda arkaýyn, özümi saklap, erk edip bilýän adamam welin, indi çydamok. Gözümi ýumdugym çagalarymy görýärin.
Olar aç-hor, sowugyň içinde meni gözleýärler. Indi dört aýdan bäri diňe bir sowal berýändirler özlerine «Kakamyz dirimikä ýa-da atdylarmyka?» Ejir çekýän diňe men däl, tutuş maşgalamyz ejir çekýär. Öýde bary-ýogy on iki manat pul bardy, onam men alyp gaýtdym. Yzymda galanlar nähilikä? Ahyry geljege-de meňzänok bu sorag etmeleriň.
- Polkownik, özüňizi ele alyň. Indi uzaga çekmez.
- Näme diýseňizläň, eger zerur bolsa ýa-da subutnamalar bar bolsa, meni atyň-da, yzymdakylara habar beriň—diýip, Hajymyrat ýene-de gaýtalady. -- Goý, olar gutarnykly köşeşsinler, kakalaryndan kömek bolmajakdygyna gözleri ýetsin. Ýogsamam, nirä ugratjak bolsaňyz iberiň, men maşgalam bilen hat alşyp bilerin, çagalaryň, iň bolmanda, ýarysyny ýanyma alyp giderin.
- Indi uzaga çekmeris - diýip, Wasilýew sägindi. - Hat ýazsaňyz, ibermegiň alajyny ederis.
- Meniň ak ýürekliligime, çyndanam arassa işleýändigime sähelçe şübhe edýän bolsaňyz, meni işden çetleşdiriň. Men bu syry hiç kime duýdurmajakdygyma söz berýärin. Serhediň aňyrsyndan gelýänleri bolsa jähennem boluň diýip kowaryn.
Wasilýew höre-köşe edip, polkownigi kamera ugratdy.
Maşgalasyna onuň diridigini nähilidir bir ýol bilen duýdurmaga söz berdi. Şol gürrüňden bir aý çemesi geçensoň, çar tarapa elewräp ýören Abiýat hanymyň ýanyna giçlik GPU-yň işgäri geldi. Ol Abiýat hanyma birki sany kagyz gowşurdy.
316
- Bu näme? - diýip, Abiýat hanym jogaba-da garaşman okap başlady. Olar Hajymyradyň konfisklenen zatlaryň käbirini özüniň gaýtaryp alandygy baradaky dilhatlarydy. Okap bolup, Abiýat hanym myhmanyň ýüzüne äňetdi. Çekist dilhatlary alandygyny tassyklap goluny çekmegi haýyş etdi. Abiýat hanymyň ýagdyrýan soraglarynyň-sowallarynyň birine-de jogap bermän, sessiz-üýnsüz çykyp gitdi. Wasilýewiň pikiriçe, polkownigiň haýyşy boýunça şeýle edilendigine aýaly düşünmelidi. Hajymyrada gysgajyk hat alyşmaga rugsat etdiler.
Polkownik diňe «Meniň günäm ýok. Basym bararyn» diýen ýaly sözleri ýazýardy.
Şol aralykda Abiýat hanymy jenaýat agtaryş bölümi türmä saldy. Walýuta söwdasyny edýändir gümany bardy. GPU-yň işgärleri soň bilip galdylar we şol bada onuň boşadylmagyny talap etdiler. Aýaly-erkegi ýok, rehim-şepagat diýen zatdan bihabar jellatlar eýýäm Abiýat hanymyň alyn dişleriniň ikisini döwmäge ýetişipdiler. Indi ol adamsy bilen duşuşmaga Daşkende gitmäge rugsat soraýardy.
Uzaklaşdyrmazlyga söz berselerem, Hajymyradyň işi bir müň dokuz ýüz otuz üçünji ýylyň oktýabr aýyna çenli çekdi.
Hajymyradyň çekistlere çyndan, dogruçyl kömek berendigine mazaly gözlerini ýetirip, onsoň polkownigi Tatarystana ugratdylar. Wasilýew indiki ýylyň awgust aýyndan gijä galman Hajymyrady Türkmenistana goýberjekdiklerini aýtdy.
Kazan şäherinde polkownige iki sany pasport gowşurdylar.
Profsoýuz biledini bolsa, Türkmenistandan uzaga giden adam hökmünde hasapdan çykaryp, yzyndan iberdiler. Hajymyrat aýaly, çagalarynyň üçüsi —Annaşyh, Nursoltan, Şamyrat bilen ýaşap ugrady. Işe ýerleşdiler. Başda ol ýeriniň howasy gowy ýarady. Bela-beterler sowulyşýança şu ýerde ýaşamagy niýet edindiler. Sowuk düşensoň polkownik tiz-tizden syrkawlamaga
317
başlady. Köneden galan ysytmasy gozgady. GPU-nyň ýerli guramasynyň işgärleri aram-aram habar alyp durýardylar, käte tatar obalaryna alyp gidýärdiler. Annaşyh, Wladimir Iliç Leniniň okan mekdebine gatnaýandygyna guwansa-da, ýaşaýyş
ýeňil däldi, olar jigisi Nursoltan bilen restorandan zyňylýan çüýşeleri çöpläp tabşyrmaga-da mejbur bolýardylar.
Hajymyrat özüni Orta Aziýa goýbermeklerini haýyş edýärdi.
Birnäçe sapar arza-da ýazdy. Keselini bejertmek üçin kurort kitapçasyny soraýardy. Nerwi gowşap ugran bolsa gerek.
Hajymyrat GPU-yň ýerli guramasynyň özüne berkidilen wekiline «Göni Moskwa giderin» diýip haýbatam atdy.
Iňlis razwedkasy bilen guralan oýundan çykan Hajymyradyň takdyry indi hiç kimi gyzyklandyrmaýana çalym edýärdi. Bu belli bir derejede hakykata golaýdy. Edil häzir peýdaň degenokmy, seniň geregiň ýokdy. Täze häkimiýetleriň ahlagy şeýleräkdi. Polkownigi saglygyny bejertmäge kurorda ibermäge serişde tapmadyk bolýardylar. Goýberilýän puluň operatiw işe gerekdigini bahanalap, kazanly çekistler Daşkende hat ýollaýardylar. Ol ýerden wagtynda jogap berenokdylar.
Polkownigiň Orta Aziýa, ýyly howaly ýere geçmek baradaky haýyşyna-da baş galdyrýan ýokdy. Kazan Moskwadan rugsat soraýardy. Moskwa Daşkende hat iberýärdi, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasynyň pikirini soraýardy.
Aý-gün bolsa geçip durdy. Ýöne polkownikdir onuň maşgalasy üçin ýüklüje geçýärdi.
Ahyrsoňy Hajymyrada Ufa geçmäge rugsat etdiler.
Polkownik razy bolmady.
HAJYMYRADY ÝAGTYLTMALY
Türkmenistan SSR Içeri işler halk komissarlygynyň Döwlet howpsuzlygy uprawleniýesiniň aýratyn bölüminiň ikinji
318
otdeleniýesiniň naçalnigi Nurow jansyzynyň habaryny okap çykdy. «Türkmenkultuň» (“Türkmen medeniýetiniň”) folklor komissiýasynyň sekretary Hajymyrat düýn, ýagny bir müň dokuz ýüz otuz altynjy ýylyň ýigrimi altynjy martynda gündiz sagat üçde edebiýat kabinetinde dört adama haýsydyr bir gadymy türkmen şahyrynyň goşgusyny okap beripdir. Jansyzyň pikiriçe, goşgy türkmenleriň geljegi hakyndady, patriarhal-konserwatiw gurluşy goramaga gönükdirilendi.
Il azanda, töre çykar pes perden, Il içinde bir bidöwlet är dörär.
Doňuz depä çykar, garsak gurt alar, Il içinde bir kel bilen kör dörär...
Il içinde bir apatly mar dörär.
—Goşgynyň yzy hem şuňa çalymdaş äheňde dowam edýär—diýip, jansyz ýazýardy. —Polkownik iş edinip, rusça terjime etdi. Onsuzam antisowet häsiýetli goşgyny Hajymyrat oturanlara şeýleräk düşündirdi: Kör bilen ker Türkmenistanyň ýolbaşçylary, mar diýýäni Içeri işler halk komissarlygy bolmaly.
Jansyzyň berýän habaryna görä, 27-nji martda şol kabinetde Hajymyrat bu goşgyny saz kabinetiniň işgärine hem okap beripdir.
Nurow kagyzlaryny dörüp, başga bir jansyzynyň ýanwar aýyndaky habaryny—doneseniýesini tapdy. Doneseniýede Hajymyradyň aýaly Abiýat hanymyň ozal bolşewikler partiýasynyň agzasy bolandygyny, soňra troskiçilere goşulandygyny bir jorasyna gürrüň berendigi aýdylýardy.
«Häzirlikçe derbi-dagyn edilse-de, troskizm ýaşar. Sebäbi ähli goşun Troskiniň ideýalaryna ýugrulan, Troskiý bolsa daşary
319
ýurtda öz işini dowam etirer, eserler ýazar, şoňa görä-de Troskiý ýeňer» diýenmişin.
Abiýat hanym Hajymyradyňam troskiçi edebiýatlary okaýandygyny aýdypdyr. «Milli respublikalarda ruslar dolandyrýarlar, ýerli kadrlary gysýarlar. Şonuň üçinem işlemek islämok, partiýadan mehaniki suratda çykdym, şeýtmesem, barybir çykarjakdyklaryna gözüm ýetýärdi» diýipdir. Abiýat hanym ozal emigrasiýa gitmäge hyýallady, indi durmuş
gowulaşansoň, ol niýetinden el çekipdir. Öýlerine her gün gözegçilik edilýändigini, smena çalşyp kimiň gelip-gidýändiginiň hasaba alynýandygyny aýdypdyr.
Keseki adam gelendigi zerary joralaryň gürrüňiniň arasy kesilipdir. Jansyz Abiýat hanymyň millioner Wezirowyň öňki aýalydygyny, kakasy Hanlar beýiň hem barly adamdygyny görkezipdir. Abiýat hanym ozal aýallar bölüminiň işjeň işgäridi, abraýlydy. Nurow şonda jansyzyna troskizm baradaky gürrüňi dowam etdirmegi, ynama girmegi, troskiçi edebiýaty nireden alýandygyny, kimler bilen aragatnaşyk edýändigini bilmegi tabşyrypdy. Aýratyn bölümiň işgäri gyzyklanyp görüpdi. Hajymyradyň öýüne gözegçilik edilenok diýipdiler.
Ynha, indi Hajymyradyň antisowet işi hakda ikinji gaýta habar gelýärdi. Nurow Hajymyrady doly ýagtyltmagy jansyzyna tabşyrdy. Polkownigi oňat öwrenmek maksadynda täze jansyz hem tutunmagy buýurdy.
Hajymyradyň töwereginde pelesaň kakýan şugullar onuň her sözüni enkewedä ýetirip ugradylar. Jansyzlar polkownigi dürtgüläp gürledýärdiler, özleri düşünmedikden bolup, pikirini soraýardylar. Soňam üstüne goşup, owadanlap şugulnama ýazýardylar. Bir müň dokuz ýüz otuz altynjy ýylyň sekizinji aprelinde işde şol döwürde tanymal ýazarman-- žurnalist bolan Kolsowyň eseri-- feletony barada gepiň gerdişine görä gürrüň
320
gitdi. Ýazyjylary ýazgaranlarynda ýüzleý çemeleşilýändigi barada aýdyldy. Hajymyrat şonda şeýle diýipdir: «Biziň şahyrlarymyz Kerbabaýewiň, Burunowyň işine hem ýüzleý çemeleşdiler. Olara Öwezbaýewiň yzyna düşüp, haýsydyr bir partiýa döretdiler diýip günä ýöňkediler. Hakykatda bolsa olar hem, Öwezbaýew hem hiç hili partiýa döretmändiler, ýöne haramzadalar (bolşewikler) olary günäkärlemek üçin emeli usulda partiýa döretdiler».
Polkownigiň kakasynyň baý, arçyndygy, özüniň Kazanda sürgünde bolandygy, türkmenleriň wagşy diwiziýasynda gulluk edendigi hakda agentura maglumatlar ýagyp başlady. Jansyzlar ondan-mundan eşidenlerini ýazýardylar. Düýbünden heňe gelmejek töhmetlerem bardy. Olary barlamalydy, derňäp, subut etmelidi. Ýöne terror, eden-etdilikler ýetjek derejesine ýetipdi.
Barlamak, derňemek, günäsini subut etmek diýen zatlar galypdy. Nurow mundan beýläk neneňsi hereket etmelidiginiň planyny düzdi.
Daşkentden, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndan polkownigiň işini soradylar, Bamy obasyna adam iberdiler. Hajymyradyň ýakyn gatnaşyk saklanlarynyň spisogyny düzdüler, Moskwa şu iş boýunça ýörite maglumat taýýarladylar.
Enkewedäniň jansyzlary bolsa “Polkownigiň sag-aman gezip ýörşüne il-gün geň galýar” diýip ýazýardylar. Bir müň dokuz ýüz otuz ýedinji ýylyň awgust aýynda içeri işler halk komissarynyň adyna arza gelip gowuşdy. Ýazan türkmen adamdy, onuň özem halk komissary bolup işleýärdi. Ol agşam sagat onda Lenin bagynda gyzyllaryň garşysyna söweşen, ganym duşman Hajymyrady görendigini habar berýärdi. Halk duşmanynyň häzire çenli azatlykda gezip ýörendigine geň
321
galýandygyny ýazýardy. «Ol deýýusy hemmeler tanaýar»
diýlip, halk komissarynyň şugulnamasy tamamlanýardy.
Polkownigiň üstüne abanan gara bulut barha çogdamlanýardy, awuna topuljak ýolbars deýin düýrlenip, çemine gelerine garaşyp durdy. Dogrusy amaty gelipdi, eden-etdiligiň nobatdaky pidasy didiwana birçak münüpdi.
Näme üçin mäşäniň gysylmaýandygy düşünüksizdi.
POLKOWNIGIŇ KÖR YNANJY
Kazandan geleli bäri Hajymyradyň saglygy gowudy.
«Türkmenkultda» işläp ýördi. Daşyndan terjime edýärdi.
Türkmen şahyrlarynyň goşularyny sözme-söz rusça geçirýärdi.
Dogrusy sözme-söz terjimesi çeper terjimä golaý diýseňem boljakdy. Iki dilem suwara bilýändigi köre hasady. Ähli wagtyny, zehinini işe gönükdiren polkownik öňküleri deýin öýdeçidi. Ýaşaýyş-- durmuşam kyndy. Adamlar bir-birleriniň ýanynda geplemäge çekinýärdiler.
Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow, beýleki ýolbaşçylar halk duşmany diýlip ýygnalypdy. Polkownigiň Atabaýewi, Aýtakowy, Paskuskini ýakyndan tanaýandygyna, olaryň käteler Hajymyratlara myhmançylyga geläýmesiniň hem bardygyna belet dostlary oňa başga ýere göçmegi maslahat berýärdiler. «Gowusy Eýrana geç, şonda utarsyň» diýýärdiler.
«Meniňem ilden artykmaç ýerim ýok. Hökümede gulluk edip bildim. Ýaşlygym geçdi. Maňa degmezler» diýip, polkownik jogap berýärdi.
Hajymyrat hökümete ak ýürekden gulluk edipdi. Özüniň repressiýa ediljekdigine ynanmaýardy. Bir müň dokuz ýüz otuz ýedinji ýylyň sentýabr aýynyň on dördünden on bäşine
322
geçilýän gije ýarymdan aganda gapy batly kakylyp, içerik enkewedeçiler sokulyp girenlerinde-de ynanmaýardy.
Polkownik öz göwnüne osýardy, hemme zady öz garaýşy-düşünjesi bilen ölçerýärdi. Täze häkimiýetler üçin halal-haram, haýyr-şer, söz-lebiz diýen zatlaryň ýatdygyny aňmaýardy, bilmeýärdi. Enkewedeçiler oňa orderi görkezdiler we eýýäm ören çagalary hatara duruzdylar. Hajymyrat orderde prokuroryň sanksiýasynyň ýokdugyny gördi. Sesini çykarmady. Barybir häzir aýdanyň peýdasy degmejekdigine düşünýärdi.
Çagalar eňreşýärdiler. Egni gije ýatylýan köýnekli Abiýat hanym aglaýardy, galmagal baryny turuzýardy. Hajymyradyň göwnüne bolmasa, öňki gezek tussag edilende, aýaly şu günki deýin aglamandy. Bolup duran wakany düşünişmezlikdir hasap edýän Hajymyrat basymrak tamamlanmagyny isleýärdi. Abiýat hanym bolsa barha zarynlap aglaýardy. Zenan ýüregi bir zatlar syzýan bolsa bildiňmi?!
Enkewedeçiler öýüň derde ýarar ýaly zadyny orta üýşürdiler.
Kümüşden, gyzyldan ýasalan çemçeleri, gap-gaçlary çekdiler.
Akt ýazdylar. Ýukarak sarymtyl brezente çalymdaş matadan tikilen haltalara gapgardylar. Öý boşapdy. Abiýat hanym çagalary bilen gugaryp galdy. Enkewedeçiler işlerini tamamlan badyna polkownik «Meniň çigit ýalam günäm ýok. Meni gözläp, azara galyp ýörmäň. Özüm gaýdyp gelerin» diýdi-de, hamana, daň atdygy yzyna köwlenjek adam deýin çalt çykyp gitdi.
Abiýat hanym aglaýardy. Goňşulara ony köşeşdirmäge çalyşýardylar. Pawel Georgiýewiç Kopytkony öý döken enkewedeçiler şaýat hökmünde çagyryp, akta gol çekdiripdiler.
Kopytkolar Abiýat hanymlaryň öýünde kireýine ýaşaýardylar.
Güzeran kyn bolansoň, Abiýatlar ýedi otagly uly jaýyň iki
323
otagyny kireýine berýärdiler. Bu ýagdaý Abiýat hanym Hajymyrada durmuşa çykansoňam dowam edýärdi.
Dogrusy, Hojageldi hem Abiýat hanymlarda kireýine ýaşapdy. Abiýat bilen deň-duş polkownik iňňän sowatlydy, gepi-sözi ýerindedi, rus aristokrat -- begzada ofiserleriniň terbiýesini alandygy bildirip durdy. Onuň daşyndan türkmençiligem gowy bilýärdi. Aýat-dogalary ýat bekläpdi.
Oturlyşyk-dabaralarda polkownigiň rus tanslaryny edişini görüp, hemmeler haýran galmakdan ýaňa agyzlaryny açyp galdylar. Abiýat hanym bolsa hemmelerden beter geň galýardy.
Iki gezek durmuşa çykyp, bagtyny tapyp bilmedik zenan polkownige gözügidijilik bilen seredýärdi.
Soň olar durmuş gurdular. Abiýat hanym polkownige bir gyz, bir ogul doguryp berdi. Günüler biri-biriniňkä kän barmasalaram, polkownik obadaky çagalaryny şähere getirýärdi. Şäher durmuşyny görkezýärdi, rus dilini öwredýärdi.
Tomus okuwdan boş wagtlary bolsa şäherdäki çagalaryny--
Nursoltan bilen Şamyrady oba iberýärdi. Olaryň türkmen dilini gowy öwrenmekleri, umuman türkmen durmuşyny görmekleri-bilmekleri, ata-baba aslyny unutmazlyklary üçin şeýle edýärdi.
Aşgabatdaky öýünde hemmeler rusça gepleýärdiler.
Polkownik şäherli çagalary bilen yzygiderli türkmençe gürleşýärdi. «Hany dur, şu ýerini ýene gaýtala» diýip, rus mekdebine gatnaýan Nursoltan türkmençe sähelçe çalgyrt geplände ýadaman-ýaltanman öwredýärdi. Abiýat hanymyň atasy öýi golaýjakda bolansoň, çagalar babasydyr mamasy, daýy-daýzalary bilen azerbaýjança gepleşýändiklerine görä, ol dile-de suwara bolupdylar.
Bamy obasynda ýaşaýan başdaş aýaly Oguljahan ýogalansoň, polkownik obadaky çagalaryny —Annaşyhy,
324
Annajahany we Meredi şähere getirdi. On ýedi ýaşyndaky Annaşyh medisina-- feldşerçilik mekdebiniň iň soňky kursunda okap ýördi.
Polkownik öz garyndaşlarynyň ýanynda Abiýatyň adyny tutman, hanym diýýärdi. Şoňa görä-de Hojageldiniň inileriniň, garyndaşlarynyň ählisi oňa «Hanym gelneje» diýýärdiler.
Abiýat hanym olaryň hemmesine özüni aldyrypdy.
Tut-ha-tutlukdan öň, diňe bir Hojamyrat arçynyň nebereleri, Lollugyň dogan- garyndaşlary däl, Bamy obasyndan Aşgabada gaýdýanlaryň aglabasy Hojageldilerde myhman bolýardylar. Oba gelenlerinden soň bolsa ýörite arçynyň ýanyna baryp, paýtagtdan iberilen salamy ýetirerdiler hem Hojageldiniň azerbaýjan aýalynyň myhmansöýerligini magtaýardylar. Şäherdäkilerden salam getirenlerinde, arçyn:
-- Tüweleme, Hanym gelnimiz zordur. Onuň myhmandan basylmasy bolmaz-- diýip, örän hoşal bolýardy we -- Saglykmy olaryň hemmesi? -- diýip, ogly, gelni, agtyklary barada ýekän-ýekän soraýardy.
Pomus kanikulynda gelýänlerinden daşgary hem mümkinçilik bolanda, okuwdan boş wagtlary arçyn Hanym gelninden bolan agtyklary Nursoltan bilen Şamyrady oba alyp gaýdardy. Arçyn agtyklaryny diýseň gowy görýärdi. Diňe bir arçyn we onuň nebereleri däl, tutuş oba “Lolluk hanyň çagalary, arçynyň agtyklary” diýip, olary aýry hasap etmeýärdiler.
Gaýyn atasy Hojamyrat arçyn bolsa gelni Abiýat hanyma
«Oglum!» diýip ýüzlenýärdi. Abiýat muny ilki bada geň görjek boldy. Gaýyn atasy gelnini gowy görýänligi çyn bolsa
«Gyzym!» diýäýjek ýaly. Emma ol näme üçindir «Oglum!»
diýýärdi. Haçan-da polkownik türkmen ýaşulularynyň gyzlaryny-gelinlerini juda gowy görenlerinde, aýratyn hormat-
325
sylagyň alamaty hökmünde «Oglum!» diýýändiklerini, munuň olary öz ogullary-mirasdüşerleri, ýurt eýeleri, arkadaýançlary bilen deň görýändiklerini aňladýandygyny düşündirende, Abiýat hanym ýyryş-ýyryş edip, begenjine iki bolup bilmedi. Gaýyn atasyna hasam yhlasly hyzmat etdi.
Daň atýança aglap-aglap usurgan Abiýat hanym çagalaryny mekdebe ugratdy we olar okuwdan gaýdyp gelýänçä sabyrsyzlyk bilen garaşdy. “Halk duşmanlarynyň” çagalaryna nähili horluk-sütem edilýändigini, kemsidilýändigini ol gowy bilýärdi. 5-nji mekdepde okaýan gyzy Nursoltan mekdepden gelen badyna:
—Kakaň hakda soradylarmy, eşidipdirlermi?—diýip sowal berdi.
—Mugallymymyz Olga Aleksandrowna sorady.
—Lawaskaýamy—diýip, Abiýat hanym anyklady.
—Hawa, şol.
—Näme diýdi?
—Kakaňy äkitdilermi?—diýdi. Men:
—Hawa—diýdim.
--Olga Aleksandrowna näme diýdi?—diýip, Abiýat hanym gyzynyň ýüzüne seredip ýuwdundy.
—Seň kakaň ýaly adamlary ýaşamaga goýmazlar—diýdi.
Nursoltanyň getiren bu habary ejesiniň ýüregine hanjar bolup sanjyldy. Eden-etdilikler ýetjek derejesine ýetipdi. Häzir tussag edilýänleriň yzyna gaýdyp gelýäni az-azdy. Naçar ene gyzyny gujaklap aglady. Eneli-gyz gözýaş dökmäge başladylar.
Şu gün gije enkewedeçileriň özüni hem alyp gitjekdigini Abiýat hanym bilenokdy. Olar gije gelip, rehim-şepagat etmän, Abiýat hanymy südenekledip alyp gitdiler.
Çagalaryň bir özleri yzlaşyp galdylar.
326
IŇ SOŇKY GIJE
Hajymyrat türmede özüne işlemäge rugsat berilmegini towakga etdi. Ozal bir gezek girip çykansoň bu ýeriniň tertibine beletdi. Polkownik wagt ýitirmek islemedi. Kamerada hem işledi. Halk döredijiliginden ýygnalan materiallary tertibe saldy, terjime etdi.
Enkewedeçilerem wagt ýitirmediler. Iwlew diýen birini tapyp getirip, şaýat hökmünde sorag etdiler. Iwlew polkownigiň aklarda gulluk edendigi, iňlis razwedkaçysy Tig Jonsy tanaýandygy, Eýrana gaçandygy, milletçiler Öwezbaýew, Kakajan Berdiýew, Böriýew, Pereňliýew, Geldiýew we beýlekiler bilen aragatnaşyk edendigi barada görkezme berdi.
Iwlewi polkownik tanaýardy, ara esli bar bolsa-da, golaýrak ýaşaýardylar. Daş-içde gürleşýärdilerem, «Kazana sürgün edilmänkä, Lenin bagynda otyrkak Hajymyrat: «Türkmenistan geljekde Sowet Soýuzyna garaşsyz respublika bolar» diýdi»
diýip, Iwlew görkezme berdi. Iwlewiň aýdyşyna görä, polkownik şonda patyşa kolonizatorlarynyň basyp alşyny agzapdyr. “Türkmen halky elmydama garaşsyzlyk gazanmaga ymtylýardy, golaý wagtda garaşsyzlygy alar” diýipdir. Il içinde bolşewikleri günäleýänler az däl. Hajymyrat şolaryň içinde iň abraýlysy, sürgünden gelenlerem şonuň töweregine ýygnanýarlar. Ony serdarlary hasaplaýarlar.
Türkmenistanyň Içeri işler halk komissarlygynyň Döwlet howpsuzlygy uprawleniýesiniň üçünji bölüminiň operupolnomoçennysy Komow Iwlewe şu görkezmelerine gol çekdirenden soň, polkownigi ýene soraga çagyrdy. Ýigriminji ýylda Eýranyň Ýaňgala obasynda bolýarkalar hersi dört
327
adamdan ybarat iki topary Aşgabada hem Gyzylarbada iberendiklerini polkownik boýun aldy.
- Siz nähili maksat tutup, Eýrandan ozalky Zakaspiý oblastyna iki topar razwedkaçyny ugratdyňyz? - diýip, Komow sowal berdi.
- Iňlislere maglumat berip, pul almakçydyk, ýöne biz beýle etmedik.
- Kapitan Redżinald Tig Jonsy tanaýarmydyňyz? Onuň bilen aragatnaşygyňyz neneňsidi?
- Hawa, iňlis missiýasynyň wekili hökmünde tanaýardym.
Men onuň bilen ýöne tanyşdym. 1918-nji ýylda ol meniňkä myhmançylyga geldi. Umuman Tig Jons kontrrazwedkanyň naçalnigi Drużkiniň dostudy. Drużkini iňlisler goýupdylar, ol Zakaspiniň wagtlaýyn hökümetiniň düzümine girýärdi.
- Tig Jons siziň öýňüze kim bilen bardy - diýip, Komow anyklamaga çalyşdy.
- Ýeke özi geldi.
- Ol rusça bilýärmidi?
- Ol ýaramazragam bolsa, rusça gepleýärdi.
- General Malleson nähili?
- General Malleson parsça bilýärdi, rusça bilenokdy. Meň bilen dilmaç arkaly gepleşýärdi.
- Tig Jons ikiňiz näme barada gürrüň etdiňiz?
- Ýadymda däl - diýip, polkownik çürt-kesik jogap berdi.
Komow ýene-de iňlislerden birnäçesiniň adyny tutup, olary tanaýanyny-tanamaýanyny sorady, Hajymyrat diňe tanyşdygyny, hiç hili gatnaşyk etmändigini belledi.
Nobatdaky sorag edilmeden soň, Hojageldini ýene-de öňki kamerasyna getirdiler. Ol özüniň kagyzlaryny eline aldy. Ýöne hiç zady okasam, ýazasam gelmedi. Kellesi güwläp durdy.
328
Hojageldi yzynda galanlary-- aýalyny, çagalaryny, garry kakasyny, inilerini birin-birin ýatlaýardy. Ol özüni tussag edenlerinden soň, ýagny ertesi gije Abiýat hanymy hem enkewedeçileriň alyp gaýdandygyndan bihabardy. Çekistler sorag edenlerinde bu barada dil ýarmaýardylar.
Oglunyň tutulandygyny eşiden Hojamyrat arçynyň derrew şähere gaýtjakdygyny Hojageldi bilýärdi. Özüniň gözenege gabalmagyny düşünişmezlikdir hasap edýän polkownik garry kakasyna, inilerine hem azar berilmeginden howatyr edýärdi.
Ýaşy ýetmişden ep-esli ätlän arçynyň hem tussag edilendiginden bihabardy.
Has soňrak, polkownigiň enebaşga dogany Annamämmedi hem ýygnarlar.
Ýene-de köpi gören ýaşulular, dost-ýarlary Hojamyrat arçynyň neberelerine uzagraga göçmegi, bir bada zalym ýagynyň, şugullaryň, göripleriň gözüne görünmezligi maslahat berdiler, ellerinden gelen kömegi gaýgyrmadylar. Medisina ugrundan jogapkärli wezipede işleýän Myrat Gapaýewiç Berdigylyjow medisina feldşerçilik mekdebiniň soňky kursunda okap ýören Annaşyhy gyssagly Köýtendaga işe iberdi, tutha-tutluk galýança-da yzyna getirmedi.
Ýeke özleri galan çagalara Abiýat hanymyň ejesi gelip göz-gulak boldy. Şäher Sowetiniň ispolkomyndan, IIHK-dan bileleşip birki sany adam gelip, Hajymyradyň yzynda galan çagalarynyň ýagdaýy bilen gyzyklandylar.
Elbetde, polkownik Hojageldi Hojamyradowyň bu zatlardan habary ýokdy. Näme üçindir polkownigiň kakasy gözüniň öňünden gitmedi. Soňra atasy Annamyrat serdary ýatlady.
Atasam, kakasam türkmen ýol-ýörelgesini çagalaryna, agtyk-çowluklaryna irginsiz öwredýärdiler. Her bir türkmeniň ýedi arkasyny bilmeginiň zerurdygyny ýatladýardylar. Hojamyrat
329
arçyn Hojageldä ýedi arkasyny kän gezek sanap beripdi.
Hojageldi ýedi arkasyny ýatdan bilýärdi. Kakasy Hojamyrat arçyny hem goşsaň sekiz arkasy bolýardy. Polkownik olary hyýalynda ýene bir ýola gaýtalady: Hojamyrat arçyn, Annamyrat serdar, Öwezmyrat serdar, Mämmedaman serdar, Öwezdurdy serdar, Öwezmämmet serdar, Genç serdar, Agaly serdar.
Polkownik näme üçindir agasyny ýatlady. Hojamyrat arçynyň başdaş aýaly Ogulheselden üç ogly bardy. Hojageldi olaryň ortanjysydy. Olaryň iň ulusy Öwezmyrat atdan ýykylyp ýogalypdy. Hojageldi ol mahallar Russiýada okap ýördi.
Arçynyň üçünji ogly Mämmedaman at dakylan bolansoň, hemmeler onuň adyny Ataberdi diýip tutardylar. Arçyn Mämmedamana Serdar diýerdi. Hojageldi kakasynyň näme üçin Serdarym diýýändigini hakydasyna getirjek boldy. At dakylandygy üçinmikä ýa-da Ataberdiniň at çapmagy gowy görýändigi üçinmikä? At dakylandygy üçin bolsa gerek.
Hojamyrat arçynam, Annamyrat serdaram ýedi arkasyny sananlarynda Mämmedamanyň adynyň yzyna serdar sözüni goşardylar.
Hojamyrat arçynyň Sona diýen aýalyndan bolan ogly Annamämmet bilen Ataberdi deň-duşdylar. Has dogrusy olaryň arasynda ýedi gün bardy. Hojageldi inilerinden razydy. Arçynyň Sonadan bolan beýleki ogly Bally bilen enebaşga doganam bolsa, gaty ýakyn gatnaşykdadylar. Ýat ülkede emigrasiýada bolup, Watan zaryny çeken ýyllary olary has ysnyşdyrypdy.
Hojageldi her gün diýen ýaly günortan nahara Ballyny hem çagyrýardy. Bally hem goýun soýanda Hojageldileri tutuş
maşgalasy bilen alyp giderdi.
Mämmedamanyň adyny tutanda Hojageldi ýylgyrdy. Abiýat hanyma öýlenjek bolanda gahar-gazaba münen şoldy. Soň
330
ýalňyşanyna düşünipdi. Polkownigi öňki gezek tussag edenlerinde, agasyny gözläp Daşkende gidip gelipdi. Ýöne tapmandy.
Bir müň dokuz ýüz otuz ikinji ýylda gözenegiň aňyrsyna gabalyşy, Daşkentdäki, OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Ygtyýarly wekilhanasyndaky sorag edilmeler ýadyna düşende, birden polkownigiň ýüregi jigläp gitdi. Sülçi Hojageldiniň çekistlere kömek edendigini bilenokdy, bihabardy. Şoňa görä oňa hem beýleki tussag astyna alnanlar, Watan dönükleri bilen deň derejede garap sorag edýärdi.
Kontrrazwedkanyň ketdeleri bolsa, özlerine kömek edendigi barada dil ýarmazlygy Hojageldä tabşyrýardylar.
Polkownik hakykatdanam sülçä ol hakda hiç zat aýtmandy, hatda ýaňzytmandy hem. Şonda sülçi Hojageldiniň Eýranda bolan döwri hakda jikme-jik sorapdy. Polkownik bolşy ýaly aýdypdy. Özüniň, üç sany inisiniň we kakasynyň Eýranda öz ýanynda bolandygyny gürrüň beripdi. Ýat ülkede üç ýyl sergezdançylykdan soň, Hojamyrat arçyn, Annamämmet we Ataberdi Türkmenistana gaýdyp gelipdiler, Hajymyrat bilen Bally bolsa dört ýyldan, günäleri geçilenden soň Watana dolanypdylar.
Oraz Serdar aýrylandan soň fronda komanduýuşilik –
serkerdebaşylyk etmek Hajymyrada ynanylypdy. Hakykatdan hem bolşewikler aklarda şeýle uly wezipäni eýelän adamyň günäsini geçdik diýip kiçi dilden bärde karar-buýruk çykardylarmyka?! Şu we şuňa meňzeş pikirler serden çykmaýardy.
Hojageldi bolşewik bolsun, menşewik bolsun ýa-da aklar bolsun, gyzyllar bolsun, tapawudy ýok, ata Watanda nähak gan dökülmegini islemeýärdi. Şoňa görä-de aklaryň harby meýdan
331
sudy 18 sany bolşewigi-demirýolçyny atuwa höküm edende, polkownik olary atdyrmandy.
Komow Hojageldini ýene birki gezek soraga çagyrdy. Soňra köp mahallap polkownigi idemediler. Operupolnomoçennyý eýýäm etjegini edipdi. Alty punktdan ybarat aýyplaýyş hatyny ýazdy. Türkmenistan SSR IIHK-nyň Üçlügine işi geçirdi. Üçlük bir müň dokuz ýüz otuz ýedinji ýylyň üçünji oktýabrynda polkownigiň emlägini konfiskläp, özüni atuwa höküm etdi. Bu Hajymyrat üçin tomsuň güneşli gününde ýyldyrym çakandanam beter garaşylmadyk zat boldy. Prokuroryň sanksiýasyny almazdan tussag edileniniň üstesine, oňa aýyplaýyş hatyny görkezmändiler, derňew tamamlanandan soň, materiallar bilen tanyşdyrmandylar. Aýyplaýyş haty hem prokuror tarapyndan tassyklanylmandy.
Kamerada Hajymyrat ömür ýoluna täzeden göz gezdirip çykypdy. Näme üçindir şol gadymky golak ýaşuly ýadyna düşýärdi. «Kapyra gulluk edeniň muzdy gara gylyçdyr» diýip, ol ýaşuly janyndan syzdyrap özelenýärdi. «Hakykatdanam özlerine wepaly adamlary atyp, bu bolşewikler kim bilen täze dünýä gurjaklarka?» diýip, polkownik oýlanýardy. Ölüm höküminiň çykarylmagynda öňki gezek tussag edilende ähli günäni öz üstüne almagy esasy sebäp bolandyr öýdýärdi.
Kontrrazwedkadakylara habar ýetip, höküme gaýtadan garalar, tamasy bardy. Hajymyrat ýalňyşýardy.
Komow aýyplaýyş hatynda onuň içalyçylyk etmekde günälenip, Kazana sürgün edilendigini ýazypdy. Üçlük höküm çykaranda ol hakda agzamady. Baý ogludygy, Zakaspi hökümetiniň we Bolşewiklerden jemgyýetçilik halas ediş
komitetiniň agzasy bolandygy, iňlisleri goldap wagyz edendigi, Eýranda iňlislere gizlin maglumatlary «satandygy» hem ýeterlik hasap etdi. Soragda polkownik dogrusyny aýdypdy, bärik adam
332
iberendikleri çyndy. Iňlislere maglumat satmandy. Hajymyrat ozalky günäleriniň geçilendigine berk ynanýardy. Täze häkimiýetleriň lebiz, halallyk diýen zatlary, ahlak gymmatlyklaryny gara şaýa almaýandyklaryndan, sözünden dänmegi eşekden palan alança-da görmeýändiklerinden bihabardy.
Kontrrazwedkanyň işgärleriniň birnäçesi eýýäm başga wezipeleri eýeleýärdiler. Birnäçesini bolsa iňlis içalysy hökmünde bireýýäm atypdylar. Diňe bir aşgabatly çekistleriň ýa-da OGPU-nyň Orta Aziýa boýunça Daşkentde ýerleşýän Ygtyýarly wekilhanasynyň işgärleriniň däl, Moskwada, merkezi diwanda oturanlaryňam köpüsiniň kysmatynyň pajygaly tamamlanandygyny polkownik bilenokdy. OGPU-yň daşary ýurt bölüminiň general Kutepowy we beýlekileri Pariżiň orruk-ortasyndan ýagdan gyl sogran kimin, bildirmän ogurlap gaýdan işgärlerini «fransuz içalysy» diýip ýok edipdiler.
Ýyl çalyşdy. Müň dokuz ýüz otuz sekizinji ýylyň ýanwar aýynyň sowuk gijeleriniň birinde gije sagat ikilerde Hajymyrada kameradan çykmagy buýurdylar. Polkownik bada-bat ählisine düşündi. Şu mahallar çagyrylýanlaryň yzyna gaýdyp gelýäni ýokdy. Ol kagyzlaryny tertipleşdirip goýdy, kameradakylara baş
atyp hoşlaşdy. Öňki gezekki deýin ýeke özüne bir «otag»
bermändiler. Başyny belent tutup, merdemsi basyp çykyp gitdi.
Aýaly, çagalary, garry kakasy, ähli hossarlary bir pursatda surat bolup göz öňünden geçdi.
Çagalary ýadyna düşende, ýüregi ezilip gitdi. «Halk duşmanlarynyň» çagalarynyň başyna nägünleriň düşýändiginden habarlydy. Hojageldi birden gözüniň nemlenjek bolandygyny syzdy. Eýýäm höküm okalyp durdy. «Eý, Taňrym, özüň medet ber, esger bolup, är kimin ölmäge ýardam et.
Gözümde nem görüp, ejizledi diýmesinler hol duranlar».
333
Polkownik gözleriniň owasynyň gatandygyny duýdy.
«Dilegim kabul boldy» diýdi. Ol başyny belent tutup, özüne çenelen gara nile göni äňetdi. «Eý Taňrym, çagalara-da özüň goldaw bereweri!». Iň soňky pursatda golak gojanyň «Kapyra gulluk edeniň muzdy gara gylyçdyr» diýen sözleri gulagynda ýaňlandy...
HANYM GELNEJÄNIŇ HATY
Abiýat hanymy çekistler tussaghanada kän gyssadylar.
Polkownik Eýrandan gelende köp gyzyl-kümüş getirdi diýip görkezme bermegi, protokola gol çekmegi talap edip urup-ençdiler. Ýöne Abiýat hanym beýle kagyza gol çekmedi.
«Polkownik maňa öýlenende gyzylam, kümüşem görmedim.
Ozalky ýagdaýdan habarym ýok» diýip, aglap-eňräp, başga hiç zat bilmeýändigini gaýtalady oturdy. Ahyrsoňy özlerini bu pikirleriniň başa barmajagyny aňan çekistler Abiýat hanymy goýberdiler.
Ajalyň agzyndan sypanyna, ölümiň bäri ýanyndan gaýdanyna gözi ýetip duran Abiýat hanym öýlerine gelende, çagalarynyň ýagdaýyny görüp, hasam beter bagryny paralap aglamaga oturdy. Öýdäki derde ýarar ýaly zatlar konfiskasiýa edilipdi-döwletiň haýryna geçirilipdi. Abiýat hanymyň garry ejesi çagalara tapdygyndan iýmäge bir zatlar berýärdi. Çagalary okuwa goýbermeýärdiler.
Şäher Sowetinden we IIHK-dan gelip, çagalar barada soranlarynda Abiýat hanym polkownigiň başdaş aýalyndan bolan çagalary ekläp-saklap bilmejekdigini göni aýtdy. Olar Annajahan bilen Meredi alyp gitdiler. Başga-da tussag edilenleriň çagalary bilen üç aý dagy mekdebe goýbermän sakladylar. Ölmez-ödi bir zatlar berýärdiler. Soň ähli çagalary
334
Büzmeýine äkidip okatdylar. Köýtendaga ugramakçy bolýan Annaşyh olary sorap-idäp tapdy. Ol jigilerini Ballylara getirdi.
Iki çagany nädip ekläp-saklajakdygyny bilmeýän Abiýat hanym alaçsyzlykdan ýaňa başga zada güýji ýetmän, gözýaş
döküp aglaýardy.
—Kakam haçan geler?—diýip, soraýan Nursoltan bilen Şamyradyň sowalyna Abiýat hanym:
—Siziň kakaňyz samsyk—diýip, jabjynyp jogap berýärdi. —
Iňlisler oňa uly wezipeleri teklip etdiler, millionlap pul hödürlediler. Ol bolsa Türkmenistandan gitmek islemedi.
Ejelerinden ilkinji gezek kakalary barada ajy söz eşidýän çagalar näme diýjeklerini bilmän, gözlerini tegeläp durdular.
Abiýat hanym bolsa bir dem salym wagt geçmänkä, bigünä çagalaryna nähak gygyrandygyna ökünip, olary garsa gujaklaýardy.
—Men ökünemok, siziň kakaňyza durmuşa çykanyma, biz biri-birimizi söýýärdik—diýip, olary bagryna basyp aglaýardy.
Abiýat hanym polkownik bilen ýaşaşan bagtly günlerini ýatlaýardy. Hojageldi inileriniň içinde enebaşga dogany Ballyny aýratyn gowy görýärdi. Emigrasiýadan iň soňunda bile gelenleri sebäpli bolsa gerek. Bally arçynyň ortanjy aýaly Sonadan bolan ogludy, özem iň körpesidi. Uzyn boýly, mawy gözli, akýagyz Bally örän görmegeý ýigitdi.
Her gün agşam howludaky krowatyň ýanynda duran çoýun ýaly gara stoluň daşyna goňşular bolup üýşüp çaý içerdiler.
Saglygy goraýyş ministrliginde lukman-- wraç bolup işläp, Hojageldilerde maşgalasy bilen kireýine ýaşaýan Kopytko:
—Lolluk, siz eýýäm Lenin bagyna gidip geldiňizmi, çagalar bilen?—diýip sorardy. Polkownigi tussag edenlerinde hem Kopytko aýaly bilen şaýat hökmünde durdy.
335
Oglunyň tutulandygyny eşiden Hojamyrat arçynyň iki-üç günden soň dodagyny ýalap, hapa bolup gelendigini Abiýat hanyma gürrüň berdiler. Derde ýarar ýaly zatlary äkidilip, boşap galan öe seredip, arçyn kellesini ýaýkaýardy. Agtyklarynyň başyny sypalap, olardan:
—Haýsyňyzy oba äkideýin, haýsyňyz şäherde galjak—diýip soraýardy. Arçyna agtyklaryny oba äkitmek miýesser etmedi.
Donuny ýapynyp, uly eýwanda gyşaryp ýatan Hojamyrat arçyny hem enkewedeçiler äkitdiler.
Abiýat hanym gaýyn atasyny hormat goýmak duýgusy bilen ýatlady. Arçyn her anna güni goýun soýup, öz eli bilen bäşe paýlardy. Şähere-de ibererdi. «Birden hor bolaýmasynlar»
diýerdi. «Ölýänçäm şuny ederin» diýip, gaýtalaýan arçynyň hem ykbaly belli däldi. Ölümi-dirimi bilýän ýokdy.
Hojamyrat arçynyň ikinji aýalyndan bolan, ýolagçy otlusynda derňewçi- kontrolýor bolup işleýän ogly Annamämmediň hem ykbaly keç boldy. Bir müň dokuz ýüž otuz sekizinji ýylyň ýigrymy ýedinji ýanwarynda on - on bäş
gün ýolda bolan Annamämmet öýlerine wagtynda dolanmady.
Krasnowodskiden irden sagat dokuzlarda gelmeli otly gijä galyp, gün ýaşandan soň Bama geldi. Annamämmedi enkewedeçiler öňlerine salyp, öýlerine getirdiler. Bu waka onuň on ýaşly ogly Annabaýramyň we beýleki çagalarynyň ömürboýy ýadyndan çykmaz.
Adamsy Hojamyrat arçyn bilen günüsi Ogulheseliň oglam bolsa öz çagasy ýaly görýäni Hojageldi hanyň takdyryndan bihabar bolup, ahy-zar çekip oturan arçynyň ikinji aýaly Sona eje bagryndan önen perzendi Annamämmede ýüzlenip,
“Balam, meni gömüp git!” diýip zarynlaýardy.
Annamämmediň aýaly pahyr gözýaşyny saklap bilmän, adamsyna:
336
--Annamämmet, name diýseler, “Dogry” diýip, boýun algyn. Bolmasa erbet yrup-horlaýarmyşlar-- diýip sargaýardy.
--Akmak heleý, nädogry ýa-da etmedik zadym üçin men hiç bir zady boýun alman-- diýip, Annamämmet aýalyna gaharlandy we çagalaryny görkezip gepledi. – Öz etimi goparyp atagzy bilen, agzyma tutsalar, öž etimi iýerin welin, etmedik zadyma etdim diýip, bu oglanlaryň maňlaýyna gara çekip bilmerin.
--Waý, onda seni atarlar!—diýip, Annamämmediň ýanýoldaşy aglaýardy.
-- Goý, sesiňi, men ölsem, Hudaýa şükür, üç sany Annamämmet bar -- diýip, eli gandally Annamämmet ejeleridir eneleriniň ýanynda bu ýagdaýa haýran bolup duran ogullaryny görkezip, aýalyny köşeşdirmäge çalyşdy.
Annamämmediňem şol gidişi-gidişi boldy, habar-hatyr eşidilmedi, gördüm- bildim bolmady.
Polkownigiň çagalary-hossarlary baradaky alada-gaýgysy çyn-dogry bolup çykdy. “Halk duşmanynyň” çagalary bolansoň, olar köp-köp horluk-sütemlere, kemsidilmelere döz gelmeli, çekip-çydamaly boldular. Polkownik tutulandan soň onuň aýalyny, çagalaryny howluly öýden çykaryp, kiçijik otag berdiler.
Halk duşmanlarynyň çagalaryna hatda 1941 – 1945 – nji ýyllaryň urşy döwründe hem gyýa göz bilen garamak syýasaty dowam eder. Urşa gidenleriň çagalaryna kömek-goldaw bererler. Nähak repressiýa edilenleriň çagalarynyň bolsa, hiç kim halyndan habar almaz.
Abiýat hanym dürli edaralara adamsynyň ykbaly barada sorap yzly-yzyna hat ýazýardy. Ýöne jogap gelmeýärdi.
Gördüm-bildim ýokdy.
Abiýat hanym çagalaryny ukladyp, ýene uzak gije arza ýazdy. SSSR Içeri işler halk komissary Ýeżowa özüniň köne
337
bolşewikdigi, täze durmuş ugrunda göreşendigi, adamsynyň iňlisleriň atmak islän kommunistlerini boşadandygy barada ýazdy. Hajymyradyň daşary ýurtda galmak islemän, Watana dolanandygyny oňaryp, gelşirip ýazdy. «Gadyrly oglum ýol.
Ýeżow!» diýdi, dokuz çaganyň enesi bolup ýüzlenýändigini, adamsynyň niredediginiň nämälimdigini, iýmit, ýyly geýim-gejim almaýandyklaryny ýazdy. Birnäçe ýola göçürdi. Ertesi gök bukja salnan arzasyny poçta atyp gaýtdy.
Şol gün müň dokuz ýuz otuz sekizinji ýylyň sekizinji ýanwarydy. Abiýat hanym hut şu gün daňdan Hajymyrat bolköýnegiň gözüniň baky ýumulandygyny bilenokdy, bilibem biljek däldi.
Takdyryň emrine kaýyl Abiýat hanym umyt bilen öýüne gaýdyp bardy.
***
Abiýat hanym näçe jan etse-de, polkownigiň pajygaly takdyry hakda hiç zat bilip bilmez. Diňe ol däl, Hajymyradyň dogan-garyndaşlary hem, çagalary hem kakalaryna, şonuň ýaly-da atalary Hojamyrat arçyna we agalary Annamämmede näme bolandygyny uzak-uzak onýyllyklaryň dowamynda aňyp-bilip bilmezler.
Diňe polkownik Hajymyradyň däl, eýsem şol döwürde nähak repressiýa edilenleriň, rehimsizlik bilen gyrylanlaryň, sowuk ülkelere sürülenleriň takdyry barada hiç kim hiç zat bilmez. Olara dogan-garyndaşlary, ýakynlary bilen hat alyşmaga-da rugsat bermezler.
«It alnyna gelen gurt alnyna-da geler» diýýär türkmen aga.
Abiýat hanymyň «Oglum!» diýip ýüz tutany, Sowet Sosialistik Respublikalary Soýuzynyň içeri işler halk komissary Ýeżowyň
338
özüni hem wezipesinden pyzyp goýbererler we zyndana dykarlar. Ýeżow we ýoksullaryň döwletine ak ýürekden gulluk eden beýleki çekistleriň hem müňlerçesini we müňlerçesini özleriniň rehimsizlik bilen gyrgyna beren “halk duşmanlarynyň”
hataryna goşup, uzak süýrenişip ýörmän ölüme höküm ederler.
Höküm bolsa adatdaky ýaly bada-bat ýerine ýetiriler.
Stalin ýogalyp, Nikita Sergeýewiç Hruşew Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň başyna geçenden soň, şahsyýet kultuny ýazgarar. Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Döwlet howpsuzlygy komitetiniň işgärleri Hajymyradyň hossarlaryna polkownigiň aklanandygy barada güwänama-- sprawka bererler. Ýöne şol döwürde hem Hojageldi Hojamyradowyň takdyry hiç kime mälim bolman galar.
Hajymyradyň ogly, Aşgabat şäheriniň Stalin prospektinde ýaşaýan Annaşyhyň arza-şikaýaty boýunça Hajymyradyň işine täzeden serediler. Türküstan harby okrugynyň harby prokurory ýustisiýanyň general-maýory Pastrewiç Hajymyrada ýüklenen günäleriň esassyzdygyny birin-birin beýan eder. Onuň aklarda gulluk edendigi babatda ýüklenen günäleriň haýsy resminamalar esasynda amnistiýa edilendigini- günäsiniň geçilendigini görkezer.
Içalyçylyk edendigi üçin polkownigiň bir müň dokuz ýüz otuz üçünji ýylda Kazan şäherine sürgüne iberilendigi we ol ýerden gaýdyp gelenden soň, “Türkmen Azatlygy” diýen kontrrewolýusion milletçilikli gurama girendigi barada aýdylanlaryň hem hakykata laýyk gelmeýändigini, goşmaça geçirilen barlagyň netijesiniň Hajymyradyň daşary yurt razwedkasy, şol sanda iňlis razwedkasy bilen jenaýatçylykly aragatnaşyk saklamandygyny görkezendigini ýazar :
339
“Hajymyrada “Türkmen Azatlygy” diýen antisowet milletçilikli gurama gatnaşandygy barada ýöňkelen günä esassyzdyr, çünki şeýle guramanyň bolandygy subut edilen däldir. Şoňa görä-de, hamala, Hajymyradyň jenaýatçylykly gatnaşyk saklan adamlary diýilýän Berdiýew, Kerbabaýew we beýlekiler babatda gozgalan jenaýat işleri ýöňkelýän günäleri subut edip bolmaýandygy sebäpli Türküstan harby okrugynyň harby tribunaly – harby kazyýeti tarapyndan 1958-nji ýylyň 17-nji iýulynda ýatyrylypdyr”
Harby prokuror ýustisiýanyň general-maýory Pastrewiç şeýle hem şu iş boýunça derňewiň kanunyň gödek bozulmagy esasynda geçirilendigini, Hajymyradyň prokuroryň sanksiýasy bolmazdan tussag edilendigini, oňa name günä ýöňkelýändiginiň duýdurylmandygyny, dernew gutarandan soň materiallar bilen tanyşdyrylmandygyny, günä bildirilýän zaklýuçeniýäni prokuroryň tassyklamandygyny öz ýazan protestinde belläpdir.
Türküstan harby okrugynyň harby prokurory ýustisiýanyň general-maýory Pastrewiçiň gözegçilik tertibindäki protesti esasynda Türküstan harby okrugynyň harby tribunaly – harby kazyýeti kesgitnama çykarar. Ine, ol kesgitnama: KESGITNAMA
TÜRKÜSTAN HARBY OKRUGYNYŇ HARBY
TRIBUNALY – HARBY KAZYÝETI
Başlyklyk ediji ýustisiýanyň polkownigi Lysenkodan, agzalary podpolkownikler Nikolaýçukdan we Oliheýkodan ybarat düzümde 1958-nli ýylyň 5-nji sentýabrynda bolan mejlisinde Türkmenistan SSR-niň IIHK-niň ýanyndaky üçlügiň 1937-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky kararyna Türküstan harby
340
okrugynyň harby prokurorynyň gözegçilik tertibindäki protestine garady. Üçlügiň kararyna laýyklykda 1889-nji ýylda doglan, Türkmenistan SSR-niň Bäherden raýonynyň Bamy obasynda doglan, türkmen, ýokary bilimli, tussag edilýänçä Türkmen dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri Hajymyrat Hojageldi atuwa hokum edilipdir.
Üçlügiň karary 1938-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda ýerine ýetirilipdir.
Oliheýkonyň dokladyny we Türküstan harby okrugynyň harby prokurorynyň protesti kanagatlandyrmaly hasaplaýan kömekçisi ýustisiýanyň podpolkownigi Şpuntyň zaklýuçeniýesini diňläp, -
A N Y K L A D Y:
Hajymyrat 1918 - 1920-nji ýyllarda Zakaspiniň ak gwardiýaçylar hökümetiniň we “Bolşewiklerden halas ediş
komitetiniň” agzasy bolandygy we Angliýanyň razwedkasynyň ofiseri Tig - Jons bilen baglanyşygynyň bardygy babatda günäkärlenilipdir. Hajymyrat türkmenleriň arasynda bolşewiklere garşy göreşde iňlisleri goldamak barada wagyz edipdir.
Aklar derbi-dagyn edilenden soň, Eýranda emigrasiýada bolan Hajymyrat Gyzyl Goşun tarapyndan eýelenen territoriýada--
çäkde razwedka işini alyp barypdyr we alnan maglumatlar barada iňlislere habar beripdir.
1933-nji ýyldan soň, Hajymyrat “Türkmen Azatlygy” diýen antisowet milletçilikli gurama giripdir.
341
Protestde şu sebäplere esaslanyp, Hajymyrada degişli karary ýatyrmak we işi önümçilikden togtatmak teklip edilýär: Hajymyradyň 1918 - 1920-nji ýyllarda Zakaspiniň ak gwardiýaçylar hökümetine we “Bolşewiklerden halas ediş
komitetine” gatnaşandygy subut edilipdir. Emma, geçirilen goşmaça derňewiň netijesinde ýygnalan materiallardan görnüşi ýaly, Hajymyrat şol döwürde işjeň kontrrewolýusion iş alyp barmandyr, birnäçe ýagdaýlarda bolsa, tussag edilen bolşewiklere kömek beripdir.
Hajymyradyň görkezilen guramalar bilen gatnaşyk edendigi Zakaspi oblast rewolýusion komiteti tarapyndan amnistiýa edilipdir – günäsi geçilipdir (1920-nji ýylyň 21-nji aprelindäki
№ 47 - nji buýruk ). Ondan hem başga Hajymyrat SSSR MIK-niň (Sowet Sosialistik Respublikalary Soýuzynyň Merkezi Ispolnitel Komitetiniň) 1927-nji ýylyň 2-nji noýabryndaky
“Amnistiýa hakyndaky” Kararynyň 4-nji we 7-nji punktlarynyň güýjüne laýyklykda-da görkezilen guramalar bilen gatnaşyk edendigi üçin repressiýa sezewar etmäge degişli däldir.
Iş boýunça geçirilen goşmaça barlagyň netijesinde Hajymyradyň “Türkmen Azatlygy” diýen antisowet milletçilikli gurama gatnaşandygy we daşary yurt razwedkasy bilen gatnaşyk edendigi barada ýöňkelen günäniň esassyzdygy anyklandy.
Işdäki materiallara we goşmaça derňewiň materiallaryna seredip hem-de harby prokuroryň protesti bilen ylalaşyp, okrugyň harby tribunaly SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1955-nji ýylyň 19-njy awgustyndaky Permanyny goldanyp,
342
K E S G I T L E D I:
Türkmenistan SSR IIHK-nyň ýanyndaky üçlügiň 1937-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky Hajymyrat Hojageldi baradaky kararyny jenaýaty düzýän hereketler ýokdugy üçin ýatyrmaly we işi önümçilikden togtatmaly.
Göçürme dogry: TÜRKÜSTAN HARBY OKRUGYNYŇ
HARBY TRIBUNALYNYŇ – HARBY KAZYÝETINIŇ
AGZASY ÝUSTISIÝANYŇ PODPOLKOWNIGI (OLIHEÝKO)
Türküstan harby okrugynyň harby tribunaly şeýle kesgitnama çykarsa-da, ol “Gizlin” diýen belgi astynda saklanyp, hiç kime görkezilmez. Polkownigiň dogan-garyndaşlary hiç zat bilip bilmezler.
Polkownigiň ogly, Beýik Watançylyk urşunyň maýyby, Annaşyhyň kakasynyň ykbaly bilen gyzyklanyp ýazan hatyna Türkmenistan SSR-niň howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri hakykata laýyk gelmeýän jogaby bererler. Hojageldi Hojamyradowyň agyr keselden (inçekeselden) ýogalandygyny aýdarlar.
Diňe Türkmenistan özbaşdak, garaşsyz döwlet bolanyndan soň, nähak repressiýa edilenleriň, şol sanda Hajymyradyň hem takdyry-ykbaly hakda eşitmek, bilmek, ýazmak mümkin bolar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy garaşsyz Türkmenistana hemişelik bitaraplyk derejesini bermek barada biragyzdan Rezolýusiýa kabul eder we türkmen halky özüniň ata Watanynyň hakyky eýesi bolup, özbaşdak ösüs ýoly bilen gadam urup ugrar.
343
Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet başýna geçip, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni gurup berer.
Il ogly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda baştutanlyk edip ugrandan soň, Türkmenistan döwletiniň at-abraýy, şan-şohraty arşa galar. Älem-jahanda tanalar! Ähli raýatlara özüni görkezmäge, ukyp-zehinini ýüze çykarmaga, erkin işlemäge, telekeçilik bilen meşgullanmaga giň ýol açylar. Diňe bir daşary yurt kompaniýalary däl, ýerli firmalardyr telekeçiler hem ajapdan ajap binlary gurup başlarlar.
Ýerasty hem-de ýerüsti baýlyklary halkyň özüne siňer, eziz Diýarymyzy ösdürmäge-galkyndyrmaga gönükdiriler. Ýürduň iň bir çetki künjekleri hem ösdürilip, ol ýerlerde gurulýan binalarda –da iň täze enjamlar-- älem-jahanyň iň öňdebaryjy firmalary, önüm öndürijileri tarapyndan göýberilýän enjamlar oturdylar. Özi-de hormatly Prezidentimiziň ýörite Permany bilen şeýle ediler.
Türkmeniň unudylan taryhy öwreniler, dutary-gyjagy, söhbeti- sazy özüne gaýtarylyp beriler, türkmen operasy dikeldiler.
Özbaşdak, garaşsyz, berkarar döwlet isläp, armanly gözlerni ýuman, gerçekleriň atlary dikeldilip, ruhlary şat ediler. Arkadag Prezidentimiziň hut özüniň başlahgyjy bilen Aşgabadyň merkezinde “Ylham” seýilgähi gurlup, halkyň şöhratly ogullarynyň—akyldarlarynyň, şol sanda ozalky SSSR (Sowet Sosialistik Respublikalary Soýuzy) döwründe ýaşanlarynyň hem heýkelleri oturdylar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri başlanýança, diýdimzor düzgüniň guluna öwrülen halklar köp-köp synaglary
344
başdan geçirmeli, özleriniň polkownik Hajymyrat ýaly ata-babalarynyň göbek ganynyň siňen topragyny hiç bir zada çalyşmadyk, gerçek ogullarynyň müňlerçesini we müňlerçesini gurban bermeli bolarlar.
Çünki Türkmenistanyň Garaşsyzlyk alyp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň başlanmagyna çenli heniz ýarym asyrdanam gowrak wagt bardy...
1992-2014; 2021, sentýabr
M A Z M U N Y
Maňa türkmen ilimde
garaşýarlar_______________________________
GPU Hajymyrat bolköýnegiň her ädimini aňtaýar__________________
Hajymyrat bolköýnek milli goşun birikmesini düzmäge
girişýär___________________________________
GPU halkany barha
ýygyrýar___________________________________
Lolluk oýa
çümýär______________________________________
Ýene-de bir urgy
____________________________________________
Sen kime gulluk
edýärsiň?_____________________________________
Polkownik kiçi-girim adam
däl_________________________________
345
Şübheli myhman_____________________________
«Synag» operasiýasy
başlanýar_________________________________
Duşuşyk ýeri - Puşkin
skweri___________________________________
Başlygyň
hoşallygy_____________________________________
Serhoş myhman
_____________________________________________
Gulkin sapalak
atýar_________________________________________
Howsalaly
agşam________________________________________
Tutmaly däl.
Yzarlamaly______________________________________
Garaşmak______________________________________
Hitrowkalylar____________________________________
Kombat Hajymyradyň arkasyny alýar______________
Çapar gaýdyp geldi______________________________
Grýaznewe hat__________________________________
«Bakgal» Hindistana bardymyka?__________________
Türkmenleriň Merkezi Komiteti____________________
Dartgynly tomus______________________________
Maşada kimi ibermeli? Ýene akgalymy»?________
Müsürde şa bolandan... _______________________
«Bakgal» ýene ýola düşýär___________________
Nädip ýalan sözlemeli?________________________
Abdylla Perreňiň ýalňyşy______________________
Sowetleriň güni sanalgy_______________________
Üçünji ýol________________________________
«Zarýanka» gapyny kakýar__________________
Kim mamla, Degtýarýowmy ýa-da Hajymyrat?___
346
Sapargala kimi ibermeli?___________________
Gaçgagy tapyň____________________________
Arçyn GPU-yň gysajynda_________________
Maýor Hammer aragatnaşygy üýtgedýär______
Ýaşyryn duşuşyk öýi_______________________
Wasilew igesini sürteýär____________________
Babahanyň ogly __________________________
Baholdine näme bolduka?__________________
Baky al salýarmyka?_______________________
Köne duşman dost bolmaz_________________
Gazamatda _______________________________
Hajymyrady ýagtyltmaly___________________
Polkownigiň kör ynanjy___________________
Iň soňky gije ______________
Hanym gelnejäniň haty______________________
347
348
349
=====================================
Jumageldi HOMMATDURDYÝEW, ýazyjy Tel : 48 –25 –36 öý; 50 –57 –97 sot
Спасибо за чтение
Вернуться к книге
